Ýehowa doly agraslyk bilen gulluk ediň
«Iň ýokary zatlara göz ýetiriň». (FLP. 1:11)
1, 2. Köp adamlar durmuşa näme üçin biperwaý garaýarlar we bu babatda nähili soraglar ýüze çykýar?
BIZ häzir adamzat taryhynyň iň agyr hem howsalaly döwründe ýaşaýarys. Köp adamlaryň Ýehowa bilen dostlukly gatnaşygy ýok, şol sebäpli olar «soňky günleriň kyn pursatlaryna» hötde gelip bilmeýärler (2 Tim. 3:1—5). Olaryň durmuşda duş gelýän kynçylyklaryny çözmäge kömek etjek ynsan ýok, şonuň üçin olar kynçylyklaryny doly çözüp bilmeýärler. Olaryň köpüsi agyr durmuşyny unutjak bolup, wagtyny her hili göwün açmalar bilen geçirýärler.
2 Adamlar köplenç keýpi-sapa we şady-horramlyk bilen durmuşyň aladalaryny ýeňjek bolýarlar. Eger mesihçiler seresap bolmasalar, olar hem şeýle pikiriň ýesiri bolup bilerler. Biz şeýle ýagdaýdan gaça durmak üçin näme edip bileris? Munuň üçin biz hemişe agras bolmalymy? Biz jogapkärçilige we göwün açmak meselesine nädip paýhasly garap bileris? Durmuşa jogapkärli garap, öte agras bolmaz ýaly, bize Mukaddes Ýazgylaryň haýsy prinsipleri kömek eder?
Lezzeti söýýän dünýäde agras boluň
3, 4. Mukaddes Ýazgylarda agras bolmagyň wajyplygy nädip nygtalýar?
3 Hawa, bu dünýä «lezzeti köp söýýär» (2 Tim. 3:4). Şeýle garaýyş biziň Ýehowa bilen dostlugymyza howp salmagy mümkin (Sül. tym. 21:17). Şol sebäpli Pawlus resul Timoteos bilen Titusa ýazan hatlarynda agraslyk barada maslahat berýär. Biz bu maslahata eýersek, bu dünýäniň adamlary ýaly durmuşa biperwaý seretmeris (1 Timoteos 2:1, 2; Titus 2:2—8-nji aýatlary okaň).
4 Ençeme asyr mundan öň, Süleýman bar ünsüňi keýpi-sapa bermän, möhüm zatlar barada oýlanmagyň paýhaslydygyny belläp geçdi (Wag. 3:4; 7:2—4). Hawa, ömür gysga, şol sebäpli biz gutulmak üçin jan etmeli (Luka 13:24). Şeýle-de biz «iň ýokary zatlara göz ýetirmeli» (Flp. 1:11). Munuň üçin mesihçi ýaşaýşymyzyň her bir tarapy barada alada etmeli.
5. Mesihçiler nämä çynlakaý garamaly?
5 Mesihçiler Ýehowa bilen Isanyň göreldesine eýerip, zähmete çynlakaý garaýarlar (Ýahýa 5:17). Şonuň üçin olar köplenç halal işleýän ynamly işgär hökmünde tanalýar. Esasan-da, maşgalabaşy doganlar maşgalasyny eklemek üçin jan edip işlemeli. Ýehowa maşgalasyny eklemeýänleri «imany inkär eden» adam bilen deňeşdirýär (1 Tim. 5:8).
Agras boluň we şadyýan gulluk ediň
6. Biz seždä çynlakaý garamalydygyny nireden bilýäris?
6 Ýehowa adamlaryň hakyky seždäni hemişe wajyp hasaplamaklaryny isleýärdi. Meselem, Musanyň kanuny boýunça ýaşan ysraýyllylar hakyky seždeden daşlaşyp, dürli betbagtçylyklara uçradylar (Ýeşuw 23:12, 13). I asyrda ýaşan mesihçiler bolsa, hakyky seždäni ýalan taglymatlardan we düşünjelerden goramak üçin aýgytly söweşmelidiler (2 Ýahýa 7—11; Ylh. 2:14—16). Şu günki mesihçiler hem hakyky seždä çynlakaý garaýarlar (1 Tim. 6:20).
7. Pawlus wagyz gullugyna nähili taýýarlanýardy?
7 Wagyz gullugy bize köp şatlyk berýär. Emma hemişe şadyýan gulluk etmek üçin, wagzyň ähmiýeti barada çuňňur oýlanyp, oňa öňünden taýýarlanmaly. Pawlus hem wagyz etjek adamlary hakynda oýlanypdyr. Ol şeýle ýazdy: «Käbirlerini gutarjak bolup, her kese her zat boldum. Men bulary Hoş Habarda paýym bolsun diýip, Hoş Habar üçin edýärin» (1 Kor. 9:22, 23). Pawlus adamlara ruhy taýdan kömek edip, şatlyk tapýardy; olaryň her biriniň zerurlyklaryny kanagatlandyrmagyň aladasyny edýärdi. Şonuň üçin ol adamlara ruhy kömegi berip bildi we olary Ýehowa sežde etmäge höweslendirdi.
8. a) Hudaýyň Sözüni öwrenýän adamlara biz nähili garamaly? b) Mukaddes Ýazgylar okuwy nähili şatlyk berýär?
8 Pawlus wagyz gullugyna nähili garaýardy? Ol Ýehowa we hoş habary diňleýän adamlara ýürekden «hyzmat edýärdi» (Rim. 12:11; 1 Kor. 9:19). Biz Hudaýyň Sözüni öwredende — Mukaddes Ýazgylar ýa-da maşgala okuwyny geçirende we ýygnak duşuşyklarynda — adamlaryň öňünde jogapkärçilik duýýarysmy? Belki-de, bize Mukaddes Ýazgylar okuwyny yzygiderli geçirmek agyr bolýandyr. Sebäbi biz adamlara kömek etmek üçin, köplenç öz işlerimizi goýmaly bolýarys. Eýsem, bu Isanyň «bermek almakdan bagtlydyr» diýen sözlerine eýerdigimiz dälmi näme? (Res. iş. 20:35). Hawa, adamlary halas etmek işinden başga hiç bir iş şeýle bagty berip bilmez.
9. Agraslyk dynç almaga we wagtyňy şadyýan geçirmäge päsgel berýärmi? Düşündiriň.
9 Agraslyk dost-ýarlaryň bilen dynç almaga we wagtyňy şadyýan geçirmäge päsgel bermeli däl. Isa diňe bir öwretmek bilen meşgul bolmandyr. Ol dynç almaga we adamlar bilen dostlugyny berkitmäge wagt tapardy (Luka 5:27—29; Ýahýa 12:1, 2). Şeýle-de agraslyk hemişe agras ýüzli bolmagy aňlatmaýar. Eger Isa sowuk ýüzli ýa juda agras bolan bolsa, adamlar onuň ýanyna barmazdy. Hatda çagalar hem Isanyň ýanynda özüni arkaýyn duýmazdy (Mar. 10:13—16). Biz hem Isa meňzemek üçin näme edip bileris?
10. Ýaşula dogan-uýalary ruhlandyrmaga we kiçigöwünli bolmaga näme kömek eder?
10 Bir dogan ýygnak ýaşulysy barada şeýle diýýär: «Ol özünden köp zady talap etse-de, dogan-uýalardan köp zat talap etmeýär». Sen hakda-da şeýle diýip bolarmy? Elbetde, käbir ýagdaýda tama etmek ýerlikli. Meselem, ata-eneler çagalarynyň öňünde paýhasly maksatlar goýup we olara ýetmäge kömek edýärler. Mesihçi ýaşulular hem dogan-uýalary ruhy taýdan ösmäge höweslendirip, olara gerekli maslahatlary berip biler. Kiçigöwünlilik ýaşula mähirli bolmaga we dogan-uýalary ruhlandyrmaga kömek eder (Rim. 12:3). Bir uýa şeýle gürrüň berýär: «Men ýaşulynyň wäşi bolmagyny islemeýärin. Ýöne ol hemişe agras bolsa-da, onuň ýanyna arkaýyn baryp bilmerin». Başga bir uýa şeýle diýýär: «Men ýüzi juda agras görünýän ýaşulularyň ýanyna barmaga gorkýaryn». Ýaşulular «mübärek Hudaý» Ýehowa sežde edýän ähli imandaşlarynyň şadyýan gulluk etmegini isleýär (1 Tim. 1:11).
Ýygnakda jogapkärçilik alyň
11. «Jan çekmek» diýen jümle nämäni aňladýar?
11 Pawlus doganlary şöhratparazlyk niýeti bilen ýygnakda jogapkärçilikli borjy almaga höweslendirmedi. Gaýtam, ol: «Kim gözegçi bolmaga jan çekýän bolsa, onda ol oňat iş arzuw edýär» diýdi (1 Tim. 3:1, 4). «Jan çekmek» diýen jümle mesihçi doganlardan imandaşlaryna hyzmat etmek üçin gerekli ruhy häsiýetleri özleşdirip, erjellik bilen zähmet çekmäge güýçli isleginiň bolmagyny talap edýär. Eger doganyň suwda çokundyrylanyna bir ýyl bolup, ol 1 Timoteos 3:8—13-nji aýatlardaky gulluk kömekçileri üçin berlen talaplara laýyk gelýän bolsa, onda ony jogapkärli borja teklip edip bolar. Üns beren bolsaňyz, 8-nji aýatda «ýygnagyň hyzmatçylary... hormatly (agras, TD)» häsiýetli bolmalydygy nygtalyp geçilýär.
12, 13. Ýaş doganlaryň jogapkärli borja jan çekmäge nähili mümkinçiliginiň bardygyny gürrüň beriň.
12 Sen suwda çokundyrylan we kämillik ýaşyna ýeten, seždä çynlakaý garaýan dogan bolsaň, onda jan çekere sende ençeme mümkinçilikler bar. Meselem, sen wagyz gullugynda has-da ökdeleşip bilersiň. Sen dürli ýaşdaky imandaşlaryň bilen wagyz etmegi gowy görýärmiň? Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmäge tagalla edýärmiň? Eger sen Mukaddes Ýazgylar okuwyny ýygnakda berilýän maslahatlara görä geçirseň, mugallymçylyk tärini kämilleşdirersiň. Şeýle-de sen Ýehowa barada bilim alýan adama duýgudaşlyk bildirmegi öwrenersiň. Gyzyklanýan adam öz durmuşyny özgertmelidigine düşünende, sen oňa sabyrly we sypaýylyk bilen Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere eýermäge kömek edersiň.
13 Eger sen ýaş bolsaň, onda ýygnakdaky garry dogan-uýalara, mümkin boldugyndan, ähli ýagdaýda kömek etmäge çalyş. Şeýle-de sen Patyşalyk zaly barada alada edip, onuň arassa we tämiz bolmagyna ýardam edip bilersiň. Seniň bu işlerde berýän kömegiň gulluga çynlakaý garaýandygyňy görkezer. Şonda sen Timoteos ýaly ýürekden ýygnagyň aladasyny etmegi öwrenersiň (Filipililer 2:19—22-nji aýatlary okaň).
14. Ýaş doganlaryň jogapkärli borja mynasypdygyny nädip «synap» bolar?
14 Ýaşulular, «ýaşlyk höweslerinden gaçýan» hem-de «dogrulyk, iman, söýgi we parahatlyk» ýaly başga-da gowy häsiýetleri ösdürmäge tagalla edýän ýaş doganlara üns beriň (2 Tim. 2:22). Olara ýygnakda dürli ýumuşlary tabşyryp, jogapkärli borja mynasypdygyny «synap» bolar. Şonda olaryň «ilerleýşini hemmeler görer» (1 Tim. 3:10; 4:15).
Ýygnakda we maşgalada agras boluň
15. 1 Timoteos 5:1, 2-nji aýatlara görä, biz özümizi nädip agras alyp barmaly?
15 Agras bolmaklyk dogan-uýalara hormat goýmagy hem aňladýar. Pawlus Timoteosa maslahat berende, adamlary sylamagyň wajypdygyny belläp geçdi (1 Timoteos 5:1, 2-nji aýatlary okaň). Esasanam, başga jynsdaky adam bilen agras bolmaly. Eýýubyň aýallary sylamakda görkezen göreldesi, aýratynam, durmuş guranlar üçin peýdalydyr. Eýýup özge aýallara nazar dikmezlige jan etdi (Eýýup 31:1). Agras dogan-uýalar biri-biri bilen näz-kerişme etmez ýa-da imandaşlar arasynda hiç kimiň özüni oňaýsyz duýmagyna ýol bermez. Hatda durmuş gurjak mesihçiler hem biri-birini sylamaly. Agras mesihçi hiç kimiň duýgusyny oýnamaz (Sül. tym. 12:22).
16. Erkek adamyň maşgaladaky orny babatda Mukaddes Ýazgylar bilen bu dünýäniň garaýşynyň tapawudyny gürrüň beriň.
16 Biz maşgalada Hudaýyň beren borjuna çynlakaý garamaly. Şeýtanyň dünýäsi maşgalabaşynyň ornuny ýaňsylaýar. Filmlerde maşgalabaşy özüni oňarmaýan, ýalta we hormata mynasyp däl edip görkezilýär. Emma erkek adama uly jogapkärçilik berlen, çünki Injilde «erkek... aýalyň başydyr» diýilýär (Efes. 5:23; 1 Kor. 11:3).
17. Biz maşgala okuwyna gatnaşyp, jogapkärçilige çynlakaý garaýandygymyzy nädip görkezip bileris?
17 Erkek adam maşgalasynyň maddy taýdan aladasyny edip, ýöne ruhy taýdan aladasyny etmese, paýhassyzlyk bolar (Kan. tag. 6:6, 7). Eger sen maşgalabaşy bolsaň we ýygnakda jogapkärli borç almaga jan etseň, onda 1 Timoteos 3:4-e görä, sen «öýüňi oňat dolandyrmaly, doly agraslyk bilen çagalaryňa diýeniňi etdirmeli». Şol sebäpli özüňden: «Men maşgala okuwyny yzygiderli geçirmek üçin wagt tapýarynmy?» diýip sora. Käbir mesihçi aýallar ýanýoldaşyna ruhy taýdan etmeli borjuny ýalbaryp etdirmeli bolýarlar. Her bir maşgalabaşy Hudaý tarapyn berlen jogapkärçiligine çynlakaý garamaly. Mesihçi aýallar hem maşgala okuwynyň üstünlikli geçmegi üçin ýanýoldaşyny goldamaly.
18. Çagalar nädip jogapkärçiligi öwrenip biler?
18 Çagalar hem Ýehowa üstünlikli gulluk etmäge kömek etjek zatlara çynlakaý garamaly (Wag. 12:1). Çagalara ukybyna görä, güýjüniň ýetäýjek hojalyk işleri tabşyrylsa, olar yhlasly zähmet çekmegi öwrenerler (Ýerem. ag. 3:27). Dawut patyşa ýaşlygyndan gowy çopan, ökde aýdymçy we sazanda bolmagy öwrendi. Şeýdip, ol Ysraýylyň patyşasyna hyzmat etmek hormatyna eýe boldy (1 Sam. 16:11, 12, 18—21). Elbetde, ýaş Dawut oýnamagy gowy görendir; ýöne ol gelejekde Ýehowany şöhratlandyrmaga kömek etjek ukyplary-da ösdürdi. Onuň çopançylyk ukyby ysraýyl halkyna sabyr-takat bilen ýolbaşçylyk etmäge kömek etdi. Siz, ýaşlar, Ýaradyja gulluk etmäge we gelejekde jogapkärli borçlary almaga kömek etjek ukyplary özleşdirýärmisiňiz?
Paýhasly boluň
19, 20. Sen özüň we sežde babatda nähili garaýşy saklamagy ýüregiňe düwdüň?
19 Biz özümiz barada çendenaşa alada etmeli däl. Biz «juda dogry» bolmak islemeýäris (Wag. 7:16). Käbirleri öýde, işde we dogan-uýalaryň arasynda gaty agras bolman, degişmegi hem başarýarlar. Maşgala agzalary öýde agzybirligi saklamak üçin tankytçyl bolmakdan gaça durýarlar. Ýygnakda biziň ählimiz gülşüp degişmekden we gürrüňdeşlikden şatlyk tapmagy öwrenip bileris, ýöne biziň berýän tälimimiz, sözümiz abatlaýjy hem peýdaly bolmaly (2 Kor. 13:10; Efes. 4:29).
20 Bu dünýäniň adamlary Ýehowa we Onuň kanunlaryna çynlakaý garamaýarlar. Ýehowanyň halky bolsa, Oňa gulak asmagy we wepaly bolmagy örän wajyp hasaplaýarlar. Doly agraslyk bilen Ýehowa sežde edýän adamlaryň arasynda bolmak, gör, nähili ajaýyp! Geliň, ýaşaýşa we seždä çynlakaý garamagy ýüregimize düweliň!
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Biz näme üçin dünýäniň ýaşaýşa bolan biperwaý garaýşyny inkär etmeli?
• Biz nädip agras we şadyýan gulluk edip bileris?
• Jogapkärçilige bolan nähili garaýyş biziň agras ýa-da biperwaýdygymyzy görkezýär?
• Imandaşlara we maşgala agzalarymyza hormat goýmagyň wajypdygyny düşündiriň.