Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w09 15/9 sah. 16—20
  • Isanyň söýgüsi adamlary söýmäge höweslendirýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isanyň söýgüsi adamlary söýmäge höweslendirýär
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Günä eden adamlara Isa ýaly garaň
  • Şu soňky günlerde söýgini bildiriň
  • Syrkawlary söýmekde Isanyň göreldesine eýeriň
  • Isanyň pikiri sizde-de bolsun
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Söýgi — gymmatly häsiýet
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Mesihiň söýgüsi näme etmäge höweslendirýär?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Abatlaýan söýgini bildiriň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
w09 15/9 sah. 16—20

Isanyň söýgüsi adamlary söýmäge höweslendirýär

«Isa bu dünýäde Özüniňkileri nähili söýen bolsa, olary ahyryna çenli-de şeýle söýdi» (ÝAHÝA 13:1).

1, 2. a) Isanyň görkezen söýgüsiniň nähili tapawutlylygy bar? b) Bu makalada söýginiň haýsy taraplaryna serederis?

ISA söýmegiň ajaýyp göreldesini görkezdi. Ol özüni alyp barşy, sözleýşi, taglymaty we janyny gurban bermek bilen söýgüsini görkezdi. Ol ýerde ýaşan döwrüniň iň soňky günlerine çenli, ähli adamlara, aýratynam, şägirtlerine söýgüsini bildirdi.

2 Isanyň söýmekde görkezen ajaýyp göreldesi, şägirtleri üçin hem ýokary kada boldy. Bu bizi ruhy dogan-uýalarymyza we başga adamlara şeýle söýgini bildirmäge höweslendirýär. Biz bu makalada, ýalňyşan, hatda agyr günä eden doganlara söýgini bildirmekde, ýygnak ýaşulularynyň Isadan näme öwrenip biljekdiklerine serederis. Şeýle-de Isanyň söýgüsi kynçylyk çekýän, betbagtçylyga uçran we ýarawsyz doganlara kömek etmäge nädip höweslendirýändigine serederis.

3. Petrus agyr günä etse-de, Isa oňa nähili garady?

3 Isanyň ölüminiň öň ýanyndaky gijesi, Petrus ony üç gezek inkär etdi (Mar. 14:66—72). Soňra Isanyň aýdyşy ýaly, Petrus edenine ökündi, Isa-da ony bagyşlady we jogapkärli ýumuş tabşyrdy (Luka 22:32; Res. iş. 2:14; 8:14—17; 10:44, 45). Biz Isanyň agyr günä eden adamlara garaýşyndan näme öwrenip bileris?

Günä eden adamlara Isa ýaly garaň

4. Esasanam, haýsy ýagdaýlarda Isanyňky ýaly garaýyşda bolmaly?

4 Köp ýagdaýlarda Isanyňky ýaly garaýyşda bolmak wajypdyr. Emma maşgalada ýa-da ýygnakda agyr günä eden adama şeýle garaýyşda bolmak kyn bolýar. Gynansak-da, bu dünýäniň soňky günleri näçe golaýlaşdygyça, ahlak kadalary pese düşüp, hatda Hudaýyň halkyna-da erbet täsir edýär. Bu dünýäniň adamlarynyň biparh we erbet garaýşy ýaşlara hem garrylara täsir edip, olara hakykat ýolundan ýöremäge päsgel berýär. I asyrda ýaşan mesihçileriň käbiri ýygnak gatnaşygyndan kesildi, käbirlerine bolsa berk duýduryş berildi. Şu günlerem edil şonuň ýaly edilýär (1 Kor. 5:11—13; 1 Tim. 5:20). Emma şeýle meseleleri çözýän ýaşulular, Isa ýaly, söýgi bildirmeli, çünki bu günä eden adama güýçli täsir edip biler.

5. Ýaşulular günä eden adama kömek berende, Isanyňky ýaly garaýyşdadygyny nädip görkezýär?

5 Isa ýaly, ýaşulular-da hemişe Ýehowanyň dogry kadalaryna eýermeli. Şeýdip, olar Hudaýyň ýumşaklygyna, mähribanlygyna we söýgüsine eýererler. Kimdir biri ýürekden toba edende, eden günäsi üçin «göwni synýar» we «ruhy ökünýär». «Beýle adamy ýumşaklyk ruhy bilen dogry ýola getirmek» ýaşululara kyn bolmaýar (Zeb. 34:18; Gal. 6:1). Emma gulak asmaýan ýa-da toba etmeýän adama nähili garamaly?

6. Ýaşulular günä eden adamlar babatda nämeden gaça durmaly we näme üçin?

6 Günä eden adam Mukaddes Ýazgylaryň esasynda berilýän maslahaty ret edip, eden etmişi üçin başgalary günäkärlese, oňa ýaşulularyň we dogan-uýalaryň gahary gelmegi mümkin. Şonda günä eden adamyň ýetiren zyýanyny bilip, onuň eden işine ýa-da garaýşyna öz pikiriňi aýtmak hem synag bolup biler. Gahar-gazap zyýan ýetirýär we onda «Mesihiň pikiri» bolmaýar (1 Kor. 2:16; Ýakup 1:19, 20-nji aýatlary okaň). Isa kimdir biri bilen gaty gepleşse-de, emma hiç haçan gaharly we adamyň göwnüne degiji sözleri aýtmaýardy (1 Pet. 2:23). Ol günä eden adamlaryň toba etmegine we Ýehowanyň merhemetini gazanmagyna mümkinçilik berýärdi. Isanyň ýere gelmegininiň esasy sebäbiniň biri «günäkärleri gutarmakdy» (1 Tim. 1:15).

7, 8. Ýaşulular günä eden adama çäre görenlerinde näme etmeli?

7 Doganlary dogry ýola gönükdirmekde ýaşululara Isanyň göreldesi nädip täsir etmeli? Siz Mukaddes Ýazgylaryň esasynda görülýän çäreleriň ýygnagy goraýandygyny we günä eden adama toba etmäge kömek berýändigini unutmaň (2 Kor. 2:6—8). Gynansak-da, käbir adamlar toba etmändigi üçin ýygnak gatnaşygyndan kesilýär. Emma wagtyň geçmegi bilen, olaryň köpüsi Ýehowa dolanyp, ýyganaga gelip başlaýar, bu bizi begendirýär. Isa ýaly, ýaşulular hem dogry garaýyşda bolup, günä eden adamyň özüni alyp barşyny özgerdip, ýygnaga dolanmagyna ýardam edýär. Wagtyň geçmegi bilen, ýygnak gatnaşygyndan kesilen adamlaryň käbiri ýaşulularyň Mukaddes Ýazgylaryň esasynda beren maslahatynyň ählisini ýatdan çykarsa-da, olaryň sylap, söýgi bildirendiklerini unutmazlar.

8 Şol sebäpli, ýaşulular kyn ýagdaýda-da «ruhuň miwesini», esasanam, söýgini bildirmeli (Gal. 5:22, 23). Ýaşulular agyr günä eden adamy ýygnak gatnaşygyndan derrew kesjek bolmaly däl. Olar oňa Ýehowa dolanmaga kömek etmek isleýändigini görkezmeli. Haçan-da agyr günä eden adam toba etse, Ýehowa we ýygnaga dolanmaga kömek eden «adamlar görnüşindäki sylaglara» çuňňur minnetdar bolýar. Toba edenler bolsa az däl (Efes. 4:8, 11, 12).

Şu soňky günlerde söýgini bildiriň

9. Isanyň şägirtlerine görkezen söýgüsini gürrüň beriň.

9 Luka Isanyň görkezen söýgüsi barada ýazdy. Isa rim goşunynyň Iýerusalimi gabap, ony weýran etjegini we şäherden gaçmagyň kyn boljagyny bilýärdi. Ol şägirtlerine söýgi bilen, şeýle duýduryş berdi: «Iýerusalimi goşunlaryň gurşanyny göreniňizde, onuň weýran ediljek wagtynyň golaýdygyny biliň». Olar näme etmelidi? Isa olara anyk we aýdyň görkezme berdi. «Şonda Ýahudadakylar daglara gaçsyn, şäheriň içindäkiler çyksyn, töweregindäkiler şähere girmesin. Çünki şol günler ähli ýazylanlaryň berjaý bolmagy üçin jeza günleridir» (Luka 21:20—22). ‹. e. 66-njy ýylynda rim goşuny Iýerusalimi gabap, soňra yza çekilende, şägirtler Isanyň görkezmesine eýerip, oňa gulak asdylar.

10, 11. I asyrdaky mesihçileriň Iýerusalimden çykyşy, bize «uly muşakgata» taýýarlyk görmäge nädip kömek eder?

