Ýehowa bizi goraýar
«Siz ahyrky wagtda aýan bolmaga taýýar duran gutulyş üçin, Hudaýyň güýji bilen iman arkaly goralýarsyňyz» (1 PET. 1:5).
SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?
Ýehowa bizi özüne nädip çekýär?
Ýehowanyň berýän maslahatyna nädip eýerip bileris?
Ýehowa bizi nädip ruhlandyrýar?
1, 2. a) Hudaý bize soňuna çenli wepaly bolmaga nädip kömek edýär? b) Näme üçin Ýehowa bizi gowy tanaýar diýse bolar?
«SOŇA çenli çydan halas bolar» (Mat. 24:13). Isanyň şu sözlerinden görnüşi ýaly, Şeýtanyň dünýäsi ýok edilende diri galmak üçin soňuna çenli Ýehowa wepaly bolmaly. Emma biz öz paýhasymyz we güýžümiz bilen çydap bilmeris. Injilde şeýle diýilýär: «Hudaý dogruçyldyr, Ol size güýjüňizden öte synalmagyňyza ýol bermän, döz gelip bilmegiňiz üçin, synag bilen bilelikde çykalga-da açar» (1 Kor. 10:13). Biz şu sözlerden näme öwrenýäris?
2 Ýehowa biziň güýjümizden öte synalmagymyza ýol bermeýän bolsa, diýmek, ol biz barada ähli zady, ýagny kynçylyklarymyzy, gylyk-häsiýetimizi we näçeräk çydap biljegimizi bilýär. Hakykatdanam, Hudaý bizi şeýle gowy tanaýarmyka? Elbetde. Mukaddes Ýazgylara görä, Ýehowa her bir adamy içgin tanaýar. Ol günde edýän işlerimizi we endiklerimizi bilýär. Hatda pikirimizi we ýüregimizi görýär (Zebur 139:1—6-njy aýatlary okaň).
3, 4. a) Dawudyň mysalyndan Ýehowanyň her bir adama üns berýändigi nädip görünýär? b) Şu günler Ýehowa adamlaryň aladasyny nädip edýär?
3 Dogrudanam, Gudratygüýçli Hudaý adamyň aladasyny edýärmi? Mezmurçy Dawut Ýehowa şeýle diýýär: «Gökleriňe, Seniň barmaklaryň işlerine, Seniň guran Aý we ýyldyzlaryňa seredenimde diýýärin: Sen adama üns berer ýaly, ol näme?» (Zeb. 8:3, 4). Dawudyň şeýle diýmeginiň sebäbi bardy. Dawut Essäniň körpe ogly we çopan bolsa-da, Ýehowa ony «ýüregine ýaraýan» adam hasaplap, Ysraýylyň patyşasy edip saýlady (1 Sam. 13:14; 2 Sam. 7:8). Dawut sada çopan oglan bolsa-da, Älemiň Ýaradyjysy onuň içgepletmelerine we oý-pikirlerine üns berýärdi. Muňa düşünen Dawut özüni nähili bagtly duýandyr!
4 Ýehowanyň biz barada edýän häzirki aladasy hem haýran galdyrýar. Ýehowa «ähli halklardan arzyly dürdäneleri» ýygnap, olara gullukçylary bolmaga kömek edýär (Hag. 2:7). Oňa eýýäm gulluk edip ýörenlere bolsa, wepaly galmaga ýardam edýär. Nädip? Geliň, ilki bilen, Ýehowanyň adamlary hakyky seždä getirşi barada gürrüň edeliň.
ÖZÜNE ÇEKÝÄR
5. Ýehowa adamlary Ogluna nädip çekýär? Mysal getiriň.
5 Isa: «Meni iberen Atam çekmese, hiç kim Meniň ýanyma gelip bilmez» diýdi (Ýahýa 6:44). Diýmek, biz Hudaýyň kömegi bilen Isanyň şägirdi bolýarys. Ýehowa ýumşak adamlary Ogluna nädip çekýärkä? Hoş habaryň we mukaddes ruhuň görkezmesi bilen. Meselem, Pawlus ýoldaşlary bilen Filipide wagyz edip ýörkä, Lidiýa atly aýala hoş habary gürrüň berýärler. Soňra Injilde: «Pawlusyň aýdýanlaryna üns bermegi Reb onuň ýüregine guýupdy» diýilýär. Şeýlelikde, ol Hudaýyň ruhunyň kömegi bilen hoş habara düşünip, kabul etdi. Netijede, Lidiýa we tutuş maşgalasy suwda çokundyryldy (Res. iş. 16:13—15)
6. Ýehowa bizi nädip hakyky seždä çekdi?
