Sowally bukja
◼ Çagalar ruhy taýdan öser ýaly näme etmeli?
Mesihçi ata-eneler çagalaryny Rebbiň «terbiýe hem öwüdi bilen ulaltmak» üçin elinde baryny edýärler (Efes. 6:4). Meselem, ata-eneler her gün irden çagalary bilen gündeki aýady okap, pikir alyşmagyň peýdalydygyna düşünýärler. Ata-eneler maşgala okuwynda ýa-da başga wagt çagalary bilen wideofilmleri görýärler, edebiýatlarymyzdan käbir makalalary okap, pikir alyşýarlar we Mukaddes Ýazgylardaky käbir wakalary sahnalaşdyrýarlar. Emma çagalar hem «kämillige tarap ilerlär» ýaly, Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty çuňňur öwrenmeli (Ýew. 6:1, 2).
Biz wagyzda duş gelýän adamlara näme öwredýändigimize seredeliň. Biz ilkinji idegde «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitabyny ulanyp, okuwa başlamaga çalyşýarys. Bu kitaby gutaranymyzdan soň, biz «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» kitabyny geçip başlaýarys. Näme üçin? «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitaby arkaly adam Hudaýyň Sözündäki esasy taglymatlary öwrenýär. «Hudaýyň söýgüsi» kitaby bolsa, adama Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri durmuşynda nädip ulanmalydygyny öwredýär. Şu iki kitap okuw geçýän adama Mesihde «kök urmaga» we «imanda berkemäge» kömek edýär (Kol. 2:6, 7). Bu kitaplar biziň çagalarymyza-da peýdaly bolarmy? Olar hem töleg gurbany, Hudaýyň Patyşalygy we ölüleriň ýagdaýy baradaky hakykaty bilmeli. Şeýle-de olar Hudaýyň horluklara näme üçin ýol berýändigini bilmeli we soňky günlerde ýaşaýandygymyza göz ýetirmeli. Olar Ýehowanyň Şaýatlarynyň hakykaty öwredýändigine göz ýetirmeli. Ýaşlar Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleriniň peýdalydygyna düşünmeli we «saýgarma ukyplaryny» terbiýelemeli (Ýew. 5:14). Elbetde, ata-eneler çagalarynyň ýaşyny we düşünjesini göz öňünde tutmaly. Emma köp çagalar hatda kiçi bolsalar-da, Mukaddes Ýazgylardaky çuňňur hakykata düşünip bilýärler (Luka 2:42, 46, 47).