23-nji iýul, çarşenbe
Siz... başymy agyr derde saldyňyz (1 Mus. 34:30).
Ýakup pygamberiň göreni görgi boldy. Şimgon bilen Lewi maşgalasyny abraýdan düşürdi we Ýehowanyň adyna ysnat getirdi. Şeýle-de Ýakubyň mähriban aýaly Rahel çaga üstünden aradan çykdy. Soňra ýurtda güýçli açlyk boldy. Ýakup pygamber garran çagynda Müsür ýurduna göçmeli boldy (1 Mus. 35:16—19; 37:28; 45:9—11, 28). Ýakup pygamberiň başyna nähili kynçylyklar düşse-de, ol Ýehowa iman edýärdi we onuň wadasyna ýürekden ynanýardy. Ýehowa wepaly bendesinden örän razydy. Ýehowa oňa bol bereket berdi we mal-mülküni artdyrdy. Ýakup pygamber söwer ogly Ýusubyň öldi habaryny eşideli bäri hasrat çekýärdi, ýöne Ýehowa ony ogluna duşuryp, ýasyny toýa öwürdi. Ýakup hak dosty Ýehowa doly bil baglaýardy. Şol sebäpli ähli kynçylyklara mertlik bilen döz geldi (1 Mus. 30:43; 32:9, 10; 46:28—30). Bizem dostumyz Ýehowa ýürekden iman etsek, başymyza duýdansyz kynçylyk inse-de berk durarys. w23.04 sah. 15, abz. 6, 7
24-nji iýul, penşenbe
Ýehowa meniň Çopanym, hiç zada mätäç bolmaryn (Zeb. 23:1).
Zebur 23-nji bapda Dawut pygamber Ýehowanyň mähirli we söýgüden doly Hudaýdygyny wasp edýär. Ol Ýehowany sürüsiniň aladasyny edýän çopana meňzedýär. Dawut pygamber Ýehowanyň penasynda asuda we parahat ýaşaýar. Ol Hudaýyň söýgüsini her gün duýýar. Dawut Ýehowanyň söýýändigine näme üçin ynanýardy? Dawut pygamber Ýehowanyň söýgi bilen edýän aladasyny her gün duýýardy. Ýehowa onuň iýjek-içjegini, gerek-ýarak zatlaryny ýetirip durýardy. Şeýle-de Ýehowa Dawudy dosty hasaplaýardy we ondan razydy. Dawut gelejekde kyn ýagdaýlara duş gelse-de, Ýehowanyň terk etmejekdigini bilýärdi. Ol Ýehowanyň söýýändigine şübhelenmeýärdi, şonuň üçin howsala düşmeýärdi, kalby rahatdy we her gün onuň huzurynda şatlanardy (Zeb. 16:11). w24.01 sah. 29, abz. 12, 13
25-nji iýul, anna
Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn (Mat. 28:20).
Ikinji jahan urşy tamamlanandan soňra Hudaýyň halky köp ýurtlarda asuda ýaşaýarlar we erkinlikde hoş habary wagyz edýärler. Şeýlelikde, bütin dünýäde wagyz işi uly depginde alnyp barylýar. Şu günler Ýolbaşçylyk maslahaty Isa Mesihiň görkezmesine eýerýär. Olar bir mesele hakda karara gelmezden öň, oňa Ýehowanyň we Isanyň nähili seredýändigi hakda oýlanýar. Soňra etrap gözegçileri we ýygnak ýaşululary arkaly bütin ýer ýüzündäki ýygnaklara görkezme berýär. Mukaddes Kitapda ýaşuly doganlaryň Isa Mesihiň «sag elindedigi» aýdylýar (Ylh. 2:1). Elbetde, ýaşulular bikämil. Olar Musa pygamber, Ýuşa we I asyrdaky resullar ýaly ýalňyşýarlar (4 Mus. 20:12; Ýuşa 9:14, 15; Rim. 3:23). Emma Isa Mesih şu günler wepaly hyzmatkär we ýaşulular arkaly görkezme berýär. Şonuň üçin jogapkär doganlaryň görkezmesine şübhelenmän bileris. w24.02 sah. 23, 24, abz. 13, 14