Başagaý bolman Ýehowa gulluk ediň
«Merýem... onuň (Isanyň) sözlerine gulak asýardy. Emma Marta hyzmat bilen başagaýdy». LUKA 10:39, 40
1, 2. Isa näme üçin Martany gowy görýärdi we Martanyň bikämil bolandygy nämeden görünýär?
SIZ Mukaddes Ýazgylarda agzalýan Marta barada näme bilýärsiňiz? Injilde Marta Isanyň iň ýakyn we gowy görän dostlarynyň arasynda bolandygy aýdylýar. Elbetde, Isa beýleki Hudaýa wepaly aýallara hem hormat goýýardy. Meselem, ol öz ejesi Merýemi, şeýle-de Martanyň uýasy Merýemi gowy görýärdi (Ýahýa 11:5; 19:25—27). Geliň, Isanyň näme üçin Marta uly hormat goýandygyny bileliň.
2 Isa Martany diňe bir myhmansöýerligi we zähmetsöýerligi üçin däl-de, eýsem, onuň ruhy taýdan berk aýal bolandygy üçin gowy görýärdi. Marta Isanyň öwredýän zatlaryna çyn ýürekden ynanýardy. Ol Isanyň wada edilen Mesihdigine berk iman edýärdi (Ýahýa 11:21—27). Elbetde, Marta ähli adamlar ýaly bikämildi. Bir gezek Isa Martanyň öýlerine myhmançylyga baranda, Marta uýasy Merýemiň bolşuna gynanyp, Isadan jigisine käýemegini haýyş edýär. Marta: «Ýa Reb! Gyz doganymyň meniň ýeke özüme hyzmat etdirip ýörmegi seniň perwaýyňa dälmi? Oňa aýt, maňa kömekleşsin» diýdi (Luka 10:38—42-nji aýatlary okaň). Biz bu wakadan näme öwrenip bileris?
MARTA BAŞAGAÝDY
3, 4. Merýem haýsy manyda «oňat paýy» saýlady we Marta ondan nämäni öwrendi? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
3 Isa Marta bilen Merýemiň myhmansöýerligi üçin olara gymmatly hakykaty öwretdi. Merýem beýik Mugallymyň aýdýan sözlerinden öwrenmek üçin mümkinçiligi elden gidermedi. Şol sebäpli «ol Isanyň aýagyna ýakyn oturyp, Onuň sözlerine gulak asýardy». Marta-da şeýle edip bilerdi. Şonda Isa hem Martany ony ünsli diňländigi üçin öwerdi.
4 Marta üýtgeşik nahar bişirmek we Isa özüni arkaýyn duýar ýaly, başga işleri etmek bilen başagaýdy. Emma bu işleriň bary gerekmejek aladady we Marta Merýeme gaharlanýardy. Isa Martanyň şeýle köp zatlary edýändigine üns berip, mähir bilen oňa: «Marta, Marta! Sen köp zatlara aladalanyp, biynjalyk bolýarsyň». Isa birje ýönekeý naharyň ýeterlik boljakdygyny aýtdy. Indi Isa: «Merýem özünden alynmajak oňat paýy saýlady» diýip, ony ünsli diňländigi üçin öwdi. Merýem şol agşam iýen naharyny ýatdan çykarsa-da, Isany ünsli diňländigi üçin alan ruhy iýmitini we onuň aýdan öwgüli sözlerini hiç haçan unutmazdy. Mundan 60 ýyl geçenden soňra Ýahýa resul «Isa Martany, onuň uýasyny... gowy görýärdi» diýip ýazdy (Ýahýa 11:5). Bu bolsa Martanyň Isanyň söýgi bilen beren düzedişini kabul edip, Ýehowa wepaly gulluk etmäge jan edendigini görkezýär.
5. Biziň günlerimiz gadymy döwürden nämede tapawutlanýar we nähili sorag döreýär?
5 Elbetde, gadymy döwre garanyňda, biziň günlerimizde başagaý edýän zatlar has köpeldi. 1958-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda Ýehowa gulluk edende, tehnologiýa bilen başagaý bolmazlyk barada dogan-uýalara duýduryldy. Hatda şu wagtam her gün diýen ýaly täze zat çykýar. Adamlar owadan žurnallara, radio, telewizora we kinolara gitdigiçe gyzykýarlar. Şol «Garawul diňi» žurnalynda biziň häzirki zalym dünýäniň soňy golaýlaşdygyça «başagaý» edýän zatlaryňam köpelýändigi aýdyldy. Dogrudanam, şeýle dälmi näme?! Şol sebäpli wajyp sorag ýüze çykýar: «Ähmiýetsiz zatlar bilen başagaý bolman, Merýem ýaly ünsümizi ruhy zatlara gönükdirmäge näme kömek eder?»
DÜNÝÄDEN DOLY DEREJEDE PEÝDALANMAŇ
6. Ýehowanyň halky dünýäniň tehnologiýasyndan nädip peýdalanýar?
6 Ýehowanyň halky hoş habary ýaýratmak üçin bu dünýäniň tehnologiýasyny ulanýar. Meselem, Birinji jahan urşundan öň we urşyň dowamynda Hudaýyň gullukçylary «Ýaradylyş fotodramasyny», ýagny reňkli slaýdlar we ses ýazgylary bilen baglanyşdyrylyp görkezýärdiler. Şeýlelikde, dürli ýurtlarda ýaşaýan millionlarça adamlar hoş habary eşitdiler. «Ýaradylyş fotodramasynyň» iň soňky bölüminde Isa Mesihiň Müňýyllyk parahatlykdan doly hökümdarlygy görkezilýärdi. Soňra radio arkaly Patyşalyk baradaky hoş habar bütin dünýäde ýaňlandy. Şu günler kompýuter we Internet arkaly dünýäniň ähli künjegine, hatda çet ýerlerdäki adalarda ýaşaýan adamlaram hoş habary eşidýärler.
Hudaýa gulluk etmäge wajyp däl zatlaryň päsgel bermegine ýol bermäň (7-nji abzasa serediň)
7. a) Dünýäden doly peýdalanmak näme üçin howply? b) Biz nämäni unutmaly däl? (Çykgyda serediň).
7 Mukaddes Ýazgylar bize dünýäden doly peýdalanmagyň howpludygyny duýdurýar (1 Korintoslylar 7:29—31-nji aýatlary okaň). Elbetde, käbir zatlara erbet diýip bolmaz, ýöne olar köp wagtyňy alýar. Meselem, muňa güýmenje, kitap okamak, telewizor görmek, syýahat etmek, dükanlara aýlanmak, soňky çykan elektron enjamlar we gymmatbaha zatlar baradaky maglumatlary gözlemek ýaly işler degişli. Mundan başga-da, Internet ýa-da elektron poçta arkaly hat alyşmak we gepleşmek, hemişe soňky täzelikleri, sport ýaryşlaryny görmek ýaly zatlar hem köp wagtyňy alýar. Hatda bu zatlar endik bolup galýara (Wag. 3:1, 6). Eger biz wajyp däl zatlara köp wagt sarp etsek, esasy zada, ýagny Ýehowa gulluk etmäge wagtymyz galmaz (Efesliler 5:15—17-nji aýatlary okaň).
8. «Dünýädäki zatlary söýmäň» diýen maslahata eýermek näme üçin wajyp?
8 I asyrdaky ýaly şu günlerem Şeýtan bizi özüne çekmek we başagaý etmek üçin bu dünýäni ulanmaga jan edýär (2 Tim. 4:10). Şol sebäpli biziň ählimiz Mukaddes Ýazgylaryň «dünýädäki zatlary söýmäň» diýen maslahatyna gulak asmaly. Şu maslahata laýyklykda, biz hemişe özümizi barlap, başagaý bolmakdan gaça durmaly. Şonda «Atamyza» bolan söýgimiz has-da artar we onuň islegini ýerine ýetirmek aňsat bolar hem-de bereketlerini alarys (1 Ýahýa 2:15—17).
GÖZÜŇIZI HEMIŞE SADA SAKLAŇ
9. Isa göçme manydaky göz barada näme diýdi we ol bize nähili görelde galdyrdy?
9 Isanyň Marta söýgi bilen beren maslahaty özüniň göreldesi we öwredýän zatlary bilen doly gabat gelýärdi. Ol şägirtlerine göçme manyda gözüňizi «sada sakla» diýmek bilen, bar ünsüňi Patyşalyk işlerine gönükdirmäge höweslendirýärdi (Matta 6:22, 33-nji aýatlary okaň). Isa bu babatda gowy görelde görkezdi, sebäbi onuň ne köp zady, ne öýi, ne-de ýeri bolupdyr (Luka 9:58; 19:33—35).
10. Isa bize nähili gowy görelde galdyrdy?
10 Isa wagyz etmäge köp zat päsgel berip bilerdi, ýöne ol muňa ýol bermedi. Ol gullugyna ýaňy başlanda, Kapernaumda adamlara öwredýär we gudrat görkezýär. Şondan soňra olar şäherinde galmagy Isadan haýyş etdiler. Isa olaryň haýyşyna näme jogap berdi? Ol: «Hudaýyň Patyşalygynyň Hoş Habaryny Men beýleki şäherlere-de bildirmeli. Çünki Men munuň üçin wagyz etdim» diýdi (Luka 4:42—44). Dogrudanam, Isa Palestinanyň ähli ýerlerine aýlanyp, wagyz edýärdi. Isa kämil bolsa-da, Hudaýa janaýaman gulluk edýändigi üçin örän ýadaýardy we dynç almak isleýärdi (Luka 8:23; Ýahýa 4:6).
11. Isa maşgala dawasyny çözüp bermegi haýyş eden adama näme diýdi we ol nähili duýduryş berdi?
11 Soňra Isa şägirtlerine yzarlamalara döz gelmek babatda öwredip durka, bir adam onuň sözüni bölüp: «Mugallym! Doganyma aýt, goý, ol mirasy meniň bilen bölüşsin» diýdi. Ýöne Isa olaryň jedeline goşulman: «Eý adam, kim Meni siziň kazyňyz ýa miras bölüjiňiz edip belledi?» diýip jogap berdi. Soňra Isa baýlyga kowalaşmagyň Hudaýa gulluk etmäge päsgel berýändigini duýdurdy (Luka 12:13—15).
12, 13. a) Isanyň ölümine birnäçe gün galanda, grekleriň käbirini näme gyzyklandyrdy? b) Isa ünsüni sowjak bolýanlara näme diýip jogap berdi?
12 Isanyň ýerdäki ýaşaýşynyň soňky günleri örän hasratly geçdi (Mat. 26:38; Ýahýa 12:27). Emma ol köp işleri etmelidi. Şeýle-de ol mejlisde kemsidilmelidi we zalymlyk bilen öldürilmelidi. Geliň, b. e. 33-nji ýylynyň nisan aýynyň 9-na bolan wakalara seredeliň. Pygamberlik edilişi ýaly, Isa Iýerusalime taýharly gelýär we märeke ony «Rebbiň adyndan gelýän Patyşa» diýen sözler bilen garşylaýar (Luka 19:38). Ertesi gün Isa ybadathana baryp, ol ýerdäki açgöz söwdagärleri mertlik bilen kowýar. Sebäbi olar Hudaýyň öýünde zatlary gymmatbahadan satyp, beýleki ýehudylary talaýardylar (Luka 19:45, 46).
13 Şonda Iýerusalimde grek prozelitler hem bardy. Olar Isanyň eden işlerine haýran galyp, Filipusa Mesih bilen duşurmagy haýyş etdiler. Emma Isa etmeli iň wajyp zada kimdir biriniň päsgel bermegine ýol bermedi. Elbetde, ol at-abraý gazanyp, töleg gurbanyny bermekden ýüz öwürmek islemeýärdi. Şol sebäpli ol tizden öldüriljekdigini Andreas bilen Filipusa düşündirenden soňra: «Janyny söýýän ony ýigrenýändir, bu dünýäde janyny ýigrenýän bolsa ony ebedi ýaşaýyş üçin saklaýandyr» diýdi. Isa grekleri bilesigeliji bolman, özüniň janaýamazlyk häsiýetinden görelde almaga höweslendirdi. Isa: «Maňa hyzmat edeni Atam hormatlar» diýdi. Elbetde, Filipus greklere Isanyň aýdan sözlerini ýetiren bolmaly (Ýahýa 12:20—26).
14. Isa wagyz işini birinji ýerde goýsa-da, özüni paýhasly alyp barandygy nämeden görünýär?
14 Isa esasy zada, ýagny hoş habary wagyz etmäge hiç bir zadyň päsgel bermegine ýol bermese-de, ol hemişe özüne tabşyrylan ýumuş barada oýlanyp ýörmedi. Bir sapar Isa toýa baranda gudrat bilen suwy şeraba öwrüp, myhmanlary şatlandyrdy (Ýahýa 2:2, 6—10). Şeýle-de Isany ýakyn dostlary we hoş habar bilen gyzyklanýan adamlar agşamlyk naharyna çagyranda, ol ýüz öwürmedi (Luka 5:29; Ýahýa 12:2). Emma Isa köplenç Ýehowa doga etmäge, oýlanmaga we dynç almaga wagt tapypdyr (Mat. 14:23; Mar. 1:35; 6:31, 32).
«HER HILI ÝÜKI... TAŞLAŇ»
15. Pawlus resul nähili maslahat berdi we bize nähili görelde galdyrdy?
15 Pawlus resul «her hili ýüki... taşlalyň» diýende, özüni Ýehowa bagyş eden mesihçileri uzak aralyga ylgaýan türgenler bilen deňeşdirdi (Ýewreýler 12:1-i okaň). Pawlus öwredýän zatlarynyny diňe bir sözde däl, eýsem iş ýüzünde görkezýärdi. Ol ýewreý dininiň berjek ýokary wezipesinden, şöhratyndan we baýlygyndan ýüz öwürdi. Pawlus ünsüni «iň ýokary zatlara» gönükdirip, Hudaýa yhlas bilen gulluk edýärdi we tutuş Siriýada, Kiçi Aziýada, Makedoniýada, Ýahudada wagyz edýärdi. Pawlus gökde ebedi ýaşamak umydy barada şeýle ýazypdy: «Yzdaky zatlary unudyp, öňdäkilere el uzadyp... baýraga mynasyp bolmak üçin pellehana tarap ylgaýaryn» (Flp. 1:11; 3:8, 13, 14). Pawlus resul «pikirini dagatman, Rebbe berler ýaly» sallahlygyndan doly peýdalandy (1 Kor. 7:32—35).
16, 17. Biz durmuş gursak-da, gurmasak-da Pawlusdan nädip görelde alyp bileris? Mysal getiriň.
16 Pawlus resul ýaly käbir mesihçilerem özüni Patyşalyk işlerine bagyş etmek üçin durmuş gurmaýarlar (Mat. 19:11, 12). Sebäbi durmuş guran mesihçileriň köp maşgala borçlary bolýar. Emma biz durmuş gursak-da, gurmasak-da, her birimiz başagaý bolman Hudaýa gulluk etmek üçin göçme manyda «her hili ýüki... taşlamaly» bolýarys. Şonuň üçin biz wajyp däl zatlara berýän wagtymyzy Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin sarp etmeli.
17 Geliň, Uelsde ýaşaýan Mark bilen Kler atly är-aýal bilen bolan waka seredeliň. Olaryň ikisem mekdebi tamamlandan soňra pioner gullugyna başladylar we durmuş guransoňam ony dowam etdiler. Mark şeýle diýýär: «Biz halkara gurluşyk işlerine gatnaşmak üçin durmuşymyzy has sadalaşdyryp, uly jaýymyzdan we ýarym günlük işimizden geçdik». Olar soňky 20 ýylyň içinde Afrikanyň dürli künjeginde Patyşalyk zalynyň gurluşyk işlerine gatnaşdylar. Bir sapar Mark bilen Kleriň bary-ýogy 15 dollary galanda, Ýehowa olaryň aladasyny etdi. Kler şeýle gürrüň berýär: «Biz her gün Ýehowa gulluk edip, özümizi bagtly duýýarys. Biz ençeme dostlary tapdyk we hiç zada zar bolmadyk. Ýehowa doly wagtly gulluk etmegiň berýän şatlygyny biziň terk eden zatlarymyz bilen deňäp bolmaýar». Doly wagtly gulluk edýän köp dogan-uýalaram şu sözlere goşulýarlarb.
18. Biz haýsy soraglara seretsek gowy bolar?
18 Biz barada näme diýse bolar? Başagaýlyk sebäpli Patyşalyk işine yhlasymyzyň gowşandygyny bilenimizde näme ederis? Eger biz Mukaddes Ýazgylary okamaga we şahsy okuwyny çuňňur öwrenmäge wagt sarp etsek, oňa jogap taparys. Muny nädip edip bileris? Bu barada indiki makalada gürrüň ederis.
a Şu žurnaldaky «Mön adam her söze ynanýandyr» diýen makalany okaň.
b «Garawul diňi» žurnalyndaky «Dogry hasaplaýan zadymyza görä ýaşaýardyk» diýen makaladaky Heýden bilen Melodi Sandersonyň terjimehalyna serediň (w06-U 1/3). Olar doly wagtly gulluga başlamak üçin Awstraliýadaky köp girdejili söwda kärhanasyny satýarlar. Olaryň Hindistanda missioner bolup gulluk eden wagty pulsuz galanda näme bolandygy barada okap görüň.