Siz ynamdar iş dolandyryjy!
«Siz özüňiziňki dälsiňiz» (1 KOR. 6:19).
1. Adamlar gulçulygy nähili göz öňüne getirýär?
IKI müň bäş ýüz ýyl mundan ozal, grek ýazyjysy: «Hiç kim öz islegi bilen gul bolmaýar» diýdi. Köpler şu sözler bilen ylalaşsa gerek. Gulçulyk diýlende, erk-ygtyýarsyz, özi üçin däl-de, agalyk edýän hojaýyny üçin mejbury işleýän, görgi görýän we rehimsiz urulýan adamlar göz öňüňe gelýär.
2, 3. a) Adamlar Mesihiň gullaryna nähili garaýarlar? b) Biz nähili soraglara serederis?
2 Muňa garamazdan, Isa pygamber hem şägirtleriniň kiçigöwünli gullar, ýagny hyzmatkärler boljakdygyny aýdypdy. Mesihçiler gul hasaplansa-da, olary hiç kim gul ýaly edip kemsitmeýär ýa-da rehimsiz daraşmaýar. Olar sylanýar, ynanylýar we hormat goýulýar. Meselem, Isa ölüminden soňra «hyzmatkäriň» peýda boljakdygy barada aýdýar. Ol «sadyk hem akylly hyzmatkäre» käbir işleri tabşyrjakdygyny öňünden aýdypdy (Mat. 24:45—47).
3 Üns beren bolsaňyz, Injiliň başga bir ýerinde şol hyzmatkäre «iş dolandyryjy» diýilýär (Luka 12:42—44-nji aýatlary okaň). Häzirki wepaly mesihçileriň köpüsi şol sadyk iş dolandyryjy toparyna degişli däl. Emma Mukaddes Ýazgylara laýyklykda, Hudaýyň ähli gullukçylaryna iş dolandyryjy diýse bolar. Eýsem, biziň nähili borçlarymyz bar? Şol borçlary nähili ýerine ýetirmeli? Munuň üçin, geliň, gadymy döwürde ýaşan iş dolandyryjylaryň borçlary barada gürrüň edeliň.
IŞ DOLANDYRJYLARYŇ BORJY
4, 5. Gadymy döwürde ýaşan iş dolandyryjylar nähili işleri ýerine ýetiripdirler?
4 Gadym wagtlarda hojaýyn öý hojalygyna ýa-da söwda işlerine seretmek üçin dolandyryjy edip ynamdar gullarynyň birini belläpdir. Adatça iş dolandyryjy hyzmatkäriň köp erk-ygtyýary bolup, ol hojalyga, pul serişdelerine we beýleki hyzmatkärlere gözegçilik edipdir. Meselem, Eligezer Ybraýymyň birgiden emlägine seretmek üçin jogapkärdi. Ybraýym ony Mesopotamiýa ogly Yshaga gelin tapmaga hem iberipdir. Gör, nähili jogapkärçilik! (Gel. çyk. 13:2; 15:2; 24:2—4).
5 Ybraýymyň çowlugy Ýusup hem Potiparyň bütin hojalygyna baştutanlyk edipdir (Gel. çyk. 39:1, 2, 4). Wagtyň geçmegi bilen, Ýusup hem öýüne seredýän «baş hyzmatkäri», ýagny iş dolandyryjyny belläpdir. Şol hyzmatkär Ýusubyň on doganyny garşy alyp, olaryň aladasyny edipdir. Oňa Ýusubyň doganlaryny kümüş käse bilen synamak jogapkärçiligi hem tabşyryldy. Hakykatdan-da, iş dolandyryja köp zatlar ynanylypdyr! (Gel. çyk. 43:19—25; 44:1—12).
6. Ýaşulularda nähili jogapkärçilik bar?
6 Ençeme asyrdan Pawlus resul mesihçi gözegçileriň «Hudaýyň öýüniň wekili», ýagny dolandyryjysy bolmalydygyny aýtdy (Titus 1:7). «Hudaýyň sürüsini» bakmak üçin bellenen gözegçiler maslahat berýärler we ýygnaga ýolbaşçylyk edýärler (1 Pet. 5:1, 2). Dogry, olar dürli-dürli jogapkärçilikleri ýerine ýetirýärler. Meselem, şu günler mesihçi gözegçileriň köpüsi bir ýygnaga hyzmat edýän bolsa, aýlanýan gözegçiler köp ýygnaklaryň aladasyny edýär. Filialyň komitetiniň agzalary bolsa birnäçe ýurtlardaky ýygnaklara seredýär. Şeýle doganlaryň ählisi borçlaryny wepaly berjaý edýärler, çünki olaryň hemmesi Hudaýa «hasabat bermeli» (Ýew. 13:17).
7. Näme üçin Hudaýyň ähli gullukçylaryna iş dolandyryjy diýse bolar?
7 Ýygnakda gözegçi bolup gulluk etmeýän beýleki wepaly mesihçiler barada näme diýse bolar? Petrus resul: «Hudaýyň dürli merhemetleriniň oňat dolandyryjysy kimin her kes öz alan sylagyna görä biri-birine hyzmat etsin» diýip, ähli mesihçilere hat ýazdy (1 Pet. 1:1; 4:10). Merhemete baý Ýehowa her birimize bilim, häsiýetler, ukyp we zehin berdi. Biz olary imandaşlarymyzyň peýdasyna ulanyp bileris. Şeýlelikde, Hudaýyň ähli gullukçylaryna iş dolandyryjy diýse bolar. Ýehowa bize ynanýar, hormat goýýar we beren ähli zatlaryny dogry ulanmagymyzy isleýär.
BIZ HUDAÝYŇKY
8. Biz haýsy wajyp prinsipi ýatda saklamaly?
8 Mesihçi iş dolandyryjylar üç prinsipi ýatda saklamaly. Geliň, şol prinsiplere seredeliň. Birinjiden, biziň ählimiz Hudaýyňky we oňa hasabat bermeli. Pawlus: «Siziň özüňiziňki däldigiňizi bilmeýärsiňizmi? Çünki siz bir baha alyndyňyz» diýýär. Şol baha Isanyň gurbanlyk ganydyr (1 Kor. 6:19, 20). Eger biz Ýehowanyňky bolsak, onda onuň tabşyryklaryna eýermäge-de borçly. Onuň tabşyryklary bolsa agyr däl (Rim. 14:8; 1 Ýahýa 5:3). Onsoňam, biz Mesihiň gullary. Gadymky iş dolandyryjylar ýaly, bize-de köp erkinlik berildi, ýöne şol erkinligiň çägi bar. Biz borçlary öwredilişi ýaly berjaý etmeli. Ýehowanyň guramasynda nähili jogapkärçiligimiz bolsa-da, biziň ählimiz Ýehowanyň we Isanyň hyzmatkärleridiris.
9. Isa hojaýynyň hyzmatkärinden nämä garaşýandygyny nädip düşündirdi?
9 Isa bize hojaýynyň hyzmatkärinden nämä garaşýandygyny düşündirdi. Bir gezek ol günuzyn işläp gelen hyzmatkär hakda tymsal aýdyp berdi. Hojaýyny oňa: «Tiz gel-de, saçak başyna geç» diýýärmi? Ýok. Gaýtam, ol hyzmatkärine: «Meniň agşamlygymy taýýarla, biliňi guşa-da, iýip-içýänçäm, maňa gulluk et, sen onsoň iýip-içersiň» diýýär. Eýsem, Isa tymsaly nähili düşündirdikä? «Siz hem özüňize buýrulan ähli zady berjaý edeniňizden soň: „Biz dereksiz hyzmatkärlerdiris, biz diňe öz wezipämizi berjaý etdik“ diýiň» (Luka 17:7—10).
10. Näme üçin Ýehowa gullukda edýän tagallamyzyň gadyryny bilýär diýse bolar?
10 Elbetde, Ýehowa biziň gullukda edýän ähli tagallamyzyň gadyryny bilýär. Injilde: «Hudaý siziň işiňizi... Öz adyna görkezen söýgiňizi unudar ýaly, adalatsyz däldir» diýilýär (Ýew. 6:10). Ýehowa bizden hiç haçan başarmajak zadymyzy talap etmeýär. Onsoňam, onuň talaplary bize peýdaly we hiç haçan ýük bolmaýar. Şeýle-de Isanyň aýdan tymsalyndan görnüşi ýaly, hyzmatkär şahsy bähbidini öňe sürüp, öz göwnünden turjak bolmandyr. Diýmek, biz hem ömrümizi Ýehowa bagyş edip, durmuşda öňürti onuň islegini berjaý etmegi ýüregimize düwdük, şeýle dälmi?
ÝEHOWA BIZDEN NÄME TALAP EDÝÄR?
11, 12. Bizde nähili häsiýet bolmaly? Biz nämeden gaça durmaly?
11 Ikinji prinsip: Iş dolandyryjylar hökmünde, biziň ählimiz birmeňzeş kadalar boýunça ýaşamaly. Dogry, mesihçiler ýygnagynda jogapkärçilik diňe käbir adamlara berilýär. Emma köp ýagdaýlarda ählimiz umumy talaplara laýyk gelmeli. Meselem, Isanyň şägirtleri we Ýehwanyň Güwäçileri hökmünde, biz birek-biregi söýmeli. Isanyň aýtmagyna görä, mesihçiler söýgi bilen tapawutlanmaly (Ýahýa 13:35). Emma biz diňe dogan-uýalary söýmek bilen çäklenmeýäris. Biz Ýehowa iman etmeýän adamlary-da söýmäge çalyşýarys. Şeýle söýgini bildirmek biziň her birimize başardar. Söýgini bildirmek biziň borjumyzdyr.
12 Şeýle-de bizden edepli bolmak, ýagny özümizi gowy alyp barmak talap edilýär. Biz Hudaýyň Sözünde ýazgarylýan işlerden we ýaşaýyşdan gaça durmak isleýäris. Pawlus: «Hudaýyň Patyşalygyny ne ahlaksyzlar, ne butparazlar, ne zynahorlar, ne gomoseksuallar, ne beçebazlar, ne ogrular, ne açgözler, ne arakkeşler, ne agzy paýyşlar, ne-de talaňçylar miras alar» diýdi (1 Kor. 6:9, 10). Hawa, Hudaýyň adalatly kadalary boýunça ýaşamak üçin tagalla etmek gerek. Elbetde, tagalla edeniňe degýär, sebäbi bu bize peýda getirýär, ýagny jan-saglygymyzy gowulaşdyrýar, adamlar bilen oňşukly ýaşamaga kömek edýär hem-de Hudaý bilen dostlugymyzy berkidýär (Işaýa 48:17, 18-nji aýatlary okaň).
13, 14. Ähli mesihçileriň nähili borjy bar we oňa nähili garamaly?
13 Ýadyňda bolsa, iş dolandyryjy köp işlemelidi. Biziňem köp işimiz bar. Hudaý bize gymmatly zady — hakykaty öwretdi. Ýehowa biziň şol hakykat bilimini başgalara-da gürrüň bermegimizi isleýär (Mat. 28:19, 20). Pawlus: «Adamlar bizi Mesihiň hyzmatçylary, Hudaýyň syrlarynyň wekilleri (iş dolandyryjylary, TD) hasap etmelidir» diýýär (1 Kor. 4:1). Pawlus resul adamlara «Hudaýyň syrlaryny», ýagny hakykaty aýtmalydygyna we öwretmelidigine düşünýärdi. Sebäbi bu Hojaýyn Isa Mesihiň tabşyrygydy (1 Kor. 9:16).
14 Aslynda, adamlara hakykaty gürrüň berip, olary söýýändigimizi subut edýäris. Dogry, mesihçileriň ýagdaýy dürli-dürli bolýar. Hemmeler köp gulluk edip bilmeýär. Ýehowa-da muňa gowy düşünýär. Ýöne bar güýjüň bilen gulluk etmek wajyp. Şeýdip, Hudaýy we ýakynymyzy janaýaman söýýändigimizi görkezeris.
Ynanylan ähli işleri wepaly ýerine ýetireliň.
WEPALY BOLMAK NÄME ÜÇIN WAJYP?
15—17. a) Iş dolandyryjy näme üçin wepaly bolmaly? b) Isa biwepalygyň nämä eltýändigini nädip düşündirdi?
15 Üçünji prinsip ýokarda aýdylan iki prinsip bilen baglanyşykly: Biz wepaly we ynama mynasyp bolmaly. Iş dolandyryjynyň gowy häsiýetleri we ukyplary bolmagy mümkin, ýöne ol borjuny ýerine ýetirmese ýa-da hojaýyna wepaly bolmasa, peýdasy ýok. Şeýlelikde, ökde hem başarjaň iş dolandyryjy bolmak üçin wepaly bolmak örän wajypdyr. Pawlusyň: «Iş dolandyryjylaryň her birinden wepaly bolmak talap edilýär» diýen sözleri hem ýadyňyzdadyr (1 Kor. 4:2, TD).
16 Eger wepaly bolsak, Ýehowa bizi sylaglar. Emma wepaly bolmasak, Ýehowany närazy ederis. Munuň şeýledigi Isanyň talant baradaky tymsalyndan görünýär. Hojaýynyň beren puly bilen «söwda eden» hyzmatkärler öwgüli sözleri eşitdi we sylaglandy. Beýleki hyzmatkär bolsa, hojaýynyň tabşyran işine sowuk-sala garany üçin, «erbet», «ýalta» we «peýdasyz» hyzmatkär adyny aldy. Onuň elinden talanty alyndy, özi bolsa daşaryk taşlandy (Matta 25:14—18, 23, 26, 28—30-njy aýatlary okaň).
17 Isa biwepalygyň nämäniň üstünden eltýändigini başga bir ýagdaýda-da düşündirdi. Ol şeýle diýdi: «Bir baý adamyň iş dolandyryjysy bar eken. Oňa: „Iş dolandyryjyň seniň mal-mülküňi dargadýar“ diýip şikaýat edýärler. Baý ony ýanyna çagyryp: „Sen barada meniň bu eşidýänlerim näme! Iş dolandyryşyň babatda hasabat ber, çünki sen indi iş dolandyryjy bolup bilmeýärsiň“ diýýär» (Luka 16:1, 2). Iş dolandyryjy hojaýynyň mal-mülküni dargadýar, şonuň üçin hem işden kowulýar. Bu bize-de sapak bolmaly! Biz Hudaýyň talaplaryny berjaý edip, hemişe wepaly bolmak isleýäris.
ÖZÜŇI BAŞGALAR BILEN DEŇEŞDIRMEK DOGRUMY?
18. Näme üçin özümizi başgalar bilen deňeşdirmeli däl?
18 Her kim özünden: «Men nähili iş dolandyryjy?» diýip, sorap biler. Ýöne özüňi başgalar bilen deňeşdirmek dogry däl. Bu babatda Injilde: «Her kim öz edýän hereketlerini derňesin... Şonda ol özüni başgalar bilen deňeşdirmezden, özüne guwanyp biler» diýilýär (Gal. 6:4). Edýän işlerimizi başgalaryňky bilen deňeşdirmegiň deregine, ýene-de nämeler edip biljekdigimiz hakda oýlanalyň. Şonda biz men-menlik etmeris ýa lapykeç bolmarys. Belki, ýagdaýymyz üýtgändir. Ýarawsyzlyk, garrylyk ýa-da dürli borçlar sebäpli, öňki edýän zatlarymyzy edip bilýän däldiris. Belki-de, häzir öňküden has köpräk etmäge ýagdaý dörändir. Eger şeýle bolsa, köpräk gulluk etmäge jan ederismi?
19. Eger bize käbir jogapkärçilikler berilmese, näme üçin ruhdan düşmeli däl?
19 Onsoňam, biz ýygnakda beýleki doganlar ýaly käbir jogapkärçilikleri almak isleýändiris. Meselem, dogan ýygnakda ýaşuly bolup gulluk etmek ýa-da kongresde çykyş etmek isleýändir. Şeýle jogapkärçiligi almak üçin talaplara laýyk gelmäge jan etmeli, ýöne ol garaşan wagtymyz berilmese, ruhdan düşüp ýörmeli däl. Belki, käbir borçlaryň bize irräk berilmeýändiginiň sebäpleri doly düşnükli däldir. Ýadyňda bolsa, Musa ysraýyl halkyny Müsürden çykarmaga taýyndyryn öýdýärdi, ýöne 40 ýyl garaşmaly bolupdy. Musa şol wagtyň dowamynda boýnuýogyn hem pitneçi halka ýolbaşçylyk etmek üçin gerekli häsiýetleri öwrendi (Res. iş. 7:22—25, 30—34).
20. Biz Ýonatanyň mysalyndan näme öwrenýäris?
20 Käte käbir jogapkärçilikler bize asla berilmezligi mümkin. Ýonatan şeýle ýagdaýa düşüpdi. Ol Şawulyň (Saulyň) ogludy, diýmek, Ysraýylyň indiki patyşasy bolmalydy. Ýöne Ýehowa Ýonatandan has kiçi Dawudy patyşa belledi. Ýonatan näme etdi? Ol Hudaýyň kararyna tabyn bolup, hatda Dawuda kömek etmek üçin janyny howp astyna saldy. Ol Dawuda: «Sen tutuş Ysraýyla patyşa bolmalysyň, men seniň weziriň bolmalydyryn» diýdi (1 Sam. 23:17). Biz Ýonatanyň mysalyndan näme öwrenip bileris? Ol hiç hili nägilelik bildirmedi. Dawuda göripçilik eden atasy Şawul ýaly bolmady. Biz hem jogapkärli borçlary ýerine ýetirýän doganlara göripçilik etmegiň deregine, häzirki borçlarymyzy gowy berjaý etmäge üns bermeli. Ýehowa Hudaý täze dünýäde gullukçylarynyň ähli dogry isleglerini kanagatlandyrar.
21. Biz Hudaýa gulluk etmek mümkinçiligine nähili garamaly?
21 Biz Hudaýyň iş dolandyryjylary hökmünde rehimsiz hojaýyna mejbury gulluk edýän hyzmatkärler ýaly däl. Muny hiç haçan unutmalyň. Tersine, Ýehowa bize häzirki soňky günlerde hiç haçan gaýtalanmajak işi, ýagny hoş habary wagyz etmegi tabşyryp, köp zat ynandy we hormat goýýar. Şeýle-de ol bize beren borçlaryny berjaý etmekde hem köp erkinlik berdi. Şoňa görä-de, geliň, wepaly iş dolandyryjy bolalyň. Älem-jahanda hemmelerden Beýik Ýehowa gulluk etmek mümkkinçiliginiň gadyryny bileliň.