10 Isanyň olary söýşi ýaly, mesihçiler hem Iýerusalimden çykanda, biri-birine söýgi bildirmelidi. Olar özünde bar zadyny beýlekiler bilen paýlaşmalydy. Emma Isanyň aýdan pygamberligi, diňe şol gadymy şäheriň weýran bolmagyna degişli däldi. Ol şeýle pygamberlik etdi: «Şonda uly muşakgat bolar, beýle muşakgat dünýäniň başyndan tä şu wagta çenli ne bolandyr, ne-de bolar» (Mat. 24:17, 18, 21). Biz «uly muşakgatda» we ondan öňem kynçylyklar görüp, horluk çekeris. Isanyňky ýaly garaýyşda bolsak, olara döz gelmäge kömek eder.

11 Biz hemişe Isanyň göreldesine eýerip, janaýamazlyk söýgini bildirmeli. Bu babatda Pawlus şeýle maslahat berdi: «Her kişi abatlyk üçin, ýagşylyk üçin goňşusynyň göwnünden turmalydyr... Mesih hem Öz göwnünden turmady...Çydam hem teselli Hudaýy Isa Mesihe görä, size özara pikirdeşlik bersin» (Rim. 15:2, 3, 6).

12. Biz şu günler nähili söýgini ösdürmeli we näme üçin?

12 Petrus Isanyň söýgüsini duýup, mesihçilere «hilesiz dogan söýgüsini» ösdürip, «hakykata boýun bolmagy» maslahat berdi. Ol: «Birek-biregi ýürekden yhlas bilen söýüň» diýdi (1 Pet. 1:22). Biz bu häsiýetileri öňküden-de has ösdürmeli. Hudaýyň halky güýçli yzarlanýar. Biz bu zalym dünýä bil baglamaly däl, sebäbi onuň ykdysady ýagdaýy we durnuksyzlygy aýdyň görnüp dur (1 Ýahýa 2:15—17-nji aýatlary okaň). Zalym dünýäniň soňy golaýlaşdygyça, biz ýygnakda mähirli gatnaşygy berkidip, Ýehowa we biri-birimize ýakynlaşmaly. Pawlus: «Biri-biriňizi doganlyk söýgi bilen ýürekden söýüň, hormatda her kişi beýlekini özünden ýokary saýsyn» diýdi (Rim. 12:10). Petrus hem bu pikiri goldap: «Her zatdan öň birek-birege bolan söýgiňiz joşgunly bolsun, sebäbi, söýgi köp günäleri basyrýandyr» diýdi (1 Pet. 4:8).

13—15. Käbir mesihçiler tebigy betbagtçylyga uçranlara doganlyk söýgüsini nädip bildirdiler?

13 Bütin dünýäde Ýehowanyň Güwäçileri söýgüsi bilen tanalýar. 2005-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň günorta etraplarynda harasat turýar, şonda Ýehowanyň Güwäçileriniň köpüsi olara meýletin kömek edýär. Ýigrimi müňden gowrak Güwäçiler Isanyň göreldesine eýerip, gowy öýlerini we işlerini goýup, doganlaryna meýletin kömek berýärler.

14 Deňziň suwy joşup, tolkunlary 10 metr beýiklige ýetdi we 80 kilometr ýeri suw aldy. Haçan-da deňziň suwy yzyna çekilende, jaýlaryň üçden bir bölegi ýykyldy. Birnäçe ýurtlardan kömek etmäge gelen gurluşyk işlerine ukyply bolan Güwäçilerden käbiri özleri bilen gurluşyk gurallaryny we materiallary getirip, zerur bolan işi ýerine ýetirmäge taýyndy. Dul galan iki süýtdeş uýa doganlara kömek etmek üçin, goşuny kiçi ýük maşyna ýükläp, 3 000 kilometr ýol geçdi. Soňra olaryň biri şol ýerde pioner bolup gulluk etmek we kömek berýän ýerli komitet bilen işleşmek üçin galýar.

15 Ol ýerde 5 600-den gowrak Ýehowanyň Güwäçileriniň we başga adamlaryň öýleri täzeden guruldy we dikeldildi. Bu çuňňur söýgi ýerli Güwäçilere nähili täsir etdikä? Bir uýanyň jaýy ýykylansoň, ol ulaga tirkelip ulanylýan, peçi döwlen we üçeginden suw geçýän kiçijik jaýa göçdi. Doganlar oňa ýönekeýje, emma ýaşamaga amatly jaý salyp berdiler. Uýa täze jaýynyň öňünde durup, begenjinden ýaňa aglady. Ol Ýehowadan we doganlaryndan örän minnetdardy! Köp ýerli Güwäçileriň jaýlary gurlandan soňam, bir ýyl ýa-da ondan-da köp wagt öňki ýaşaýan ýerinde ýaşadylar. Näme üçin? Sebäbi olar täze jaýlaryny meýletin gurluşykçylaryň ýaşamaklary üçin berdi. Bu Isanyň görkezen söýgüsini bildirmegiň, gör, nähili ajaýyp göreldesi!

Syrkawlary söýmekde Isanyň göreldesine eýeriň

16, 17. Isa ýaly, biz syrkawlan doganlara nädip kömek edip bileris?

16 Hawa, ähli adamlar tebigy betbagtçylyga uçramaýar. Emma her birimiz özümiziň ýa-da maşgala agzalarymyzyň syrkawlamagyna duçar bolýarys. Isanyň syrkawlara bolan garaýşy biziň üçin gowy görelde boldy. Isa adamlary söýýändigi üçin, olara haýpy geldi. Uly märeke syrkawlaryny onuň ýanyna getirenlerinde, ol «syrkawlaryň hemmesini sagaltdy» (Mat. 8:16; 14:14).

17 Şu günler mesihçiler gudrat arkaly syrkawlary bejerip bilmeýär, emma Isa ýaly, olar duýgudaşlyk bildirip biler. Nädip? Ýaşulular Matta 25:39, 40-njy aýatlardaky (okaň) sözlere eýerip, syrkaw dogan-uýalara kömek etmek üçin, ýygnagyň agzalaryny nobatçy belleýära.

18. Uýalar beýleki uýa ýürekden söýgüsini nädip bildirdi we onuň netijesi nähili boldy?

18 Dogan-uýalar ýagşylyk etmek üçin hökman ýaşuly bolmaly däl. Geliň, bir mysala seredeliň. Lukmanlar 44 ýaşly Şarlin uýamyzyň rak keseli sebäpli on gün ýaşajagyny aýtdy. Şonda Şeron we Nikolet atly uýalar kömegiň gerekdigini we onuň adamsyna kyn bolýandygyny görüp, olar uýa seretmäge kömekleşip biljekdigini aýtdylar. On gün alty hepdä çekdi, ýöne uýalar Şarliniň iň soňky demine çenli kömek berdiler. Şeron şeýle gürrüň berýär: «Adamyň keselden sagalmajagyny bilmek örän agyr bolýar eken. Emma Ýehowa bize güýç berdi. Biz bu kyn günlerde Ýehowa we biri-birimize ýakynlaşdyk». Şarliniň adamsy şeýle gürrüň berýär: «Men hiç haçan şol iki mähirli uýalaryň eden ýagşylygyny we kömegini unutmaryn. Olaryň akýürekliligi we dogry garaýşy, meniň aýalym Şarlini soňky synagynda goldadylar, maňa-da kömek edip, derdimi ýeňilleşdirdiler. Men olara hemişe minnetdar bolaryn. Olaryň janaýamazlygy, meniň Ýehowa bolan imanymy berkidip, doganlara bolan söýgimi artdyrdy».

19, 20. a) Biz Isanyň haýsy bäş häsiýetine seretdik? b) Siz näme etmegi berk ýüregiňize düwdüňiz?

19 Biz şu we öňki iki makalada, Isanyň bäş häsiýetine we onuň pikirine nädip eýerip bolýandygyna seretdik. Geliň, Isa ýaly, biz-de «mylaýym hem pes göwünli» bolalyň (Mat. 11:29). Doganlaryň bikämilligine we ejizliklerine garamazdan, olara ýagşylyk etmäge çalyşalyň. Şeýle-de synaglarda Ýehowanyň ähli talaplaryny berjaý edeliň.

20 Geliň, Isa ýaly, biz hem «ahyryna çenli» ähli doganlara söýgi bildireliň. Şeýle söýgi Isanyň şägirtleridigimizi görkezýär (Ýahýa 13:1, 34, 35). «Dogan söýgüsi yzygiderli bolsun» (Ýew. 13:1). Söýgiňiz sowamasyn! Siz ömrüňizi Ýehowany şöhratlandyrmak we adamlara kömek etmek üçin bagyş ediň. Ýehowa siziň ýürekden edýän tagallalaryňyza ak pata berer.

a 1986-njy ýylyň 15-nji martda çykan «Garawul diňi» (rus.) žurnalyndaky «Diňe bir: «Ýylynyň, doýuň» diýmäň» atly makala serediň.

Siz nähili düşündirersiňiz?

• Isa ýaly, ýaşulular günä eden doganlara nähili garamaly?

• Şu soňky günlerde näme üçin Isanyň söýgüsine eýermek wajyp?

• Syrkawlara Isa ýaly garaýandygymyzy nädip görkezip bileris?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş