Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
  • Şu gün

5-nji sentýabr, anna

Ýehowa ýykylanlary galdyrýar, bili bükülenleriň daýanjy bolýar (Zeb. 145:14).

Biz maksadymyza ýetmek üçin ynamly ädimleri ädýäris. Emma «garaşylmadyk ýagdaý» döräp biler (Nes. 9:11). Belki, kynçylykdan ýaňa ruhdan düşüp, tagalla etmäge güýjümiz bolmaz (Nak. 24:10). Ýa-da bikämillik sebäpli ýalňyşyp, aýagymyzyň taýmagy mümkin (Rim. 7:23). Belki-de, durmuşyň gaýgy-aladalary sebäpli ýadap, maksadymyzdan elimiz sowap biler (Mat. 26:43). Bize ýolumyzda çykýan böwetleri ýeňip geçmäge, ýykylsak-da aýaga galmaga näme kömek eder? Böwet ýoluň soňy däl. Mukaddes Kitapda biziň köp kynçylyklara duş geljekdigimiz ýazylan. Şeýle-de ol ýerde ählisini ýeňip geçjekdigimiz hem aýdylýar. Biz kynçylyklara garamazdan ýolumyzy dowam etsek, Ýehowany razy etmek isleýändigimizi subut ederis. Gökdäki Atamyz biziň maksadymyza ýetmek üçin edýän tagallamyzy görüp diýseň begenýändir. w23.05 sah. 30, abz. 14, 15

Her günki aýady okalyň — 2025

6-njy sentýabr, şenbe

Sürä görelde boluň (1 Pet. 5:3).

Ýaş doganlar, siz hem pioner bolup gulluk etseňiz, dürli medeniýetli, häsiýetli adamlar bilen işleşmegi we puly tygşytly sowmagy öwrenersiňiz (Flp. 4:11—13). Pioner bolsaňyz, guramanyň gurluşyk işlerine gatnaşmak we Beýtelde gulluk etmek mümkinçiligiňiz bolar. Doganlar imandaşlaryna hyzmat etmek maksady bilen ýaşuly bolmaly. Mukaddes Kitapda ýaşuly bolmak isleýänleriň «gowy zady arzuw edýändigi» ýazylan (1 Tim. 3:1). Ilki hyzmatçy bolup gulluk etmeli. Hyzmatçylar ýaşululara uly kömek edýär. Emma ýaşulular-da, hyzmatçylar-da dogan-uýalara pesgöwünlik bilen kömek etmeli we hoş habary yhlasly wagyz etmeli. w23.12 sah. 28, abz. 14—16

Her günki aýady okalyň — 2025

7-nji sentýabr, ýekşenbe

Heniz ýaş oglanka, atasy Dawudyň Hudaýyny agtaryp başlady (2 Tar. 34:3).

Ýoşyýa 16 ýaşlarynda hak Hudaý Ýehowany agtaryp başlaýar. Ol Ýehowany ýakyndan tanap, Onuň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek isleýärdi. Emma ýaş patyşa aňsat däldi, sebäbi Ýahudada köp adamlar butlara sežde edýärdi. Ýoşyýa arassa seždäni dikeltmegi ýüregine düwýär we aýgytly hereket edýär. Ol takmynan 20 ýaşlarynda Ýahudadan butlary we seždegähleri aýryp başlaýar (2 Tar. 34:1, 2). Siz heniz çaga bolsaňyz hem Ýoşyýanyň göreldesine eýeriň we Ýehowany gowy tanap, häsiýetleri barada oýlanyň. Şonda siz aýgytly ädim ädersiňiz we Ýehowa ömrüňizi bagyş edip suwa çümdürilersiňiz. Ömrüňizi Hudaýa bagyş edeniňizden soň durmuşyňyz düýbünden üýtgär. 14 ýaşynda suwa çümdürilen Luka şeýle diýýär: «Men şol günden soň Ýehowa sežde etmegi durmuşymda birinji orunda goýdum we Hudaýy begendirip ýaşamagy ýüregime düwdüm» (Mar. 12:30). Sizem ömrüňizi Hudaýa bagyş etseňiz köp bereketleri alarsyňyz we bagtly ýaşarsyňyz. w23.09 sah. 11, abz. 12, 13

Her günki aýady okalyň — 2025
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş