24-nji iýul, penşenbe
Ýehowa meniň Çopanym, hiç zada mätäç bolmaryn (Zeb. 23:1).
Zebur 23-nji bapda Dawut pygamber Ýehowanyň mähirli we söýgüden doly Hudaýdygyny wasp edýär. Ol Ýehowany sürüsiniň aladasyny edýän çopana meňzedýär. Dawut pygamber Ýehowanyň penasynda asuda we parahat ýaşaýar. Ol Hudaýyň söýgüsini her gün duýýar. Dawut Ýehowanyň söýýändigine näme üçin ynanýardy? Dawut pygamber Ýehowanyň söýgi bilen edýän aladasyny her gün duýýardy. Ýehowa onuň iýjek-içjegini, gerek-ýarak zatlaryny ýetirip durýardy. Şeýle-de Ýehowa Dawudy dosty hasaplaýardy we ondan razydy. Dawut gelejekde kyn ýagdaýlara duş gelse-de, Ýehowanyň terk etmejekdigini bilýärdi. Ol Ýehowanyň söýýändigine şübhelenmeýärdi, şonuň üçin howsala düşmeýärdi, kalby rahatdy we her gün onuň huzurynda şatlanardy (Zeb. 16:11). w24.01 sah. 29, abz. 12, 13
25-nji iýul, anna
Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn (Mat. 28:20).
Ikinji jahan urşy tamamlanandan soňra Hudaýyň halky köp ýurtlarda asuda ýaşaýarlar we erkinlikde hoş habary wagyz edýärler. Şeýlelikde, bütin dünýäde wagyz işi uly depginde alnyp barylýar. Şu günler Ýolbaşçylyk maslahaty Isa Mesihiň görkezmesine eýerýär. Olar bir mesele hakda karara gelmezden öň, oňa Ýehowanyň we Isanyň nähili seredýändigi hakda oýlanýar. Soňra etrap gözegçileri we ýygnak ýaşululary arkaly bütin ýer ýüzündäki ýygnaklara görkezme berýär. Mukaddes Kitapda ýaşuly doganlaryň Isa Mesihiň «sag elindedigi» aýdylýar (Ylh. 2:1). Elbetde, ýaşulular bikämil. Olar Musa pygamber, Ýuşa we I asyrdaky resullar ýaly ýalňyşýarlar (4 Mus. 20:12; Ýuşa 9:14, 15; Rim. 3:23). Emma Isa Mesih şu günler wepaly hyzmatkär we ýaşulular arkaly görkezme berýär. Şonuň üçin jogapkär doganlaryň görkezmesine şübhelenmän bileris. w24.02 sah. 23, 24, abz. 13, 14
26-njy iýul, şenbe
Söýgüli çagalar kimin Hudaýdan görelde alyň (Efes. 5:1).
Biz hak Hudaý Ýehowany söýýändigimiz hakda adamlara höwes bilen gürrüň berýäris. Şonda Ýehowa örän begenýär. Biziň esasy maksadymyz — adamlara hak Allany tanatmak we onuň bilen dostlaşmaga kömek etmek (Ýak. 4:8). Şol sebäpli biz Ýehowanyň söýgüden doly, adalatly, akyldar we gudratygüýçli Hudaýdygy hakda wagyz edýäris. Şeýle-de biz gökdäki Atamyzyň göreldesine eýerip, ony begendirýäris. Biz Şeýtanyň dünýäsinde ýaşaýan adamlardan düýbünden tapawutlanýarys. Olar biziň ýagşy edim-gylymymyzy görüp, hak Alla barada köp zatlary bilmek isleýär (Mat. 5:14—16). Biz Ýehowanyň Şaýadydygymyza buýsanýarys we Ýehowa hakda gürrüň berýäris. Şeýlelikde, olar Ýehowany tanap, onuň bilen dostlaşmak isleýärler. Biz Ýehowanyň göreldesine eýersek, ýagşy häsiýetlerini gürrüň bersek, ony begendireris we adyny dillerimizde sena ederis (1 Tim. 2:3, 4). w24.02 sah. 10, abz. 7