Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w14 15/3 sah. 7—11
  • Janaýamazlyk ruhuny ösdürmäge hiç zat päsgel bermesin!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Janaýamazlyk ruhuny ösdürmäge hiç zat päsgel bermesin!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • MUKADDES ÝAZGYLAR KEMÇILIKLERIŇI GÖRMÄGE KÖMEK EDÝÄR
  • ŞAWUL PATYŞA BILEN BOLAN WAKADAN SAPAK EDINIŇ
  • PETRUS ÖZÜNE DOGRY GARAMAGY ÖWRENDI
  • «Gulak asmaklyk gurbanlardan gowudyr»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • «Ýygnaklara asudalyk aralaşdy»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • Isa Sawuly saýlaýar
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Erbet iş edýänler düzelip bilermi?
    Beýik Mugallymdan öwreniň
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
w14 15/3 sah. 7—11

Janaýamazlyk ruhuny ösdürmäge hiç zat päsgel bermesin!

«Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin». MAT. 16:24

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Mukaddes Ýazgylar kemçiligimizi görmäge nädip kömek edýär?

  • Şawul patyşa bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

  • Petrus bilen bolan waka tekepbirligi ýeňip bolýandygyny nädip görkezýär?

1. Isa janaýamazlyk babatda nähili görelde galdyrdy?

ISA ýer ýüzünde ýaşanda, janaýamazlyk ruhunyň ajaýyp göreldesini galdyrdy. Ol Hudaýyň islegini berjaý etmek üçin, öz islegini we rahat ýaşaýşy inkär etdi (Ýahýa 5:30). Isanyň pürsdäki ölüme-de boýun egmegi onuň janaýamazlyk ruhunyň çäksiz güýçli bolandygyny görkezýär (Flp. 2:8).

2. Biz janaýamazlyk ruhuny nädip görkezip bileris we bu näme üçin wajyp?

2 Isanyň şägirtleri hökmünde biz hem janaýamazlyk ruhuny görkezmeli. Bu häsiýet nämäni aňladýar? Ýönekeý söz bilen aýdanyňda, janaýamaz adam başgalara kömek etmek üçin özünden geçýär, ol adamlaryň duýgusyny we islegini özüniňkiden ileri tutýar (Matta 16:24-i okaň; Flp. 2:3, 4). Isanyň öwretmegine görä, janaýamazlyk ruhy hakyky seždäniň düýbüdir, çünki ony bildirmäge söýgi höweslendirýär (Ýahýa 13:34, 35). Biz janaýamazlyk ruhuny bildirýän bütindünýä doganlygyň agzalarydygymyza çäksiz begenýäris!

3. Janaýamazlyk ruhuny ösdürmäge näme päsgel berýär?

3 Adamyň tekepbirlige bolan dogabitdi höwesi janaýamazlyk ruhuny ösdürmäge päsgel berýär. Adam ata we How ene bilen bolan wakany ýadymyza salalyň. Olar öz höwesini ileri tutdular: How ene Hudaý ýaly bolmak isledi, Adam ata bolsa aýalyna ýaranjak boldy (Gel. çyk. 3:5, 6). Şondan bäri Iblis adamlary tekepbirligiň duzagyna düşürmegini dowam edýär. Ol hatda Isany-da bu tora saljak boldy (Mat. 4:1—9). Şu günler Şeýtan dürli ýollar bilen ençeme adamlary tekepbirligiň duzagyna düşürýär. Eger seresap bolmasak, bu häsiýet bize-de täsir eder (Efes. 2:1, 2).

4. a) Biz tekepbirlige bolan dogabitdi höwesimizi doly aýryp bilerismi? Düşündiriň. b) Biz haýsy soraglara serederis?

4 Tekepbirligi demri zaýalaýan pos bilen deňeşdirse bolýar. Çygly ýerde duran demir poslap başlamagy mümkin. Eger munuň öňüni almasaň, demir çüýräp, derde ýaramsyz bolar. Biz bikämilligi we tekepbirlige bolan dogabitdi höwesimizi doly aýryp bilmesek-de, olaryň ýetirip biljek zyýanyndan ägä bolmaly hem-de elmydama olara garşy göreşmeli (1 Kor. 9:26, 27). Tekepbirligiň döräp başlandygyny nädip anyklap bolar? Janaýamaz bolmaga näme kömek eder?

MUKADDES ÝAZGYLAR KEMÇILIKLERIŇI GÖRMÄGE KÖMEK EDÝÄR

5. a) Mukaddes Ýazgylary näme üçin aýna bilen deňeşdirse bolýar? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Özümizi barlanymyzda nämeden gaça durmaly?

