Ýehowanyň terbiýesini kabul ediň
«Sen öwüdiň bilen maňa ýol görkezersiň, soňra şöhrata ýetirersiň». ZEB. 73:24
1, 2. a) Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşmak üçin näme etmeli? b) Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň terbiýesine seslenen adamlar baradaky wakalaryň nähili peýdasy bar?
«MAŇA bolsa Hudaýa ýakynlaşmak gowudyr... men Reb Hudaýy özüme pena edindim» (Zeb. 73:28). Mezmurçynyň bu sözleri Hudaýa doly bil baglaýandygyny görkezýär. Bu sözleri ýazmaga ony näme höweslendirdikä? Ilkibaşda, mezmurçy erbet adamlaryň parahatlykda ýaşaýandygyny görüp, ýüreginde agyry duýdy we şeýle diýdi: «Men... biderek ýere ýüregimi sap sakladym, ellerimi günäsizlikde ýuwdum» (Zeb. 73:2, 3, 13, 21). Emma ol «Hudaýyň mukaddes mekanyna girip», pikirini özgerdýär we Hudaý bilen dostlugyny berkidýär (Zeb. 73:16—18). Bu wakadan Hudaýa iman edýän adam wajyp sapak edinmeli, ýagny ol Ýehowa bilen dostlugyny saklamak üçin Onuň halkynyň arasynda bolmaly we berýän maslahatyny kabul edip, durmuşynda ulanmaly (Zeb. 73:24).
2 Hawa, biz hem diri we hak Hudaý bilen ýakyndan dostlaşmak isleýäris. Munuň üçin Onuň maslahatyny ýa-da terbiýesini kabul etmeli. Şonda biz Hudaýa ýaramly adam bolup bileris. Hudaý gadym döwürdäki adamlara we halklara mähirlilik bilen terbiýe beripdi. Mukaddes Ýazgylarda olaryň nähili seslenendigi barada aýdylýar, çünki bu «bize tälim üçin» we «döwürleriň soňuna ýeten bize ündew üçin ýazylypdy» (Rim. 15:4; 1 Kor. 10:11). Bu wakalar bize Ýehowany ýakyndan tanamaga kömek eder we Onuň berýän terbiýesiniň peýdasyny görkezer.
KÜÝZEGÄRIŇ NÄHILI YGTYÝARY BAR?
3. Işaýa 64:8-de we Ýermeýa 18:6-da Ýehowanyň adamlaryň üstünden ygtyýary nähili suratlandyrylýar? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
3 Ýehowanyň adamlaryň we halklaryň üstünden nähili ygtyýarynyň bardygyny Işaýa 64:8-de şeýle suratlandyrylýar: «Atamyz Sensiň, ýa Reb, biz toýundyrys, Sen küýzegärimiz, Seniň eliňiň işidiris ählimiz». Küýzegär toýundan islän gabyny ýasap bilýär, toýun bolsa onuň ygtyýarynda galýar. Hudaý we adam barada-da şeýle diýse bolýar. Küýzegäriň elindäki toýun ýaly, adamyň Hudaý bilen jedelleşmäge haky ýokdur (Ýermeýa 18:6-ny okaň)a.
4. Ýehowa adamlary ýa-da halklary mejburlyk bilen terbiýeleýärmi? Düşündiriň.
4 Küýzegäriň toýunyň üstünden nähili ygtyýary bar bolsa, Ýehowanyň hem gadymy ysraýyla şeýle ygtyýary bardy. Emma Ýehowa küýzegärden tapawutlanýar. Ol adamlara we halklara aýratyn sylag bolan erkinligi berdi, ýagny olaryň saýlamaga mümkinçiligi bar. Ýehowa adamlaryň gowy ýa-da erbet bolmagyna sebäpkär däl; olary gulak asmaga-da mejbur etmeýär. Ýaradyjysy Ýehowanyň terbiýesini kabul etmelimi ýa-da etmeli däl, adamlaryň özleri saýlamaly (Ýer. 18:7—10).
5. Ýehowanyň terbiýesini inkär eden adamlara näme bolýar?
5 Adamlar Beýik Küýzegäriň terbiýesini kesirlik bilen inkär etseler näme? Şeýle ýagdaýda Ýehowa ygtyýaryny nädip ulanýar? Toýundan gap ýasap bolmasa, oňa näme edilýändigi barada oýlanyp göreliň. Küýzegär ondan başga gap ýasajak bolar ýa-da ony zyňyp goýberer. Emma toýundan hiç zat ýasap bolmasa, oňa köplenç küýzegär günäkär bolýar. Ýöne biziň Küýzegärimiz Ýehowa barada şeýle diýip bolmaýar (Kan. tag. 32:4). Eger adam Ýehowanyň terbiýesini kabul etmese, bu adamyň ýalňyşy. Sebäbi Hudaý adamlary seslenişine görä terbiýeleýär. Dogry seslenen adamlar peýda alarlar! Meselem, mesh edilen mesihçileriň «merhemet» gaby bolandygy, ýagny olaryň «hormatlylyk... üçin ýasalandygy» aýdylýar. Emma Hudaýa kesirlik bilen garşy çykýan adamlaryň «heläkçilik üçin taýýarlanandygy» bellenilip geçilýär (Rim. 9:19—23).
6, 7. Dawut bilen Şawul patyşa Ýehowanyň maslahatyna nähili garadylar?
6 Ýehowa adamlary terbiýelemek üçin, olara maslahat ýa-da temmi berýär. Biz muny Ysraýylyň ilkinji patyşalary Şawul we Dawut bilen bolan wakadan bilýäris. Dawut Batşeba bilen zyna edip, hem özüne, hem başgalara zyýan ýetirdi. Ýehowa Dawudy patyşa saýlasa-da, oňa berk temmi bermekden el çekmedi. Hudaý Natan pygamber arkaly Dawuda gorkunç habar aýtdy (2 Şam. 12:1—12). Dawut muňa nähili seslendi? Onuň ýüregi para-para boldy we toba etdi. Şeýlelikde, Dawut Hudaýyň merhemetini gazandy (2 Şamuwel 12:13-i okaň)b.
7 Dawutdan tapawutlylykda Şawul patyşa maslahaty kabul etmedi. Ýehowa Şamuwel pygamber arkaly Şawula bütin amalek halkyny we olaryň mallaryny ýok etmegi tabşyrýar. Şawul Hudaýyň tabşyrygyny ýerine ýetirmeýär: Agag patyşany we mal-garalary öldürmeýär. Näme üçin? Sebäbi ol özüne şöhrat gazanmak isledi (1 Şam. 15:1—3, 7—9, 12). Şawul Beýik Küýzegäriň maslahatyny we terbiýesini ýürekden kabul etmegiň deregine, ony ret edýär. Ol özüni aklap, mal-garalary Hudaýa gurban bermek üçin öldürmändigini aýdýar. Şeýdip, ol Şamuweliň beren maslahatyny äsgermeýär. Ýehowa Şawul patyşany inkär edýär we ol hak Hudaý bilen dostlugyny ýitirýär (1 Şamuwel 15:23-i okaň)c.
HUDAÝ ALA TUTMAÝAR
8. Biz ysraýyllylaryň Ýehowanyň terbiýesine seslenişinden näme öwrenýäris?
8 Ýehowa halklara-da terbiýesini kabul etmäge mümkinçilik berýär. Ol b. e. öň 1513-nji ýylda ysraýyllylary Müsür gulçulygyndan azat edip, äht baglaşýar. Şeýlelikde, ysraýyllylar Hudaýyň saýlan halky boldy we Beýik Küýzegär tarapyndan terbiýelenip bilýärdiler. Emma olar Ýehowanyň ýigrenýän işlerini, hatda özge milletleriň taňrylaryna sežde etdiler. Ýehowa ençeme gezek pygamberlerini ýollap, halky akylyna aýlamak isledi, ýöne olar diňlemediler (Ýer. 35:12—15). Ysraýyllylara kesirligi üçin berk temmi berildi. Heläkçilige taýýarlanylýan gap ýaly, olary başga halklar basyp aldy. Ysraýylyň demirgazyk on taýpasy aşurlylar tarapyndan we günorta iki taýpasy babyllylar tarapyndan sürgün edildi. Bu bize örän wajyp sapak bolsa gerek! Biz Ýehowanyň terbiýesine dogry seslensek peýda alarys.
9, 10. Nineweliler Ýehowanyň duýduryşyna nähili seslendiler?
9 Ýehowa Aşuryň paýtagty bolan Ninewä duýduryş beripdi. Ol Ýunus pygambere şeýle diýdi: «Hany bol, Ninewä — ol beýik şähere git-de, onuň halkynyň günäkärdigini jar et, çünki olaryň betpälligi Maňa aýan boldy». Hawa, Ninewe weýran edilmelidi (Ýunus 1:1, 2; 3:1—4).
10 Emma Ýunus Hudaýyň hökümini yglan edende, «nineweliler Hudaýa ynandylar. Olar uludan-kiçä oraza yglan etdiler we jul geýindiler». Olaryň patyşasy-da «tagtyndan düşüp, şa lybasyny çykardy we jul geýnip, kül üstünde oturdy». Nineweliler Ýehowanyň temmisine boýun bolup, ýürekden toba etdiler. Şeýlelikde, Ýehowa şäheri ýok etmedi (Ýunus 3:5—10).
11. Ýehowanyň ysraýyllylara hem-de ninewelilere çykaryn höküminden haýsy häsiýetini görse bolýar?
11 Ysraýyllylar saýlanan halk bolsa-da, Ýehowa olara temmi bermekden el çekmedi. Emma Hudaý nineweliler bilen äht baglaşmandy. Muňa garamazdan, Ýehowa olara hökümini yglan edende, özlerini ýumşak toýun kimin alyp bardylar. Şol sebäpli Hudaý olara rehimdarlyk etdi. Bu iki wakadan Hudaýymyz Ýehowanyň «tarapgöýlük etmeýändigi» aýdyň görünýär (Kan. tag. 10:17).
ÝEHOWA ÝAGDAÝA GÖRÄ PAÝHASLY HEREKET EDÝÄR
12, 13. a) Hudaý terbiýesini kabul eden adamlar babatda kararyny näme üçin üýtgedýär? b) Ýehowanyň Şawul we nineweliler üçin «ökünendigi» nämäni aňladýar?
12 Hudaý adamlary höwes bilen terbiýeleýär we ýagdaýa görä paýhasly hereket edýär. Muny Ýehowanyň toba edýän adamlary görende, çykaran hökümini ýatyryp, pikirini üýtgedendiginden bilse bolýar. Mukaddes Ýazgylara görä, Ýehowa «Şawuly patyşa edendigine ökünýär» (1 Şam. 15:10). Ninewäniň ýaşaýjylary toba edip, erbet ýolundan dönenlerinde, «Hudaý... gazabyndan saklanyp, görkezjek diýen erbetligini olara görkezmekden el çekdi» (Ýunus 3:10).
13 Ýehowa Şawul babatda garaýşyny üýtgetdi, ýagny Ysraýylyň patyşasy edendigine ökünip, ony ret etdi. Bu Ýehowanyň Şawul babatda ýalňyşandygyny aňlatmaýar, çünki Şawul imanyny ýitirip, gulak asmady. Hak Hudaý nineweliler üçin-de ökünip, niýetini özgertdi. Küýzegärimiz Ýehowanyň ýagdaýa görä paýhasly hereket edýändigi, mähirlidigi, rehimdardygy we toba eden adamlara bolan garaýşyny üýtgedýändigi, gör, nähili teselli berýär!
ÝEHOWANYŇ BERÝÄN TERBIÝESINI ÄSGERMEZLIK ETMÄLIŇ
14. a) Şu günler Ýehowa bizi nädip terbiýeleýär? b) Biz Hudaýyň maslahatyna nähili seslenmeli?
14 Şu günler Ýehowa Mukaddes Ýazgylar we guramasy arkaly terbiýeleýär (2 Tim. 3:16, 17). Biz Onuň berýän maslahatyny ýa-da terbiýesini höwes bilen kabul etmeli dälmi näme?! Biz hakykatda näçe ýyl bolsak-da, köp jogapkärli ýumuşlary ýerine ýetirsek-de, hormat bilen ulanylýan gap bolar ýaly, Ýehowanyň maslahatyny hemişe kabul etmeli.
15, 16. a) Hormatly borçlar ýitirilende nähili erbet duýgularyň döremegi mümkin? Mysal getiriň. b) Temmi berlende nädogry duýgulary ýeňmäge näme kömek edip biler?
15 Bize görkezme ýa-da düzediş arkaly hem terbiýe berilýär. Emma käte nädogry iş edendigimiz sebäpli-de, temmi bermeli bolýar. Şonda biziň hormatly borjumyzy ýitirmegimiz ahmal. Geliň, häzir ýygnak ýaşulusy bolup gulluk eden Dennisd bilen bolan waka seredeliň. Ol telekeçilik sebäpli günä işe baş goşýar we oňa temmi berlip, ýygnak ýaşulusy borjundan aýrylýar. Bu barada duşuşykda bildiriş edilende, Dennis özüni nähili duýandyr? Ol şeýle gürrüň berýär: «Men özümi örän ýazykly duýdum. Men ýygnakda 30 ýyldan bäri hormatly borçlary ýerine ýetirýärdim. Men pioner bolup gulluk etdim we Beýtelde işledim, gulluk hyzmatçysy edip bellenildim, soňra ýygnak ýaşulusy boldum, ýakynda birinji sapar Welaýat kongresinde doklad bilen çykyş etdim. Bu zatlaryň ählisi birden zym-zyýat boldy! Men utanyp, oňaýsyz ýagdaýa düşdüm we özümi guramanyň agzasy bolmaga mynasyp görmedim».
