Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
Bildiriş
Täze dilde çykan kitaphana: Mbum
  • Şu gün

27-nji iýul, ýekşenbe

Sagdyn taglymata esaslanyp maslahat ber, garşy çykýanlara bolsa käýe (Tit. 1:9).

Ýaş doganlar, imany berk mesihçi bolmak üçin ukyp-başarnygyňyzy artdyryň. Şonda siz ýygnakdaky borçlaryňyzy gowy ýerine ýetirersiňiz. Size iş tapmak, maşgalaňyzy eklemek aňsat bolar, dostlaryňyz hem köp bolar. Okamagy we ýazmagy öwreniň. Zebur kitabynda Hudaýyň Sözüni her gün okap oýlanýan adamyň bagtly boljakdygy we ähli işinde üstünlik gazanjakdygy aýdylýar (Zeb. 1:1—3). Ol Hudaýyň garaýşyna düşünýär, sagdyn pikirlenýär we okan aýatlaryny durmuşynda ulanýar (Nak. 1:3, 4). Ýaşulularyň Mukaddes Kitap esasynda berýän maslahatlary dogan-uýalara kyn ýagdaýlardan baş alyp çykmaga kömek edýär. Siz okamagy we ýazmagy öwrenseňiz, ýygnakda gowy jogaplary berersiňiz hem-de ökde nutukçy bolarsyňyz. Şonda hem siziň, hem dogan-uýalaryň imany berkär. w23.12 sah. 26, 27, abz. 9—11

Her günki aýady okalyň — 2025

28-nji iýul, duşenbe

Sizi goldaýan Hudaý dünýäni goldaýan Iblisden güýçlüdir (1 Ýah. 4:4).

Siz gorksaňyz Ýehowanyň gelejekde eçiljek bereketleri hakda oýlanyň. Jennetde Şeýtan bolmaz. 2014-nji ýylyň welaýat kongresinde sahna bolupdy. Dogan aýaly we çagalary bilen 2 Timoteos 3:1—5-nji aýatlar hakda gürrüň edýär we aýatlary Jennetde ýaşajak dogruçyl adamlara degişli edip okaýar: «Jennetde ajaýyp döwür bolar. Sebäbi adamlar biri-birini, hakykaty söýýän, pespäl, pesgöwünli, Hudaýa alkyş aýdýan, ene-atasyna gulak asýan, minnetdar, wepaly, dogan-garyndaşlaryny söýýän, eglişik edýän, öwgüli sözleri aýdýan, özüne erk edýän, ýumşak, ýagşylygy söýýän, ynamdar, oňşukly, kiçigöwünli, keýpi-sapany däl-de, Hudaýy söýýän, Hudaýyň ýolunda ýöräp, şoňa görä ýaşaýan adamlar bolar. Şeýle adamlar bilen dostlaş». Siz maşgala agzalaryňyz we dogan-uýalaryňyz bilen Jennetde boljak ýaşaýyş hakda gürrüň edýärsiňizmi? w24.01 sah. 6, abz. 13, 14

Her günki aýady okalyň — 2025

29-njy iýul, sişenbe

Men senden razydyryn (Luka 3:22).

Biz Ýehowanyň halkyndan razydygyna örän begenýäris. Mukaddes Kitapda «Ýehowanyň halkyna guwanýandygy» aýdylýar (Zeb. 149:4). Ýöne käbirleri: «Men Ýehowanyň öz halkyndan razydygyna ynanýaryn. Emma ol menden razymyka?» diýip biynjalyk bolýarlar. Gadymy döwürde ýaşan hudaýhon adamlar hem Ýehowanyň özünden razydygyna şübhelenipdirler (1 Şam. 1:6—10; Eýp. 29:2, 4; Zeb. 51:11). Mukaddes Kitapda bikämil adamlaryň Ýehowany razy edendigi hakda ýazylan. Biz Ýehowany razy etmek üçin näme etmeli? Isa pygambere iman etmeli we suwa çümdürilmeli (Ýah. 3:16). Biz suwa çümdürilen günümiz günälerimize toba edendigimizi we özümizi Hudaýa bagyş edendigimizi hemmelere subut edýäris (Res. 2:38; 3:19). Ýehowa biziň şu wajyp ädimi ädenimize örän begenýär. Biz ömrümizi Ýehowa bagyş edenimizde beren wadamyza görä ýaşasak, ony razy ederis we ýakyndan dostlaşarys (Zeb. 25:14). w24.03 sah. 26, abz. 1, 2

Her günki aýady okalyň — 2025
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş