27-nji awgust, çarşenbe
Emma bedenimde başga bir kanun bar. Ol aňymdaky kanun bilen söweşip, bedenimdäki günäniň kanunyna ýesir edýär (Rim. 7:23).
Eger günä garşy göreşmek ruhdan düşürip, güýç-kuwwatdan gaçyrýan bolsa, ömrüňizi Ýehowa bagyş edeniňizde beren wadaňyz hakda oýlansaňyz, günä garşy aýgytly göreş alyp bararsyňyz. Näme üçin? Ömrüni Ýehowa bagyş eden adam özünden geçmäge taýyn bolýar. Ol Ýehowanyň islegine garşy gelýän maksatlaryna we etsem-petsemlerine «ýok» diýýär (Mat. 16:24). Ol synaga duş gelende «etsemmikäm, etmesemmikäm» diýip, oýlanyp oturmaýar. Ol synagdan öň Ýehowa wepaly bolmagy ýüregine düwendigi üçin günäli höweslere çürt-kesik «ýok» diýýär we günäniň duzagyna düşürjek «ähli gapylary» ýapýar. Ol Eýýup pygamberiň göreldesine eýerip, Ýehowany razy edip ýaşaýar. Eýýup pygamber çekip-çydardan agyr synaglara duş gelende: «Soňky demime çenli wepaly bolaryn!» diýdi (Eýp. 27:5). w24.03 sah. 9, abz. 6, 7
28-nji awgust, penşenbe
Ýehowa adyny çagyrýanlaryň ählisine, Hudaýy ýürekden çagyrýanlaryň ählisine ýakyndyr (Zeb. 145:18).
Söýgüden doly Ýehowa bizi goldar (2 Kor. 13:11). Ol her birimizi ýürekden söýýär. «Ýehowa bil baglaýanlar mährinden ganar» (Zeb. 32:10). Ýehowanyň söýgüsi hakda näçe köp oýlansak, ony şonça-da gowy tanarys, ýakyndan dostlaşarys, ýürekden doga ederis, söýgüsine mätäçdigimizi aýdarys we gaýgy-aladamyzy gürrüň bereris. Şeýle-de Ýehowanyň ýagdaýymyza düşünýändigine we kömege taýyndygyna şübhelenmeris (Zeb. 145:19). Aýazly gyşda oduň adama ýylylyk berişi ýaly, Ýehowa-da bizi söýgüsi bilen çoýýar. Hawa, Ýehowa gudratygüýçli, «wepaly söýgä baý» Hudaý. Goý, Ýehowanyň söýgüsi maşgala ojagyňyzy çoýsun! Geliň, mezmurçynyň «men Ýehowany söýýärin» diýen sözlerine goşulalyň! (Zeb. 116:1). w24.01 sah. 31, abz. 19, 20
29-njy awgust, anna
Men olara adyňy tanatdym (Ýah. 17:26).
Ýehudylar Hudaýyň adynyň Ýehowadygyny bilýärdiler. Şol sebäpli Isa pygamber Atasyny tanatmak üçin diňe bir onuň adyny aýtman, ýagşy häsiýetlerini gürrüň berýär (Ýah. 1:17, 18). Töwratda Ýehowanyň rehimdar, mähriban Hudaýdygy aýdylýar (2 Mus. 34:5—7). Isa adamlara Atasyny tanatmak üçin ýiten ogul hakdaky mysaly gürrüň berýär. Kakasy oglunyň gelýändigini uzakdan görüp, ylgap barýar-da ogluny gujaklaýar we ýürekden bagyşlandygyny aýdýar. Şu mysal Ýehowanyň rehimdar, mähriban Hudaýdygyny gowy suratlandyrýar (Luka 15:11—32). Şeýdip, Isa pygamber Atasyny adamlara tanatdy. w24.02 sah. 10, abz. 8, 9