16 Dennis berlen temmini kabul edip, erbet ýolundan döndi. Ol şeýle düşündirýär: «Men ruhy taýdan ösmek üçin düzen gün tertibime eýermegi ýüregime düwdüm. Esasan-da, meni imandaşlarymyň beren goldawy we edebiýatlardan okan zatlarym ruhlandyrdy. 2009-njy ýylyň 15-nji awgustynda çykan «Garawul diňi» žurnalyndaky «Sen özüňi ýene-de hödürläp bilermiň?» diýen makala has-da täsir etdi. Ol meniň dogama jogap bermek üçin ýörite ýazylan hat ýaly boldy. Onda şeýle maslahat berilýärdi: „Ýygnakda saňa heniz borç berilmedik bolsa, onda ruhy taýdan ösmäge jan et“. Bu sözler meniň ýüregime jüňk boldy». Dennis berlen terbiýeden nähili sapak edindi? Birnäçe ýyldan soň ol şeýle diýdi: «Ýehowa ýene-de meni ýygnagyň gulluk hyzmatçysy edip, hormatly borç bilen sylaglady».
17. Ýygnak gatnaşygyndan kesilmeklik günäkäre nädip kömek edip biler? Mysal getiriň.
17 Ýygnak gatnaşygyndan kesilmek hem Ýehowanyň berýän terbiýesidir. Şeýle temmi ýygnagy goramak we günäkäri düzetmek üçin berilýär (1 Kor. 5:6, 7, 11). Robertiň ýygnak gatnaşygyndan kesilenine 16 ýyl bolupdy. Onuň ata-enesi we dört dogany Hudaýyň Sözünde berlen görkezmä pugta eýerdiler. Şol döwürde olar günäkär bilen ne gatnaşdylar, ne-de salamlaşdylar. Häzir Robertiň ýygnaga kabul edilenine birnäçe ýyl boldy we ol ruhy taýdan ösýär. Roberte Ýehowa we Onuň halkyna dolanmaga maşgala agzalarynyň berkligi güýçli täsir edipdir. Ol şeýle diýýär: «Maşgala agzalarym meniň bilen hiç hili gepleşmediler. Men olaryň ýekeje sözünden hem ganyp bilerdim, emma bu maňa Hudaýa dolanmaga päsgel bererdi».
18. Biz Beýik Küýzegäriň elinde nähili toýun bolmaly?
18 Belki, biz ýokarda agzalan terbiýä mätäç däldiris, ýöne Beýik Küýzegäriň elinde nähili toýun bolmaly? Ol terbiýe berende nähili sesleneris? Dawudyň göreldesine eýererismi ýa-da Şawula meňzäris? Beýik Küýzegär biziň Atamyz! «Ata halaýan ogluny nähili terbiýeleýän bolsa, Reb hem söýýänini terbiýeleýändigini» unutmalyň. Şol sebäpli «Rebbiň temmisini har, terbiýesini äsgermezlik etmäliň» (Sül. tym. 3:11, 12).
a Ýermeýa 18:6 Eý, ysraýyl halky, Men-de sizi bu küýzegäriň ýasaýşy ýaly ýasap bilmerinmi? Muny Men-Reb aýdýandyryn. Edil küýzegäriň elinde toýun nähili bolsa, siz hem Meniň elimde şeýlesiňiz, eý, ysraýyl halky!
b 2 Şamuwel 12:13 Dawut Natana: «Men Rebbiň öňünde günä gazandym» diýdi. Natan Dawuda: «Reb seniň günäňi geçdi; sen ölmersiň...» diýdi.
c 1 Şamuwel 15:23 Topalaň palçylyga barabar günädir. Tekepbirlik şere we butparazçylyga barabardyr. Rebbiň sözüni ret edendigiň üçin Reb hem seniň patyşa bolmaklygyňy ret etdi.
d Atlar üýtgedildi.