Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
Bildiriş
Täze dilde çykan kitaphana: Mbum
  • Şu gün

25-nji iýul, anna

Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn (Mat. 28:20).

Ikinji jahan urşy tamamlanandan soňra Hudaýyň halky köp ýurtlarda asuda ýaşaýarlar we erkinlikde hoş habary wagyz edýärler. Şeýlelikde, bütin dünýäde wagyz işi uly depginde alnyp barylýar. Şu günler Ýolbaşçylyk maslahaty Isa Mesihiň görkezmesine eýerýär. Olar bir mesele hakda karara gelmezden öň, oňa Ýehowanyň we Isanyň nähili seredýändigi hakda oýlanýar. Soňra etrap gözegçileri we ýygnak ýaşululary arkaly bütin ýer ýüzündäki ýygnaklara görkezme berýär. Mukaddes Kitapda ýaşuly doganlaryň Isa Mesihiň «sag elindedigi» aýdylýar (Ylh. 2:1). Elbetde, ýaşulular bikämil. Olar Musa pygamber, Ýuşa we I asyrdaky resullar ýaly ýalňyşýarlar (4 Mus. 20:12; Ýuşa 9:14, 15; Rim. 3:23). Emma Isa Mesih şu günler wepaly hyzmatkär we ýaşulular arkaly görkezme berýär. Şonuň üçin jogapkär doganlaryň görkezmesine şübhelenmän bileris. w24.02 sah. 23, 24, abz. 13, 14

Her günki aýady okalyň — 2025

26-njy iýul, şenbe

Söýgüli çagalar kimin Hudaýdan görelde alyň (Efes. 5:1).

Biz hak Hudaý Ýehowany söýýändigimiz hakda adamlara höwes bilen gürrüň berýäris. Şonda Ýehowa örän begenýär. Biziň esasy maksadymyz — adamlara hak Allany tanatmak we onuň bilen dostlaşmaga kömek etmek (Ýak. 4:8). Şol sebäpli biz Ýehowanyň söýgüden doly, adalatly, akyldar we gudratygüýçli Hudaýdygy hakda wagyz edýäris. Şeýle-de biz gökdäki Atamyzyň göreldesine eýerip, ony begendirýäris. Biz Şeýtanyň dünýäsinde ýaşaýan adamlardan düýbünden tapawutlanýarys. Olar biziň ýagşy edim-gylymymyzy görüp, hak Alla barada köp zatlary bilmek isleýär (Mat. 5:14—16). Biz Ýehowanyň Şaýadydygymyza buýsanýarys we Ýehowa hakda gürrüň berýäris. Şeýlelikde, olar Ýehowany tanap, onuň bilen dostlaşmak isleýärler. Biz Ýehowanyň göreldesine eýersek, ýagşy häsiýetlerini gürrüň bersek, ony begendireris we adyny dillerimizde sena ederis (1 Tim. 2:3, 4). w24.02 sah. 10, abz. 7

Her günki aýady okalyň — 2025

27-nji iýul, ýekşenbe

Sagdyn taglymata esaslanyp maslahat ber, garşy çykýanlara bolsa käýe (Tit. 1:9).

Ýaş doganlar, imany berk mesihçi bolmak üçin ukyp-başarnygyňyzy artdyryň. Şonda siz ýygnakdaky borçlaryňyzy gowy ýerine ýetirersiňiz. Size iş tapmak, maşgalaňyzy eklemek aňsat bolar, dostlaryňyz hem köp bolar. Okamagy we ýazmagy öwreniň. Zebur kitabynda Hudaýyň Sözüni her gün okap oýlanýan adamyň bagtly boljakdygy we ähli işinde üstünlik gazanjakdygy aýdylýar (Zeb. 1:1—3). Ol Hudaýyň garaýşyna düşünýär, sagdyn pikirlenýär we okan aýatlaryny durmuşynda ulanýar (Nak. 1:3, 4). Ýaşulularyň Mukaddes Kitap esasynda berýän maslahatlary dogan-uýalara kyn ýagdaýlardan baş alyp çykmaga kömek edýär. Siz okamagy we ýazmagy öwrenseňiz, ýygnakda gowy jogaplary berersiňiz hem-de ökde nutukçy bolarsyňyz. Şonda hem siziň, hem dogan-uýalaryň imany berkär. w23.12 sah. 26, 27, abz. 9—11

Her günki aýady okalyň — 2025
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş