28-nji awgust, penşenbe
Ýehowa adyny çagyrýanlaryň ählisine, Hudaýy ýürekden çagyrýanlaryň ählisine ýakyndyr (Zeb. 145:18).
Söýgüden doly Ýehowa bizi goldar (2 Kor. 13:11). Ol her birimizi ýürekden söýýär. «Ýehowa bil baglaýanlar mährinden ganar» (Zeb. 32:10). Ýehowanyň söýgüsi hakda näçe köp oýlansak, ony şonça-da gowy tanarys, ýakyndan dostlaşarys, ýürekden doga ederis, söýgüsine mätäçdigimizi aýdarys we gaýgy-aladamyzy gürrüň bereris. Şeýle-de Ýehowanyň ýagdaýymyza düşünýändigine we kömege taýyndygyna şübhelenmeris (Zeb. 145:19). Aýazly gyşda oduň adama ýylylyk berişi ýaly, Ýehowa-da bizi söýgüsi bilen çoýýar. Hawa, Ýehowa gudratygüýçli, «wepaly söýgä baý» Hudaý. Goý, Ýehowanyň söýgüsi maşgala ojagyňyzy çoýsun! Geliň, mezmurçynyň «men Ýehowany söýýärin» diýen sözlerine goşulalyň! (Zeb. 116:1). w24.01 sah. 31, abz. 19, 20
29-njy awgust, anna
Men olara adyňy tanatdym (Ýah. 17:26).
Ýehudylar Hudaýyň adynyň Ýehowadygyny bilýärdiler. Şol sebäpli Isa pygamber Atasyny tanatmak üçin diňe bir onuň adyny aýtman, ýagşy häsiýetlerini gürrüň berýär (Ýah. 1:17, 18). Töwratda Ýehowanyň rehimdar, mähriban Hudaýdygy aýdylýar (2 Mus. 34:5—7). Isa adamlara Atasyny tanatmak üçin ýiten ogul hakdaky mysaly gürrüň berýär. Kakasy oglunyň gelýändigini uzakdan görüp, ylgap barýar-da ogluny gujaklaýar we ýürekden bagyşlandygyny aýdýar. Şu mysal Ýehowanyň rehimdar, mähriban Hudaýdygyny gowy suratlandyrýar (Luka 15:11—32). Şeýdip, Isa pygamber Atasyny adamlara tanatdy. w24.02 sah. 10, abz. 8, 9
30-njy awgust, şenbe
Biz hem Hudaýyň göwünlik berişi ýaly... göwünlik berip bilýäris (2 Kor. 1:4).
Ýehowa ruhdan düşen bendesiniň göwnüni galkyndyrýar. Biz nädip duýgudaş bolmaly we göwünlik bermeli? Munuň üçin Hudaýa ýaraýan başga häsiýetleri hem ösdürmeli. Dogan-uýalary ýürekden söýmek we göwünlik bermek üçin näme etmeli? (1 Sel. 4:18). Biz olar bilen mähirli, mylakatly gepleşmeli we olary süýtdeş doganymyz ýaly söýmeli (Kol. 3:12; 1 Pet. 3:8). Şu häsiýetler näme üçin wajyp? Isa pygamber şeýle diýdi: «Adamyň ýüregindäki dilindedir. Ýagşy adam gowy zatlary gürrüň berýändir, sebäbi ýüregi ýagşylykdan doludyr» (Mat. 12:34, 35). Diýmek, dogan-uýalar bilen mähirli, mylakatly gepleşsek we olary süýtdeş doganymyz ýaly söýsek, başyna kynçylyk düşende derrew dadyna ýetişeris. Eger biz dogan-uýalara göwünlik bermäge taýyn bolsak, olary ýürekden söýýändigimizi subut ederis. w23.11 sah. 10, abz. 10, 11