23-nji awgust, şenbe
Ýehowanyň güni ogrynyň gije gelşi ýaly geler (1 Sel. 5:2).
Mukaddes Kitapda «Ýehowanyň güni» diýlende, hak Hudaýyň duşmanlaryna jeza berip, öz halkyny halas eden güni göz öňünde tutulýar. Taryha ser salsak, Ýehowanyň käbir halklara jeza berendiginiň şaýady bolýarys (Işa. 13:1, 6; Hyz. 13:5; Sep. 1:8). Tizden syýasy ýolbaşçylar ýalan diniň dünýä imperiýasy bolan Beýik Wawilona hüjüm eder. Şonda Ýehowanyň güni başlar we Armageddon söweşi bilen tamamlanar. Biz Ýehowanyň gününde halas bolmak üçin häzirden taýýarlyk görmeli. Isa pygamber hem şägirtlerine «taýyn bolmagy» maslahat berdi (Mat. 24:21; Luka 12:40). Asyl nusgada şu jümle dowamly hereketi aňladýar. Diýmek, biz her gün Ýehowanyň gününe taýýar bolmaly. Pawlus resul selaniklilere ýazan birinji hatynda Ýehowanyň beýik gününe taýýar bolmaga kömek edýän ençeme mysallary aýtdy. Pawlus resul Ýehowanyň gününiň I asyrda gelmejekdigini bilýärdi (2 Sel. 2:1—3). Ýöne ol dogan-uýalara Ýehowanyň güni, göýä ertir geljek ýaly taýyn bolmagy maslahat berdi. w23.06 sah. 8, abz. 1, 2
24-nji awgust, ýekşenbe
Eziz doganlarym, berk we tutanýerli boluň (1 Kor. 15:58).
1978-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde 60 gatly beýik bina guruldy. Adamlar depesi asmana ýetip duran binany görenlerinde haýran galyp: «Ýer titremäniň köp bolýan şäherinde şeýle beýik bina nädip ýykylman durarka?» diýip oýlanýardylar. Ökde gurluşykçylar binany berk we maýyşgak edip gurdular. Şol sebäpli ol güýçli sarsgynda hem ýykylman durup bilýär. Mesihçileri hem şeýle berk bina meňzetse bolar. Näme üçin? Durmuşda bolýan sarsgynlarda ýykylmaz ýaly, berk we maýyşgak bina ýaly bolmaly. Şonda Hudaýyň kada-kanunlaryny bozdurjak bolanlarynda berk durarys. Ýehowa hemişe gulak asarys we imandan dänmeris. Şeýle-de biz gerek ýerinde «maýyşgak», ýagny paýhasly we eglişikli bolarys (Ýak. 3:17). Bizde şu häsiýetler bolsa, öte berk bolmarys ýa-da çendenaşa eglişik etmeris. w23.07 sah. 14, abz. 1, 2
25-nji awgust, duşenbe
Mesihi hiç haçan görmeseňiz-de, ony söýýärsiňiz (1 Pet. 1:8).
Isa uly adam bolup ýetişende, Şeýtan ony ençeme gezek synady, hatda Ýehowa däl-de, özüne sežde etdirjek boldy (Mat. 4:1—11). Şeýtan töleg tölenmez ýaly Isa günä etdirjek bolýardy. Isanyň synaglary munuň bilen gutarmady. Duşmanlar ony yzarladylar we öldürjek boldular (Luka 4:28, 29; 13:31). Isa şägirtleriniň ýalňyşlaryna we dawa-jenjellerine çydamaly boldy (Mar. 9:33, 34). Duşmanlar Isanyň üstünden güldüler, gamçylap urdular we jenaýatçy hökmünde ölüme höküm etdiler (Ýew. 12:1—3). Isany pürse çüýlänlerinde, Ýehowa ondan goragyny aýyrdy. Indi ol öz güýji bilen jebir-jepaly ölüme döz gelmelidi (Mat. 27:46). Isa pygamber töleg tölemek üçin köp ejir çekdi. Isanyň şirin janyny biziň üçin gurban berendigi hakda oýlansak, ony ýürekden söýeris. w24.01 sah. 10, 11, abz. 7—9