5 Aýnanyň daş keşbiňi düzetmäge kömek edişi ýaly, Mukaddes Ýazgylar hem içki dünýäňi barlap, ony düzetmäge kömek edýär (Ýakup 1:22—25-nji aýatlary okaň). Emma aýnanyň kömegi deger ýaly, ony dogry ulanmaly. Meselem, eger biz aýna ýüzleý seretsek, onda ujypsyz, ýöne ähmiýetli kemçiligimizi görmezligimiz mümkin. Ýa-da aýnany biraz gapdala öwürsek, onda özümizi däl-de, gapdalda duran başga birini, ýa-da başga zady göreris. Şonuň ýaly-da, özüňde tekepbirligiň dörändigini görmek üçin Mukaddes Ýazgylary wagtal-wagtal okamak ýeterlikli däl. Ýa-da ony kimdir biriniň kemçiligini görmek üçin okamaly däl.

6. Biz nädip kämil kanunda «durýarys»?

6 Meselem, biz Hudaýyň Sözüni her gün yzygider okasak-da, tekepbirligiň dörändigini görmezligimiz mümkin. Bu nädip beýle bolýar? Ýakubyň aýna baradaky mysalyna dolanalyň. Onda adamyň aýna ýüzleý seredendigi däl-de, öz-özüni ünsli «synlandygy» aýdylýar. Bu aýatda ünsli ýa-da dykgatly diýen grek sözi ulanylýar. Onda ol adamyň ýalňyşy nämedekä? Ýakup şeýle diýýär: «Ol... gidýär-de, nähilidigini şol bada unudýar». Hawa, ol aýnada özüni synlasa-da, daş keşbini düzetmeýär. Emma Ýakup üstünlik gazanan adamyň diňe bir «kämil kanuna, azatlyk kanunyna ýakyndan seretmän», eýsem, «onda durýandygyny» aýtdy. Ol Hudaýyň Sözündäki kämil kanuny okap, ondaky taglymatlara eýermek üçin jan edýär. Isa hem şuňa meňzeş pikiri nygtapdy: «Meniň sözümi tutsaňyz, hakykatdan, Meniň şägirtlerim bolarsyňyz» (Ýahýa 8:31).

7. Mukaddes Ýazgylar tekepbirlige garşy göreşmäge nädip kömek edýär?

7 Tekepbirlige garşy göreşmek üçin Hudaýyň Sözüni okamaly we ony çuňňur özleşdirmeli. Bu bize kemçiligimizi görmäge hem-de ony düzetmäge kömek eder. Meselem, bir wakany okap, özümize şuňa meňzeş soraglary bermeli: «Men şeýle ýagdaýda özümi nähili alyp barardym? Men dogry hereket ederinmi?» Şeýle-de okan zatlarymyzy durmuşda ulanmaga jan etmeli (Mat. 7:24, 25). Geliň, Şawul patyşa we Petrus resul bilen bolan waka seredeliň.

ŞAWUL PATYŞA BILEN BOLAN WAKADAN SAPAK EDINIŇ

8. Şawul başda nähili adamdy we ol muny nädip görkezdi?

8 Tekepbirlik möwç alanda, janaýamazlyk ruhuna orun galmaýar. Muny Şawul patyşa bilen bolan waka aýdyň görkezýär. Ol patyşa edip bellenende kiçigöwünlidi (1 Şam. 9:21). Hatda käbirleri Şawula garşy çykanlarynda, ol Ýehowanyň bellän patyşasy hökmünde olary jezalandyryp bilerdi, emma ol beýle etmedi (1 Şam. 10:27). Şeýle-de Şawul patyşa ammonlara garşy söweşde Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýerdi we ýeňiş gazananda kiçigöwünlilik bilen Ýehowany şöhratlandyrdy (1 Şam. 11:6, 11—13).

9. Şawul nädip tekepbirlige ýol berdi?

9 Wagtyň geçmegi bilen, Şawul özüni ýokary tutup, demri zaýalaýan pos kimin tekepbirlige ýol berdi. Ol amaleklere garşy söweşde Ýehowa gulak asman, öz höwesini öňe sürdi. Ol Hudaýyň tabşyrygy boýunça duşmanlary ýok etmegiň deregine, açgözlük edip, öz bähbidini ileri tutdy. Mundan başga-da Şawul özüne ýadygärlik oturtdy (1 Şam. 15:3, 9, 12). Şamuwel pygamber oňa Ýehowanyň göwnünden turmandygyny aýdanda, ol özüni aklap, başgalary günäkärleýär we Hudaýyň käbir tabşyrygyny ýerine ýetirendigini aýdýar (1 Şam. 15:16—21). Ol Hudaýyň razylygyny gazanmagyň deregine, ulumsylygyň toruna düşýär we halkyň öňünde abraýyny dökmejek bolup jan edýär (1 Şam. 15:30). Janaýamazlyk ruhuny ösdürmek üçin, biz Şawul bilen bolan wakany nädip aýna kimin ulanyp bileris?

10, 11. a) Janaýamazlyk babatda Şawul bilen bolan wakadan näme öwrenýäris? b) Şawula meňzemez ýaly näme etmeli?

10 Biz Şawul bilen bolan wakadan şeýle sapak edinip bileris: birinjiden, janaýamazlyk ruhuny birki gezek görkezen adamyň elmydama janaýamaz boljakdygyny aňlatmaýar (1 Tim. 4:10). Şawul ençeme ýagşy işleri edip, Hudaýyň merhemetini gazansa-da, soňra tekepbirligiň duzagyna düşdi. Ahyrsoňy, Ýehowa Şawuly gulak asmazlygy üçin terk etdi.

11 Ikinjiden, biz diňe bir edýän ýagşy işlerimize üns berip, kemçiliklerimize kembaha garamaly däl. Ýogsam bizi aýna seredende ýüz keşbiniň hapasyna üns bermän, geýen täze eşiginden göwni hoşal adama meňzetse bolar. Biz erbet ýola iterýän islendik häsiýetiň döremeginden gaça durmaly. Biz berlen maslahata eýersek, özümizi aklamarys, kemçiligimize kembaha garamarys ýa-da başgalary günäkärlemeris. Hawa, Şawuldan görelde alman, maslahaty kabul etmäge taýýar bolsak, paýhasly bolar (Zebur 141:5-i okaň).

12. Agyr günä eden bolsak, janaýamazlyk ruhy nädip kömek eder?

12 Eger agyr günä eden bolsak näme? Şawul halkyň öňünde abraýyny saklajak bolup, Ýehowa bilen dostlugyny ýitirdi. Emma janaýamazlyk ruhy etmişiňi boýun alyp, berilýän kömegi kabul etmäge ýardam eder (Sül. tym. 28:13; Ýakup 5:14—16). Meselem, bir dogan 12 ýaşyndan başlap, on ýyldan gowrak gizlinlikde pornografiýa görüpdir. Ol şeýle ýatlaýar: «Pornografiýa görýändigimi aýalyma we ýygnak ýaşulularyna aýtmak aňsat bolmady. Emma men etmişimi boýun alanymda, egnimden agyr ýük aýrylan ýaly boldy. Meni gulluk hyzmatçy borjumdan aýranlarynda, käbir dostlarym özlerini aldanan ýaly duýdular. Ýöne men häzir Ýehowa gulluk edip, Onuň göwnünden turýandygymy bilýärin, bu bolsa meniň üçin has wajyp».

PETRUS ÖZÜNE DOGRY GARAMAGY ÖWRENDI

13, 14. Petrus tekepbirligiň duzagyna nädip düşdi?

13 Petrus resul Isanyň ýanynda ýöräp, janaýamaz bolmagy öwrense-de, tekepbirlige bolan höwesi bilen göreşýärdi (Luka 5:3—11). Bir gezek Ýakup bilen Ýahýa resul Isadan Hudaýyň Patyşalygynda hormatly orun bermeklerini haýyş edenlerinde, Petrusyň muňa juda gahary geldi. Ol şeýle orun özüne berilmeli öýden bolmaly, sebäbi Isa oňa aýratyn ýumuş tabşyrypdy (Mat. 16:18, 19). Her näme-de bolsa, Isa Ýakuba, Ýahýa, Petrusa we beýleki resullara-da özüňi ýokary tutmakdan ägä bolmalydygyny maslahat berdi (Mar. 10:35—45).

14 Isa Petrusyň garaýşyny düzetmäge çalyşsa-da, ol tekepbirligiň duzagyna düşdi. Isa resullaryna: «Menden ýüz dönderersiňiz» diýende, Petrus göwnüýetijilik bilen diňe özüniň wepaly galjakdygyny gaýtalap-gaýtalap aýtdy (Mat. 26:31—33). Ol näçe janyksa-da, janaýamazlyk ruhuny görkezip bilmedi we şol gije üç gezek Isadan dändi (Mat. 26:69—75).

15. Petrus nähili ajaýyp görelde galdyrdy?

15 Petrus kemçilikler goýberse-de, bize ajaýyp görelde galdyrdy. Sebäbi ol nädogry höweslerini ýeňmek, özüňe erk etmek we janaýamaz söýgini görkezmek üçin tagalla etdi hem-de Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegine bil baglady (Gal. 5:22, 23). Ol hötdesinden gelip bilmedik ençeme kynçylyklara soň döz geldi. Pawlus resul ony märekäniň öňünde paş edende-de, Petrus kiçigöwünlilik görkezdi (Gal. 2:11—14). Ol abraýdan düşendirin öýdüp, Pawlusdan kine etmedi. Petrus oňa «söýgüli doganymyz» diýýärdi (2 Pet. 3:15). Petrusyň mysaly bize janaýamazlyk ruhuny ösdürmäge kömek edip biler.

Petrus paş edilende özüni nähili alyp bardy? Biz şeýle ýagdaýda näme ederis? (15-nji abzasa serediň)

16. Kyn ýagdaýlarda janaýamazlyk ruhuny nädip görkezip bileris?

16 Geliň, häzir kyn ýagdaýda özüňi nähili alyp barmalydygyna seredeliň. Petrusy we beýleki resullary wagyz edendikleri üçin türmä basyp ýenjenlerinde, olar «Reb Isanyň ady üçin masgaraçylyk çekmäge mynasyp bolandyklaryna» begendiler (Res. iş. 5:41). Biz hem yzarlamalara uçranymyzda, muňa Petrusdan görelde almaga we Isanyň yzyna eýermäge mümkinçilik hökmünde garasak, janaýamazlyk ruhuny görkezip bileris (1 Petrus 2:20, 21-nji aýatlary okaň). Şeýle garaýyş hatda ýygnak ýaşulularynyň beren maslahatyna gaharlanman, ony kabul etmäge kömek eder (Wag. 7:9).

17, 18. a) Ruhy maksatlar babatda özümize nähili soraglary bermeli? b) Tekepbirligiň dörändigini duýsak näme etmeli?

17 Petrusyň göreldesi bize ruhy maksatlarymyza-da ýetmäge kömek eder. Munuň üçin janaýamazlyk ruhuny ösdürmeli. Emma ony abraý gazanmak üçin etmeli däl. Şol sebäpli özümize şeýle soraglary bereliň: «Meni ruhy taýdan ösmäge ýa-da Ýehowa köpräk gulluk etmäge näme höweslendirýär? Men Ýakup we Ýahýa ýaly özümi şöhratlandyrmak hem abraý gazanmak isleýärinmi?»

18 Siz tekepbirligiň döräp başlandygyny duýsaňyz, Ýehowadan kömek soraň; özüňizi däl-de, Ýehowanyň adyny şöhratlandyrmagyň aladasyny ediň (Zeb. 86:11). Şeýle-de öňüňizde maksat goýanyňyzda, muny abraý gazanmak üçin etmäň. Size käbir ýagdaýlarda mukaddes ruhuň miwesini görkezmek kyn bolsa, onda üstüňizde işläň. Mümkin, siz ýygnak duşuşyklaryna yhlasly taýýarlanyp, Patyşalyk zalynyň arassalaýyş işine höwessiz gatnaşýansyňyz. Onda size Rimliler 12:3-däki (okaň) maslahat peýdaly bolup biler.

19. Biz kemçiligimizi görüp, ruhdan düşsek näme edip bileris?

19 Biz aýna kimin Hudaýyň Sözi arkaly özümizi barlanymyzda kemçiligimizi görüp, ruhdan düşmegimiz mümkin. Şonda Ýakubyň mysalyny ýadymyza salalyň. Onda adamyň özünde gören kemçiliklerini şol bada düzedendigi aýdylmaýar. Ýakup: «(Ol) kämil kanuna, azatlyk kanunyna ýakyndan seredip... onda durdy» diýýär (Ýakup 1:25). Diýmek, ol kemçiliklerini ýatdan çykarmandyr we olaryň üstünde işlemek üçin tagalla edipdir. Biz hem özümize we bikämilligimize dogry garamagy öwrenmeli (Rimliler 3:23-i okaň). Geliň, mukaddes kanuny çuňňur özleşdirip, janaýamazlyk ruhuny ösdürmegimizi dowam edeliň! Ýehowa ençeme bikämil dogan-uýalarymyza merhemetini gazanmaga kömek etdi we olara berekedini eçdi; Ol bize-de kömek etmäge taýyndyr.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş