Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • rk sap. 11 sah. 26—27
  • Hakyky iman boýunça ýaşalyň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hakyky iman boýunça ýaşalyň
  • Bagtly ýaşamaga kömek edýän hakyky iman
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Güýjüni dogry ulanýarlar
  • Hudaýyň adalatly kadalaryna eýerýärler
  • Akyldarlygy Hudaýdan öwrenýärler
  • Ýürekden söýýärler
  • Hakyky iman näme?
    Bagtly ýaşamaga kömek edýän hakyky iman
  • Ýehowanyň wadalaryna iman ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Iman güýjüňe güýç goşýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • «Biziň imanymyzy köpelt!»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
Başgalary
Bagtly ýaşamaga kömek edýän hakyky iman
rk sap. 11 sah. 26—27

11-NJI BÖLÜM

Hakyky iman boýunça ýaşalyň

ŞU GÜNLER köp adamlar Alla iman edýär. Emma Isa diňe sanlyja adamda hakyky imanyň boljakdygyny aýtdy: «Heläkçilige getirýän gapy giň, ýol inli, ol gapydan girýänler köpdür. Ýöne ýaşaýşa getirýän gapy dar, ýol insiz, ony tapýanlar azdyr» (Matta 7:13, 14).

Hakyky imanly adamlary nädip tanasa bolar? Isa şeýle diýdi: «Siz olary miwelerinden tanarsyňyz... her bir oňat agaç oňat miwe berýändir; erbet agaç bolsa erbet miwe berýändir» (Matta 7:16, 17). Diýmek, hakyky imanly adamlar «oňat miwe» berýär, ýagny Hudaýa ýaraýan häsiýetleri görkezýärler. Nädip?

Güýjüni dogry ulanýarlar

Hakyky imanly adamlar güýjüni hem ygtyýaryny Allatagalany şöhratlandyrmak we adamlara kömek etmek üçin ulanýarlar. Isa şeýle maslahat berdi: «Araňyzda kim uly bolmak isleýän bolsa, beýlekileriň hyzmatkäri bolsun» (Markus 10:43). Şol sebäpli hakyky imanly erkek adamlar öýde-de, başga ýerlerde-de zalymlyk etmeýärler. Olar aýalynyň gadyryny bilip, oňa hormat goýýarlar we söýgi bilen maşgalasynyň aladasyny edýärler. Injilde şeýle diýilýär: «Eý ärler, aýalyňyzy söýüň, olara ýowuz bolmaň» (Koloseliler 3:19). «Eý ärler, şonuň ýaly, siz-de dogalaryňyzyň bökdelmezligi üçin, ejiz gaby, ýaşaýyş merhemetiniň mirasdaşlaryny sylaýan ýaly hatyny sylap, olar bilen paýhasly ýaşaň» (1 Petrus 3:7).

Hakyky imanly aýallar hem «ärini sylaýarlar» (Efesliler 5:33). Aýallar «öz ärlerini, çagalaryny söýmeli» (Titus 2:4). Hudaýa iman edýän ata-eneler çagalaryna üns berip, Hudaýyň kanunlaryny we prinsiplerini öwredýärler. Olar öýde-de, işde-de, nirede bolsalar-da adamlara hormat goýup, olaryň mertebesini sylaýarlar. Olar Injiliň: «Hormatda her kişi beýlekini özünden ýokary saýsyn» diýen maslahatyna eýerýärler (Rimliler 12:10).

Hudaýyň gullukçylary Töwratyň: «Para alma» diýen nesihatyna eýerýärler (Müsürden çykyş 23:8). Olar wezipesini öz bähbidine ulanman, gaýtam, adamlara kömek etmek üçin, esasanda, mätäçlere ýardam bermäge mümkinçilik gözleýärler. Olar şu maslahata üns berýärler: «Ýagşylyk etmegi, baryňyzy beýlekiler bilen paýlaşmagy unutmaň. Çünki Hudaý şu hili gurbanlary halaýandyr» (Ýewreýler 13:16). Şeýdip, olar Isanyň: «Bermek almakdan bagtlydyr» diýen sözleriniň dogrudygyna göz ýetirýärler (Resullaryň işleri 20:35).

Hudaýyň adalatly kadalaryna eýerýärler

Hudaýa iman edýän adamlar onuň kanunlaryny höwes bilen ýerine ýetirýärler, olar üçin «Onuň buýruklary... agyr däldir» (1 Ýahýa 5:3). Olar «Rebbiň kanunynyň kämildigini... buýruklarynyň gönüdigini, olar ýüregi şatlandyrýandygyny... tabşyryklarynyň durudygyny... gözleri nurlandyrýandygyny» bilýärler (Zebur 19:7, 8).

Hakyky iman milletparazlygyň ähli görnüşlerinden gaça durmaga höweslendirýär. Şeýle adamlar bir milleti, ýurdy, adamy başgalardan ýokary tutman, gaýtam, Hudaýdan görelde alýarlar. «Hudaý hiç kimi ala tutman, eýsem, her milletde kim Ondan gorksa, dogrulyk etse, şony kabul edýär» (Resullaryň işleri 10:34, 35).

Hakyky iman «her babatda oňat (dogruçyl, TD) gezmäge» höweslendirýär (Ýewreýler 13:18). Şeýle adamlar gybat etmeýärler we töhmet atmaýarlar. Mezmurçy Dawut Hudaýa ýaraýan adam barada şeýle ýazdy: «Ol dili bilen myjabat ýapýan däldir, dostuna ýamanlyk edýän däldir» (Zebur 15:3).

Akyldarlygy Hudaýdan öwrenýärler

Hakyky imanly adamlaryň ynançlary diňe Mukaddes Ýazgylara esaslanýar. Olar «Ýazgylaryň hemmesiniň Hudaýyň ylhamy bolup... öwretmek, käýemek, ýola getirmek, dogrulykda terbiýelemek üçin peýdalydygyna» düşünýärler (2 Timoteos 3:16, 17). Olar adamlar bilen gatnaşyklarynda «gökden inen akyldarlyga» eýerýärler. Şeýle akyldarlyk «sap... parahatlyk söýüji, mylaýym, diýen ediji, rehimden, oňat miwelerden doludyr» (Ýakup 3:17). Olar Alla ýaramaýan däp-dessurlardan we spiritizmden gaça durup, «özüni butlardan goraýarlar» (1 Ýahýa 5:21).

Ýürekden söýýärler

Musa pygamber şeýle diýdi: «Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen, ähli güýjüňiz bilen söýüň» (Kanun taglymaty 6:5). Hakyky imanly adamlar hem Allany şeýle söýýärler. Olar Hudaýyň Ýehowa adyna hormat goýýarlar. Olar «Rebbe şükür edip», iman bilen «adyny tutýarlar» (Zebur 105:1). Şeýle-de Hudaýyň gullukçylary: «Ýoldaşyňy-da özüňi söýşüň ýaly söý» diýen tabşyrygy berjaý edýärler (Lewiler 19:18). Olar zorluk etmeýärler we «oňardygyndan ähli adamlar bilen oňşukly ýaşaýarlar» (Rimliler 12:18). Olar «söweşmegi öwrenmeýärler», başgaça aýdanyňda, «gylyçlaryndan azal, naýzalaryndan orak ýasaýarlar» (Işaýa 2:4). Şeýdip, olar «biri-birini söýüp», bütin dünýäde ýaşaýan doganlary bilen agzybir gulluk edýärler (Ýahýa 13:35). Siz şeýle adamlary tanaýarmysyňyz?

Siz nähili jogap berersiňiz?

  • Hakyky imanly adamlary nädip tanap bolýar?

  • Olar Hudaýyň: güýç, adalatlylyk, akyldarlyk, söýgi ýaly häsiýetlerine nädip eýerýärler?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş