2-nji noýabr, ýekşenbe
Başga adamlar ýaly uklamalyň, hemişe oýa bolup, sagdyn pikirleneliň (1 Sel. 5:6).
Söýgi häsiýeti oýa bolmaga we sagdyn pikirlenmäge kömek edýär (Mat. 22:37—39). Eger biz Ýehowany söýsek, kynçylyklara garamazdan, yhlasly wagyz ederis (2 Tim. 1:7, 8). Hak Allanyň ýaradan bendelerini söýsek, öýden-öýe, telefon we hat arkaly ýadaman wagyz ederis. Adamlar hoş habary diňlemese-de, olardan umydymyzy üzmeris. Belki-de, bir gün olar Ýehowa iman eder we doganymyz ýa-da uýamyz bolar (Hyz. 18:27, 28). Biz söýgi sowudyny geýsek, dogan-uýalary ruhlandyrarys we berkideris (1 Sel. 5:11). Bir goşunda gulluk edýän esgerler biri-birini goldaýarlar we ruhlandyrýarlar. Emma söweş gidip durka, esger ýoldaşyny tötänden ýaralap biler. Ýöne ol bilgeşleýin ýoldaşynyň arkasyna pyçak urmaz. Edil şonuň ýaly, dogan-uýalar hem tötänden göwnümize degip biler, ýöne bilgeşleýin ýüregimize ýara salmaz (1 Sel. 5:13, 15). Şeýle-de biz söýgi sowudyny geýsek, ýaşuly doganlara hormat goýarys (1 Sel. 5:12). w23.06 sah. 10, abz. 6; sah. 11, abz. 10, 11
3-nji noýabr, duşenbe
Heý-de, Hudaý aýdan zadyny etmezmi? (4 Mus. 23:19).
Ýehowanyň täze dünýä barada beren wadasyna ýürekden iman etmek üçin, birinjiden, Isanyň töleg gurbany hakda oýlanmaly. Töleg gurbany täze dünýäniň boljakdygyna kepil geçýär. Biz: «Ýehowa töleg gurbany näme üçin berdi? Ol nämelerden geçdi?» diýen soraglar hakda oýlansak, täze dünýäde ýaşajakdygymyza asla şübhelenmeris. Biz muňa näme üçin ynamly bolup bileris? Ol ýeke-täk Ogluny ýer ýüzüne iberdi. Isa pygamber kämil bolup dünýä indi. Ol köp kynçylyklara döz geldi we ony gynap öldürdiler. Eger adamlar 70-80 ýyl ýaşap ölmeli bolsa, Hudaý olar üçin söwer Oglunyň ejir çekip ölmegine ýol bererdimi? Elbetde, ýok! (Ýah. 3:16; 1 Pet. 1:18, 19). Hudaýyň şeýle gymmat töleg tölemegi adamlary Jennetde ebedi ýaşatmak isleýändigini subut edýär. w23.04 sah. 27, abz. 8, 9
4-nji noýabr, sişenbe
Eý ölüm, hany seniň zäheriň? (Hoş. 13:14).
Ýehowa ölen adamlary direltmek isleýärmi? Elbetde, ol ençeme pygamberlerine ölen adamlary direltjekdigi baradaky wadasyny Mukaddes Kitaba ýazdyrdy (Işa. 26:19; Ylh. 20:11—13). Ýehowa beren wadasynda durýar, her bir aýdan sözüni berjaý edýär (Ýuşa 23:14). Ýehowa ölen adamlary direltjek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Eýýup pygamber aradan çyksa-da, Ýehowanyň direltjekdigini bilýärdi. Ol Ýehowa ýüzlenip: «Meni küýsärsiň, sebäbi meni öz eliň bilen ýaratdyň» diýdi (Eýp. 14:14, 15). Ýehowa diňe Eýýup pygamberi däl, başga-da wepaly bendelerini direltjek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Hak Alla olaryň janlarynyň tut ýaly sagdyn bolup, bagtly we ebedi ýaşamagyny isleýär. Onda milliardlarça Ýehowany tanaman ölen adamlar direlermi? Elbetde, Ýehowa olaram direltmek isleýär (Res. 24:15). Gelejekde olaryň Ýehowany tanap, ýakyndan dostlaşmaga we ebedi ýaşamaga mümkinçiligi bolar (Ýah. 3:16). w23.04 sah. 9, abz. 5, 6