Eglişikli we paýhasly bol
«Ýumşaklyk görkezmegi [eglişik etmegi, TD] imanlylaryň ýadyna sal» (TITUS 3:2).
1, 2. Mukaddes Ýazgylarda eglişik etmek barada näme diýilýär we näme üçin eglişik etmeli?
BIZIŇ gökdäki söýgüli Atamyz Ýehowa çäksiz paýhasly. Ol biziň Ýaradyjymyz bolany sebäpli, ýaşaýyş üçin ondan görkezme dileýäris (Zeb. 48:14). Isa Mesihiň şägirdi Ýakup şeýle ýazdy: «Gökden inen akyldarlyk ilki bilen, sap, ondan soň-da parahatlyk söýüji, mylaýym [eglişikli, TD], diýen ediji, rehimden, oňat miwelerden doly, ýüz görmezek we ikiýüzlülikden halasdyr» (Ýakup 3:17).
2 Pawlus resul şeýle maslahat berdi: «Siziň ýumşaklygyňyz [«eglişikligiňiz», (Patyşalygyň setirme-setir terjimesi, iňlis)] bütin ynsanlara belli bolsun»a (Flp. 4:5). Isa Mesih biziň Rebbimiz we mesihçiler ýygnagynyň Başy (Efes. 5:23). Şol sebäpli biziň her birimiz paýhasly bolup, Mesihiň görkezmesine gulak asmaklyk we başga adamlara eglişik etmeklik nähili wajyp!
3, 4. a) Eglişik etmegiň peýdasyny mysal arkaly düşündir. b) Biz şu makalada nämä serederis?
3 Paýhaslylyk bilen eglişik etsek, bize peýda getirýär. Bir mysala seredeliň. Britaniýada terroristik aktyň öňi alnandan soň, awiaýolagçylaryň köpüsi öň geçirmäge rugsat berilýän käbir zatlary geçirmek gadagan edilen düzgüne yhlasly eýerdiler. Şeýle-de maşyn sürüjiler dyknyşyk we awariýa ýagdaýy döremez ýaly başga maşynlara eglişik etmelidigine düşünýär.
4 Biziň köpümize eglişik etmek aňsat däl. Bu häsiýeti bildirmegi öwrenmek üçin, geliň, birinjiden, niýetimizde, ikinjiden, jogapkär doganlara bolan garaýşymyzda we üçünjiden, nähili derejede eglişik etmelidigimize seredeliň.
Näme üçin eglişik etmeli?
5. Musanyň kanunyna görä, hojaýynynda gul bolup galmaga ony näme höweslendirýärdi?
5 Musanyň kanunynda gul bolan ýehudylara eglişik etmäge näme höweslendirmelidigi görkezilýär. Şeýle gullar ýedinji ýyly ýa-da Ýubileý ýyly, bularyň haýsysy ir gelse, gulçulykdan azat bolup bilýärdi. Emma gul azatlygy ret edip, gulçulykda galyp bilýärdi (Çykyş 21:5, 6-njy aýatlary okaň). Guly näme höweslendirýär? Ol rehimli hojaýynyny söýýändigi üçin gullugyna galýar.
6. Söýgi bilen eglişik etmegiň nähili baglanyşygy bar?
6 Şonuň ýaly biziň Ýehowa bolan söýgimiz oňa özümizi bagyş etmäge we şoňa görä ýaşamaga höweslendirýär (Rim. 14:7, 8). Ýahýa resul şeýle ýazdy: «Çünki Hudaýyň söýgüsi Onuň buýruklaryny berjaý etmekdir, Onuň buýruklary bolsa agyr däldir» (1 Ýahýa 5:3). Şeýle söýgi «öz nepini gözleýän däldir» (1 Kor. 13:4, 5). Ýakynymyza bolan söýgi eglişik etmäge we olaryň aladasyny öz aladamyzdan zerur saýmaga höweslendirýär. Biz diňe özümiz barada pikir etmän, olaryň hem aladasyny etmäge çalyşýarys (Flp. 2:2, 3).
7. Eglişik etmegiň gullukda nähili ähmiýeti bar?
7 Biziň sözümiz hem, hereketimiz hem adamlary büdretmeli däl (Efes. 4:29). Söýgi bizi terbiýesi we medeniýeti bilen tapawutlanýan adamlara Ýehowa üstünlikli gulluk etmäge päsgel berýän islendik zatdan gaça durmaga höweslendirer. Munuň üçin köplenç eglişik etmeli bolýar. Meselem, missioner uýalar kosmetik serişdelerini ulanmagy we kolgotki geýmegi endik eden bolsalar-da, eger olar daş keşbinden ahlaksyz adam ýaly bolup görünse hem-de adamlary büdretse, olar ýerli däpleri göz öňünde tutýarlar (1 Kor. 10:31—33).
8. Ýehowa bolan söýgi özümizi «kiçi» saýmaga nädip kömek edýär?
8 Ýehowa bolan söýgimiz tekepbirlikden gaça durmaga kömek edýär. Şägirtleriniň arasynda kimiň uludygy barada dawa turanda, Isa olaryň arasynda bir çagany goýup, şeýle diýdi: «Kim bu çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Kim-de Meni kabul etse, Meni Ýollany kabul etdigidir. Siziň araňyzda kim hemmeden kiçi bolsa, ol uly bolar» (Luka 9:48; Mar. 9:36). Biziň käbirimize özümizi «kiçi» saýmak aňsat däl. Biz miras alnan bikämillik we tekepbirlige ýykgynlyk sebäpli, käte başgalardan tapawutlanjak bolýarys, ýöne kiçigöwünlik eglişik etmäge kömek edýär (Rim. 12:10).
9. Biz eglişik etmek islesek, nämä tabyn bolmaly?
9 Eglişik etmek üçin biz Hudaýyň bellän häkimiýetine tabyn bolmaly. Mesihçileriň ählisi baştutanlyk prinsipine eýermegiň wajypdygyny bilýärler. Pawlus resul korintoslylara ýazan hatynda muny aýdyň görkezdi: «Siziň muny-da bilmegiňizi isleýärin: her erkegiň baýary Mesih, aýalyň baýary erkek, Mesihiň baýary hem Hudaýdyr» (1 Kor. 11:3).
10. Ýehowanyň häkimiýetine eglişik edýändigimiz nämäni görkezýär?
10 Biz Hudaýyň häkimiýetine tabyn bolmak bilen söýgüli Atamyza bil baglaýandygymyzy we ynanýandygymyzy görkezýäris. Ol ähli bolýan zatlary görýär we bizi sylaglap biler. Adamlar bize hormat goýman, gaharlananda we göwnümize degende muny ýatda saklasak gowy bolar. Pawlus şeýle ýazýar: «Oňardygyňyzdan ähli adamlar bilen oňşukly ýaşamak barada eliňizden geleni aýamaň». Soňra ol bu maslahaty nygtap, şeýle görkezme berýär: «Eý söýgüli doganlar, özüňiz öç alman, Hudaýyň gazabyna ýol beriň. Çünki: «Reb diýýär: Öç Meniňkidir, öwezini men bererin» (Rim. 12:18, 19).
11. Biz Mesihiň baştutanlygyna tabyn bolýandygymyzy nädip görkezip bileris?
11 Şeýle-de Hudaýyň mesihçiler ýygnagyndaky häkimiýete tabyn bolmaly. Ylham kitabynyň 1-nji babynda Isa Mesih ýygnagyň «ýyldyzlaryny» sag elinde saklap duran görnüşde suratlandyrylýar (Ylh. 1:16, 20). Umuman, bu «ýyldyzlar» ýygnagyň ýaşulularyny ýa-da gözegçilerini görkezýär. Bellenen gözegçiler Mesihiň ýolbaşçylygyna tabyn bolýarlar we ondan görelde alyp, başgalar bilen mähirli gatnaşyk saklaýarlar. Ýygnakdakylaryň ählisi «sadyk hem akylly hyzmatkär» ruhy iýmiti wagtynda berer ýaly, Isanyň beren tertip-düzgünine tabyn bolýarlar (Mat. 24:45—47). «Sadyk hyzmatkäriň» taýýarlaýan edebiýatlaryny höwes bilen okap, ulansak, Mesihiň baştutanlygyna tabyn bolýandygymyzy görkezýäris. Bu bolsa biziň parahatlygymyza we agzybirligimize ýardam edýär (Rim. 14:13, 19).
Nähili derejede eglişik etmeli?
12. Näme üçin eglişik etmeklik çäkli bolmaly?
12 Emma eglişik etmek imanymyza ýa-da Hudaýyň prinsiplerine garşy gitmegi aňlatmaýar. I asyrda dini ýolbaşçylary mesihçilere Isanyň adyndan öwretmek gadagan edende, olar näme etdiler? Petrus we beýleki resullar mertlik bilen şeýle diýdiler: «Adamdan zyýada Hudaýa boýun bolmalydyr» (Res. iş. 4:18—20; 5:28, 29). Şu günler hem hökümet ýolbaşçylary hoş habary wagyz etmegi gadagan etseler, biz güwälik etmegi bes etmeýäris, ýöne onuň ýollaryny sypaýyçylykly bolar ýaly üýtgedýäris. Eger öýden-öýe wagyz etmegi gadagan etseler, biz adamlar bilen gürrüňdeş bolmaga başga ýollary gözläris we Hudaýyň tabşyrygyna gulak asmagymyzy dowam ederis. Şonuň ýaly-da, haçan-da «ýokary häkimiýetler» ýygnanyşmagy gadagan etseler, biz paýhaslylyk bilen kiçi topar bolup ýygnanyşarys (Rim. 13:1; Ýew. 10:24, 25).
13. Isa ygtyýarly adamlara tabyn bolmak barada näme diýdi?
13 Isa Dagdaky wagzynda ygtyýarly adamlara tabyn bolmagyň wajypdygyny nygtap şeýle diýdi: «Seniň bilen dawalaşyp köýnegiňi aljak bolýana donuňy-da ber. Kim [ygtyýarly adam, TD] seni özi bilen bir çakrym ýol ýöremäge zorlasa, onuň bilen iki çakrym ýol ýöre» (Mat. 5:40, 41)b. Şeýle-de adamlary sylamak we olara kömek etmek islegi, olaryň haýyşyny artygy bilen ýerine ýetirmäge höweslendirýär (1 Kor. 13:5; Titus 3:1, 2).
14. Näme üçin biz hiç haçan imandan dänenlere eglişik etmeli däl?
14 Biz Hudaýdan dänen adamlar bilen eglişik etmeli däl. Bu babatda biz hakykat ýoluny arassa we ýygnakda agzybirligi saklamak üçin berk garaýyşda bolmaly. Pawlus resul «galp doganlar» barada şeýle ýazdy: «Hoş Habaryň hakykaty diňe siziň ýanyňyzda galsyn diýip, biz bir salym hem olara tabyn bolup, baş egmedik» (Gal. 2:4, 5). Imandan dänenler seýrek bolsa-da, wepaly mesihçiler dogry ýolda berk durýarlar.
Gözegçiler eglişik etmeli
15. Mesihçi gözegçiler ýygnakdaky meseläni çözmek üçin ýygnanyşanda nädip eglişik edip biler?
15 Gözegçi bolup gulluk edýän doganlardan edilýän talaplaryň biri eglişik etmeklikdir. Pawlus şeýle ýazdy: «Gözegçi... ýumşak [eglişikli, TD] bolmalydyr» (1 Tim. 3:2, 3). Bu esasanam, gözegçilere ýygnagyň meselelerini seretmek üçin duşuşanda örän wajyp. Her bir ýaşuludan pikirini aýtmak talap edilmese-de, bir karara gelmezden öňürti gatnaşýanlaryň her biri arkaýyn öz pikirini aýdyp bilýär. Pikir alyşanda, başgalaryň Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere görä getiren delillerinden käbir ýaşulular garaýşyny üýtgedip biler. Ýetişen ýaşuly öz garaýşyny öňe sürmän, başgalaryň pikirini goldap, eglişik edýär. Ilkibaşda ýaşulular dürli pikirde bolup biler, ýöne doga etmek, kiçigöwünlilik we eglişik etmeklik olara agzybirligi saklamaga ýardam eder (1 Kor. 1:10; Efesliler 4:1—3-nji aýatlary okaň).
16. Mesihçi gözegçiler nähili garaýyşda bolmaly?
16 Ýaşulular ähli zatda teokratik gurluşa eýermäge çalyşmaly. Şeýle ruh olary sürini bakanda, ünsli bolup, olaryň ak ýürekden aladasyny etmäge kömek edýär. Petrus şeýle ýazdy: «Araňyzdaky Hudaýyň sürüsine mejburlyk bilen däl-de, meýletinlik bilen gözegçilik ediň. Olary biabraýçylykly gazanç üçin däl, isleg bilen» otladyň (1 Pet. 5:2).
17. Ýygnagyň ähli agzalary nädip eglişik edip bilýärler?
17 Ýygnagyň gartaşan agzalary ýaşlaryň kömeginiň gadyryny bilip, olara göwnüýetmezçilik etmeýärler. Şeýle-de ýaşlar Ýehowa ençeme ýyllap gulluk edýän gartaşan doganlara hormat goýýarlar (1 Tim. 5:1, 2). Mesihçi ýaşulular jogapkärçilikli ýumuş tabşyrmak üçin tejribeli erkek adamlary agtarýarlar we Hudaýyň sürüsini bakmagy öwredýärler (2 Tim. 2:1, 2). Ähli mesihçiler Pawlusyň Hudaýyň ylhamy bilen aýdan sözüni gymmat saýmaly: «Ýolbaşçylaryňyzyň sözüne gulak asyň, olara janyňyz hakda hasabat berjekler hökmünde tabyn boluň [eglişik ediň]. Çünki olar gözegçilik edýändir. Olar bu wezipelerini ahy-nala bilen däl-de,— munuň size haýry bolmaz — eýsem şatlyk bilen ýerine ýetirer ýaly, olara tabyn boluň» (Ýew. 13:17).
Maşgalada eglişik etmek
18. Näme üçin maşgalada eglişik etmeli?
18 Maşgala agzalary hem eglişik etmeli (Koloseliler 3:18—21-nji aýatlary okaň). Mukaddes Ýazgylara görä, mesihçi maşgala agzalarynyň her biriniň jogapkärçilikli borjy bar. Är aýalynyň başy we çagalaryny terbiýelemek üçin esasy jogapkär hasaplanýar. Aýal ýanýoldaşyna tabyn bolmaly, çagalar bolsa olara gulak asmaly, çünki bu Rebbe ýaraýar. Maşgalanyň her bir agzasy paýhaslylyk bilen eglişik edip, maşgalanyň agzybirligine we parahatlygyna ýardam edip bilýär. Mukaddes Ýazgylardaky birnäçe mysallar muňa düşünmäge kömek edýär.
19, 20. a) Eli bilen Ýehowanyň eden eglişiginiň tapawudyny görkez. b) Bu mysallardan ata-eneler nähili sapak edinip biler?
19 Samuel oglanjykka Ysraýylda Eli baş ruhany bolup gulluk edýärdi. Eliniň ogullary Hofni bilen Pinahas «erbet adamlardy» we «Ýehowany sylamaýardylar». Eli ogullarynyň ybadathananyň girelgesinde gulluk edýän aýallar bilen zyna edýändigini eşidýär. Ýöne ol muňa nähili garady? Eli olara Ýehowa garşy günä etseler, olar üçin hiç kimiň doga etmejekdigini aýtdy. Emma ol ogullaryny dogry ýola gönükdirmeýär we düzetmeýär. Şol sebäpli onuň ogullary günä etmegini dowam edýärler. Netijede, Ýehowa olara adalatly ölüm jezasyny berýär. Eli olaryň ölendigini eşidende, arkan ýykylyp özi-de ölýär. Nähili gynançly waka! Görşümiz ýaly, Eliniň çendenaşa eglişik etmegi we ogullarynyň edýän erbet işlerine perwaýsyz garamagy betbagtçylyga eltdi (1 Pat. 2:12—17, 22—25, 34, 35; 4:17, 18).
20 Indi bolsa, Ýehowanyň gökdäki ogullaryna bolan garaýşyna seredeliň. Mika pygamber ajaýyp görnüş görýär: Ýehowanyň öňünde perişdeleri ýygnaşyşýar we Ýehowa olardan haýsysynyň Ysraýylyň Ahap patyşasyny aldap, onuň zalym patyşalygyny ýykyp biljekdigini soraýar. Ýehowa ruhy ogullarynyň dürli tekliplerini diňleýär. Soňra bir perişde bu tabşyrygy ýerine ýetirip biljekdigini aýdýar. Ýehowa onuň nädip etjekdigini soraýar. Ýehowa onuň teklibi bilen ylalaşýar we perişde bu tabşyrygy ýerine ýetirmäge gidýär (3 Pat. 22:19—23). Mesihçi maşgala agzalary bu wakadan eglişik etmek barada nähili sapak edinip biler? Mesihçi är we ata aýaly bilen çagalary bir zady maslahat berende, muny göz öňünde tutsa gowy bolar. Muňa garamazdan, aýaly we çagalary bir zady teklip edenlerinde, maşgalabaşa eglişik edip gulak asmalydygyna düşünýär, sebäbi ol Ýazgylara görä, karara gelmäge jogapkär.
21. Indiki makalada nämä serederis?
21 Ýehowanyň eglişik etmek barada söýgi we akyldarlyk bilen berýän ýatlatmalaryna biz örän minnetdar! (Zeb. 119:99). Biz indiki makalada eglişik etmegiň nikada bagtly ýaşamaga ýardam edýändigine serederis.
a Pawlus resulyň ulanan sözüni türkmen dilinde bir söz bilen düşündirmek kyn. Bir kitapda bu babatda şeýle diýilýär: «Özdiýenli bolman, biriniň bähbidi üçin eglişik etmäge taýyn bolup, ünsli we mylaýym bolmaly». Görşümiz ýaly, bu söz eglişik etmegi, paýhasly bolmagy hem-de kanuna doly eýermegi we öz hukugyny talap etmezligi aňladýar.
b «Garawul diňi» jurnalynyň (rusça) 2005-nji ýylyň Baýdak aýynyň 15-inde çykan sanynyň 23—26 sahypasyndaky «Eger seni bir çakrym ýol ýöremäge zorlasa» diýen makala serediň.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Eglişik etmek nähili gowy netije berip biler?
• Mesihçi gözegçiler nädip eglişik edýärler?
• Näme üçin maşgalada eglişik etmek wajyp?