24-nji awgust, ýekşenbe
Eziz doganlarym, berk we tutanýerli boluň (1 Kor. 15:58).
1978-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde 60 gatly beýik bina guruldy. Adamlar depesi asmana ýetip duran binany görenlerinde haýran galyp: «Ýer titremäniň köp bolýan şäherinde şeýle beýik bina nädip ýykylman durarka?» diýip oýlanýardylar. Ökde gurluşykçylar binany berk we maýyşgak edip gurdular. Şol sebäpli ol güýçli sarsgynda hem ýykylman durup bilýär. Mesihçileri hem şeýle berk bina meňzetse bolar. Näme üçin? Durmuşda bolýan sarsgynlarda ýykylmaz ýaly, berk we maýyşgak bina ýaly bolmaly. Şonda Hudaýyň kada-kanunlaryny bozdurjak bolanlarynda berk durarys. Ýehowa hemişe gulak asarys we imandan dänmeris. Şeýle-de biz gerek ýerinde «maýyşgak», ýagny paýhasly we eglişikli bolarys (Ýak. 3:17). Bizde şu häsiýetler bolsa, öte berk bolmarys ýa-da çendenaşa eglişik etmeris. w23.07 sah. 14, abz. 1, 2
25-nji awgust, duşenbe
Mesihi hiç haçan görmeseňiz-de, ony söýýärsiňiz (1 Pet. 1:8).
Isa uly adam bolup ýetişende, Şeýtan ony ençeme gezek synady, hatda Ýehowa däl-de, özüne sežde etdirjek boldy (Mat. 4:1—11). Şeýtan töleg tölenmez ýaly Isa günä etdirjek bolýardy. Isanyň synaglary munuň bilen gutarmady. Duşmanlar ony yzarladylar we öldürjek boldular (Luka 4:28, 29; 13:31). Isa şägirtleriniň ýalňyşlaryna we dawa-jenjellerine çydamaly boldy (Mar. 9:33, 34). Duşmanlar Isanyň üstünden güldüler, gamçylap urdular we jenaýatçy hökmünde ölüme höküm etdiler (Ýew. 12:1—3). Isany pürse çüýlänlerinde, Ýehowa ondan goragyny aýyrdy. Indi ol öz güýji bilen jebir-jepaly ölüme döz gelmelidi (Mat. 27:46). Isa pygamber töleg tölemek üçin köp ejir çekdi. Isanyň şirin janyny biziň üçin gurban berendigi hakda oýlansak, ony ýürekden söýeris. w24.01 sah. 10, 11, abz. 7—9
26-njy awgust, sişenbe
Howlugýanlar garyp düşýär (Nak. 21:5).
Sabyrly bolsak düşünişmezligi çalt çözeris we dogan-uýalaryň sözüni bölmän diňläris (Ýak. 1:19). Biz ýygnagyň parahatlygyna goşant goşarys. Dartgynly ýagdaýlarda göwne degiji we gödek sözleri aýtmarys. Dogan-uýalar göwnümize degse gaharlanmarys. Gaýtam «sabyrly bolup, bir-biriňizi ýürekden bagyşlaň» diýen maslahata eýereris (Kol. 3:12, 13). Sabyrly adam gowy karara gelýär. Ol oýlanman, howlukmaç hereket etmegiň deregine gözleg geçirýär we bar bolan teklipleriň içinden iň gowusyny saýlaýar. Meselem, siz iş gözleýärsiňiz we Ýehowa edýän seždäňizi birinji orunda goýmaga päsgel berýän iş tapýarsyňyz. Siz işe girmezden öň şu sorag hakda oýlansaňyz gowy bolar: «Işe girsem, maşgalama we Ýehowa bilen dostlugyma nähili täsir eder?» Biz sabyrly bolsak, ýalňyş kararlara gelmeris. w23.08 sah. 22, abz. 8, 9