8-nji iýul, sişenbe
Ýehowanyň güni... geler (1 Sel. 5:2).
Pawlus resul Hudaýyň gününde ýok ediljek adamlary uka giden adama meňzedýär. Süýji ukuda ýatan adam daş-töwereginde nämeleriň bolandygyny we wagtyň nädip geçendigini bilmeýär. Şu günler köp adamlar göçme manyda agyr ukuda ýatyr (Rim. 11:8). Olar «soňky günlerde» ýaşaýandygyny we uly betbagtçylygyň golaýdygyny bilmeýär (2 Pet. 3:3, 4). Emma Ýehowanyň gününiň tizden geljegine ýürekden ynanýan adamlar her gün oýa bolýar. Mukaddes Kitapda mesihçilere «sagdyn pikirlenmek» maslahat berilýär (1 Sel. 5:6). Biz näme üçin «sagdyn pikirlenmeli»? Ýehowanyň güni golaýlaşdygyça, syýasy we jemgyýetçilik meselelerinde belli bir tarapy tutmagy talap etmekleri mümkin. Şonda biz aljyrap, howsala düşüp bileris. Emma Ýehowanyň mukaddes ruhy bize rahat bolmaga we berk durup, bitaraplygy saklamaga kömek eder (Luka 12:11, 12). w23.06 sah. 10, abz. 6, 7
9-njy iýul, çarşenbe
Älemiň Hökümdary Ýehowa, meni ýadyňa sal, haýyş edýärin... maňa güýç ber (Ser. 16:28).
Şimşon adyny eşideniňizde siziň nähili adam göz öňüňize gelýär? Belki, güýç-kuwwatly pälwan göz öňüňize gelýändir. Hawa, ol şeýle adamdy. Emma Şimşon uly ýalňyşlyk goýberdi we ejir baryny çekdi. Ýehowa şonda-da Mukaddes Kitaba Şimşon hakda ýazdyrdy. Sebäbi hak Alla Şimşony wepaly adam hasaplaýar we biziň ondan köp zatlary öwrenmegimizi isleýär. Ýehowa Şimşon serdar arkaly gudratly işleri etdi. Ol halkyny duşmanlardan ençeme sapar gorady. Şondan birnäçe asyr geçensoň, Pawlus resul Hudaýyň ylhamy bilen berk imanly adamlaryň arasynda Şimşonyň adyny hem ýazdy (Ýew. 11:32—34). Şimşonyň görkezen edermenligi bizi örän ruhlandyrýar. Ol çykgynsyz ýagdaýlarda hem Ýehowa ýürekden bil baglaýardy. Biz Şimşon bilen bolan wakany we onuň eden işlerini öwrenip ruhlanyp bilýäris. w23.09 sah. 2, abz. 1, 2
10-njy iýul, penşenbe
Hudaýdan kömek sorap doga ediň (Flp. 4:6).
Biz kynçylyklarda çydamly bolmak üçin Ýehowa doga etmeli (1 Sel. 5:17). Belki, siz şu günler agyr kynçylyklara duş gelýän dälsiňiz. Emma her günüň özüne ýetik aladasy bolýar. Siz göwnüçökgünlige düşeniňizde ýa-da özüňizi alaçsyz duýanyňyzda Ýehowa doga edýärsiňizmi? Eger her günki kynçylyklarda Ýehowa bil baglasaňyz, gelejekde boljak agyr synaglarda Oňa ýürekden doga edersiňiz. Şonda Ýehowanyň tüýs gerek wagty siziň dadyňyza ýetişjekdigine ynamly bolarsyňyz (Zeb. 27:1, 3). Biz şu günler synaglara döz gelsek, uly betbagtçylyga taýýar bolarys (Rim. 5:3). Näme üçin şeýle diýse bolýar? Köp dogan-uýalar kynçylyklara döz gelmegiň imanyny berkidýändigine düşündiler. Şol iman olary gelejekde boljak agyr synaglara taýýarlady (Ýak. 1:2—4). w23.07 sah. 3, 4, abz. 7, 8