1-nji noýabr, şenbe
Çagalar we bäbekler saňa alkyş aýdarlar (Mat. 21:16).
Ene-atalar, çagalaryňyzy ýygnakda jogap bermäge taýýarlaň. Emma olaryň ýaşyny göz öňünde tutuň. Käte ýygnakda är-aýal gatnaşyklary ýa-da ahlak kadalary barada makalalary öwrenýäris. Ýöne şol makalalarda hem çagalara jogap berer ýaly abzaslar bolýar. Şeýle-de çagalaryňyza her abzasda jogap berip bilmejekdigini düşündiriň. Şonda alyp barýan dogan başgalardan sorasa, çagalaryňyz hiç kimden öýkelemez (1 Tim. 6:18). Biz ýygnakda jogap berip, Ýehowany şöhratlandyrýarys we dogan-uýalary ruhlandyrýarys (Nak. 25:11). Käte ýygnakda jogap berenimizde başdan geçiren wakamyzy aýdyp bileris, emma özümiz hakda aşa köp gürrüň bermeli däl (Nak. 27:2; 2 Kor. 10:18). Biz Ýehowany şöhratlandyrmaly, Onuň Sözüne salgylanmaly we halkyna kömek edişi hakda jogap bermeli (Ylh. 4:11). w23.04 sah. 24, 25, abz. 17, 18
2-nji noýabr, ýekşenbe
Başga adamlar ýaly uklamalyň, hemişe oýa bolup, sagdyn pikirleneliň (1 Sel. 5:6).
Söýgi häsiýeti oýa bolmaga we sagdyn pikirlenmäge kömek edýär (Mat. 22:37—39). Eger biz Ýehowany söýsek, kynçylyklara garamazdan, yhlasly wagyz ederis (2 Tim. 1:7, 8). Hak Allanyň ýaradan bendelerini söýsek, öýden-öýe, telefon we hat arkaly ýadaman wagyz ederis. Adamlar hoş habary diňlemese-de, olardan umydymyzy üzmeris. Belki-de, bir gün olar Ýehowa iman eder we doganymyz ýa-da uýamyz bolar (Hyz. 18:27, 28). Biz söýgi sowudyny geýsek, dogan-uýalary ruhlandyrarys we berkideris (1 Sel. 5:11). Bir goşunda gulluk edýän esgerler biri-birini goldaýarlar we ruhlandyrýarlar. Emma söweş gidip durka, esger ýoldaşyny tötänden ýaralap biler. Ýöne ol bilgeşleýin ýoldaşynyň arkasyna pyçak urmaz. Edil şonuň ýaly, dogan-uýalar hem tötänden göwnümize degip biler, ýöne bilgeşleýin ýüregimize ýara salmaz (1 Sel. 5:13, 15). Şeýle-de biz söýgi sowudyny geýsek, ýaşuly doganlara hormat goýarys (1 Sel. 5:12). w23.06 sah. 10, abz. 6; sah. 11, abz. 10, 11
3-nji noýabr, duşenbe
Heý-de, Hudaý aýdan zadyny etmezmi? (4 Mus. 23:19).
Ýehowanyň täze dünýä barada beren wadasyna ýürekden iman etmek üçin, birinjiden, Isanyň töleg gurbany hakda oýlanmaly. Töleg gurbany täze dünýäniň boljakdygyna kepil geçýär. Biz: «Ýehowa töleg gurbany näme üçin berdi? Ol nämelerden geçdi?» diýen soraglar hakda oýlansak, täze dünýäde ýaşajakdygymyza asla şübhelenmeris. Biz muňa näme üçin ynamly bolup bileris? Ol ýeke-täk Ogluny ýer ýüzüne iberdi. Isa pygamber kämil bolup dünýä indi. Ol köp kynçylyklara döz geldi we ony gynap öldürdiler. Eger adamlar 70-80 ýyl ýaşap ölmeli bolsa, Hudaý olar üçin söwer Oglunyň ejir çekip ölmegine ýol bererdimi? Elbetde, ýok! (Ýah. 3:16; 1 Pet. 1:18, 19). Hudaýyň şeýle gymmat töleg tölemegi adamlary Jennetde ebedi ýaşatmak isleýändigini subut edýär. w23.04 sah. 27, abz. 8, 9