Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
Bildiriş
Täze dilde çykan kitaphana: Mbum
  • Şu gün

12-nji iýul, şenbe

Olar Ýehoýaşy... öldürdiler... ýöne patyşalaryň mazarynda goýmadylar (2 Tar. 24:25).

Ýehoýaş patyşadan näme sapak edinýäris? Ýehoýaşy köki berkemedik agaja meňzetse bolar. Köki berkemedik agaç şemala ýykylmaz ýaly, oňa direg goýýarlar. Edil şonuň ýaly, Ýehoýaşyň diregi hem daýanjy Ýehoýadady. Emma baş ruhany aradan çykandan soňra, imandan dänenleriň täsiri bilen Ýehoýaş patyşa ýykyldy. Şu wakadan görnüşi ýaly, biziň Ýehowadan gorkymyz imany berk dogan-uýalara ýa-da maşgala agzalarymyza bagly bolmaly däl. Biziň özümiz Ýehowadan gorkmaly we wepaly bolmaly. Munuň üçin her gün Mukaddes Kitaby okamaly, oýlanmaly we doga etmeli (Ýer. 17:7, 8; Kol. 2:6, 7). Ýehowa Hudaý bizden köp zady talap etmeýär. Onuň näme talap edýändigi barada Nesihat 12:13-de ýazylan: «Hak Hudaýdan gorkmak we tabşyryklaryny berjaý etmek ynsanyň esasy borjudyr». Geliň, biz hem Abdyýardan we Ýehoýadadan görelde alyp, Ýehowadan gorkalyň. Şonda agyr synaglarda-da Ýehowa wepaly bolarys we gökdäki Atamyz bilen dostlugymyzy hiç zat bozup bilmez. w23.06 sah. 19, abz. 17—19

Her günki aýady okalyň — 2025

13-nji iýul, ýekşenbe

Ine, men ähli zady täzeleýärin (Ylh. 21:5).

Ylham 21:5-nji aýat «tagtda oturan Hudaý» diýen sözler bilen başlaýar. Ylham kitabynyň üç ýerinde Ýehowanyň hut özüniň görnüş arkaly gepländigi hakda ýazylan. Diýmek, Jennetiň boljagyna perişdeler ýa-da Isa Mesih däl-de, Ýehowanyň özi kepil geçýär. Şol sebäpli biz 5, 6-njy aýatlardaky sözleriň ýerine ýetjekdigine doly ynamly bolup bileris. Sebäbi Mukaddes Kitapda Ýehowanyň «ýalan sözlemegi başarmaýandygy» ýazylan (Tit. 1:2, çykgyt). Ylham 21:5, 6-njy aýatlary «tagtda oturan Hudaý» aýdan bolsa, onuň wadalarynyň ýerine ýetjekdigine şübhelenmän bileris. Allatagala: «Ine» diýip, sözüni dowam edýär. «Ine» diýip terjime edilen grek sözi Ylham kitabynda ençeme sapar duş gelýär. Ýehowa biziň ünsümizi nämä çekjek boldy? Ol: «Men ähli zady täzeleýärin» diýýär. Ýehowanyň wadasy gelejekde ýerine ýeter. Emma «täzeleýärin» diýen işlik geljek zamanda däl-de, häzirki zamanda ýazylan. Diýmek, Ýehowa beren wadasynda durjakdygyna şeýle bir ynamly welin, ony gelejekde däl-de, häzir ýerine ýetiren ýaly aýdýar (Işa. 46:10). w23.11 sah. 3, 4, abz. 7, 8

Her günki aýady okalyň — 2025

14-nji iýul, duşenbe

Ol daşaryk çykyp, möňňürip aglady (Mat. 26:75).

Petrus resul ejizlik edip köp ýalňyşlar goýberýär. Isa özüniň ejir çekip öljekdigi hakdaky pygamberligi aýdanda, Petrus oňa garşy çykýar (Mar. 8:31—33). Şägirtleriň arasynda kimiň uly bolmalydygy hakda jedel turanda, Petrus olara goşulýar (Mar. 9:33, 34). Ol Isanyň ölmeziniň öň ýanyndaky gijesi bir adamyň gulagyny kesýär (Ýah. 18:10). Şeýle-de Isa pygamberi tanamaýandygyny üç sapar aýdýar (Mar. 14:66—72). Soňra bolsa eden işine ökünip möňňürip aglaýar. Isa Petrusyň eden işine puşman edendigini gördi we ruhdan düşen şägirdiniň göwnüni galkyndyryp: «Guzularymy bak» diýdi (Ýah. 21:15—17). Petrus Halypasyna gulak asdy. Ol hatda şägirtler bilen Iýerusalime bardy we Pentikost baýramçylygynda Ýehowanyň mukaddes ruhuny aldy. w23.09 sah. 22, abz. 6, 7

Her günki aýady okalyň — 2025
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş