29-njy awgust, anna
Men olara adyňy tanatdym (Ýah. 17:26).
Ýehudylar Hudaýyň adynyň Ýehowadygyny bilýärdiler. Şol sebäpli Isa pygamber Atasyny tanatmak üçin diňe bir onuň adyny aýtman, ýagşy häsiýetlerini gürrüň berýär (Ýah. 1:17, 18). Töwratda Ýehowanyň rehimdar, mähriban Hudaýdygy aýdylýar (2 Mus. 34:5—7). Isa adamlara Atasyny tanatmak üçin ýiten ogul hakdaky mysaly gürrüň berýär. Kakasy oglunyň gelýändigini uzakdan görüp, ylgap barýar-da ogluny gujaklaýar we ýürekden bagyşlandygyny aýdýar. Şu mysal Ýehowanyň rehimdar, mähriban Hudaýdygyny gowy suratlandyrýar (Luka 15:11—32). Şeýdip, Isa pygamber Atasyny adamlara tanatdy. w24.02 sah. 10, abz. 8, 9
30-njy awgust, şenbe
Biz hem Hudaýyň göwünlik berişi ýaly... göwünlik berip bilýäris (2 Kor. 1:4).
Ýehowa ruhdan düşen bendesiniň göwnüni galkyndyrýar. Biz nädip duýgudaş bolmaly we göwünlik bermeli? Munuň üçin Hudaýa ýaraýan başga häsiýetleri hem ösdürmeli. Dogan-uýalary ýürekden söýmek we göwünlik bermek üçin näme etmeli? (1 Sel. 4:18). Biz olar bilen mähirli, mylakatly gepleşmeli we olary süýtdeş doganymyz ýaly söýmeli (Kol. 3:12; 1 Pet. 3:8). Şu häsiýetler näme üçin wajyp? Isa pygamber şeýle diýdi: «Adamyň ýüregindäki dilindedir. Ýagşy adam gowy zatlary gürrüň berýändir, sebäbi ýüregi ýagşylykdan doludyr» (Mat. 12:34, 35). Diýmek, dogan-uýalar bilen mähirli, mylakatly gepleşsek we olary süýtdeş doganymyz ýaly söýsek, başyna kynçylyk düşende derrew dadyna ýetişeris. Eger biz dogan-uýalara göwünlik bermäge taýyn bolsak, olary ýürekden söýýändigimizi subut ederis. w23.11 sah. 10, abz. 10, 11
31-nji awgust, ýekşenbe
Akyldarlar düşünerler (Dan. 12:10).
Biz Mukaddes Kitabyň pygamberliklerine düşünmek üçin Ýehowadan akyldarlyk soramaly. Aýdaly, siz ýat ýurda gezelenje gidýärsiňiz. Ýöne ýanyňyzda şol ýeri bäş barmagy ýaly bilýän dostuňyz bar. Ol siziň häzir nirededigiňizi we her bir ýoluň nirä eltýändigini gowy bilýär. Siz ýanyňyzda ýola belet dostuňyzyň bardygyna örän begenersiňiz. Edil şonuň ýaly, Ýehowa biziň haýsy döwürde ýaşaýandygymyzy we öňümizde nähili wakalaryň boljagyny gowy bilýär. Şol sebäpli Mukaddes Kitabyň pygamberliklerine düşünmek üçin pesgöwünlilik bilen Ýehowadan kömek soramaly (Dan. 2:28; 2 Pet. 1:19, 20). Her bir ene-ata çagasynyň gowy durmuşda ýaşamagyny isleýär. Ýöne olar çagalaryna gelejekde nämeleriň boljagyny bilmeýär. Ýehowa hem ýaradan bendeleriniň bagtly ýaşamagyny isleýär. Emma ene-atalardan tapawutlylykda Ýehowa gelejekde nämeleriň boljakdygyny bilýär (Ýer. 29:11). Ol Mukaddes Kitaba pygamberlikleri ýazdyrypdyr (Işa. 46:10). w23.08 sah. 8, abz. 3, 4