«Aýagyňyzyň ugruna dykgat ediň» we ilerläň
YSRAÝYLLYLAR b. e. öň 537-nji ýylda Babyldan çykanlarynda, Ýehowa olaryň Iýerusalime sag-aman barmagynyň aladasyny etdi. Ol şeýle diýdi: «Halkyň ýoluny taýynlaň! Çekiň, çekiň şaýoly, ony daşlardan arassalaň» (Iş. 62:10). Ýehudylaryň muňa nähili seslendiklerini göz öňüne getiren bolsaňyz gerek. Olar ýollary tekizläp, ýörejek ýodalaryny taýynladylar. Bu olaryň yzyndan gelýän doganlaryna ýurduna dolanmaga ýardam ederdi.
Bu waka bize ruhy maksatlarymyza ýetmäge kömek eder. Ýehowa gullukçylarynyň böwetsiz ýoldan ýöremeklerini isleýär. Onuň Sözünde şeýle diýilýär: «Aýagyň ugruna dykgat et, ähli ýollaryň berk bolar» (Sül. tym. 4:26). Biz bu maslahata eýersek, onuň peýdalydygyna göz ýetireris.
DOGRY KARARA GELIP, ÝODALARYŇYZY DOGRULAŇ
Siz adamlaryň ýaşlar hakda şeýle diýýänini eşidýänsiňiz: «Onuň gelejegi öňünde» ýa-da «Ol köp üstünlikler gazanyp biler». Adatça, ýaşlaryň saglyk ýagdaýy gowy bolýar, ähli zady çalt öwrenýärler we üstünlik gazanmaga güýçli islegi bolýar. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ýaşlaryň şöhraty olaryň güýçleridir» (Sül. tym. 20:29). Ýaşlar ukybyny we güýjüni Ýehowa gulluk etmäge sarp etse, ruhy maksatlara ýetip, hakykatdan bagtly bolup bilerler.
Bu dünýäde-de ukyply ýaşlar gymmat saýylýar. Meselem, mesihçi mekdepde gowy okaýan bolsa, mugallymlary we synpdaşlary oňa ýokary okuw jaýyna girip, üstünlik gazanmagy maslahat berip bilerler. Sportda ukyply ýaş dogan-uýalary şol ugurdan hünär edinmäge höweslendirýärler. Siz hem şeýle ýagdaýa düşüp görüpmidiňiz ýa-da şeýle synaga düşen ýaşlary tanaýarmysyňyz? Mesihçä dogry karara gelmäge näme kömek eder?
Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlary durmuşda iň gowy ýoly saýlamaga kömek edýär. Wagyz kitaby 12:1-de: «Juwanlygyňda... özüňi Ýaradany ýatla» diýilýär. Size ýa-da siziň tanaýan ýaşlaryňyza Ýaradyjyny ýatlamaga näme kömek edip biler?
Geliň, Günbatar Afrikada ýaşaýan Erika bilen bolan waka seredeliň. Ol futbol oýnamagy gowy görýärdi. Erik 15 ýaşyndaka, ýygyndy toparynda oýnamaga çagyryldy. Bu oňa tiz wagtdan Ýewropadaky ýokary sport okuwynda türgenleşmäge we gelejekde hünär edinmäge mümkinçilik berýärdi. Emma bu zatlar oňa «Ýaradyjyňy ýatla» diýen maslahata eýermäge kömek edermidi? Ýaşlar, siz Erik bilen bolan wakadan nähili sapak edinip bilersiňiz?
Erik mekdepde okaýarka, Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlaýar. Ol Ýaradyjymyzyň ähli kynçylyklary hemişelik ýok etjekdigini bilýär. Şol sebäpli Erik Hudaýyň islegini berjaý etmegiň paýhaslydygyna düşünýär. Ol sport ugrunda hünär edinmekden el çekip, suwda çokundyrylýar we ruhy taýdan ösüp başlaýar. Wagtyň geçmegi bilen, ol gulluk hyzmatçysy bolýar we soňra Sallah doganlar üçin mekdepde okamaga çagyrylýar.
Eger ol sport ugrundan hünär edinen bolsa, meşhur we baý adam bolardy. Emma Erik «baý adamyň mal-mülki onuň güýçli şäheridir; ol onuň hyýalynda belent diwar kimindir» diýen prinsipe gowy düşünýärdi (Sül. tym. 18:11). Hawa, baýlyk gorag berýändir öýtmek boş hyýaldyr. Galyberse-de, baýlyga kowalaşýan adamlar «köp sanjylar bilen özlerini gynaýarlar» (1 Tim. 6:9, 10).
Ýaşlaryň köpüsi doly wagtly gullugyň hakyky şatlyk we gorag berýändigine göz ýetirdiler. Erik şeýle diýýär: «Men Ýehowa doly wagtly gulluk edýän dogan-uýalaryň «toparyna» goşuldym. Bu iň gowy «topardyr»; men Ýehowanyň hakyky bagta we üstünlige eltýän ýeke-täk ýoly görkezendigine minnetdar».
Sen öňüňde nähili maksatlar goýduň? Sen dünýewi maksatlara däl-de, «ýollaryň berk bolar» ýaly, pioner gullugyna başlap bilermiň? («Uniwersitetiň berip bilmeýän bereketlerini aldym» atly çarçuwa serediň).
ÝOLUŇYZDAKY BÖWETLERI AÝRYŇ
Bir mesihçi är-aýal ABŞ-daky Beýtele baranda, Ýehowa höwes bilen gulluk edýän dogan-uýalary görýär. Uýamyz: «Biz bolelin ýaşamagy halys endik edinäýipdiris» diýýär. Soňra bu mesihçi maşgala köpräk gulluk etmegi ýüregine düwýärler.
Ilkibaşda, olara durmuşyny özgertmek mümkin däl ýaly bolup göründi. Bir gün olar gündelik aýady okanlarynda, Isanyň: «Meniň sözümi tutsaňyz, hakykatdan, Meniň şägirtlerim bolarsyňyz» diýen sözleri barada oýlanýarlar (Ýahýa 8:31). Olar: «Sada ýaşamak üçin köp zatlardan geçmeli bolsa-da, bu eden tagallaňa degýär» diýen netijä geldiler. Olar uly jaýyny we başga-da köp zatlaryny satyp, kömege mätäç ýygnaga geçdiler. Häzir olar diňe bir pioner bolup gulluk etmän, eýsem, Patyşalyk zallaryny gurmaga we welaýat kongreslerini gurnamaga kömek edýärler. Olar şeýle diýýär: «Biz sada ýaşamakdan we Ýehowanyň guramasynyň teklip edýän işlerini ýerine ýetirmekden lezzet alýarys».
RUHY TAÝDAN ÖSMEGI DOWAM EDIŇ
Süleýman patyşa: «Gözleriň göni ileri garasyn, göreçleriň göni öňüňe seretsin» diýdi (Sül. tym. 4:25). Sürüjiniň bar ünsüni barýan ugruna gönükdirişi ýaly, biz hem ünsümizi öňümizde goýan ruhy maksatlarymyza gönükdirmeli we olara ýetmäge päsgel berýän zatlardan gaça durmaly.
Sen nähili ruhy maksatlary goýup bilersiň? Meselem, doly wagtly gulluk etmegi maksat edinse bolar. Şeýle-de sen territoriýasy uly bolan we wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk edip bilersiň. Belki-de, ýygnakda ýaşulular we gulluk hyzmatçylar ýetmezçilik edýändir. Sen şeýle ýygnaklara kömek edip bilermiň? Bu babatda etrap gözegçisi bilen gürrüňdeş bolup bilersiň. Sen daş ýerde gulluk etmek isleýän bolsaň, etrap gözegçisinden şol ýerdäki ýygnaklar babatda maglumat bermegi haýyş edip bilersiňb.
Geliň, Işaýa 62:10-da aýdylanlary ýene bir gezek ýadymyza salalyň. Hudaýyň halkyna Iýerusalime barmak aňsat bolar ýaly, öňden barýan ýehudylar ýoly tekizlemek we arassalamak üçin köp tagalla etdiler. Eger sen mukaddes gullukda goýan maksatlaryňa ýetmek isleseň, eliňde baryny et. Sen Hudaýyň kömegi bilen olara ýetip bilersiň. Päsgelçilikleri ýeňmek üçin Ýehowadan akyldarlyk soramagyňy dowam et. Şonda sen Ýehowanyň «aýagyň ugruna dykgat etmäge» kömek edýändigini görersiň (Sül. tym. 4:26).
a Atlary üýtgedildi.
b «Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris» (rus.) kitabyna serediň (sah. 111, 112).