6 Şeýle ýagdaý diňe Lidiýa bilen bolupdymy? Ýok. Sen özüňi Ýehowa bagyş eden bolsaň, Hudaý seni hem hakyky seždä çekipdir. Gökdäki Atamyz Lidiýanyň ýüreginde bir gymmatly zat görşi ýaly, seniň ýüregiňde-de bir ýagşy zady görendir. Sen hoş habary diňläp başlanyňda, Ýehowa saňa mukaddes ruh arkaly hoş habara düşünmäge we ony kabul etmäge kömek etdi (1 Kor. 2:11, 12). Seniň Mukaddes Ýazgylardan öwrenen zatlaryň boýunça ýaşamaga jan edýändigiňi görüp, Hudaý tagallaňy ýalkaýar. Sen ömrüňi Ýehowa bagyş edeniňde, ol ýürekden şatlandy. Hawa, sen ýaşaýyş ýolundan ýöräp başlanyňdan bäri, Ýehowa saňa her bir ädimiňde kömek edýär.
7. Wepaly gulluk etmäge Hudaýyň kömek edýändigini nireden bilýäris?
7 Ýehowa bizi diňe bir hakykata getirmän, eýsem, wepaly gulluk etmäge-de kömek edýär. Öz güýjümiz bilen hakykata gelmeýşimiz ýaly, öz güýjümiz bilen hem hakykatda berk durup bilmeris. Petrus mesh edilen mesihçilere ýazan hatynda şeýle diýýär: «Siz ahyrky wagtda aýan bolmaga taýýar duran gutulyş üçin, Hudaýyň güýji bilen iman arkaly goralýarsyňyz» (1 Pet. 1:5). Onuň sözleri ähli mesihçilere degişlidir. Ýehowa bizi nähili goraýarka? Geliň, şu soragyň jogabyny bileliň. Sebäbi wepaly gulluk etmek üçin, bize Hudaýyň kömegi gerek.
ÝALŇYŞMAKDAN SAKLAÝAR
8. Biz näme üçin ýalňyşmakdan ägä bolmaly?
8 Durmuşyň gaýgy-aladalary we kämilsizlik sebäpli, ähli zada Ýehowanyň garaýşy ýaly garamak kyn bolýar. Şonda ýalňyş ädim ätmegimiz mümkin (Galatýalylar 6:1-i okaň). Dawut patyşa bilen hem şeýle bolupdy.
9, 10. Ýehowa Dawudy ýalňyşlyk etmekden nädip saklady? Şu günler Ýehowa bizi ýalňyş ädimlerden nädip saklaýar?
9 Saul patyşa yzarlasa-da, Dawut özüne erk edip, gabanjaň hökümdaryndan ar almady (1 Sam. 24:2—7). Emma ol bir sapar özüne erk edip bilmedi. Haçan-da Dawudyň ýanyndaky adamlara azyk hem suw gerek bolanda, ol ildeşi Nabaldan kömek sorady. Ýöne Nabal Dawuda sögünip, kömek etmedi. Şonda Dawut gahar-gazaba münüp, Nabalyň öý-içerisini gyryp, ar almagy ýüregine düwdi. Ol şol pursatda Ýehowanyň öňünde bigünä adamlaryň ganyna galjakdygyny unutdy. Emma Nabalyň aýaly Abigail Dawudy şeýle uly ýalňyşlyk etmekden saklady. Dawut Ýehowanyň Abigail arkaly goraýandygyna düşünip, oňa: «Şu gün seni iberen Ysraýylyň Hudaýy Ýehowa mübärek bolsun. Seniň akyl-paýhasyň ýalkansyn, şu gün meni gan dökmekden we ar almakdan saklanyň üçin, goý, Hudaý seni ýalkasyn» diýdi (1 Sam. 25:9—13, 21, 22, 32, 33).
10 Biz mundan näme öwrenip bileris? Şu günler Ýehowa bizi hem ýalňyşlykdan saklaýar. Elbetde, Ýehowa bizi hemişe biri arkaly ýalňyşlyk etmekden saklar öýtmeli däl. Şeýle-de biz käbir ýagdaýlarda Ýehowanyň näme etjekdigini we niýetini nädip amala aşyrjakdygyny bilmeýäris (Wag. 11:5). Emma Ýehowa ýagdaýymyzy hemişe gowy bilýär hem wepaly galmaga kömek edýär. Ol: «Saňa görkezme bererin, ýörejek ýoluňy öwrederin; gözüm sende bolar» diýýär (Zeb. 32:8). Ýehowa bize nädip maslahat berýär? Biz oňa nädip eýerip bileris? Şu günler Ýehowanyň halkyna görkezme berýändigine näme üçin ynansa bolar? Geliň, bu soraglara Ylham kitabynda nähili jogap berilýändigine üns bereliň.
MASLAHATY BILEN GORAÝAR
11. Ýehowa ýygnaklarda bolýan zatlary nähili bilýär?
11 Ylham kitabynyň 2 we 3-nji baplaryndaky görnüşde şöhratly Isa Mesih Kiçi Aziýanyň ýedi ýygnagyny barlaýar. Bu baplardan görnüşi ýaly, Isa olaryň diňe bir umumy ýagdaýyny däl, eýsem her biriniň aýratynlyklaryny hem bilýär. Meselem, käte ol adamlaryň adyny tutýar, her gezegem bir zat üçin öwýär ýa-da maslahat berýär. Bu nämäni aňladýar? Görnüşleriň berjaý bolmagy bilen, ýedi ýygnak 1914-nji ýyldan soň mesh edilen mesihçileri aňladýar. Berlen maslahatlara bolsa, şu günler Hudaýyň halkynyň ýer ýüzündäki ähli ýygnaklary eýerip biler. Diýmek, Ýehowa Ogly arkaly halkyna görkezme berýär. Bu görkezmeden biz näme öwrenýäris?
12. Ýehowa nädip ädimlerimizi ugrukdyrýar?
12 Biz şahsy okuwyny geçirip hem Ýehowanyň görkezmesine eýerýäris. Ýehowa bize sadyk hem akylly hyzmatkäriň edebiýaty arkaly ençeme maslahat berýär (Matta 24:45). Emma bize maslahat peýdaly bolar ýaly, ony wagt tapyp öwrenmeli we oňa eýermeli. Şahsy okuw arkaly Ýehowa bizi «büdremekden goraýar» (Ýahuda 24). Edebiýatymyzdan bir zady okanyňyzda: «Bu meniň üçin ýazylypdyr» diýipdiňizmi? Siz ony Ýehowanyň düzedişi hökmünde kabul ediň. Ýehowa dadyňa ýetişýän dost ýaly, mukaddes ruhy arkaly häsiýetiňde düzetmeli zatlary düşündirýär. Biz mukaddes ruhuň görkezmesine eýersek, ädimlerimize ugur görkezmäge Ýehowa ýol berýäris (Zebur 139:23, 24-nji aýatlary okaň). Eýsem, şahsy okuwyny geçirmek üçin näçe wagt gerek we nähili tagalla etmeli? Geliň, şoňa seredeliň.
13. Hudaýyň Sözüni öwrenmek üçin edýän tagallamyz barada oýlansak näme üçin paýhasly bolar?
13 Eger göwün açmak üçin aşa köp wagt sarp etsek, onda şahsy okuw üçin wagt galmaz. Bir dogan: «Şahsy okuw üçin niýetlän wagtyňy biderek zatlara gidirmegiň mümkin. Sebäbi göwün açmalar öňküden has elýeterli we gitdigiçe arzanlaşýar. Hatda telewizor, kompýuter we telefon arkaly göwün açyp bolýar. Daş-töweregimiz göwün açmadan doly» diýdi. Biz seresap bolmasak, gitdigiçe köp wagtymyzy göwün açmalara sarp edip, şahsy okuwa wagt galmaz (Efes. 5:15—17). Biz özümize şeýle soraglar bermeli: «Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrenmek üçin näçe wagt sarp edýärin? Ýa-da diňe doklad bilen we ýygnak duşuşyklarynda çykyş etmek üçin taýýarlyk görýärinmi? Eger şeýle bolsa, onda Mukaddes Ýazgylardan Hudaýyň akyldarlygyny hazyna kimin agtarmak üçin şahsy ýa-da maşgala okuwy üçin niýetlän agşamyňy paýhasly sarp etmeli. Şol akyldarlyk soňky günlerde bizi gorar we wepaly galmaga kömek eder (Sül. tym. 2:1—5).
RUHLANDYRÝAR
14. Ýehowanyň duýgularymyza düşünýändigi Mukaddes Ýazgylarda nädip görkezilýär?
14 Dawut köp hasratlary başyndan geçiripdi (1 Sam. 30:3—6). Hudaýyň Sözünden görnüşi ýaly, Ýehowa Dawudyň duýgusyna düşünýärdi (Zebur 34:18; 56:8-nji aýatlary okaň). Ol bize hem düşünýär. «Göwnümiz synyk» we «ruhumyz ökünçli» wagty Ýehowa bize ýakyndyr. Biz hem Dawut ýaly teselli tapyp bileris. Dawut: «Men Seniň merhemetiňe begenip şatlanaryn, çünki Sen meniň muşakgatymy gördüň, janymyň görgüler içindeligini bildiň» diýdi (Zeb. 31:7). Emma Ýehowa çekýän hasratymyzy diňe görmek bilen çäklenmän, eýsem ýygnak duşuşyklary arkaly göwünlik berýär we ruhlandyrýar.
15. Asafyň mysalyndan näme öwrenip bileris?
15 Ýygnak duşuşyklarynyň peýdalydygyny mezmurçy Asafyň mysalyndan görse bolýar. Mezmurçy Asaf adalatsyzlyk sebäpli Ýehowa gulluk etmäge höwesi sowaşýar. Ol ruhdan düşüp: «Biderek ýere ýüregimi sap sakladym, ellerimi günäsizlikde ýuwdum» diýdi. Ol Ýehowa gulluk etmegini tas goýupdy. Asafa pikirini düzetmäge näme kömek etdikä? Ol: «Hudaýyň mukaddes mekanyna girdim» diýdi. Asaf Ýehowa sežde edýän adamlaryň arasynda bolup, pikirini düzetdi. Ol erbetleriň güllemeginiň wagtlaýyndygyna we Ýehowa öz wagtynda ähli zady düzetjegine düşündi (Zeb. 73:2, 13—22). Bizem käte özümizi Asaf ýaly duýmagymyz mümkin. Şeýtanyň dünýäsindäki adalatsyzlygy görüp, ruhdan düşüp bileris. Eger doganlar bilen duşuşsak, göwnümiz göteriler we Ýehowa şatlyk bilen gulluk ederis.
16. Hannanyň mysalyndan näme öwrenip bileris?
16 Käbir sebäplere görä saňa ýygnak duşuşyklaryna barmak kyn bolsa näme? Belki, seni ýygnakda jogapkärli borçdan aýrandyrlar, indi bolsa ýygnaga barmaga utanýansyň. Ýa-da bir dogandan ýa uýadan öýkelänsiň. Şeýle bolsa, Hannanyň mysaly kömek edip biler (1 Samuel 1:4—6-njy aýatlary okaň)a. Ýadyňda bolsa, oňa gündeşi Penina köp azar berýärdi. Esasanam, tutuş maşgala Ýehowa gurban bermek üçin Şilo gidenlerinde, has-da kyn bolýardy. Hanna lapykeç bolup, hatda «aglaýardy we çörek iýmeýärdi». Şonda-da ol Ýehowa sežde etmegini goýmady. Hudaý onuň wepalydygyny görüp, ak pata berdi (1 Sam. 1:11, 20).
17, 18. a) Ýygnak duşuşyklarynda biz nädip ruhlanýarys? b) Sen Ýehowanyň söýgi bilen alada edýändigine nähili garaýarsyň?
17 Häzirki mesihçiler hem yzygiderli ýygnaga baryp, Hannanyň göreldesine eýerip biler. Bilşimiz ýaly, biz ýygnaklarda ruhlanýarys (Ýew. 10:24, 25). Dogan- uýalaryň söýgüsi bize göwünlik berýär. Meselem, imandaşlaryň çykyşy ýa jogaby ýüregimizi galkyndyrar. Olar bizi ünsli diňleýärler hem göwnüňi göterýän sözleri aýdýarlar (Sül. tym. 15:23; 17:17). Ýehowany wasp edip aýdym aýdanymyzda bolsa, has-da ruhubelent we şadyýan bolýarys. Haçan-da «içimizdäki aladalar artanda», biz ruhlandyrylmaga has-da mätäç bolýarys. Şonda Ýehowa bize ýygnaklar arkaly teselli berýär we wepaly gulluk etmäge kömek edýär (Zeb. 94:18, 19).
18 Hudaýyň biz barada alada edişini görüp, özümizi Asaf ýaly arkaýyn duýýarys. Ol Ýehowa şeýle aýdym aýdýar: «Sen meniň sag elimden tutansyň. Sen öwüdiň bilen maňa ýol görkezersiň» (Zeb. 73:23, 24). Ýehowanyň bizi gutulyş üçin goraýandygyna şükür edýäris!
[Çykgyt]
a 1 Samuel 1:4. Elkana gurban beren güni gurbanyň birnäçe bölegini Penina we onuň ogul-gyzlaryna berýärdi. 5. Hanna bolsa diňe bir bölek bererdi. Ol Hannany söýse-de, Hudaý onuň ýatgysyny baglapdy. 6. Ýehowa Hannanyň ýatgysyny baglany üçin, gündeşi oňa hemişe azar berip, göwnüne degerdi.
[28-nji sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]
Seni hem Ýehowa özüne çekdi
[30-njy sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]
Hudaýyň maslahaty goraýar
[31-nji sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]
Ruhlandyryjy sözler çydamly bolmaga kömek edýär