30-njy oktýabr, penşenbe
Biz nähili üstünlik gazanan bolsak, şeýle etmegi dowam edeliň (Flp. 3:16).
Ýehowa maksadyňyza ýetip bilmeýändigiňiz üçin sizi dereksiz adam hasaplamaýar (2 Kor. 8:12). Ýalňyşyňyzdan sapak ediniň. Gazanan üstünlikleriňiz hakda oýlanyň. Mukaddes Kitapda: «Hudaý... işleriňizi we adyna bildiren söýgiňizi unutmaz. Sebäbi ol adalatsyz däldir» diýilýär (Ýew. 6:10). Hawa, Ýehowa siziň ýagşy işleriňizi unutmaýan bolsa, onda geçmişiňize ser salyp, gazanan üstünlikleriňiz hakda oýlanyň. Meselem, siz Ýehowa bilen dostlaşdyňyz, hoş habary yhlasly wagyz etdiňiz we suwa çümdürildiňiz. Siz şu maksatlaryňyza ýeten bolsaňyz, indiki maksatlaryňyza hem hökman ýetersiňiz. Ýehowa bize maksadymyza ýetmäge kömek eder. Ýöne maksadyňyza ýetmek üçin barýan ýoluňyzda Ýehowanyň berýän kömegini we bereketlerini görjek boluň. Maksadyňyza ýetmek üçin eliňizde baryny ediň (2 Kor. 4:7). Şonda Ýehowa Atamyz size gelejekde bol bereketleri berer (Gal. 6:9). w23.05 sah. 31, abz. 16—18
31-nji oktýabr, anna
Atam sizi söýýär, sebäbi siz meni söýýärsiňiz we Allanyň wekilidigime iman etdiňiz (Ýah. 16:27).
Ýehowa wepaly bendelerini söýýär we olardan razy bolýar. Ýehowa Isa pygamberi söýýändigini we ondan razydygyny iki sapar aýdýar (Mat. 3:17; 17:5). Siz Ýehowanyň: «Men senden razy» diýen sesini eşitmek isleýärsiňizmi? Elbetde, siz gökden Ýehowanyň sesini eşitmersiňiz. Emma Injilden Isa pygamberiň aýdan sözlerini okasaňyz, Ýehowanyň sesini eşidip bilersiňiz. Sebäbi Isa pygamber Atasynyň göreldesine kämil derejede eýerdi. Siz Injilden Isa pygamberiň bikämil şägirtlerine mähir bilen aýdan sözlerini okanyňyzda, göýä, Ýehowa şol sözleri size aýdan ýaly kabul ediň (Ýah. 15:9, 15). Kynçylyklaryň bolmagy Ýehowanyň bizden närazydygyny aňlatmaýar. Gaýtam Ýehowany söýýändigimizi we oňa bil baglaýandygymyzy görkezmäge mümkinçilik berýär (Ýak. 1:12). w24.03 sah. 28, abz. 10, 11
1-nji noýabr, şenbe
Çagalar we bäbekler saňa alkyş aýdarlar (Mat. 21:16).
Ene-atalar, çagalaryňyzy ýygnakda jogap bermäge taýýarlaň. Emma olaryň ýaşyny göz öňünde tutuň. Käte ýygnakda är-aýal gatnaşyklary ýa-da ahlak kadalary barada makalalary öwrenýäris. Ýöne şol makalalarda hem çagalara jogap berer ýaly abzaslar bolýar. Şeýle-de çagalaryňyza her abzasda jogap berip bilmejekdigini düşündiriň. Şonda alyp barýan dogan başgalardan sorasa, çagalaryňyz hiç kimden öýkelemez (1 Tim. 6:18). Biz ýygnakda jogap berip, Ýehowany şöhratlandyrýarys we dogan-uýalary ruhlandyrýarys (Nak. 25:11). Käte ýygnakda jogap berenimizde başdan geçiren wakamyzy aýdyp bileris, emma özümiz hakda aşa köp gürrüň bermeli däl (Nak. 27:2; 2 Kor. 10:18). Biz Ýehowany şöhratlandyrmaly, Onuň Sözüne salgylanmaly we halkyna kömek edişi hakda jogap bermeli (Ylh. 4:11). w23.04 sah. 24, 25, abz. 17, 18