Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
Bildiriş
Täze dilde çykan kitaphana: Betsileo
  • Şu gün

3-nji noýabr, duşenbe

Heý-de, Hudaý aýdan zadyny etmezmi? (4 Mus. 23:19).

Ýehowanyň täze dünýä barada beren wadasyna ýürekden iman etmek üçin, birinjiden, Isanyň töleg gurbany hakda oýlanmaly. Töleg gurbany täze dünýäniň boljakdygyna kepil geçýär. Biz: «Ýehowa töleg gurbany näme üçin berdi? Ol nämelerden geçdi?» diýen soraglar hakda oýlansak, täze dünýäde ýaşajakdygymyza asla şübhelenmeris. Biz muňa näme üçin ynamly bolup bileris? Ol ýeke-täk Ogluny ýer ýüzüne iberdi. Isa pygamber kämil bolup dünýä indi. Ol köp kynçylyklara döz geldi we ony gynap öldürdiler. Eger adamlar 70-80 ýyl ýaşap ölmeli bolsa, Hudaý olar üçin söwer Oglunyň ejir çekip ölmegine ýol bererdimi? Elbetde, ýok! (Ýah. 3:16; 1 Pet. 1:18, 19). Hudaýyň şeýle gymmat töleg tölemegi adamlary Jennetde ebedi ýaşatmak isleýändigini subut edýär. w23.04 sah. 27, abz. 8, 9

Her günki aýady okalyň — 2025

4-nji noýabr, sişenbe

Eý ölüm, hany seniň zäheriň? (Hoş. 13:14).

Ýehowa ölen adamlary direltmek isleýärmi? Elbetde, ol ençeme pygamberlerine ölen adamlary direltjekdigi baradaky wadasyny Mukaddes Kitaba ýazdyrdy (Işa. 26:19; Ylh. 20:11—13). Ýehowa beren wadasynda durýar, her bir aýdan sözüni berjaý edýär (Ýuşa 23:14). Ýehowa ölen adamlary direltjek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Eýýup pygamber aradan çyksa-da, Ýehowanyň direltjekdigini bilýärdi. Ol Ýehowa ýüzlenip: «Meni küýsärsiň, sebäbi meni öz eliň bilen ýaratdyň» diýdi (Eýp. 14:14, 15). Ýehowa diňe Eýýup pygamberi däl, başga-da wepaly bendelerini direltjek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Hak Alla olaryň janlarynyň tut ýaly sagdyn bolup, bagtly we ebedi ýaşamagyny isleýär. Onda milliardlarça Ýehowany tanaman ölen adamlar direlermi? Elbetde, Ýehowa olaram direltmek isleýär (Res. 24:15). Gelejekde olaryň Ýehowany tanap, ýakyndan dostlaşmaga we ebedi ýaşamaga mümkinçiligi bolar (Ýah. 3:16). w23.04 sah. 9, abz. 5, 6

Her günki aýady okalyň — 2025

5-nji noýabr, çarşenbe

Hudaýymyz güýç-kuwwat berer (Zeb. 108:13).

Gelejege bolan umydymyz nädip güýjümize güýç goşýar? Mukaddes Kitapdan Jennet hakdaky aýatlary okap oýlanyň (Işa. 25:8; 32:16—18). Gelejekde durmuşyň nähili boljakdygyny göz öňüne getiriň. Şonda siziň gelejege bolan umydyňyz has-da berkär we häzirki «kynçylyklaryňyzyň wagtlaýyn hem ýeňildigine» düşünersiňiz (2 Kor. 4:17). Hawa, Ýehowa Atamyz gelejege bolan umyt arkaly güýjümize güýç goşýar. Ol biziň güýç-kuwwat almak üçin näme etmelidigimizi Mukaddes Kitaba ýazdyrypdyr. Biz Hudaýa ýürekden doga etmeli, edebiýatlardan gözleg geçirmeli, imandaşlarymyzyň berýän goldawyny minnetdarlyk bilen kabul etmeli we ajaýyp gelejegiň boljagyna umyt etmeli. Şonda biz borçlarymyzy gowy ýerine ýetireris, kynçylyklara döz geleris we Hudaýa şatlyk bilen gulluk ederis. Biz «onuň (Hudaýyň) gudratly güýji arkaly berkäris we sabyrly bolup, ähli zada şatlyk bilen döz geleris» (Kol. 1:11). w23.10 sah. 17, abz. 19, 20

Her günki aýady okalyň — 2025
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş