Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w09 15/6 sah. 11—15
  • «Ýagşylyk etmäge yhlasly» boluň!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Ýagşylyk etmäge yhlasly» boluň!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Wagyzda we öwretmekde yhlasly bolmak
  • Yhlasly gulluk edýän ýaşlar
  • Duýduryşlara gulak asyp, yhlasly boluň
  • Gowy tertibiň ähmiýeti
  • Ýehowanyň öýüne yhlasly boluň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Siz «ýagşylyk etmäge yhlaslymy»?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Ýehowa bütin ýüregiň bilen gulluk et!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Siz geçmişde bolan wakalardan sapak edinýärsiňizmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
w09 15/6 sah. 11—15

«Ýagşylyk etmäge yhlasly» boluň!

«Mesih hemme ýazykdan gutulyp, Özüne degişli, ýagşylyk etmäge yhlasly halk bolmagymyz üçin, bizi tämizlejek bolup, Özüni biziň ugrumyzda pida etdi» (TITUS 2:14).

1. B. e. 33-nji ýylynyň nisan aýynyň onunda Isa ybadathana baranda näme etdi?

BIZIŇ ERAMYZYŇ 33-nji ýylynyň nisan aýynyň ony. Pasha baýramyna birnäçe gün galdy. Märeke Iýerusalimdäki ybadathana ýygnanyşdy. Isa ol ýere baranda näme etdi? Mattanyň, Markusyň we Lukanyň aýtmagyna görä, Isa ikinji sapar hem ybadathanadan ähli satyjy we alyjylary kowýar. Ol pul çalyşýanlaryň tekjelerini, kepderi satýanlaryň oturgyçlaryny ýykýar (Mat. 21:12; Mar. 11:15; Luka 19:45). Şeýle işi mundan üç ýyl öň eden hem bolsa, Isanyň yhlasy sowamady (Ýahýa 2:13—17).

2, 3. Biz Isanyň yhlasy diňe bir ybadathanany arassalamak bilen çäklenmändigini nireden bilýäris?

2 Matta Isanyň yhlasy diňe bir ybadathanany arassalamak bilen çäklenmändigini ýazýar. Şeýle-de ol ybadathanada körleri we agsaklary sagaltdy (Mat. 21:14). Mudan başga-da, Luka hoş habarynda Isanyň «her gün ybadathanada ders berýändigi» hakynda ýazýar (Luka 19:47; 20:1). Görşümiz ýaly, Isa yhlasly gulluk etmek bilen tapawutlandy.

3 Soňra Pawlus resul Titusa ýazan hatynda «Mesih hemme ýazykdan gutulyp, Özüne degişli, ýagşylyk etmäge yhlasly halk bolmagymyz üçin, bizi tämizlejek bolup, Özüni biziň ugrumyzda pida edendigini» düşündirýär (Titus 2:14). Biz şu günler «ýagşylyk etmekde» nädip yhlasly bolup bileris? Ýahudanyň gowy patyşalarynyň göreldesi bizi nädip ruhlandyryp biler?

Wagyzda we öwretmekde yhlasly bolmak

4, 5. Ýahudanyň dört patyşasy ýagşylyk etmekde yhlasyny nädip görkezdi?

4 Asa, Ýehoşafat, Hizkiýa, Ýoşiýa we başga ýehudylar Ýahudany butparazlykdan arassaladylar. Asa «keseki gurbanlyk sypalaryny, dikme daşlaryny döwüp, keramatly Aşera agajyny çapdy» (2 Tar. 14:3). Ýehoşafat Ýehowa yhlasly sežde edeni sebäpli «belent ýerleri we Aşera butlaryny döwdi» (2 Tar. 17:6; 19:3)a.

5 Hizkiýanyň Iýerusalimde gurnan Pasha baýramyny ýedi gün bellänlerinden soňra, «ähli ysraýyllylar Ýahudanyň şäherlerine gitdiler. Olar Ýahudanyň ähli ýerlerinde, Benýaminde, Efraýymda hem Manassede Aşera butlaryny çapyp, belent ýerleri we gurban berilýän sypalary döwüp, olardan hiç zat goýmadylar» (2 Tar. 31:1). Ýoşiýa sekiz ýaşynda patyşa boldy. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ol oglanka, patyşalyk eden döwrüniň sekizinji ýyly atasy Dawudyň Hudaýyny gözläp başlady. Patyşalygynyň on ikinji ýylynda Ýahuda bilen Iýerusalimi belent ýerlerden, dikme daşlardan, butlardan we heýkellerden arassalap başlady» (2 Tar. 34:3). Dört patyşa-da ýagşylyk etmäge yhlaslydy.

6. Näme üçin biziň wagyz gullugymyzy Ýahudanyň wepaly patyşalarynyň butparazlygy ýok etmekde eden tagallasyna deňese bolýar?

6 Şu günler bizem şeýle wajyp işe gatnaşyp, adamlara ýalan dini taglymatlardan we butparazlykdan azat bolmaga kömek edýäris. Biz öýden-öýe wagyz edenimizde her hili adamlara duş gelýäris (1 Tim. 2:4). Aziýaly bir gyz ejesiniň öýde birnäçe heýkele sežde edenini ýatlaýar. Ol heýkelleriň hak Hudaý däldigine düşünip, Hudaýy tanamak üçin doga edýärdi. Bir gün onuň gapysyny Ýehowanyň Güwäçileri kakdy. Olar hak Hudaýyň adynyň Ýehowadygyny aýtdylar. Ol butlar barada hakykaty bilip, örän begendi! Häzir ol yhlasly wagyz edip, adamlara ruhy taýdan kömek berýär (Zeb. 83:18; 115:4—8; 1 Ýahýa 5:21).

7. Ýehoşafatyň günlerinde Hudaýyň kanunyny öwredenleriň göreldesine biz nädip eýerip bileris?

7 Öýden-öýe wagyz edenimizde nädip hemmelere hoş habary aýdyp bileris? Ýehoşafat hökümdarlygynyň üçünji ýylynda, adamlara Ýehowanyň kanunyny öwretmek üçin bäş şazadany, dokuz lewilini we iki ruhanyny ähli şäherlere ýollaýar. Olar bu ýumşy şeýle gowy ýerine ýetirdi welin, hatda goňşy halklar Ýehowadan gorkup başlaýar (2 Taryhlar 17:9, 10-njy aýatlary okaň)b. Biz öýden-öýe dürli wagtda we günde wagyz edip, maşgala agzalarynyň birnäçesi bilen gürrüňdeş bolup bileris.

8. Biz nädip gullugymyzy giňeldip bileris?

8 Şu günler Hudaýyň gullukçylarynyň köpüsi wagyzçylaryň azlyk edýän ýerine göçüp, gulluk edýärler. Siz-de şeýle edip bilersiňizmi? Başga ýere göçmäge ýagdaýy bolmadyk wagyzçylar bolsa, daşary ýurtdan gelen adamlara wagyz etmäge çalyşýarlar. Meselem, 81 ýaşly Ron 32 dilde salamlaşmagy öwrendi, sebäbi ol ýaşaýan ýerinde dürli milletdäki adamlara duşýardy. Ol ýaňy-ýakynda köçede afrikaly är-aýal bilen ýoruba dilinde salamlaşdy. Olar Rondan: «Sen Afrikada bolduňmy?» diýip soradylar. Ol «ýok» diýip jogap berende, olaryň dilini nädip öwrenendigini sorady. Bu Rona wagyz etmäge mümkinçilik döretdi. Olar şatlyk bilen, birnäçe žurnaly alyp, ýaşaýan ýeriniň salgysyny berdi. Ron olar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwy geçiriler ýaly, olaryň salgysyny ýerli ýygnaga tabşyrdy.

9. Wagyzda Mukaddes Ýazgylardan aýat okamak näme üçin wajyp? Mysal getiriň.

9 Ýehoşafatyň buýrugy boýunça ähli ýere iberlen mugallymlarda «Ýehowanyň Kanun kitaby» bardy. Biz bütin dünýäde adamlara Mukaddes Ýazgylaryň esasynda öwretmäge tagalla edýäris, çünki ol Hudaýyň Sözüdir. Biz wagyzda Mukaddes Ýazgylardan aýatlary okap berenimizde, onuň ähmiýetini görkezýäris. Linda uýamyz öýden-öýe wagyz edende, bir aýal äriniň insult (beýnä gan inme) bolandygy sebäpli hemişe onuň ýanynda bolmalydygyny aýtdy. Ol: «Hudaý meni şeýle ýagdaýa salar ýaly, men näme etdim?» diýip aglady. Linda: «Men size bir wajyp zady aýdasym gelýär» diýdi. Soňra Ýakup 1:13-i okap, şeýle diýdi: «Biziň we dogan-garyndaşlarymyzyň çekýän ejirleri Hudaýyň berýän jezasy däl». Ol aýal Lindany mähirli gujaklady. Uýa gürrüňini şeýle dowam edýär: «Men oňa Mukaddes Ýazgylar arkaly teselli bermegi başardym. Käte biz adamlaryň öň hiç haçan eşitmedik aýatlaryny Mukaddes Ýazgylardan okap berýäris». Bu gürrüňdeşlikden soňra aýal bilen yzygiderli Mukaddes Ýazgylar okuwy geçirilip başlandy.

Yhlasly gulluk edýän ýaşlar

10. Ýoşiýa şu günki ýaş mesihçilere nähili görelde galdyrdy?

10 Geliň, ýene-de Ýoşiýanyň mysalyna dolanalyň. Ol çagalykdan Hudaýa hakykatda sežde edýärdi, 20 ýaşlarynda bolsa, butparazlyga garşy göreşdi (2 Taryhlar 34:1—3-nji aýatlary okaň)c. Şu günlerem ençeme ýaşlar Hudaýa yhlasly gulluk edýär.

11—13. Biz şu günler Ýehowa yhlasly gulluk edýän ýaşlardan näme öwrenip bileris?

11 Hanna Angliýada ýaşaýardy. Ol mekdepde fransuz dilini öwrenýärdi. Haçan-da 13 ýaşy dolanda, ol golaýdaky şäherde fransuz toparynyň döränini eşidýär. Kakasy onuň bilen ýygnak duşuşyklaryna gitmäge razylaşýar. Häzir Hanna 18 ýaşynda. Ol pioner bolup, fransuz dilinde yhlasly wagyz edýär. Sen adamlara Ýehowany tanamaga kömek etmek üçin, daşary ýurt dilini öwrenip bilersiňmi?

12 «Hudaýy şöhratlandyrýan maksatlar goýuň» diýen film Reýçele örän ýarady. Ol 1995-nji ýylda Ýehowa gulluk edip başlanda nähili pikirde bolandygyny ýatlap, şeýle diýýär: «Men hakykat ýüregimde berk ornaşandyr öýdýärdim. Emma filmi görüp, ençeme ýyl hakykata ýüzleý garandygyma düşündim. Men hakykat ugrunda göreşmeli hem-de wagyz etmäge, Mukaddes Ýazgylar şahsy okuwyny geçirmäge çynlakaý garamaly». Indi, Reýçel Ýehowa has yhlasly gulluk edýär. Netijesi nähili boldy? Ol şeýle gürrüň berýär: «Men Ýehowa ýürekden doga edip, oňa has ýakynlaşdym we Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenip, lezzet alýaryn. Mukaddes Ýazgylardaky wakalary janlandyryp göz öňüne getirýärin. Şu sebäpli men gullukdan has köp şatlyk tapýaryn. Ýehowanyň Sözüniň adamlara teselli berýändigini görmek örän ýakymly».

13 Lýuk atly ýaş mesihçini «Ýaşlaryň sowaly — Men durmuşymy nämä bagyş edeýin?» diýen film ruhlandyrdy. Ol filmi görüp, şeýle ýazýar: «Men öňümde goýan maksatlarym barada oýlandym. Men başgalaryň maslahatyna görä, köp pul gazanmak üçin, ilki ýokary bilim almagy, soň ruhy maksatlary goýmagy ýüregime düwüpdim. Şeýle maksatlar ruhy taýdan ösmäge ýardam etmän, gaýtam ruhy taýdan gowşadýar». Ýaş dogan-uýalar, siz, Hanna ýaly wagyz gullugyny giňeltmek üçin, mekdepde alan bilimiňizi nähili ulanyp bilersiňiz? Reýçeliň göreldesine eýerip, Hudaýy şöhratlandyrýan maksatlara ýetmäge jan edýäňmi? Lýukyň göreldesine eýerip, köp ýaşlaryň düşýän howply torundan gaça duruň.

Duýduryşlara gulak asyp, yhlasly boluň

14. Ýehowa nähili seždäni kabul edýär we şu günler näme üçin ahlak taýdan arassa bolmak kyn?

14 Hudaýyň halkynyň edýän seždesi Ýehowa ýaramly bolar ýaly, olar arassa bolmalydy. Işaýa pygamber şeýle duýdurdy: «Çykyň, çykyň! Ol ýerden çykyň, murdara galtaşmaň. Olaryň arasyndan çykyň, Ýehowanyň öýüniň esbaplaryny göterýänler, arassa boluň» (Iş. 52:11). Bu sözleri Işaýa ýazmazdan ençeme ýyl öň Asa patyşa Ýahudada ahlaksyzlyga garşy berk göreşdi (1 Patyşalar 15:11—13-nji aýatlary okaň)d. Ýüzlerçe ýyl soňra Pawlus resul Titusa «ýagşylyk etmäge yhlasly halk bolar» ýaly, Isa şägirtlerini tämizlejek bolup, özüni pida edendigini aýdýar (Titus 2:14). Şu günler ahlaksyz dünýäde, esasan, ýaşlara ahlak taýdan arassa bolmak kyn. Meselem, Hudaýyň ähli gullukçylary, ýagny ýaşlar hem gartaşanlar telewizorda, filmde görkezilýän, Internetde hem-de köçelerde reklama üçin asylan suratdaky bihaýa zatlara (pornografiýa) seretmezlik üçin seresap bolmaly.

15. Erbetligi ýigrenmäge bize näme kömek eder?

15 Biz Hudaýyň duýdurşyna gulak asyp yhlasly bolsak, ýamanlygy ýigrenmäge kömek eder (Zeb. 97:10; Rim. 12:9). Bir mesihçiniň aýtmagyna görä, biz bihaýalygy ýigrenip, onuň «özüne çekiji» täsirinden azat bolmaly. Magnitli iki daşy biri-birinden aýyrmak üçin, olaryň dartyş güýjünden has artyk güýç gerek. Şonuň ýaly, özüne çekiji bihaýa zatlara garşy durmak üçin köp tagalla etmeli. Biz onuň nähili zyýan ýetirýändigine düşünsek, ony ýigrenmek kyn bolmaz. Bir dogan Internetdäki bihaýa zatlary görkezýän sahypalara seretmek endigini ýeňmek üçin köp tagalla etdi. Ol kompýuteri maşgala agzalary görüp biler ýaly ýerde goýdy. Ol ahlak taýdan arassa we ýagşy işlere yhlasly bolmagy ýüregine düwdi. Dogan ýene-de bir aýgytly ädim ätdi. Onuň işi Internet bilen bagly bolandygy sebäpli, aýaly ýanyndaka Internete girmek kararyna geldi.

Gowy tertibiň ähmiýeti

16, 17. Özümizi alyp barşymyz, bizi synlaýan adamlara nähili täsir edýär? Mysal getiriň.

16 Ýehowanyň guramasyndaky ýaşlaryň özüni göreldeli alyp barşy, olara syn edýän adamlara-da, gowy täsir edýär! (1 Petrus 2:12-ni okaň). Bir adam Londonyň Beýtelinde çap edilýän maşyny bejerenden soň, Ýehowanyň Güwäçilerine bolan garaýşyny üýtgetdi. Onuň aýaly ýanýoldaşynyň başga garaýyşdadygyna üns berdi. Aýaly Ýehowanyň Güwäçileri bilen Mukaddes Ýazgylary öwrenýärdi. Öň ýanýoldaşy öýüne Güwäçileriň gelmegini islemeýärdi. Emma Beýtelde işläp gelenden soňra, oňa uly hormat goýandyklaryny ýatlap, olar barada ýagşy sözler aýtdy. Ol hiç kimiň hapa söz aýtmaýandygyna üns berdi. Ähli adamlar sabyrly we hoşniýetlidi. Aýratynam, oňa ýaş dogan-uýalaryň mugt we yhlasly işleýşi hem-de hoş habary ýaýratmak üçin wagtyny, güýjüni meýletin sarp edişleri täsir etdi.

17 Maşgalasyny eklemek üçin işleýän dogan-uýalar hem ýürekden zähmet çekýärler (Kol. 3:23, 24). Olaryň akýürekden çekýän zähmeti üçin, köplenç ýolbaşçylar olary sylap, şeýle işgärleri ýitirmek islemeýär.

18. Biz «ýagşylyk etmäge» nädip yhlasly bolup bileris?

18 Ýehowa bil baglap, onuň görkezmesine gulak asyp we ýygnak duşuşyklary geçirilýän ýeri arassa saklamak bilen, biz Ýehowanyň öýüne bolan yhlasymyzy görkezýäris. Şeýle-de biz wagyz we şägirt taýýarlamak işine doly gatnaşmak isleýäris. Biziň ýaş ýa-da garrylygymyza garamazdan, ahlak taýdan arassa galsak, bol bereketler alarys. Şonda biziň hemişe «ýagşylyk etmäge yhlasly halkdygymyzy» bilerler (Titus 2:14).

a Asa ysraýyllylaryň Ýehowa sežde edýän ýerlerini ýykman, ýalan taňrylara sežde edýän belentlikleri ýykan bolmaly. Belki, onuň hökümdarlyk eden döwrüniň ahyrynda belent ýerler dikeldilip, ony bolsa ogly Ýehoşafat ýykandyr (3 Pat. 15:14; 2 Tar. 15:17).

b 2 Taryhlar 17:9 Olar ýany bilen Ýehowanyň Kanun kitabyny alyp we Ýahudanyň ähli şäherlerine aýlanyp, halka öwredip başladylar. 10 Ýahudanyň töweregindäki ähli patyşalyklara Ýehowadan gorky indi we olar Ýehoşafat bilen söweşmediler.

c 2 Taryhlar 34:1 Ýoşiýa patyşa bolanda sekiz ýaşyndady we Iýerusalimde otuz bir ýyl hökümdarlyk etdi. 2 Ol Ýehowa ýaraýan işleri edip, saga-sola sowulmazdan, ata-babalary bolan Dawudyň ýolundan ýöredi. 3 Ol patyşalygynyň sekizinji ýylynda, ýetginjekkä ata-babalary bolan Dawudyň Hudaýyny gözläp başlady; on ikinji ýylynda bolsa, Ýahuda bilen Iýerusalimi belent ýerlerden, keramatly Aşera agajyndan, butlardan we heýkellerden arassalady.

d 1 Patyşalar 15:11 Asa ata-babalary bolan Dawut ýaly. Ýehowanyň nazarynda dogry zatlary etdi. 12 Ol ybadathanada ahlaksyzlyk edýän adamlary ýurtdan kowdy we ata-babalarynyň ýasan butlaryny ýok etdi. 13 Keramatly Aşera agajyna sežde etmek üçin, but ýasan enesi Magakany hem şa aýaly wezipesinden mahrum etdi. Asa ol ýigrenji buty çapyp, Kidron derýasynyň jülgesinde otlady.

Siz Mukaddes Ýazgylardan we şu günlerki mysallardan...

• wagyz we öwretmek işinde yhlasymyzy nädip görkezip bolýandygy barada näme bildiňiz?

• ýaş mesihçileriň «ýagşylyk etmekde» nädip yhlasly bolup bilýändigi barada näme bildiňiz?

• erbet endikden nädip gaça durup bolýandygy barada näme bildiňiz?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş