Birinji Taryh
18 Birnäçe wagtdan Dawut piliştliler bilen söweşip, olary boýun egdirdi. Ol piliştlileriň Get şäherini+ we daş-töweregindäki galalaryny basyp aldy+. 2 Dawut mowaplary+ hem derbi-dagyn etdi. Mowaplar Dawuda gul bolup, salgyt töläp başladylar+.
3 Soba+ patyşasy Hadatgezer+ Ýewfrat derýasynyň+ aňyrsynda hökümdarlygyny dikeltmäge barýarka, Dawut Hamatyň+ golaýynda oňa hüjüm etdi. 4 Ol Hadatgezeriň 1 000 söweş arabasyny, 7 000 atlysyny, 20 000 pyýada esgerini ýesir aldy+. Araba goşulýan atlaryň+ 100 sanysyndan galanyny maýyp etdi. 5 Damaskda ýaşaýan siriýalylar Soba patyşasy Hadatgezere kömege geldi. Emma Dawut olaryň hem 22 000 esgerini gyrdy+. 6 Ol Siriýanyň Damask şäherinde goşun bölümlerini goýdy. Siriýalylar hem Dawuda gul bolup, salgyt töläp başladylar. Ýehowa Dawuda baran ýerinde ýeňiş berýärdi+. 7 Ol Hadatgezeriň hyzmatkärlerinden tegelek altyn galkanlary alyp, Iýerusalime getirdi. 8 Dawut patyşa Hadatgezeriň golastyndaky Tibhat we Kun şäherlerinden ummasyz köp mis aldy. Süleýman patyşa şol mislerden howzy*+, sütünleri we gap-gaçlary ýasady+.
9 Hamat patyşasy Tohut Dawut patyşanyň Soba patyşasy Hadatgezeriň+ goşunyny derbi-dagyn edenini eşitdi+. 10 Ol Dawudyň hal-ýagdaýyny soramak we Hadatgezeriň üstünden gazanan ýeňşi bilen gutlamak üçin, ogly Hadoramy iberdi. Sebäbi Hadatgezer Tohut bilen häli-şindi söweşerdi. Hadoram Dawuda altyn-kümüşden we misden ýasalan her dürli sowgatlary äkitdi. 11 Dawut olary Ýehowa bagyş etdi*+. Ol başga milletlerden, ýagny edomlylardan, mowaplardan, ammonlardan+, piliştlilerden+ we amaleklerden+ alan altyn-kümüşlerini hem Hudaýa bagyş etdi.
12 Seruýanyň+ ogly Abyşaý+ Duz jülgesinde 18 000 edomlyny gyrdy+. 13 Ol Edomda goşun bölümlerini goýdy. Şeýdip, ähli edomlylar Dawudyň guly boldy+. Ýehowa Dawuda baran ýerinde ýeňiş berýärdi+. 14 Dawut tutuş Ysraýyly dolandyrýardy+. Ol halkyň üstünden adalatly we dogruçyl höküm sürýärdi+. 15 Seruýanyň ogly Ýowap goşunbaşydy+, Ahylutyň ogly Ýehoşapat+ bolsa mürzedi*. 16 Ahytubyň ogly Sadyk bilen Abyýataryň ogly Agamälik ruhanydy, Şawah kätipdi. 17 Ýehoýadanyň ogly Binaýa keretler+ bilen peletleriň*+ baştutanydy, Dawudyň ogullary bolsa patyşanyň baş emeldarydy.