Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
  • Şu gün

9-njy iýul, çarşenbe

Älemiň Hökümdary Ýehowa, meni ýadyňa sal, haýyş edýärin... maňa güýç ber (Ser. 16:28).

Şimşon adyny eşideniňizde siziň nähili adam göz öňüňize gelýär? Belki, güýç-kuwwatly pälwan göz öňüňize gelýändir. Hawa, ol şeýle adamdy. Emma Şimşon uly ýalňyşlyk goýberdi we ejir baryny çekdi. Ýehowa şonda-da Mukaddes Kitaba Şimşon hakda ýazdyrdy. Sebäbi hak Alla Şimşony wepaly adam hasaplaýar we biziň ondan köp zatlary öwrenmegimizi isleýär. Ýehowa Şimşon serdar arkaly gudratly işleri etdi. Ol halkyny duşmanlardan ençeme sapar gorady. Şondan birnäçe asyr geçensoň, Pawlus resul Hudaýyň ylhamy bilen berk imanly adamlaryň arasynda Şimşonyň adyny hem ýazdy (Ýew. 11:32—34). Şimşonyň görkezen edermenligi bizi örän ruhlandyrýar. Ol çykgynsyz ýagdaýlarda hem Ýehowa ýürekden bil baglaýardy. Biz Şimşon bilen bolan wakany we onuň eden işlerini öwrenip ruhlanyp bilýäris. w23.09 sah. 2, abz. 1, 2

Her günki aýady okalyň — 2025

10-njy iýul, penşenbe

Hudaýdan kömek sorap doga ediň (Flp. 4:6).

Biz kynçylyklarda çydamly bolmak üçin Ýehowa doga etmeli (1 Sel. 5:17). Belki, siz şu günler agyr kynçylyklara duş gelýän dälsiňiz. Emma her günüň özüne ýetik aladasy bolýar. Siz göwnüçökgünlige düşeniňizde ýa-da özüňizi alaçsyz duýanyňyzda Ýehowa doga edýärsiňizmi? Eger her günki kynçylyklarda Ýehowa bil baglasaňyz, gelejekde boljak agyr synaglarda Oňa ýürekden doga edersiňiz. Şonda Ýehowanyň tüýs gerek wagty siziň dadyňyza ýetişjekdigine ynamly bolarsyňyz (Zeb. 27:1, 3). Biz şu günler synaglara döz gelsek, uly betbagtçylyga taýýar bolarys (Rim. 5:3). Näme üçin şeýle diýse bolýar? Köp dogan-uýalar kynçylyklara döz gelmegiň imanyny berkidýändigine düşündiler. Şol iman olary gelejekde boljak agyr synaglara taýýarlady (Ýak. 1:2—4). w23.07 sah. 3, 4, abz. 7, 8

Her günki aýady okalyň — 2025

11-nji iýul, anna

Goý, seniň diýeniň bolsun (1 Mus. 19:21).

Ýehowa pesgöwünli we duýgudaş Hudaý bolansoň, adamlara eglişik hem edýär. Günlerde bir gün Allatagala Sodom şäherini ýok etmekçi bolýar. Şonda Ol dogruçyl Luty we maşgalasyny halas etmek üçin iki perişdesini ýollaýar. Ýehowa Luta daglara gaçmagy tabşyrýar. Emma Lut gorkup, ýok edilmeli Sogar şäherine gitmäge rugsat soraýar. Ýehowa: «Sen maňa garşy çykjak bolýarmyň?» diýip, aýak diräp oturman, Lutuň haýyşyny bitirýär we onuň hatyrasyna Sogar şäherini ýok etmeýär (1 Mus. 19:18—22). Şondan birnäçe asyr geçensoň, Ýehowa Ninewiýa şäherine duýgudaşlyk bildirýär. Ol Ýunus pygamberi Ninewiýa iberip, zalym halky ýok etjekdigini aýdýar. Ýöne halk toba edýär. Ýehowa-da olara rehimdarlyk bildirip şäheri ýok etmeýär (Ýun. 3:1, 10; 4:10, 11). w23.07 sah. 21, abz. 5

Her günki aýady okalyň — 2025
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş