7-nji iýul, duşenbe
Ýehowa begenip gulluk ediň, şatlykdan ýaňa gygyryp, huzuryna baryň (Zeb. 100:2).
Ýehowa biziň şatlyk we höwes bilen gulluk etmegimizi isleýär (2 Kor. 9:7). Emma maksadymyza ýetmäge islegimiz bolmasa näme?! Geliň, Pawlus resul hakda gürrüň edeliň. Ol: «Bedenimi jylawlap, gul kimin tabyn edýärin» diýdi (1 Kor. 9:25—27). Käte Pawlusyň höwesi bolmasa-da özüni mejburlap, ýagşy işleri edýärdi. Ýehowa ondan razydymy? Hawa, razydy! Ýehowa Pawlus resula bol bereket berdi (2 Tim. 4:7, 8). Biz höwesimiz bolmasa-da maksadymyza ýetmek üçin jan etsek, Ýehowany razy ederis. Biz Ýehowany söýýändigimiz üçin öz islegimizden geçmäge taýyn bolarys. Şonda gökdäki Atamyz bize örän guwanar. Ol Pawlus resula bereket berişi ýaly, bizi hem sylaglar (Zeb. 126:5). Biz Ýehowanyň bereketlerini görenimizde höwesimiz artyp, maksadymyza ýetmäge dyrjaşarys. w23.05 sah. 29, abz. 9, 10
8-nji iýul, sişenbe
Ýehowanyň güni... geler (1 Sel. 5:2).
Pawlus resul Hudaýyň gününde ýok ediljek adamlary uka giden adama meňzedýär. Süýji ukuda ýatan adam daş-töwereginde nämeleriň bolandygyny we wagtyň nädip geçendigini bilmeýär. Şu günler köp adamlar göçme manyda agyr ukuda ýatyr (Rim. 11:8). Olar «soňky günlerde» ýaşaýandygyny we uly betbagtçylygyň golaýdygyny bilmeýär (2 Pet. 3:3, 4). Emma Ýehowanyň gününiň tizden geljegine ýürekden ynanýan adamlar her gün oýa bolýar. Mukaddes Kitapda mesihçilere «sagdyn pikirlenmek» maslahat berilýär (1 Sel. 5:6). Biz näme üçin «sagdyn pikirlenmeli»? Ýehowanyň güni golaýlaşdygyça, syýasy we jemgyýetçilik meselelerinde belli bir tarapy tutmagy talap etmekleri mümkin. Şonda biz aljyrap, howsala düşüp bileris. Emma Ýehowanyň mukaddes ruhy bize rahat bolmaga we berk durup, bitaraplygy saklamaga kömek eder (Luka 12:11, 12). w23.06 sah. 10, abz. 6, 7
9-njy iýul, çarşenbe
Älemiň Hökümdary Ýehowa, meni ýadyňa sal, haýyş edýärin... maňa güýç ber (Ser. 16:28).
Şimşon adyny eşideniňizde siziň nähili adam göz öňüňize gelýär? Belki, güýç-kuwwatly pälwan göz öňüňize gelýändir. Hawa, ol şeýle adamdy. Emma Şimşon uly ýalňyşlyk goýberdi we ejir baryny çekdi. Ýehowa şonda-da Mukaddes Kitaba Şimşon hakda ýazdyrdy. Sebäbi hak Alla Şimşony wepaly adam hasaplaýar we biziň ondan köp zatlary öwrenmegimizi isleýär. Ýehowa Şimşon serdar arkaly gudratly işleri etdi. Ol halkyny duşmanlardan ençeme sapar gorady. Şondan birnäçe asyr geçensoň, Pawlus resul Hudaýyň ylhamy bilen berk imanly adamlaryň arasynda Şimşonyň adyny hem ýazdy (Ýew. 11:32—34). Şimşonyň görkezen edermenligi bizi örän ruhlandyrýar. Ol çykgynsyz ýagdaýlarda hem Ýehowa ýürekden bil baglaýardy. Biz Şimşon bilen bolan wakany we onuň eden işlerini öwrenip ruhlanyp bilýäris. w23.09 sah. 2, abz. 1, 2