Ýehowanyň «gullary» bolmak
«Hudaýyň gullary bolduňyz». RIM. 6:22
1. Adamlaryň gul baradaky garaýşy Rimliler 6:22-de agzalýan guldan nämede tapawutlanýar?
KÖP adamlar gul diýlende, hiç bir zada hukugy, ygtyýary bolmadyk, zähmeti we durmuşy eýesiniň ygtyýarynda bolan adam barada pikir edýärler. Emma Hudaýyň guly bolmak düýbünden başga zady aňladýar. Hudaýyň Sözünde hojaýynyna höwes bilen gulluk edýän adamlar barada aýdylýar. Pawlus resul mesihçilere «Hudaýyň gullary» diýende, olaryň Ýehowany söýüp, Oňa mukaddes gullugy berjaý edýändiklerini aýtdy (Rim. 6:22). Hudaýyň guly bolmak nämäni aňladýar? Şeýtanyň we onuň dünýäsiniň guly bolmaz ýaly näme etmeli? Ýehowanyň guly bolmagyň nähili peýdasy bar?
«MEN HOJAÝYNYMY... SÖÝÝÄRIN»
2. a) Ysraýylly guly azatlyga çykmazlyga näme höweslendirýärdi? b) Gul gulagyny deşdirmek bilen nämäni görkezýärdi?
2 Musanyň ysraýyllylara beren kanuny Ýehowanyň guly bolmaklygyň nämedigine düşünmäge kömek edýär. Ýewreý gullaryna ýedinji ýyl azatlyga çykmaga rugsat berilýärdi (Müs. çyk. 21:2). Emma hojaýynyny söýýän we ony terk edesi gelmeýän gullar üçin, Ýehowanyň ajaýyp şerti bardy. Hojaýyn guluny gapynyň ýanyna ýa-da bosaga getirip, onuň gulagyny deşmelidi (Müs. çyk. 21:5, 6). Näme üçin? «Gulak asmak» jümlesi eşitmek we diňlemek bilen baglanyşyklydyr. Gul gulagyny deşdirmek bilen, mundan beýläk-de hojaýynyna gulak asyp hyzmat etmek isleýändigini görkezýärdi. Özüňi Hudaýa bagyş etmegi-de şuňa meňzetse bolýar. Biz özümizi Ýehowa bagyş edenimizde, Oňa höwes bilen gulak asmak isleýändigimizi görkezýäris, çünki biz Ony söýýäris.
3. Biz näme üçin özümizi Hudaýa bagyş etdik?
3 Biz suwda çokundyrylmazdan öň, Ýehowa gulluk etmegi ýa-da Onuň guly bolmagy ýüregimize düwdük. Biz özümizi Ýehowa bagyş edenimizde, Oňa höwes bilen gulak asyp, islegini berjaý etmegi söz berdik. Bizi muňa hiç kim mejbur etmedi. Hatda suwda çokundyrylan ýaş mesihçiler hem özüni Ýehowa bagyş edenlerinde, muny ata-enesine ýaranmak üçin däl-de, öz islegi boýunça etdiler. Biz gökdäki Hojaýynymyz Ýehowany söýýändigimiz üçin özümizi Oňa bagyş etdik. Ýahýa resul: «Hudaýyň söýgüsi Onuň buýruklaryny berjaý etmekdir» diýdi (1 Ýahýa 5:3).
BIZ AZAT, ÝÖNE GUL
4. «Dogrulyk gullary» bolmak üçin näme etmeli?
4 Ýehowanyň guly bolmak uly hormat! Biz Mesihiň töleg gurbanyna iman edip, günäniň gulçulygyndan azat bolýarys. Muňa garamazdan, biz bikämilligimize galýarys, ýöne Ýehowa bilen Isanyň ygtyýarynda bolmak isleýäris. Pawlus muny şeýle düşündirdi: «Siz-de özüňizi günä etmeklige öli, ýöne Rebbimiz Mesih Isada Hudaýa diri saýyň». Soňra ol şeýle maslahat berdi: «Boýun bolmak üçin özüňizi gul hökmünde kime tabşyrsaňyz, kime boýun bolsaňyz onuň, ölüm üçin günäniň ýa dogrulyk üçin tabynlygyň gullarydygyňyzy bilmeýärsiňizmi? Ýöne Hudaýa şükür, siz günäniň gullarykaňyz, tabşyrylan taglymatyňyzyň mazmunyna ýürekden boýun bolduňyz. Şeýle, günäden azat edilip, dogrulyk gullary bolduňyz» (Rim. 6:11, 16—18). Üns beren bolsaňyz, Pawlus resul «ýürekden boýun bolmalydygyny» aýtdy. Hawa, biz özümizi Ýehowa bagyş edip, «dogrulyk gullary» bolýarys.
5. Biz nämä garşy söweşmeli we näme üçin?
5 Biz özümizi Hudaýa bagyş edip, beren wadamyza görä ýaşamak üçin iki zada garşy söweşmeli. Birinjiden: bikämilligimize garşy. Pawlus hem şeýle söweşi alyp barandygy barada aýdýar: «Hudaýyň kanunyndan içki tebigatyma görä lezzet tapýaryn (TD). Öz synalarymda başga bir kanuny görýärin. Ol pikirimiň kabul eden kanunyna garşy söweşip, meni synalarymdaky günä kanunyna ýesir edýär» (Rim. 7:22, 23). Biz-de bikämil, şol sebäpli ten höweslerine garşy durmaly. Petrus resul: «Azatlar ýaly, öz azatlygyny erbetlige örtgi edinenler ýaly däl-de, Hudaýyň bendeleri ýaly geziň» diýip maslahat berdi (1 Pet. 2:16).
6, 7. Şeýtan dünýäni nädip özüne çekiji edip görkezýär?
6 Ikinjiden: jynlaryň goly astyndaky dünýä garşy. Bu dünýäniň hökümdary Şeýtan biziň Ýehowa we Isa wepalylygymyzy gowşatmak üçin dürli ýaraglary ulanýar. Ol bizi erbet täsirler arkaly synaga salyp, özüne tabyn etdirjek bolýar (Efesliler 6:11, 12-nji aýatlary okaň). Munuň üçin Şeýtan dünýäni özüne çekiji edip görkezýär. Ýahýa resul şeýle diýdi: «Dünýäni, dünýädäki zatlary söýmäň. Biri dünýäni söýýän bolsa, onda Atanyň söýgüsi ýokdur. Çünki dünýäde bolan ähli zatlary: ten höwesleri, göz höwesi we ýaşaýyş tekepbirligi Atadan däl, dünýädendir» (1 Ýahýa 2:15, 16).
7 Dünýädäki adamlar baýamak isleýärler. Şeýtan adamlary pul edinseler, bagtly bolup biljekdiklerine ynandyrjak bolýar. Söwda merkezleri harytlardan ýaňa hyryn-dykyn. Reklamalar bolelin ýaşamaga we göwnaçmalary birinji orunda goýmaga iterýär. Käbirleri dynç almaga we aýlanmaga dünýewi garaýyşly adamlar bilen bile gidýärler. Hawa, biziň ýaşaýşymyzy «gowulandyrmak» üçin hödürlenýän zatlaryň ählisi dünýäniň kadalaryna laýyk gelýär.
8, 9. Bize nähili howp abanýar we näme üçin?
8 I asyrda ýaşan käbir mesihçiler dünýewi garaýşa eýeripdirler. Petrus olar barada şeýle diýdi: «Olaryň zynadan doly, günäden gaýtmaz gözleri bolup, durnuksyz janlary duzaklaýandyrlar; ýürekleri açgözlülige öwrenişen gargyş siňen perzentlerdir. Olara azatlygy wada edýärler, özleri bolsa bozuklygyň gullarydyr. Sebäbi adam birinden ýeňilse, oňa gul kimin tabyndyr» (2 Pet. 2:13, 18, 19).
9 Eger biz «göz höwesimizi» kanagatlandyrmak islesek, onda azat bolmarys. Gaýtam, göze görünmeýän Şeýtan Iblisiň dünýäsiniň guly bolarys (1 Ýahýa 5:19). Maddy zatlaryň guly bolmak örän howply, çünki ondan gutulmak kyndyr.
IŇ GOWY ÝOL
10, 11. Şu günler Şeýtan, esasan, kimleri nyşana alýar we dünýewi bilim ýaşlara nähili kynçylyk döredýär?
10 Şeýtan şu günler hem How ene ýaly tejribesiz adamlary duzaga düşürmekçi bolýar. Ol, esasan-da, ýaşlara hüjüm edýär. Şol sebäpli ýaşlardan ýa-da başga adamlardan biri meýletinlik bilen Ýehowanyň guly bolanda, Şeýtan gahar-gazaba münýär. Hudaýyň bu duşmany özüni Ýehowa bagyş eden adamlaryň ählisiniň yhlasyny we wepalylygyny gowşatmak isleýär.
11 Indi bolsa, geliň, gulagyny deşdiren gul hakdaky mysala dolanalyň. Bu gul, ilkibaşda, agyry duýsa-da, soňra köşeşýär we hemişelik gul bolandygynyň alamatyny alýar. Ýaşlara-da deň-duşlaryndan tapawutlanýan ýoly saýlamak aňsat bolmasa gerek, hatda «agyryly» bolmagy mümkin. Şeýtan dünýäde dereje gazanmagy iň gowy ýol edip görkezýär, ýöne aslynda, iň gowy ýol — Ýehowa bilen dostlugyňy berkitmek. Isa: «Dogrulyga ajygyp-suwsanlar bagtlydyr, çünki olar doýup-ganarlar» diýdi (Matta 5:6). Mesihçiler Şeýtanyň däl-de, Ýehowanyň islegini berjaý etmek üçin özüni Hudaýa bagyş etdiler. Olar Ýehowanyň kanunyndan lezzet alyp, gije-gündiz şol barada oýlanýarlar (Zebur 1:1—3-nji aýatlary okaň). Emma ýokary okuw jaýlarynda okasaň, Ýehowa gulluk etmek barada oýlanmaga we ruhy zerurlyklaryňy kanagatlandyrmaga hiç hili wagt galmaýar.
12. Şu günler ýaşlaryň köpüsi nämäni saýlamaly bolýar?
12 Ýehowa sežde etmeýän hojaýyn mesihçi guluň ýaşaýşyny kynlaşdyryp bilýärdi. Pawlus Korintoslylara ýazan birinji hatynda şeýle diýdi: «Gulkaň çagyrylan bolsaň, gaýgy etme, ýöne azat bolmagy başarsaň, pursatdan peýdalan» (1 Kor. 7:21). Hawa, gulçulykdan azatlyga çykmak has gowudyr. Meselem, köp ýurtlarda orta bilim almak hökmany hasaplanýar. Mekdebi tamamlan okuwçylaryň okuwyny dowam etmäge mümkinçiligi bolýar. Eger mesihçi ýokary okuw jaýynda okamagy we dereje gazanmagy maksat edinse, azat bolup bilmez, çünki oňa Ýehowa doly wagtly gulluk etmek kyn bolar (1 Korintoslylar 7:23-i okaň).
ÝOKARY BILIMI SAÝLARMYSYŇYZ ÝA-DA IŇ ÝOKARY BILIMI?
13. Ýehowanyň gullukçylaryna haýsy bilim has köp peýda berer?
13 Pawlus Kolosedäki mesihçilere şeýle diýdi: «Ätiýajy elden bermäň! Mesih bilen däl-de, adam däpleri we dünýä ýörelgeleri boýunça dörän filosofiýa, boş aldaw bilen biri sizi ýesir edäýmesin!» (Kol. 2:8). Köp mugallymlaryň «adam däpleri... boýunça dörän filosofiýa, boş aldawlary» öwredýändigi mälim boldy. Ýokary bilim, şol sanda akademiýa okuwy köplenç talyplary tejribeli etmeýär we durmuşa taýýarlamaýar. Ýehowanyň gullukçylary bolsa, gerekli tärleri öwredýän we Hudaýa hyzmat etmek üçin sada ýaşamaga kömek edýän bilimi saýlaýarlar. Olar Pawlusyň Timoteosa beren şu maslahatyny ýürekden kabul edýärler: «Baryňa kaýyl bolup, Hudaýyň ýolundan ýöremek uly gazançdyr. Iýmäge, geýmäge zadymyz bar bolsa, bulara kaýyldyrys» (1 Tim. 6:6, 8). Mesihçiler bu dünýäde dereje we at-abraý gazanmaga däl-de, «maslahat hatlaryny» almaga, ýagny Isanyň şägirdi bolmaga kömek edýän adamlardan öwrenmäge jan edýärler. Şeýdip, olar başardygyndan köpräk wagyz etmäge çalyşýarlar (2 Korintoslylar 3:1—3-nji aýatlary okaň).
14. Filipililer 3:8-e görä, Pawlus Hudaýyň we Mesihiň guly bolmaklyga nähili garaýardy?
14 Geliň, Pawlus resul bilen bolan waka seredeliň. Ol ýehudy kanunçysy Gamaliýeliň terbiýesi astynda bilim aldy. Pawlusyň alan bilimini şu günler uniwersitetiň berýän bilimi bilen deňeşdirse bolýar. Ýöne Pawlus bu bilimi Hudaýyň we Mesihiň guly bolmak bilen deňeşdirende näme diýdi? Ol şeýle ýazdy: «Men Rebbim Isa Mesihi tanamagyň ajaýyp belentliginiň hatyrasyna ähli zady biderek saýýaryn. Men Onuň hatyrasyna ähli zatdan geçip, bularyň baryny çöp-çör saýýaryn. Men Mesihi gazanasym we Onuň bilen mäkäm birigesim gelýär. Men Kanuna daýanýan öz dogrulygyma däl, eýsem Mesihe bolan imana daýanýan, iman arkaly Hudaýdan bolan dogrulyga eýe bolasym gelýär» (Flp. 3:8). Şeýle garaýyş ýaş mesihçilere we olaryň mesihçi ata-enelerine bilim babatda paýhasly karara gelmäge kömek eder. (Surata serediň).
IŇ ÝOKARY BILIMIŇ PEÝDASY
15, 16. Ýehowanyň guramasy nähili bilim berýär we onuň maksady näme?
15 Ýokary okuw jaýlarynda talyplar nähili şertlerde okaýarlar? Ol ýerler ahlaksyzlygyň we bulagaýçylygyň mekany dälmi näme?! Üstesine-de, ewolýusiýa taglymaty öwredilmeýärmi? (Efes. 2:1, 2). Emma Ýehowanyň guramasynyň ýygnak duşuşyklarynda iň ýokary bilim berilýär we ol ýerde parahatlyk höküm sürýär. Biziň her birimiziň hepdede geçirilýän Wagyz mekdebinde okamaga mümkinçiligimiz bar. Şeýle-de durmuş gurmadyk pioner doganlar we durmuş guran pionerler üçin ýörite mekdepler bar. Bu mekdepleriň ählisi gökdäki Hojaýynymyz Ýehowa gulak asmaga kömek edýär.
16 Biz «Ýehowanyň Güwäçileriniň edebiýatlarynyň indeksi» ýa-da «Ýehowanyň Güwäçileriniň elektron kitaphanasy» (CD) (rus.) arkaly hazyna kimin ruhy bilimi tapyp bileris. Şeýle bilim Ýehowa sežde etmäge kömek edýär. Biz bu bilim arkaly başga adamlara Hudaýyň dosty bolmaga ýardam edip bileris (2 Kor. 5:20). Olar hem öz gezeginde başgalara kömek ederler (2 Tim. 2:2).
GULUŇ ALÝAN SYLAGY
17. Iň ýokary bilimi saýlamagyň näme peýdasy bar?
17 «Amanat pul» tymsalynda tabşyrygy ýerine ýetiren we agasynyň şatlygyna şärik bolan iki wepaly gula has köp ýumuş ynanyldy (Matta 25:21, 23-nji aýatlary okaň). Şu günler hem iň ýokary bilim şatlyk we sylag berýär. Geliň, Maýkl bilen bolan waka seredeliň. Ol mekdepde gowy okaýardy. Uniwersitete okuwa girmek meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin, mugallymlary ony söhbetdeşlige çagyrýarlar. Maýkl pioner bolmak üçin özüni eklär ýaly, hünärment mekdebine girjekdigini aýdanda, olar muňa örän geň galýarlar. Ol amatly pursady sypdyrdymy? Maýkl şeýle ýatlaýar: «Meniň Hudaýyň guramasynda pioner, häzir bolsa ýygnak ýaşulysy bolup öwrenýän bilimim has wajyp. Alýan bereketlerim we şatlygym gazanjak pulumdan has ýokary. Men, dogrudan-da, ýokary bilimi saýlamandygyma begenýärin».
18. Sizi iň ýokary bilimi saýlamaga näme höweslendirýär?
18 Iň ýokary bilim bize Ýehowanyň islegini bilmäge we Oňa gul kimin hyzmat etmäge kömek edýär. Bu bize «çüýreme gullugyndan azat edilip, Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowuşmaga» umyt berýär (Rim. 8:21). Galyberse-de, biz gökdäki Hojaýynymyz Ýehowany ýürekden söýmegi öwrenýäris (Müs. çyk. 21:5).