10-njy iýul, penşenbe
Hudaýdan kömek sorap doga ediň (Flp. 4:6).
Biz kynçylyklarda çydamly bolmak üçin Ýehowa doga etmeli (1 Sel. 5:17). Belki, siz şu günler agyr kynçylyklara duş gelýän dälsiňiz. Emma her günüň özüne ýetik aladasy bolýar. Siz göwnüçökgünlige düşeniňizde ýa-da özüňizi alaçsyz duýanyňyzda Ýehowa doga edýärsiňizmi? Eger her günki kynçylyklarda Ýehowa bil baglasaňyz, gelejekde boljak agyr synaglarda Oňa ýürekden doga edersiňiz. Şonda Ýehowanyň tüýs gerek wagty siziň dadyňyza ýetişjekdigine ynamly bolarsyňyz (Zeb. 27:1, 3). Biz şu günler synaglara döz gelsek, uly betbagtçylyga taýýar bolarys (Rim. 5:3). Näme üçin şeýle diýse bolýar? Köp dogan-uýalar kynçylyklara döz gelmegiň imanyny berkidýändigine düşündiler. Şol iman olary gelejekde boljak agyr synaglara taýýarlady (Ýak. 1:2—4). w23.07 sah. 3, 4, abz. 7, 8
11-nji iýul, anna
Goý, seniň diýeniň bolsun (1 Mus. 19:21).
Ýehowa pesgöwünli we duýgudaş Hudaý bolansoň, adamlara eglişik hem edýär. Günlerde bir gün Allatagala Sodom şäherini ýok etmekçi bolýar. Şonda Ol dogruçyl Luty we maşgalasyny halas etmek üçin iki perişdesini ýollaýar. Ýehowa Luta daglara gaçmagy tabşyrýar. Emma Lut gorkup, ýok edilmeli Sogar şäherine gitmäge rugsat soraýar. Ýehowa: «Sen maňa garşy çykjak bolýarmyň?» diýip, aýak diräp oturman, Lutuň haýyşyny bitirýär we onuň hatyrasyna Sogar şäherini ýok etmeýär (1 Mus. 19:18—22). Şondan birnäçe asyr geçensoň, Ýehowa Ninewiýa şäherine duýgudaşlyk bildirýär. Ol Ýunus pygamberi Ninewiýa iberip, zalym halky ýok etjekdigini aýdýar. Ýöne halk toba edýär. Ýehowa-da olara rehimdarlyk bildirip şäheri ýok etmeýär (Ýun. 3:1, 10; 4:10, 11). w23.07 sah. 21, abz. 5
12-nji iýul, şenbe
Olar Ýehoýaşy... öldürdiler... ýöne patyşalaryň mazarynda goýmadylar (2 Tar. 24:25).
Ýehoýaş patyşadan näme sapak edinýäris? Ýehoýaşy köki berkemedik agaja meňzetse bolar. Köki berkemedik agaç şemala ýykylmaz ýaly, oňa direg goýýarlar. Edil şonuň ýaly, Ýehoýaşyň diregi hem daýanjy Ýehoýadady. Emma baş ruhany aradan çykandan soňra, imandan dänenleriň täsiri bilen Ýehoýaş patyşa ýykyldy. Şu wakadan görnüşi ýaly, biziň Ýehowadan gorkymyz imany berk dogan-uýalara ýa-da maşgala agzalarymyza bagly bolmaly däl. Biziň özümiz Ýehowadan gorkmaly we wepaly bolmaly. Munuň üçin her gün Mukaddes Kitaby okamaly, oýlanmaly we doga etmeli (Ýer. 17:7, 8; Kol. 2:6, 7). Ýehowa Hudaý bizden köp zady talap etmeýär. Onuň näme talap edýändigi barada Nesihat 12:13-de ýazylan: «Hak Hudaýdan gorkmak we tabşyryklaryny berjaý etmek ynsanyň esasy borjudyr». Geliň, biz hem Abdyýardan we Ýehoýadadan görelde alyp, Ýehowadan gorkalyň. Şonda agyr synaglarda-da Ýehowa wepaly bolarys we gökdäki Atamyz bilen dostlugymyzy hiç zat bozup bilmez. w23.06 sah. 19, abz. 17—19