Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/1 sah. 21—23
  • Her gün Hudaýy şöhratlandyr

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Her gün Hudaýy şöhratlandyr
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Beren wadaňyza görä ýaşaň
  • Başgalaryň aladasyny ediň
  • «Gije-gündiz» gulluk ediň
  • «Ählisini Hudaýy şöhratlandyrmak üçin ediň»
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • Doganlar, ruhda ekiň-de, jogapkärçilik almaga çalşyň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Ýehowanyň mähirliliginden hem-de alada edişinden görelde alyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Ýygnakdaky ornuňyzy gymmat saýyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/1 sah. 21—23

Her gün Hudaýy şöhratlandyr

DAWUT PYGAMBER: «Ertirine merhemetiňi maňa eşitdir... ýörejek ýolumy maňa bildir» diýip doga etdi (Zeb. 143:8). Siz Dawut pygamber ýaly irden oýananyňyzda täze gün üçin Ýehowa minnetdarlyk bildirip, karara gelmäge we paýhasly hereket etmäge görkezme soraýarsyňyzmy? Elbetde, siziň şeýle edýändigiňize ynanýarys.

Ýehowanyň gullukçylary «iýseler-de, içseler-de, her näme etseler-de, baryny Hudaýyň şöhraty üçin edýärler» (1 Kor. 10:31). Biz gündelik durmuşda Ýehowany şöhratlandyrýandygymyza ýa-da sylamaýandygymyza düşünýäris. Şeýle-de biz Hudaýyň Sözünden Isanyň doganlaryny, ýagny ýer ýüzündäki Hudaýyň ähli gullukçylaryny Şeýtanyň «gije-gündiz» aýyplaýandygyny bilýäris (Ylh. 12:10). Şol sebäpli, biz gökdäki Atamyza «gije-gündiz» gulluk edip, Şeýtanyň atan töhmetine jogap berip, Ýehowanyň ýüregini şatlandyrmagy ýüregimize düwdük (Ylh. 7:15; Sül. tym. 27:11).

Her gün Hudaýy şöhratlandyrmaga mümkinçilik berýän iki wajyp usula seredeliň. Birinjiden, biz ähmiýetli işleri esasy orunda goýmaly, ikinjiden, başgalaryň aladasyny etmeli.

Beren wadaňyza görä ýaşaň

Biz özümizi Ýehowa bagyş edende, bütin ýüregimiz bilen oňa gulluk etmegi wada berdik. Şeýle-de biz «her gün» we ebedi Ýehowanyň ýolunda ýöremegi söz berdik (Zeb. 61:5, 8). Biz beren wadamyza görä ýaşaýarysmy? Her gün Ýehowany ýürekden söýýändigimizi nädip görkezip bileris?

Ýehowa Mukaddes Ýazgylar arkaly beren tabşyryklaryny berjaý etmegimizi talap edýär (Kan. tag. 10:12, 13). Olaryň käbiri 22-nji sahypadaky «Hudaýyň tabşyryklary» diýen çarçuwada getirilýär. Hudaýyň beren bu tabşyryklarynyň ählisi wajyp. Şol bir wagtda bizden iki-üç zat etmek talap edilse, olaryň haýsysynyň wajypdygyny nädip çözüp bileris?

Hudaýyň Sözüni okap, doga edip, ýygnak duşuşyklaryna gatnaşyp we wagyz edip, gullugy birinji orunda goýýarys (Mat. 6:33; Ýahýa 4:34; 1 Pet. 2:9). Elbetde, biz uzak gün Hudaýa gulluk edip bilmeýäris. Sebäbi işleýäris, mekdepde okaýarys we maşgala borçlaryny ýerine ýetirýäris. Biz köp wagtymyzy işe we başga zatlara sarp etsek-de, bu Hudaýa gulluk etmäge, ýagny ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmaga päsgel bermeli däl. Meselem, biz rugsat günleri bir ýere gitmegi planlaşdyranda, aýlanýan gözegçiniň çykyşyny, kongresleri goýbermez ýaly göz öňünde tutmaly. Käwagt biz şol bir wagtda birnäçe borçlarymyzy ýerine ýetirip bilýäris. Mysal üçin, ýygnak duşuşyklary geçirilýän ýeri maşgalamyz bilen arassalap bilýäris ýa-da işde we mekdepde arakesme wagty işgärlerimize hem synpdaşlarymyza wagyz edip bilýäris. Biz bir zady, ýagny işi, mekdebi saýlanymyzda ýa-da dost edinenimizde, söýgüden doly Atamyz Ýehowa sežde etmegi birinji orunda goýmaly (Wag. 12:13).

Başgalaryň aladasyny ediň

Ýehowa biziň adamlara ünsli bolup, ýagşylyk etmegimizi isleýär. Şeýtan bolsa, diňe özüňi bilmeklige iterýär. Zalym dünýäde «özüni söýýän», lezzeti söýýän we «teninde ekýän» adamlar örän köp (2 Tim. 3:1—5; Gal. 6:8). Adamlaryň köpüsi edýän işleri başgalara kän täsir etmeýär öýdýär. Emma «ten işleri» ähli ýerde giňden ýaýran (Gal. 5:19—21).

Şeýle adamlar Ýehowanyň mukaddes ruhuna eýerip, söýgi hem mähribanlyk bildirýän we ýagşylyk edýän adamlardan nähili tapawutlanýar! (Gal. 5:22). Hudaýyň Sözünde beýlekileri özümizden üstün saýmalydygy aýdylýar. Şonuň üçin biz başga adamlaryň aladasyny etsek-de, olaryň işlerine goşulmaýarys (1 Kor. 10:24, 33; Flp. 2:3, 4; 1 Tim. 5:13). Esasanam, biz imandaşlarymyzyň aladasyny etmeli. Ýöne biz iman etmeýän adamlara-da kömek etmeli (Gal. 6:10). Siz şu günler adamlara ýagşylyk etmäge tagalla edýärsiňizmi? (23-nji sahypadaky «Sen kimiň aladasyny edip bilersiň?» diýen çarçuwa seret).

Biz diňe aýratyn wagtda ýa-da kä ýagdaýlarda başgalaryň aladasyny etmek bilen çäklenmeli däl (Gal. 6:2; Efes. 5:2; 1 Sel. 4:9, 10). Gaýtam, biz her gün adamlaryň ýagdaýyna düşünip, amatly bolmasa-da, olara gerekli kömegi bermäge jan edýäris. Biz ýürekden wagtymyzy, maddy zatlarymyzy sarp etmek we tejribämiz bilen paýlaşmak isleýäris. Biz eli açyk bolsak, Ýehowa jomartlyk bilen gaýtaryp berjekdigini wada berýär (Sül. tym. 11:25; Luka 6:38).

«Gije-gündiz» gulluk ediň

Hakykatdanam, Ýehowa «gije-gündiz» gulluk edip bolýarmy? Hawa, yzygiderli we yhlasy gulluk etsek, edip bolýar (Res. iş. 20:31). Biz her gün Mukaddes Ýazgylary okap, oýlansak, dyngysyz doga etsek, ýygnak duşuşyklarynyň hemmesine barmaga jan etsek, ähli mümkinçilikden peýdalanyp wagyz etsek, Hudaýa doly gulluk edip bileris (Zeb. 1:2; Luka 2:37; Res. iş. 4:20; 1 Sel. 3:10; 5:17).

Biz Ýehowa şeýle gulluk edýärismi? Şeýdip biz her gün ähli zatda Ýehowany razy ederis we Şeýtanyň aýyplamasyna jogap bereris. Biz ähli edýän işlerimizde we nähili ýagdaýa düşsek-de, Ýehowany şöhratlandyrmaga tagalla ederis. Sözümizde, özümizi alyp barşymyzda we karara gelenimizde Hudaýyň prinsiplerine eýerýäris. Biz Ýehowa doly bil baglap, oňa bar güýjümiz bilen gulluk edip, söýgi bilen edýän aladasyna we goldawyna minnetdarlyk bildirýäris. Biz bikämil we günä edýäris, şol sebäpli Hudaýyň öwüt-nesihatyny höwes bilen kabul edýäris (Zeb. 32:5; 119:97; Sül. tym. 3:25, 26; Kol. 3:17; Ýew. 6:11, 12).

Geliň, her gün Hudaýy şöhratlandyralyň. Şeýtmek bilen, janlarymyza dynçlyk taparys we gökdäki Atamyz biz barada söýgi bilen ebedi alada eder (Mat. 11:29; Ylh. 7:16, 17).

[22 sahypadaky ýazgy]

Hudaýyň tabşyryklary

• Erjellik bilen doga etmek (Rim. 12:12).

• Mukaddes Ýazgylary okamak hem-de durmuşda oňa eýermek (Zeb. 1:2; 1 Tim. 4:15).

• Ýygnakda Ýehowa sežde etmek (Zeb. 35:18; Ýew. 10:24, 25).

• Maşgala agzalarynyň maddy, ruhy we duýgy taýdan aladasyny etmek (1 Tim. 5:8).

• Hoş habary wagyz etmek we şägirt taýýarlamak (Mat. 24:14; 28:19, 20).

• Gowy dynç alyp, ruhy we duýgy taýdan hem-de jan-saglygyň aladasyny etmek (Mar. 6:31; 2 Kor. 7:1; 1 Tim. 4:8, 16).

• Ýygnakdaky borçlary ýerine ýetirmek (Res. iş. 20:28; 1 Tim. 3:1).

• Öýümizi we ýygnak geçirilýän ýerleri arassa saklamak (1 Kor. 10:32).

[23 sahypadaky ýazgy]

Sen kimiň aladasyny edip bilersiň?

• Gartaşan dogan-uýalaryň (Lew. 19:32).

• Keselden we göwnüçökgünlikden ejir çekýänleriň (Sül. tym. 14:21).

• Mätäç imandaşlaryň (Rim. 12:13).

• Maşgala agzalaryň (1 Tim. 5:4, 8).

• Ýanýoldaşy ýogalan imandaşyň (1 Tim. 5:9).

• Ýygnagyňdaky köp hyzmat edýän ýaşulularyň (1 Sel. 5:12, 13; 1 Tim. 5:17).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş