14-nji iýul, duşenbe
Ol daşaryk çykyp, möňňürip aglady (Mat. 26:75).
Petrus resul ejizlik edip köp ýalňyşlar goýberýär. Isa özüniň ejir çekip öljekdigi hakdaky pygamberligi aýdanda, Petrus oňa garşy çykýar (Mar. 8:31—33). Şägirtleriň arasynda kimiň uly bolmalydygy hakda jedel turanda, Petrus olara goşulýar (Mar. 9:33, 34). Ol Isanyň ölmeziniň öň ýanyndaky gijesi bir adamyň gulagyny kesýär (Ýah. 18:10). Şeýle-de Isa pygamberi tanamaýandygyny üç sapar aýdýar (Mar. 14:66—72). Soňra bolsa eden işine ökünip möňňürip aglaýar. Isa Petrusyň eden işine puşman edendigini gördi we ruhdan düşen şägirdiniň göwnüni galkyndyryp: «Guzularymy bak» diýdi (Ýah. 21:15—17). Petrus Halypasyna gulak asdy. Ol hatda şägirtler bilen Iýerusalime bardy we Pentikost baýramçylygynda Ýehowanyň mukaddes ruhuny aldy. w23.09 sah. 22, abz. 6, 7
15-nji iýul, sişenbe
Guzularymy bak (Ýah. 21:16).
Petrus resul ýaşululara: «Hudaýyň sürüsini bakyň» diýdi (1 Pet. 5:1—4). Ýaşulular, siz dogan-uýalaryň aladasyny edýärsiňiz, olary ýürekden söýýärsiňiz. Ýöne işli bolandygyňyz, ýadawlygyňyz sebäpli borjuňyzy gowy ýerine ýetirip bilmeýän ýaly duýmagyňyz mümkin. Siz näme edip bilersiňiz? Gaýgy-aladaňyzy Ýehowa aýdyň. Petrus resul şeýle diýdi: «Hyzmat edýän adam Hudaýyň güýjüne bil baglasyn» (1 Pet. 4:11). Elbetde, käbir dogan-uýalaryň kynçylygy dünýäniň ahyryna çenli çözülmezligi mümkin. Emma baş çopanymyz Isanyň dogan-uýalaryň aladasyny has gowy edýändigini ýadyňyzdan çykarmaň. Ol şu günler synaglara döz gelmäge güýç berýär, gelejekde bolsa ähli kynçylyklary aýrar. Ýaşulular, Ýehowa sizden köp zat garaşmaýar, diňe dogan-uýalary söýmegiňizi, aladasyny etmegiňizi we görelde bolmagyňyzy isleýär. w23.09 sah. 30, abz. 13, 14
16-njy iýul, çarşenbe
Ýehowa akyldarlaryň oý-pikiriniň biderekdigini bilýär (1 Kor. 3:20).
Biz dünýäniň akyldarlygyna eýermeli däl. Eger «dünýäniň akyldarlygyna» eýersek, Ýehowa Hudaýy äsgermän, Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna sowuk-sala serederis (1 Kor. 3:19). «Dünýäniň akyldarlygyna» eýerýän adamlar ten höweslerini kanagatlandyryp ýaşaýarlar. I asyrda Pergam we Tiýatira şäherlerinde butparazlyk hem-de ahlaksyzlyk giňden ýaýrandy. Gynansak-da, käbir mesihçiler şäheriň ýaşaýjylarynyň täsirine düşdüler. Şol sebäpli Isa pygamber şol iki ýygnaga ahlaksyzlyga göz ýumýandygy üçin käýedi (Ylh. 2:14, 20). Şeýtan şu günler hem biziň dünýäniň akymyna görä ýaşamagymyzy isleýär. Dogan-garyndaşlarymyz we tanyş-bilişlerimiz bize: «Mukaddes Kitap könelişen. Dinim diýip durmuşdan yza galma. Keýp çekip ýaşamagyň hiç-hili erbetligi ýok» diýmegi mümkin. Käte biziň: «Ýehowa görkezme berýär, ýöne jikme-jik düşündirmeýär» diýmegimiz mümkin. Şeýdip, «ýazylan zatlaryň çäginden çykmagymyz» ahmal (1 Kor. 4:6). w23.07 sah. 16, abz. 10, 11