Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
Bildiriş
Täze dilde çykan kitaphana: Betsileo
  • Şu gün

31-nji oktýabr, anna

Atam sizi söýýär, sebäbi siz meni söýýärsiňiz we Allanyň wekilidigime iman etdiňiz (Ýah. 16:27).

Ýehowa wepaly bendelerini söýýär we olardan razy bolýar. Ýehowa Isa pygamberi söýýändigini we ondan razydygyny iki sapar aýdýar (Mat. 3:17; 17:5). Siz Ýehowanyň: «Men senden razy» diýen sesini eşitmek isleýärsiňizmi? Elbetde, siz gökden Ýehowanyň sesini eşitmersiňiz. Emma Injilden Isa pygamberiň aýdan sözlerini okasaňyz, Ýehowanyň sesini eşidip bilersiňiz. Sebäbi Isa pygamber Atasynyň göreldesine kämil derejede eýerdi. Siz Injilden Isa pygamberiň bikämil şägirtlerine mähir bilen aýdan sözlerini okanyňyzda, göýä, Ýehowa şol sözleri size aýdan ýaly kabul ediň (Ýah. 15:9, 15). Kynçylyklaryň bolmagy Ýehowanyň bizden närazydygyny aňlatmaýar. Gaýtam Ýehowany söýýändigimizi we oňa bil baglaýandygymyzy görkezmäge mümkinçilik berýär (Ýak. 1:12). w24.03 sah. 28, abz. 10, 11

Her günki aýady okalyň — 2025

1-nji noýabr, şenbe

Çagalar we bäbekler saňa alkyş aýdarlar (Mat. 21:16).

Ene-atalar, çagalaryňyzy ýygnakda jogap bermäge taýýarlaň. Emma olaryň ýaşyny göz öňünde tutuň. Käte ýygnakda är-aýal gatnaşyklary ýa-da ahlak kadalary barada makalalary öwrenýäris. Ýöne şol makalalarda hem çagalara jogap berer ýaly abzaslar bolýar. Şeýle-de çagalaryňyza her abzasda jogap berip bilmejekdigini düşündiriň. Şonda alyp barýan dogan başgalardan sorasa, çagalaryňyz hiç kimden öýkelemez (1 Tim. 6:18). Biz ýygnakda jogap berip, Ýehowany şöhratlandyrýarys we dogan-uýalary ruhlandyrýarys (Nak. 25:11). Käte ýygnakda jogap berenimizde başdan geçiren wakamyzy aýdyp bileris, emma özümiz hakda aşa köp gürrüň bermeli däl (Nak. 27:2; 2 Kor. 10:18). Biz Ýehowany şöhratlandyrmaly, Onuň Sözüne salgylanmaly we halkyna kömek edişi hakda jogap bermeli (Ylh. 4:11). w23.04 sah. 24, 25, abz. 17, 18

Her günki aýady okalyň — 2025

2-nji noýabr, ýekşenbe

Başga adamlar ýaly uklamalyň, hemişe oýa bolup, sagdyn pikirleneliň (1 Sel. 5:6).

Söýgi häsiýeti oýa bolmaga we sagdyn pikirlenmäge kömek edýär (Mat. 22:37—39). Eger biz Ýehowany söýsek, kynçylyklara garamazdan, yhlasly wagyz ederis (2 Tim. 1:7, 8). Hak Allanyň ýaradan bendelerini söýsek, öýden-öýe, telefon we hat arkaly ýadaman wagyz ederis. Adamlar hoş habary diňlemese-de, olardan umydymyzy üzmeris. Belki-de, bir gün olar Ýehowa iman eder we doganymyz ýa-da uýamyz bolar (Hyz. 18:27, 28). Biz söýgi sowudyny geýsek, dogan-uýalary ruhlandyrarys we berkideris (1 Sel. 5:11). Bir goşunda gulluk edýän esgerler biri-birini goldaýarlar we ruhlandyrýarlar. Emma söweş gidip durka, esger ýoldaşyny tötänden ýaralap biler. Ýöne ol bilgeşleýin ýoldaşynyň arkasyna pyçak urmaz. Edil şonuň ýaly, dogan-uýalar hem tötänden göwnümize degip biler, ýöne bilgeşleýin ýüregimize ýara salmaz (1 Sel. 5:13, 15). Şeýle-de biz söýgi sowudyny geýsek, ýaşuly doganlara hormat goýarys (1 Sel. 5:12). w23.06 sah. 10, abz. 6; sah. 11, abz. 10, 11

Her günki aýady okalyň — 2025
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş