Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
Bildiriş
Täze dilde çykan kitaphana: Mbum
  • Şu gün

13-nji iýul, ýekşenbe

Ine, men ähli zady täzeleýärin (Ylh. 21:5).

Ylham 21:5-nji aýat «tagtda oturan Hudaý» diýen sözler bilen başlaýar. Ylham kitabynyň üç ýerinde Ýehowanyň hut özüniň görnüş arkaly gepländigi hakda ýazylan. Diýmek, Jennetiň boljagyna perişdeler ýa-da Isa Mesih däl-de, Ýehowanyň özi kepil geçýär. Şol sebäpli biz 5, 6-njy aýatlardaky sözleriň ýerine ýetjekdigine doly ynamly bolup bileris. Sebäbi Mukaddes Kitapda Ýehowanyň «ýalan sözlemegi başarmaýandygy» ýazylan (Tit. 1:2, çykgyt). Ylham 21:5, 6-njy aýatlary «tagtda oturan Hudaý» aýdan bolsa, onuň wadalarynyň ýerine ýetjekdigine şübhelenmän bileris. Allatagala: «Ine» diýip, sözüni dowam edýär. «Ine» diýip terjime edilen grek sözi Ylham kitabynda ençeme sapar duş gelýär. Ýehowa biziň ünsümizi nämä çekjek boldy? Ol: «Men ähli zady täzeleýärin» diýýär. Ýehowanyň wadasy gelejekde ýerine ýeter. Emma «täzeleýärin» diýen işlik geljek zamanda däl-de, häzirki zamanda ýazylan. Diýmek, Ýehowa beren wadasynda durjakdygyna şeýle bir ynamly welin, ony gelejekde däl-de, häzir ýerine ýetiren ýaly aýdýar (Işa. 46:10). w23.11 sah. 3, 4, abz. 7, 8

Her günki aýady okalyň — 2025

14-nji iýul, duşenbe

Ol daşaryk çykyp, möňňürip aglady (Mat. 26:75).

Petrus resul ejizlik edip köp ýalňyşlar goýberýär. Isa özüniň ejir çekip öljekdigi hakdaky pygamberligi aýdanda, Petrus oňa garşy çykýar (Mar. 8:31—33). Şägirtleriň arasynda kimiň uly bolmalydygy hakda jedel turanda, Petrus olara goşulýar (Mar. 9:33, 34). Ol Isanyň ölmeziniň öň ýanyndaky gijesi bir adamyň gulagyny kesýär (Ýah. 18:10). Şeýle-de Isa pygamberi tanamaýandygyny üç sapar aýdýar (Mar. 14:66—72). Soňra bolsa eden işine ökünip möňňürip aglaýar. Isa Petrusyň eden işine puşman edendigini gördi we ruhdan düşen şägirdiniň göwnüni galkyndyryp: «Guzularymy bak» diýdi (Ýah. 21:15—17). Petrus Halypasyna gulak asdy. Ol hatda şägirtler bilen Iýerusalime bardy we Pentikost baýramçylygynda Ýehowanyň mukaddes ruhuny aldy. w23.09 sah. 22, abz. 6, 7

Her günki aýady okalyň — 2025

15-nji iýul, sişenbe

Guzularymy bak (Ýah. 21:16).

Petrus resul ýaşululara: «Hudaýyň sürüsini bakyň» diýdi (1 Pet. 5:1—4). Ýaşulular, siz dogan-uýalaryň aladasyny edýärsiňiz, olary ýürekden söýýärsiňiz. Ýöne işli bolandygyňyz, ýadawlygyňyz sebäpli borjuňyzy gowy ýerine ýetirip bilmeýän ýaly duýmagyňyz mümkin. Siz näme edip bilersiňiz? Gaýgy-aladaňyzy Ýehowa aýdyň. Petrus resul şeýle diýdi: «Hyzmat edýän adam Hudaýyň güýjüne bil baglasyn» (1 Pet. 4:11). Elbetde, käbir dogan-uýalaryň kynçylygy dünýäniň ahyryna çenli çözülmezligi mümkin. Emma baş çopanymyz Isanyň dogan-uýalaryň aladasyny has gowy edýändigini ýadyňyzdan çykarmaň. Ol şu günler synaglara döz gelmäge güýç berýär, gelejekde bolsa ähli kynçylyklary aýrar. Ýaşulular, Ýehowa sizden köp zat garaşmaýar, diňe dogan-uýalary söýmegiňizi, aladasyny etmegiňizi we görelde bolmagyňyzy isleýär. w23.09 sah. 30, abz. 13, 14

Her günki aýady okalyň — 2025
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş