Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/1 sah. 17—21
  • Ýehowa ýakynlaşmagyňyzy dowam ediň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa ýakynlaşmagyňyzy dowam ediň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • TEHNIKI SERIŞDELER
  • SAGLYK
  • PUL
  • TEKEPBIRLIK
  • ÝEHOWA BILEN DOSTLUGYŇYZY GYMMAT SAÝYŇ!
  • Siz Şeýtany ýeňip bilersiňiz!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Şeýtanyň duzagyndan halas bolup bileris
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Hiç zat sizi Ýehowadan daşlaşdyrmasyn
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Saglygyň aladasyny Mukaddes Ýazgylaryň esasynda ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/1 sah. 17—21

Ýehowa ýakynlaşmagyňyzy dowam ediň

«Hudaýa ýakynlaşyň, Ol hem size ýakynlaşar». ÝAKUP 4:8

SIZ NÄHILI DÜŞÜNDIRERSIŇIZ?

  • Tehniki serişdeler we saglyk babatda dogry garaýşy nädip saklamaly?

  • Pula we özüňe buýsanmaklyga nädip dogry garap bileris?

  • Ýehowadan daşlaşmaz ýaly näme etmeli?

1, 2. a) Şeýtanyň «niýetleri» näme? b) Hudaýa ýakynlaşmaga bize näme kömek eder?

ÝEHOWA HUDAÝ adamlary Özüne ýakynlaşmak zerurlygy bilen ýaratdy. Emma Şeýtan özi ýaly bizi-de Ýehowa mätäç däldigimize ynandyrjak bolýar. Ol bu ýalan pikirini How enäni Erem bagynda aldanyndan bäri ýaýradýar (Gel. çyk. 3:4—6). Taryhdan görnüşi ýaly, bu ýalňyşlygy adamlaryň köpüsi gaýtalady.

2 Biz Şeýtanyň «ýaman niýetlerinden habarsyz däldiris», şol sebäpli onuň duzaklaryndan gaça durup bilýäris (2 Kor. 2:11). Şeýtan bize nädogry ýoly saýladyp, Ýehowadan daşlaşdyrmak isleýär. Emma geçen makaladan bilşimiz ýaly, biz wezipe, göwün açma we maşgala gatnaşyklary babatda dogry ýoly saýlap bilýäris. Bu makalada bolsa, tehniki serişdeleriň, saglyk, pul we tekepbirlik ýaly zatlaryň «Hudaýa ýakynlaşmaga» päsgel bermezligi üçin näme etmelidigine serederis (Ýakup 4:8).

TEHNIKI SERIŞDELER

3. Tehniki serişdelerini dogry we nädogry ulanyp bolýandygyny görkezýän mysal getiriň.

3 Tehniki serişdeler bütin dünýäde ulanylýar. Eger olary dogry ulansak, peýdaly bolup biler, emma nädogry ulansak, bizi gökdäki Atamyzdan daşlaşdyrar. Geliň, kompýuter barada gürrüň edeliň. Siziň häzir okaýan makalaňyz kompýuteriň kömegi bilen ýazyldy we çap edildi. Kompýuter gözleg geçirmekde, kimdir biri bilen aragatnaşyk saklamakda we käte göwün açmakda peýdaly bolup biler. Emma kompýuter hakda çendenaşa gyzyklanmagymyz mümkin. Tehniki serişdeleriň söwdagärleri adamlara iň soňky çykan kompýuterleriň gerekdigine ynandyrjak bolýar. Bir ýigit üýtgeşik kompýuteri almak üçin gizlinlikde bir böwregini satýar. Gör, nähili akylsyz hereket!

4. Bir dogan kompýuteri çendenaşa köp ulanmak endigini goýmak üçin näme etdi?

4 Tehniki serişdelerini nädogry ýa-da çendenaşa köp ulansak, bu bizi has erbet ýagdaýa salyp biler, ýagny Ýehowadan daşlaşdyrar. 28 ýaşly Ýona atly doganymyz şeýle diýýär: «Men Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, ruhy zatlara wagt sarp etmek üçin „pursatdan peýdalanmalydygyna“ düşünýärin. Emma kompýutere gezek gelende, men öz-özüme duşman bolýaryn». Ýon köplenç ýarygijä çenli wagtyny Internetde geçirýärdi. Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Men näçe ýadaw boldugymça, şonça-da maňa hat ýazyşmagy ýa-da gysga wideofilmleri (olaryň käbiri hatda zyýanlydy) görmegi bes etmek kyn bolýardy». Ýon bu erbet endigini goýmak üçin, ýatmaly wagty kompýuteri öz-özünden öçer ýaly etdi (Efesliler 5:15, 16-njy aýatlary okaň).

5, 6. a) Ata-eneleriň çagalary babatda nähili jogapkärçiligi bar? b) Ata-eneler çagalarynyň ýagşy ýaranlar bilen gatnaşyk etmegi üçin näme edip bilerler?

5 Ata-enler, siz çagalaryňyzyň her bir edýän işine gözegçilik etmeseňiz-de, olaryň kompýuteri ulanyşyna üns bermelisiňiz. Çagalaryňyzy güýmejek bolup, olara Internetde ahlaksyzlyk görmäge, zorlukly oýunlary oýnamaga, spiritizme baş goşmaga we ýaman ýaranlar bilen gatnaşyk etmäge ýol bermäň. Eger bu zatlara ýol berseňiz, olaryň şeýle pikir etmegi mümkin: «Kakam bilen ejem bu zatlar barada alada etmeýär. Diýmek, bularyň hiç biri erbet däl». Ata-eneler, siz çagalaryňyzy hem-de ýetginjekleri Ýehowadan daşlaşdyrýan her bir zatdan goramaga borçlusyňyz. Hatda haýwanlaram öz balalaryny howpdan goraýarlar. Eger ene aýy kimdir biri tarapyndan balasyna howp abanýandygyny duýsa, onuň näme etjekdigini göz öňüne getirip görüň! (Hoşeýa 13:8-i deňeşdiriň).

6 Siz çagalaryňyza göreldeli ýaş we gartaşan mesihçiler bilen ýakyndan gatnaşyk etmäge kömek ediň. Ýöne çagalaryňyzyň wagtyny siziň bilen geçirmek isleýändigini unutmaň! Şonuň üçin olar bilen gülüşmäge, oýnamaga, işlemäge we «Hudaýa ýakynlaşmaga» wagt sarp ediňb.

SAGLYK

7. Näme üçin biziň ählimiz sagdyn bolmak isleýäris?

7 «Ýagdaýlaryň gowumy?» Bu sorag hemme adamlaryň syrkawlaýan wagtynyň bolýandygyny görkezýär. Ilkinji ynsan jübüti Şeýtana özlerini Ýehowadan daşlaşdyrmaga ýol berendigi sebäpli, biziň hemmämiz keselçilikden ejir çekýäris. Keselçilik Şeýtana maksadyna ýetmäge kömek edýär, çünki syrkaw wagtymyz bize Ýehowa gulluk etmek kyn düşýär. Adam ölende bolsa, Hudaýa asla gulluk edip bilmeýär (Zeb. 115:17). Şol sebäpli biz sagdyn bolmak üçin elimizde baryny edýärisc. Şeýle-de biz dogan-uýalaryň saglygy we abadançylygy barada alada etmeli.

8, 9. a) Saglygymyz barada çendenaşa alada etmekden nädip gaça durup bileris? b) Ruhuň miwesi bolan şatlygy ösdürmek näme üçin peýdaly?

8 Biz saglyk meselesinde çendenaşa alada etmeli däl. Emma käbirleri berhiz saklamak, bejergi ýa-da däri-derman ýaly zatlar babatda maslahat berip, ony Hudaýyň Patyşalygynyň hoş habaryny wagyz etmekden-de ileri tutýarlar. Ähtimal, olar adamlaryň aladasyny ak ýürekden edýäris öýdýändirler. Şeýle bolaýanda-da, saglyk hem daş keşbiň owadanlygy üçin ulanylýan däri-dermanlar babatda ýygnakdan we kongresden öň ýa soň gürrüň etmek ýerliksiz bolardy. Näme üçin?

9 Biz biri-birimiz bilen görşenimizde, ruhy zatlar barada gürrüňdeş bolup, Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesi bolan şatlygy ösdürmek isleýäris (Gal. 5:22). Şeýle gürrüňdeşlikde bizden saglyk we däri-derman barada maslahat sorasalar-da, soramasalar-da, bular hakda gürrüň etsek, bizi ruhy maksadymyzdan daşlaşdyrar, başgalary bolsa, şatlandyrman gaýgy-gama batyrar (Rim. 14:17). Saglyk meselesinde her kimiň özi karara gelmeli. Galyberse-de, ähli keselleriň hötdesinden gelmek hiç kime başartmaýar. Hatda iň gowy lukman-da garraýar, keselleýär we ölýär. Saglygymyz barada çendenaşa alada edip, ýaşymyzy uzaldyp bilmeris (Luka 12:25). Emma «şadyýan ýürek oňat şypadyr» (Sül. tym. 17:22).

10. a) Ýehowa haýsy häsiýetler ýaraýar? b) Biz haçan doly sagdyn bolarys?

10 Daş keşbimiz barada hem belli bir derejede alada etmek ýerliklidir. Ýöne garrylyk sebäpli döreýän her bir alamaty gizlejek bolup alada galmaly däl. Gaýtam, ol biziň ruhy taýdan ösendigimizi, mertebämizi we içki gözelligimizi görkezýär. Meselem, Mukaddes Ýazgylarda: «Çal kelle şöhrat täjidir; ol dogrulyk ýolundan tapylýandyr» diýilýär (Sül. tym. 16:31). Bu aýatda Ýehowanyň bize bolan garaýşyny görse bolýar. Diýmek, biz hem özümize Ýehowa ýaly garamaly (1 Petrus 3:3, 4-nji aýatlary okaň). Beden taýdan owadan görünjek bolup howply operasiýalaryny we medesina bejergilerini etmek paýhasly bolarmy? «Taňrymyzyň... şatlygy» hakyky gözelligiň gözbaşydyr, sebäbi şeýle gözellik adamyň ýaşyna we saglygyna däl-de, içki dünýäsine baglydyr (Neh. 8:10). Biz diňe täze dünýäde sagdyn we ýaş bolup bileris (Eýýup 33:25; Iş. 33:24). Emma häzirki ýagdaýymyza kaýyl bolup, paýhasly we iman bilen hereket etsek, bu bize Ýehowa ýakynlaşmaga kömek eder (1 Tim. 4:8).

PUL

11. Pul nädip duzak bolup biler?

11 Pula we halal gazanja erbet diýip bolmaz (Wag. 7:12; Luka 19:12, 13). Emma «pul söýgüsi» erbetdir, çünki ol Ýehowadan daşlaşdyrýar (1 Tim. 6:9, 10). «Dünýäniň gaýgylary» hakda aşa köp aladalanmak ruhy taýdan bogup biler. Şeýle-de baýlyk hakyky bagt we gorag berýär öýtmeklik nädogry, sebäbi «baýlyk aldawçydyr» (Mat. 13:22). Isa «hiç kimiň» hem Hudaýa, hem baýlyga hyzmat edip bilmejekdigini açyk aýtdy (Mat. 6:24).

12. Şu günler pul gazanmaklygyň nähili torlary bar we biz olardan nädip gaça durup bileris?

12 Pula bolan nädogry garaýyş erbetlige iterip biler (Sül. tym. 28:20). Käbirleri çalt we aňsat baýamak wadalaryna ynanyp, lotareýa satyn aldylar ýa-da söwdanyň dürli görnüşlerine baş goşdular. Olar hatda ýygnagyň başga agzalaryny-da muňa höweslendirdiler. Başgalary bolsa, maýa goýumlary köp girdeji getirýär diýlen tekliplere aldandylar. Açgözlüge özüňizi aldatmaň. Paýhasly boluň! Eger çalt we aňsat baýamagy teklip etseler, munuň asla mümkin däldigini unutmaň.

13. Ýehowa bilen bu dünýäniň pula bolan garaýşy nähili tapawutlanýar?

13 Eger biz «öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtarsak», onda Ýehowa biziň zerurlyklarymyz barada edýän paýhasly tagallalarymyzy patalar (Mat. 6:33; Efes. 4:28). Ol biziň ýygnak duşuşygyna gelenimizde agyr zähmet çekendigimiz sebäpli uklamagymyzy ýa-da pul barada oýlanmagymyzy islemeýär. Emma köp adamlar özüni pula bagyş etseler, gelejegini gorap we aňsat ýaşap biljekdigine ynanýarlar. Köplenç olar çagalaryny baý ýaşamaga höweslendirýärler. Isa şeýle garaýşyň akylsyzdygyny görkezdi (Luka 12:15—21-nji aýatlary okaň). Bu bize Geýhazy ýatladýar. Ol açgözlügiň täsirine düşse-de, Ýehowa bilen gatnaşygyny ýitirmez öýdüpdi (2 Pat. 5:20—27).

14, 15. Biz näme üçin pula gorag hökmünde garamaly däl? Mysal getiriň.

14 Bir maglumata görä, bürgütleriň käbiri penjesine düşen uly balykdan dyrnaklaryny aýryp bilmän gark bolýarlar. Mesihçi-de şeýle ýagdaýa düşüp bilermi? Ýygnak ýaşulusy Aleks şeýle gürrüň berýär: «Aslynda, men tygşytly adam. Men şampun bilen saçymy ýuwjak bolanymda, ol biraz elime köpräk guýulsa, ony yzyna salýaryn». Muňa garamazdan, Aleks pioner bolup gulluk etmek niýeti bilen işinden çykyp, bir täjirçilik işine baş goşýar. Ol bu işi has gowy özleşdirmek üçin, oňa bar ünsüni berýär. Ol ýygnan we karz alan pullaryny köpeltmek üçin aksiýa satyn alýar, sebäbi aýtmaklaryna görä, onuň bahasy galmalydy. Ýöne aksiýanyň bahasy örän pese düşýär. Aleks şeýle ýatlaýar: «Men pulumy ýitiresim gelmeýärdi. Biraz garaşsam, aksiýanyň bahasy ýene-de galjak ýalydy».

15 Mundan birnäçe aý geçse-de, Aleks başga hiç zat barada oýlanyp bilmeýärdi. Oňa ruhy zatlara ünsli bolmak kyndy; gijesine ýatman çykýardy. Emma aksiýanyň bahasy galmady. Aleks ýygnan pullarynyň ählisi ýitirýär we jaýyny satýar. Ol şeýle diýýär: «Men maşgala agzalarymy uly ünjä goýdum». Emma Aleks bolan zatlardan özüne sapak edindi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men Şeýtanyň dünýäsine bil baglan her bir adamyň örän lapykeç boljakdygyna doly göz ýetirdim» (Sül. tym. 11:28). Dogrudan-da, biz ýygnan pulumyza, maýa goýumymyza ýa-da ukybymyza bil baglasak, «bu dünýäniň taňrysy» Şeýtana bil bagladygymyz bolar (2 Kor. 4:4; 1 Tim. 6:17). Aleks häzir «Hoş Habaryň hatyrasy üçin» ýaşaýşyny sadalaşdyrdy. Ol şeýle etmek bilen özüni we maşgala agzalaryny bagtly edip, Ýehowa has-da ýakynlaşandygyny gürrüň berýär (Markus 10:29, 30-njy aýatlary okaň).

TEKEPBIRLIK

16. Özüňe buýsanmaklyk haçan dogry we haçan nädogry?

16 Gowy zatlara buýsanmak nädogry däl. Meselem, biz Ýehowanyň Güwäçisidigimize elmydama buýsanmaly (Ýer. 9:24). Özüňi ýeterlikli derejede sylamaklyk dogry karara gelmäge we ahlak kadalaryny bozmakdan gaça durmaga kömek edýär. Ýöne özüňe ýa-da öz pikiriňe has köp üns bermeklik Ýehowadan daşlaşdyryp biler (Zeb. 138:6; Rim. 12:3).

17, 18. a) Mukaddes Ýazgylardan kiçigöwünli we tekepbir adamlaryň mysallaryny getiriň. b) Bir dogan Ýehowadan daşlaşdyryp biljek tekepbirligi nädip ýeňdi?

17 Mukaddes Ýazgylarda tekepbir hem-de kiçigöwünli bolan ençeme adamlaryň mysallary getirilýär. Dawut patyşa Ýehowanyň görkezmesine pes göwünlilik bilen boýun boldy we Onuň bereketini gazandy (Zeb. 131:1—3). Ýöne Ýehowa Nebukadnesar we Belşazar patyşalary tekepbirligi üçin peseltdi (Dan. 4:30—37; 5:22—30). Käte biziň hem pes göwünliligimiz synalmagy ahmal. 32 ýaşly Raýan atly gulluk hyzmatçysy başga ýygnaga geçýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Meni tizden ýygnak ýaşulusy ederler öýtdüm. Ýöne bir ýyl geçse-de, hiç zat üýtgemedi». Raýan ýygnak ýaşulusy bolmandygyna gaharlanyp, jogapkär doganlardan gaty görermi? Ol ýygnak duşuşygyna barmagyny bes edermi we tekepbirlige ýol berip, Ýehowadan hem-de Onuň halkyndan daşlaşarmy? Şeýle ýagdaýda siz näme edersiňiz?

18 Raýan şeýle ýatlaýar: «Men şu mesele babatda çap edilen ähli edebiýatlary okap çykdym (Sül. tym. 13:12). Şonda men sabyr we kiçigöwünlilik häsiýetlerini ösdürmelidigime düşündim. Şeýle-de Ýehowanyň terbiýe bermegine mätäçdim». Raýan özi barada aladalanmagyny bes etdi we ýygnakdaky dogan-uýalaryň, wagyz eden adamlaryň aladasyny edip başlady. Biraz wagtdan ol birnäçe yhlasly adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýär. Ol şeýle diýýär: «Bir ýyldan meni ýygnak ýaşulusy edip bellänlerinde, men örän geň galdym. Sebäbi indi men bu barada biynjalyklanmaýardym, çünki wagyz etmekden köp şatlyk tapýardym» (Zebur 37:3, 4-nji aýatlary okaň).

ÝEHOWA BILEN DOSTLUGYŇYZY GYMMAT SAÝYŇ!

19, 20. a) Biz her günki edýän işlerimiz bilen Ýehowadan daşlaşmaýandygymyzy nädip barlap bileris? b) Biz Ýehowadan daşlaşmadyk haýsy adamlaryň göreldesine eýerip bileris?

19 Şu we geçen makalada gürrüň edilen ähli zatlar biziň durmuşymyzda dogry orun eýelemeli. Biz Ýehowanyň gullukçysydygymyza buýsanýarys. Bagtly maşgala we gowy saglyk Ýehowanyň berýän uly sowgadydyr. Biz işiň we puluň zerurlyklarymyzy kanagatlandyrmaga kömek edip biljekdigine düşünýäris. Şeýle-de göwün açmanyň we tehniki serişdeleriň peýdalydygyny bilýäris. Ýöne bu zatlary ýerliksiz wagty we çendenaşa köp ulansak ýa-da olar seždämize garşy gelse, Ýehowadan daşlaşdyryp biler.

Ýehowadan daşlaşdyrmaga hiç zada ýol bermäň!

20 Hawa, Şeýtan bizi Ýehowadan daşlaşdyrjak bolýar. Emma siz özüňizi we maşgala agzalaryňyzy şeýle betbagtçylykdan gorap bilersiňiz (Sül. tym. 22:3). Ýehowa ýakynlaşyň we Ondan daşlaşmaň! Bu babatda Mukaddes Ýazgylarda ençeme adamlaryň mysallary getirilen. Meselem, Hanok we Nuh «Hudaýyň huzurynda gezdi» (Gel. çyk. 5:22; 6:9). Musa «görünmezi göreni üçin berk durdy» (Ýew. 11:27). Hudaý Isany elmydama goldaýardy. Şonuň üçin ol hemişe gökdäki Atasyna ýaraýan zatlary edýärdi (Ýahýa 8:29). Şeýle adamlardan görelde alyň. «Hemişe şatlanyň. Dyngysyz doga-dileg ediň. Her ýagdaýa şükür ediň» (1 Sel. 5:16—18). Hiç zada Ýehowadan daşlaşdyrmaga ýol bermäň!

a Atlar üýtgedilen.

b 2011-nji ýylyň oktýabrynda çykan «Oýanyň!» (rus.) žurnalyndaky «Çagany jogapkär adam edip ýetişdirer ýaly nädip terbiýelemeli?» diýen makala serediň.

c 2011-nji ýylyň mart aýynda çykan «Oýanyň!» (rus.) žurnalyndaky «Saglygyň bäş syry» diýen makala serediň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş