Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
Bildiriş
Täze dilde çykan kitaphana: Mbum
  • Şu gün

22-nji iýul, sişenbe

Kynçylyklarda hem şatlanalyň (Rim. 5:3).

Isa pygamberiň ähli şägirtleri kynçylyklara duş geler. Pawlus resul Selanikdäki mesihçilere: «Biz siziň ýanyňyzdakak, şeýle kynçylyklara duş geljekdigimizi öňünden aýdypdyk. Aýdyşymyz ýaly-da boldy» diýip ýazdy (1 Sel. 3:4). Ol Korinfdäki mesihçilere bolsa: «Biz... köp kynçylyklary başdan geçirdik... diri galarys hem öýtmedik» diýdi (2 Kor. 1:8; 11:23—27). Şu günler Ýehowanyň Şaýatlary dürli kynçylyklar bilen göreşmeli bolýarlar (2 Tim. 3:12). Isa pygambere iman edýändigiňiz üçin dost-ýarlaryňyz we dogan-garyndaşlaryňyz zorluk-sütem edýändir. Halal, dogruçyl ýaşaýandygyňyz üçin işde kyn ýagdaýlar döreýändir (Ýew. 13:18). Gelejege bolan umydyňyz hakda wagyz edýändigiňiz üçin yzarlaýandyrlar. Emma Pawlus resul islendik kyn ýagdaýa şatlyk bilen döz gelip biljekdigimizi aýtdy. w23.12 sah. 10, 11, abz. 9, 10

Her günki aýady okalyň — 2025

23-nji iýul, çarşenbe

Siz... başymy agyr derde saldyňyz (1 Mus. 34:30).

Ýakup pygamberiň göreni görgi boldy. Şimgon bilen Lewi maşgalasyny abraýdan düşürdi we Ýehowanyň adyna ysnat getirdi. Şeýle-de Ýakubyň mähriban aýaly Rahel çaga üstünden aradan çykdy. Soňra ýurtda güýçli açlyk boldy. Ýakup pygamber garran çagynda Müsür ýurduna göçmeli boldy (1 Mus. 35:16—19; 37:28; 45:9—11, 28). Ýakup pygamberiň başyna nähili kynçylyklar düşse-de, ol Ýehowa iman edýärdi we onuň wadasyna ýürekden ynanýardy. Ýehowa wepaly bendesinden örän razydy. Ýehowa oňa bol bereket berdi we mal-mülküni artdyrdy. Ýakup pygamber söwer ogly Ýusubyň öldi habaryny eşideli bäri hasrat çekýärdi, ýöne Ýehowa ony ogluna duşuryp, ýasyny toýa öwürdi. Ýakup hak dosty Ýehowa doly bil baglaýardy. Şol sebäpli ähli kynçylyklara mertlik bilen döz geldi (1 Mus. 30:43; 32:9, 10; 46:28—30). Bizem dostumyz Ýehowa ýürekden iman etsek, başymyza duýdansyz kynçylyk inse-de berk durarys. w23.04 sah. 15, abz. 6, 7

Her günki aýady okalyň — 2025

24-nji iýul, penşenbe

Ýehowa meniň Çopanym, hiç zada mätäç bolmaryn (Zeb. 23:1).

Zebur 23-nji bapda Dawut pygamber Ýehowanyň mähirli we söýgüden doly Hudaýdygyny wasp edýär. Ol Ýehowany sürüsiniň aladasyny edýän çopana meňzedýär. Dawut pygamber Ýehowanyň penasynda asuda we parahat ýaşaýar. Ol Hudaýyň söýgüsini her gün duýýar. Dawut Ýehowanyň söýýändigine näme üçin ynanýardy? Dawut pygamber Ýehowanyň söýgi bilen edýän aladasyny her gün duýýardy. Ýehowa onuň iýjek-içjegini, gerek-ýarak zatlaryny ýetirip durýardy. Şeýle-de Ýehowa Dawudy dosty hasaplaýardy we ondan razydy. Dawut gelejekde kyn ýagdaýlara duş gelse-de, Ýehowanyň terk etmejekdigini bilýärdi. Ol Ýehowanyň söýýändigine şübhelenmeýärdi, şonuň üçin howsala düşmeýärdi, kalby rahatdy we her gün onuň huzurynda şatlanardy (Zeb. 16:11). w24.01 sah. 29, abz. 12, 13

Her günki aýady okalyň — 2025
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş