Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/10 sah. 17—20
  • Ýehowa bil baglap, bereket alýarys

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa bil baglap, bereket alýarys
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • AÝLANÝAN GÖZEGÇILIK IŞI WE GILEAD MEKDEBI
  • BIZ BEÝTELDE HÖWES BILEN GULLUK EDÝÄRIS
  • DURMUŞYMYZDA BOLAN KÄBIR ÖZGERIŞIKLER
  • BIZ SAPAK EDINMEGI ÖWRENDIK
  • Doly wagtly gullugyň berýän sylaglary
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Hoş geldiňiz!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Ruhy taýdan ösen doganlar bilen işleşmek uly bereket
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Ýehowa şatlyk bilen gulluk edýärin
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/10 sah. 17—20

TERJIMEHAL

Ýehowa bil baglap, bereket alýarys

Malkom Allen gürrüň berdi

Durmuşda käwagt her hili ýagdaýa düşýäris, ertir näme boljagyny-da bilmeýäris, hatda kyn günlere-de uçraýarys. Emma öz düşünjesine däl-de, Ýehowa bil baglaýan adamlar Onuň patasyny alýarlar. Biz muňa aýalym bilen bütin ömrümize Ýehowanyň bereketlerini alyp göz ýetirdik. Geliň, bu barada gysgaça gürrüň bereýin.

KAKAM bilen ejem 1919-njy ýylda Sidar-Poýntde (ABŞ-nyň Ogaýo ştaty) geçirilen Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň kongresinde tanşypdyrlar. Soňra olar şol ýyl toý edýärler. Men 1922-nji ýylda dünýä indim, doganym Pol bolsa iki ýyldan soň doguldy. Aýalym Greýs 1930-njy ýylda doguldy. Onuň ata-enesi Roý we Rut Howell Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň maşgalasynda terbiýe alypdy. Roý bilen Rutuň hem ene-atasy Mukaddes Ýazgylary öwrenýänlerdendi we Çarlz Teýz Rassell dogan bilen dostdy.

Men Greýs bilen 1947-nji ýylda tanyşdym we biz 1949-njy ýylyň 16-njy iýulynda toý etdik. Biz toýdan öň gelejegimiz barada aç-açan gürleşdik. Biz doly wagt gulluk ederis we çaga edinmeris diýen netijä geldik. 1950-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda ikimiz hem pioner bolup gulluk edip başladyk. 1952-nji ýylda bizi aýlanýan gözegçilik işine bellediler.

AÝLANÝAN GÖZEGÇILIK IŞI WE GILEAD MEKDEBI

Greýs ikimiz hem bu täze işimizde kömegiň gerekdigini duýýardyk. Men tejribeli doganlardan öwrenýärdim, şeýle-de Greýse hem kömek gözleýärdim. Men maşgalamyzyň köpden bäri dosty we tejribeli aýlanýan gözegçi dogan Marwin Houlinden: «Greýs gaty ýaş we tejribesiz. Sen oňa gowy wagyz etmegi öwreder ýaly, kimi maslahat berip bilersiň?» diýip soradym. Ol: «Tejribeli pioner uýa Edna Winkal oňa kömek edip biler» diýdi. Biraz wagtdan Greýs Edna uýa barada şeýle diýdi: «Men onuň bilen bile öýden-öýe wagyz edenimde, tolgunmaýardym, ol sözüni bölenlerinde, gürrüňi dowam edip bilýärdi we maňa-da adama näme diýmelidigini biler ýaly, ony diňlemegi öwretdi. Hakykatdanam, Ednanyň maňa uly kömegi degdi!»

Biz Greýs bilen Aýowa ştatynyň iki etrabynda we Minnesota hem Günorta Dakota ştatlarynyň käbir ýerlerinde gulluk etdik. Soňra bizi Nýu-Ýorkyň 1-nji etrabyna geçirdiler. Bu etraba Bruklin we Kuins şäherleri hem degişlidi. Şonda ikimiz hem işimizi başarmarys öýdendigimiz, şu günki ýaly ýadymyzda. Bu etraba «Bruklin Haýts» ýygnagy hem degişlidi, onuň duşuşyklary Beýteldäki Patyşalyk zalynda geçirilýärdi we onda köp tejribeli beýtelçiler bardy. Men şol ýygnakda birinji nutuk bilen çykyş edensoň, ýanyma Neýtan Norr dogan gelip: «Malkom dogan, bize näme etmelidigi barada maslahat ber. Eger sen bize mähirli maslahat berip kömek etmeseň, guramada kän bir gadyryň bolmajakdygyny unutma. Yhlasyň gowşamasyn!» diýen sözleri maňa örän täsir etdi. Ýygnakdan soň men muny Greýse gürrüň berdim. Biz Beýteldäki otagymyza baransoň, tolgunjymyzdan ýaňa agladyk.

«Cen bize mähirli maslahat berip kömek etmeseň, guramada kän bir gadyryň bolmaz. Yhlasyň gowşamasyn!»

Birnäçe aýdan soň, biz Gilead mekdebiniň 24-nji klasynda okamak üçin çakylyk aldyk. Biz ony 1955-nji ýylyň fewral aýynda tamamladyk. Gilead mekdebine gitmezden öň, missioner bolmajakdygymyzy öňünden aýtdylar. Biz mekdepde aýlanýan gözegçilik işini has ökdelik bilen ýerine ýetirmegi öwrenmelidik. Şeýle-de biz Gilead mekdebinde kiçigöwünli bolmagy öwrendik.

Mekdebi gutaransoň, bizi welaýat gözegçilik işine bellediler. Biziň welaýatymyza Indiana, Miçigan we Ogaýo ştatlary degişlidi. Biz 1955-nji ýylyň dekabr aýynda Norr dogandan hat alanymyzda, örän geň galdyk. Ol hatynda şeýle diýipdi: «Siz Beýtelde gulluk edip, ol ýerde galmak... ýa-da Beýtelde biraz gulluk edip, daşary ýurtda gulluk etmek isleýärsiňizmi? Şony maňa habar beriň. Ýöne hiç zady gizlemän, dogryňyzy aýdyň. Eger siz welaýat we etrap gözegçilik işini gowy görýän bolsaňyz, bu barada hem duýduryň». Bizi nirä belleseler-de, höwes bilen gulluk etjekdigimizi aýtdyk. Haýal etmän, ikimizi-de Beýtele çagyrdylar!

BIZ BEÝTELDE HÖWES BILEN GULLUK EDÝÄRIS

Men Beýtelde höwes bilen gulluk eden ýyllarym ABŞ-nyň ähli ýerindäki ýygnaklarda we kongreslerde çykyş edýärdim. Men Ýehowanyň guramasynda uly jogapkärçilik beriljek ýaş doganlary hem okadyp, kömek edýärdim. Iň soňy bütin dünýäde wagyz işine gözegçilik edýän bölümde Norr doganyň kätibi bolup işledim.

Gulluk bölüminde işlän ýyllarymy ýatlap begenýärin. Ol ýerde men Tomas (Bad) Salliwan bilen işleşdim. Ol öň köp ýyl şol bölümiň gözegçisi bolup gulluk edipdi. Emma men başga doganlardan hem köp zady öwrendim. Olaryň biri Fred Raskdi. Bir sapar men ondan: «Fred, sen näme üçin meniň hatlarymda käbir düzedişler edýärsiň?» diýip soradym. Ol güldi-de, şeýle gowy pikiri aýtdy: «Malkom, dilde bir zat aýdanyňda, söz bilen düşündirip bolýar, emma hat ýazanyňda, aýratynam, bu ýerden giden hat, mümkin boldugyndan, düşnükli we dogry bolmaly» diýdi. Soňra ol ýumşaklyk bilen: «Mert bol. Sen işiňi başarýarsyň, soňabaka has-da ökdeleşersiň» diýdi. Onuň aýdan mähirli sözlerini hiç haçan unutmaýaryn.

Greýs Beýtelde gulluk eden ýyllary her hili işleri etdi, beýtelçileriň otaglaryny hem arassalady. Ol bu işini gowy görýärdi. Häzirem şol ýyllar Beýtelde gulluk eden ýaş doganlar bilen görşenimizde, olar Greýse ýylgyryp: «Sen bize edil ejemiz ýaly bolup, düşegimizi ýygnamagy öwredipdiň» diýýärler. Şeýle-de Greýs abuna ýazylma, hat bölümlerinde we ses ýazýan studiýada işläpdi. Greýs Ýehowanyň guramasynda her hili işleri edip, nirede bolsa-da gulluk etmegi uly hormat we bereket saýmagy öwrendi. Ol şu günlerem bu zatlaryň gadyryny bilýär.

DURMUŞYMYZDA BOLAN KÄBIR ÖZGERIŞIKLER

1975-nji ýyllarda biz ene-atalarymyza köpräk kömek etmelidigimize düşündik. Iň soňy biz bir kyn meseläni çözmeli bolduk. Biz Beýtelden gitmek we gadyrly dogan-uýalarymyzdan aýrylyşmak islemeýärdik. Emma men ata-enelerimiziň aladasyny etmäge jogapkärdigimi duýýardym. Şol sebäpli biz biraz wagt geçensoň, ýagdaýymyz üýtgär we ýene-de gaýdyp geleris diýen umyt bilen Beýtelden gitdik.

Men eklener ýaly adamlaryň öýüne baryp haryt hödür edýän we olara hyzmat edýän kompaniýada işläp başladym. Başlygym maňa bu işi öwredende: «Adamlar bilen görüşmek üçin agşamlaryna olaryň öýlerine barmaly. Her agşam adamlary idemek örän wajyp» diýen sözleri hiç haçan ýadymdan çykmaýar. Men oňa şeýle jogap berdim: «Siz muny öz tejribäňizden aýdýandygyňyzy bilýärin we hormat goýýaryn. Ýöne meniň ruhy taýdan hem borjum bar, men muňa biperwaý garamaýaryn. Mundan beýläk hem garaýşymy üýtgetmerin. Men agşamlaryna adamlaryňka bararyn, emma sişenbe we penşenbe günleri agşam bolsa, örän wajyp ýygnak duşuşyklaryna barmaly». Men işim sebäpli ýygnak duşuşyklaryny sypdyrmandygym üçin, Ýehowa maňa ak patasyny berdi.

1987-nji ýylyň iýul aýynda ejem garrylar öýünde ölüm ýassygynda ýatyrka, biz onuň ýanyndadyk. Uly şepagat uýasy Greýsiň ýanyna gelip: «Hanym Allen, öýüňize gidip, biraz dynç alyň. Siziň gaýyneneňiziň ýanyndan aýrylmandygyňyzy hemmeler hem bilýär. Biraz köşeşiň, özüňiziň hem aladaňyzy ediň» diýdi.

1987-nji ýylyň dekabr aýynda gowy görýän Beýtelimizde gulluk etmek üçin, ýene-de anketa doldurdyk. Emma ertesi gün Greýsiň ýogyn içegesinde rak keselini tapdylar. Ol operasiýa edilip, keselinden gutuldy. Edil şol wagt biz Beýtelden ýygnagyňyzda gulluk ediň diýen haty aldyk. Şonuň üçin biz ýygnagymyzda yhlasly gulluk etmegi ýüregimize düwdük.

Soňra işimde Tehas ştatyna göçmäge mümkinçilik döredi. Bize maýyl howa gowy bolar diýip, şol ýere göçdük. Biz Tehasda 25 ýyla golaý ýaşaýarys we aladaçyl dogan-uýalar bilen ýakyndan dostlaşdyk.

BIZ SAPAK EDINMEGI ÖWRENDIK

Greýsiň ilki ýogyn içegesinde, soňra galkan görnüşli mäzinde, soňky gezek bolsa göwsünde rak bolupdy. Greýs hiç haçan hasratly durmuşyna zeýrenmeýär we maňa maşgalabaşy hökmünde tabyn bolup, gelen kararlarymy goldaýar. Köplenç Greýsden: «Näme üçin ikiňiz hem bagtly we şadyýan görünýärsiňiz?» diýip soranlarynda, ol munuň dört sebäbini düşündirýär. Ol şeýle diýýär: «Biz jana-jan dost. Biz ikimiz hemişe pikir alyşýarys. Şeýle-de günde gümür-ýamyr etmegi hem gowy görýäris. Biri-birimize gaharlansak, şol güni ýaraşman ýatmaýarys». Elbetde, biz käte biri-birimiziň göwnümize degsek, bagyşlap ýatdan çykarýarys. Şonuň üçin aramyzda agzalalyk bolmaýar.

«Ýehowa hemişe bil baglap, onuň ýol berýän synagyny kabul etmeli»

Biz başymyzdan geçiren ähli synaglardan özümize birnäçe gowy sapak edindik:

  1. Ýehowa hemişe bil baglap, onuň ýol berýän synagyny kabul etmeli. Hiç haçan öz düşünjäňe daýanmaly däl (Sül. tym. 3:5, 6; Ýer. 17:7).

  2. Islendik meselede görkezmäni Ýehowanyň Sözünden gözlemeli. Ýehowa we onuň kanunlaryna gulak asmak wajyp. Gelen kararyň ýa Hudaýa gulak asýandygyňy, ýa-da asmaýandygyňy görkezer. Munuň başga bir ýoly ýok (Rim. 6:16; Ýew. 4:12).

  3. Durmuşda Ýehowanyň öňünde ýagşy at gazanmakdan wajyp zat ýokdur. Baýlyga kowalaşman, Ýehowanyň işlerini birinji orunda goýmaly (Sül. tym. 28:20; Wag. 7:1; Mat. 6:33, 34).

  4. Eliňde baryny edip, Ýehowa yhlasly we netijeli gulluk eder ýaly doga etmeli. Bar ünsüňi başaryp bilmeýän zadyňa däl-de, başarýan zadyňa jemlemeli (Mat. 22:37; 2 Tim. 4:2).

  5. Ýehowanyň başga hiç hili guramany goldamaýandygyna we olara berekedini bermeýändigine göz ýetirdik (Ýahýa 6:68).

Biziň her birimiz Ýehowa 75 ýyldan gowrak gulluk edýäris. Är-aýal bolup bolsa, 65 ýyla golaý gulluk etdik. Ýehowa bile gulluk eden ýyllarymyz, hakykatdanam, ajaýyp döwürdi. Biz ähli dogan-uýalaryň hem Ýehowa bil baglap, bereketler aljakdygyna umyt edip, olar üçin doga edýäris.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş