Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
Bildiriş
Täze dilde çykan kitaphana: Mbum
  • Şu gün

26-njy iýul, şenbe

Söýgüli çagalar kimin Hudaýdan görelde alyň (Efes. 5:1).

Biz hak Hudaý Ýehowany söýýändigimiz hakda adamlara höwes bilen gürrüň berýäris. Şonda Ýehowa örän begenýär. Biziň esasy maksadymyz — adamlara hak Allany tanatmak we onuň bilen dostlaşmaga kömek etmek (Ýak. 4:8). Şol sebäpli biz Ýehowanyň söýgüden doly, adalatly, akyldar we gudratygüýçli Hudaýdygy hakda wagyz edýäris. Şeýle-de biz gökdäki Atamyzyň göreldesine eýerip, ony begendirýäris. Biz Şeýtanyň dünýäsinde ýaşaýan adamlardan düýbünden tapawutlanýarys. Olar biziň ýagşy edim-gylymymyzy görüp, hak Alla barada köp zatlary bilmek isleýär (Mat. 5:14—16). Biz Ýehowanyň Şaýadydygymyza buýsanýarys we Ýehowa hakda gürrüň berýäris. Şeýlelikde, olar Ýehowany tanap, onuň bilen dostlaşmak isleýärler. Biz Ýehowanyň göreldesine eýersek, ýagşy häsiýetlerini gürrüň bersek, ony begendireris we adyny dillerimizde sena ederis (1 Tim. 2:3, 4). w24.02 sah. 10, abz. 7

Her günki aýady okalyň — 2025

27-nji iýul, ýekşenbe

Sagdyn taglymata esaslanyp maslahat ber, garşy çykýanlara bolsa käýe (Tit. 1:9).

Ýaş doganlar, imany berk mesihçi bolmak üçin ukyp-başarnygyňyzy artdyryň. Şonda siz ýygnakdaky borçlaryňyzy gowy ýerine ýetirersiňiz. Size iş tapmak, maşgalaňyzy eklemek aňsat bolar, dostlaryňyz hem köp bolar. Okamagy we ýazmagy öwreniň. Zebur kitabynda Hudaýyň Sözüni her gün okap oýlanýan adamyň bagtly boljakdygy we ähli işinde üstünlik gazanjakdygy aýdylýar (Zeb. 1:1—3). Ol Hudaýyň garaýşyna düşünýär, sagdyn pikirlenýär we okan aýatlaryny durmuşynda ulanýar (Nak. 1:3, 4). Ýaşulularyň Mukaddes Kitap esasynda berýän maslahatlary dogan-uýalara kyn ýagdaýlardan baş alyp çykmaga kömek edýär. Siz okamagy we ýazmagy öwrenseňiz, ýygnakda gowy jogaplary berersiňiz hem-de ökde nutukçy bolarsyňyz. Şonda hem siziň, hem dogan-uýalaryň imany berkär. w23.12 sah. 26, 27, abz. 9—11

Her günki aýady okalyň — 2025

28-nji iýul, duşenbe

Sizi goldaýan Hudaý dünýäni goldaýan Iblisden güýçlüdir (1 Ýah. 4:4).

Siz gorksaňyz Ýehowanyň gelejekde eçiljek bereketleri hakda oýlanyň. Jennetde Şeýtan bolmaz. 2014-nji ýylyň welaýat kongresinde sahna bolupdy. Dogan aýaly we çagalary bilen 2 Timoteos 3:1—5-nji aýatlar hakda gürrüň edýär we aýatlary Jennetde ýaşajak dogruçyl adamlara degişli edip okaýar: «Jennetde ajaýyp döwür bolar. Sebäbi adamlar biri-birini, hakykaty söýýän, pespäl, pesgöwünli, Hudaýa alkyş aýdýan, ene-atasyna gulak asýan, minnetdar, wepaly, dogan-garyndaşlaryny söýýän, eglişik edýän, öwgüli sözleri aýdýan, özüne erk edýän, ýumşak, ýagşylygy söýýän, ynamdar, oňşukly, kiçigöwünli, keýpi-sapany däl-de, Hudaýy söýýän, Hudaýyň ýolunda ýöräp, şoňa görä ýaşaýan adamlar bolar. Şeýle adamlar bilen dostlaş». Siz maşgala agzalaryňyz we dogan-uýalaryňyz bilen Jennetde boljak ýaşaýyş hakda gürrüň edýärsiňizmi? w24.01 sah. 6, abz. 13, 14

Her günki aýady okalyň — 2025
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş