Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
  • Şu gün

4-nji sentýabr, penşenbe

Ol ýerden şaýol geçer, oňa Mukaddes ýol diýerler (Işa. 35:8).

Wawilondan watanyna dolanjak ýehudylar Ýehowanyň mukaddes halky bolmalydy (5 Mus. 7:6). Olar Ýehowany razy edip ýaşamak üçin durmuşyny bütinleý üýtgetmelidi. Ýehudylaryň ýurduna dolananyna onlarça ýyl bolupdy. Käbir ýehudylar Wawilonda dünýä inipdi. Wawilonlylaryň garaýşy we adatlary olaryň aňyna siňipdi. Nehemýa häkim käbir ýehudylaryň çagalarynyň ýewreý dilini bilmeýändigini görüp ör-gökden gelýär (5 Mus. 6:6, 7; Neh. 13:23, 24). Mukaddes Kitabyň ýazylan dilini bilmeýän çagalar nädip Ýehowany söýsün? Oňa nädip ýürekden sežde etsin? (Hyd. 10:3, 44). Görşümiz ýaly, ýehudylar durmuşyny bütinleý üýtgetmelidi. Ysraýylda arassa sežde ýuwaş-ýuwaşdan dikeldilýärdi. Şol sebäpli olara durmuşyny üýtgetmek kyn bolan däldir (Neh. 8:8, 9). w23.05 sah. 15, abz. 6, 7

Her günki aýady okalyň — 2025

5-nji sentýabr, anna

Ýehowa ýykylanlary galdyrýar, bili bükülenleriň daýanjy bolýar (Zeb. 145:14).

Biz maksadymyza ýetmek üçin ynamly ädimleri ädýäris. Emma «garaşylmadyk ýagdaý» döräp biler (Nes. 9:11). Belki, kynçylykdan ýaňa ruhdan düşüp, tagalla etmäge güýjümiz bolmaz (Nak. 24:10). Ýa-da bikämillik sebäpli ýalňyşyp, aýagymyzyň taýmagy mümkin (Rim. 7:23). Belki-de, durmuşyň gaýgy-aladalary sebäpli ýadap, maksadymyzdan elimiz sowap biler (Mat. 26:43). Bize ýolumyzda çykýan böwetleri ýeňip geçmäge, ýykylsak-da aýaga galmaga näme kömek eder? Böwet ýoluň soňy däl. Mukaddes Kitapda biziň köp kynçylyklara duş geljekdigimiz ýazylan. Şeýle-de ol ýerde ählisini ýeňip geçjekdigimiz hem aýdylýar. Biz kynçylyklara garamazdan ýolumyzy dowam etsek, Ýehowany razy etmek isleýändigimizi subut ederis. Gökdäki Atamyz biziň maksadymyza ýetmek üçin edýän tagallamyzy görüp diýseň begenýändir. w23.05 sah. 30, abz. 14, 15

Her günki aýady okalyň — 2025

6-njy sentýabr, şenbe

Sürä görelde boluň (1 Pet. 5:3).

Ýaş doganlar, siz hem pioner bolup gulluk etseňiz, dürli medeniýetli, häsiýetli adamlar bilen işleşmegi we puly tygşytly sowmagy öwrenersiňiz (Flp. 4:11—13). Pioner bolsaňyz, guramanyň gurluşyk işlerine gatnaşmak we Beýtelde gulluk etmek mümkinçiligiňiz bolar. Doganlar imandaşlaryna hyzmat etmek maksady bilen ýaşuly bolmaly. Mukaddes Kitapda ýaşuly bolmak isleýänleriň «gowy zady arzuw edýändigi» ýazylan (1 Tim. 3:1). Ilki hyzmatçy bolup gulluk etmeli. Hyzmatçylar ýaşululara uly kömek edýär. Emma ýaşulular-da, hyzmatçylar-da dogan-uýalara pesgöwünlik bilen kömek etmeli we hoş habary yhlasly wagyz etmeli. w23.12 sah. 28, abz. 14—16

Her günki aýady okalyň — 2025
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş