Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lr bap 32 sah. 167—171
  • Hudaý Isany nädip gorady?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaý Isany nädip gorady?
  • Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Meňzeş maglumat
  • Müneçjimler Isany görmäge gelýärler
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Ýehowa Isany gorady
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ýyldyz adamlara ýol görkezýär
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Olar zalym hökümdardan gaçýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Başgalary
Beýik Mugallymdan öwreniň
lr bap 32 sah. 167—171

32-NJI BAP

Hudaý Isany nädip gorady?

1—9. a) Ýehowa ene guşuň çagalaryny nädip goraýar? b) Isany haçan goramaly boldy we ony kim gorady? ç) Ýehowa Ogluny ölümden nädip halas etdi?

ÝEHOWA çagalary we özüni gorap bilmeýänleri käwagt üýtgeşik usul bilen goraýar. Sen tebigaty synlamaga gideniňde, Ýehowanyň muny nädip edýändigini görüp bilersiň. Ýöne sen, ilki, bolýan zatlara düşünmezligiň mümkin.

2 Ine, sen ýöräp barýarsyň, edil öňüňde bir guş ýere gonýar. Ol ýaralanan ýaly näme üçindir ganatyny süýreýär. Sen onuň ýanyna barjak bolanyňda, ol gaçýar. Birdenem, guş uçup gidýär. Aslynda, onuň ganatyna hiç zat bolmandyr! Onda ol näme üçin beýle etdikä? ~

3 Guşuň gonan ýerine golaý otuň içinde onuň çagalary bar. Guş onuň çagalaryny görüp, zyýan ýetirersiň öýdüp gorkýar. Şonuň üçin ol ýaralanan ýaly bolup, seni başga ýana sowýar. Ene guşuň çagalaryny goraýşy ýaly, kim bizi gorap bilýär? ~ Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa çagalaryna kömek edýän bürgüt bilen deňeşdirilýär (Kanun taglymaty 32:11, 12).

Çaglar guşuň çagalarynyň ýanyna baranda, ene guş olary goramak üçin ganatlaryny gerýär

Ene guş çagalaryny nädip goraýar?

4 Ýehowanyň iň gowy görýän çagasy mähriban Ogly Isady. Ol gökde perişdekä, Atasy ýaly güýçlüdi. Şonda ol özüniň aladasyny edip bilýärdi. Emma Isa ýerde çaga bolup doglanda, oňa kömek edip, goramalydy.

5 Isa ýerde Hudaýyň islegini ýerine ýetirmek üçin, ulalyp, ýetişen adam bolmalydy. Emma Şeýtan Isa ulalmanka, ony öldürjek bolýar. Şonda Ýehowanyň ony nädip gorandygyny bilesiň gelýärmi? ~

6 Isa doglansoň, biraz wagtdan asmanda gündogarda bir ýagty ýyldyz peýda bolýar. Ony Şeýtan edýär. Müneçjimler, ýagny ýyldyz öwrenýän adamlar şol ýyldyzy yzarlap, uzak ýol ýöräp, Iýerusalime barýarlar. Şol ýerde olar ýehudylaryň patyşasynyň nirede dogulmalydygyny soraýarlar. Mukaddes Ýazgylary bilýän adamlar: «Beýtullahamda» diýip jogap berýärler (Matta 2:1—6).

Müneçjimler Isany görmek üçin Merýem bilen Ýusuba sowgat getirýärler

Müneçjimler Isanyň ýanyna baransoň, Hudaý Isany halas etmek üçin olara nähili duýduryş berdi?

7 Iýerusalimiň erbet patyşasy Hirodes golaýdaky Beýtullaham şäherinde täze patyşanyň doglandygyny eşidýär. Ol müneçjimlere şeýle diýýär: «Baryň, çaga hakda ýagşyja sorag-ideg ediň, tapanyňyzda maňa hem habar beriň». Hirodesiň Isany näme üçin tapmak isleýändigini bilýärmiň? ~ Sebäbi Hirodes göriplik edip, ony öldürjek bolýar.

8 Hudaý öz Ogluny nädip goraýar? ~ Müneçjimler Isany tapyp, oňa sowgat berýärler. Soňra Hudaý müneçjimlere düýş arkaly duýduryş berýär. Ýehowa olara Hirodesiň ýanyna barmaly däldigini aýdýar. Şonuň üçin olar Iýerusalime barman, başga ýol bilen öýlerine gaýdýarlar. Hirodes olaryň gidendigini bilende, gaty gaharlanýar. Ol Isany öldürmek üçin, Beýtullahamdaky iki ýaşa çenli oglanlaryň ählisini öldürýär! Emma şonda Isa ol ýerde däldi.

9 Hudaýyň Isany nädip halas edendigini bilýärmiň? ~ Müneçjimler öýlerine gaýdanda, Ýehowa Merýemiň ýanýoldaşy Ýusuba Müsüre gaçyp gitmelidigini aýdýar. Şeýdip, Isa Hirodesiň elinden halas bolýar. Birnäçe ýyl geçensoň, Merýem we Ýusup Isa bilen Müsürden yzyna dolanýar. Şonda Hudaý Ýusuba düýş arkaly ýene-de duýduryş berýär. Allatagala oňa Nasyra gitmelidigini aýdýar. Sebäbi şol ýerde Isany hiç kim öldürip bilmeýär (Matta 2:7—23).

Ýusup Isany we Merýemi Müsüre äkitmek bilen goraýar

Hudaý kiçijik Isany halas etmek üçin ýene-de näme etdi?

10—13. a) Şu günler kimleri kiçijik Isa meňzetse bolar we olary näme üçin goramaly? b) Şeýtan we onuň jynlary çagalara nähili zyýan ýetirjek bolýar? ç) Diňe kimler jynsy gatnaşykda bolup bilýär we Hudaý nähili jynsy gatnaşygy ýigrenýär?

10 Indi sen Ýehowanyň Ogluny nädip gorandygyny bildiňmi? ~ Ene guşuň çagalaryny we kiçijik Isany kime meňzetse bolar? Saňa meňzetse bolarmy? ~ Hawa, saňa-da biri zyýan ýetirmek isleýär. Onuň kimdigini bilýärmiň? ~

11 Mukaddes Ýazgylarda Şeýtanyň arlaýjy ýolbars ýaly, bizi iýjek bolýandygy aýdylýar. Ýolbars köplenç haýwanlaryň çagasyna topulýar. Şonuň ýaly-da, Şeýtan we onuň jynlary, esasanam, çagalara topulýar (1 Petrus 5:8). Emma Ýehowa Şeýtandan güýçli. Ýehowa Özüne bil baglaýan çagalary gorap, Şeýtanyň ýetirýän zyýanyny aýryp bilýär.

12 Şu kitabyň 10-njy babyndan bilşimiz ýaly, Iblis we onuň jynlarynyň bize näme etdirjek bolýandygy ýadyňdamy? ~ Hawa, olar bize jynsy gatnaşyk etdirjek bolýar. Muny bolsa, Hudaý ýigrenýär. Emma diňe kimler jynsy gatnaşykda bolmaly? ~ Hawa, diňe är-aýal.

13 Gynansak-da, käbir uly adamlar çagalar bilen jynsy gatnaşyk edýärler. Netijede, kiçi oglan-gyzlar olardan erbet işleri etmegi öwrenýär. Şeýle-de çagalar öz jyns organlaryny nädogry ulanyp başlaýarlar. Gadymy döwürde Sodom şäherinde hem şeýle bolupdy. Mukaddes Ýazgylarda şol ýerde ýaşaýan adamlaryň «kiçijik oglanlardan garrysyna çenli» Lutuň öýüne gelen adamlar bilen jynsy gatnaşyk etjek bolandygy aýdylýar (Gelip çykyş 19:4, 5).

14—17. a) Kimler çagalar bilen jynsy gatnaşyk edýär we olar munuň üçin näme edýärler? b) Çagalar ahlaksyz adamlardan özüni nädip gorap biler? ç) Ene-atalar çagalaryny nädip gorap biler?

14 Käbir uly adamlar, hatda çagalaram seniň bilen jynsy gatnaşyk etjek bolar. Hudaýyň Isany goraýşy ýaly, seni hem olardan goramaly. Şeýle adamlar köplenç seniň bilen dostlaşjak bolarlar. Olar seniň bilen näme edýändigini hiç kime aýtmasaň, bir zat berjekdigini aýdarlar. Emma olar Şeýtan we onuň jynlary ýaly, diňe özüni bilip, keýp aljak bolýarlar. Sebäbi şol adamlar çagalar bilen jynsy gatnaşyk edip, keýp alýarlar. Emma bu örän erbet zat!

15 Olaryň keýp almak üçin näme edýändigini bilýärmiň? ~ Olar seniň jyns organlaryňy sypalamaklary mümkin. Emma sen hiç kime jyns organlaryňy oýnamaga rugsat bermeli dälsiň. Hatda ejeňe, kakaňa, süýtdeş doganyňa, uýaňa-da rugsat bermeli däl.

Bir adam erbetlik etmek üçin gyzjagazyň elinden tutanda, ol «degme maňa» diýip eli bilen yşarat edýär

Kimdir biri saňa erbetlik etmek üçin degjek bolsa, sen näme diýmeli we näme etmeli?

16 Sen özüňi şeýle erbet iş edýän adamlardan nädip gorap bilersiň? ~ Birinjiden, hiç kime jyns organlaryňy oýnamaga rugsat berme. Eger biri muny etjek bolsa, gorkman, gaty ses bilen: «Degme maňa! Näme edýäniňi aýdaryn!» diýip gygyr. Eger ol: «Bolan zatlara özüň günäkär» diýse, onuň aýdýan sözlerine ynanma. Bu nädogrudyr. Şol adam kim bolaýanda-da, derrew git-de, ejeňe ýa kakaňa, ýa-da ynanýan uly adamlaryňdan birine aýt. Ol erbet adam saňa: «Bu edýän zadymyz ikimiziň aramyzda galsyn» diýse-de, baryp aýtgyn. Şol erbet adam saňa bir gowuja sowgat berjek diýse-de, ýa-da gorkuzyp erbet sözler aýtsa-da, şol bada gidip, hökman ol barada aýt.

17 Sen gorkmaly däl, ýöne seresap bolmaly. Ejeň bilen kakaň saňa zyýan ýetirjek adamlar we ýerler barada duýduranda, olara gulak asmalysyň. Eger gulak assaň, ýamanlyk edýän adamlardan gaça durarsyň.

Gel, indi jynsy ahlaksyzlykdan nädip goranyp bolýandygy barada Mukaddes Ýazgylardan okaly: Gelip çykyş 39:7—12; Süleýmanyň tymsallary 4:14—16; 14:15, 16; 1 Korintoslylar 6:18 we 2 Petrus 2:14.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş