Sowally bukja
◼ Mukaddes Ýazgylar okuwy gapynyň agzynda geçirilende doga etmelimi?
Mukaddes Ýazgylar okuwy geçirilende, onuň öňünden we soňundan doga etmeklik peýdalydyr. Biz doga etmek bilen Ýehowadan mukaddes ruhy diläp, gürrüňdeşligi patalamagyny soraýarys (Luka 11:16). Şeýle-de doga etmek bilen, biz okuw geçýän adamyň okuwa çynlakaý garamagyna we doga etmegi öwrenmegine kömek edýäris (Luka 6:40). Şol sebäpli näçe ir doga etmäge başlasaňyz, şonça-da gowy bolar. Emma ýagdaýlar dürli-dürli bolýar, şonuň üçin Mukaddes Ýazgylar okuwyny gapynyň agzynda geçirende doga etmelimi ýa-da etmeli däldigini bilmek üçin düşgürlik gerek.
Şoňa görä-de, biz ýagdaýy göz öňünde tutmaly. Eger-de okuw yzygiderli we päsgelçiliksiz ýerde geçirilýän bolsa, onda sapagyň başynda hem-de ahyrynda gysgaça doga etse bolar. Emma adamlar bize syn edýän bolsa we okuw geçýän adam özüni oňaýsyz duýsa, onda päsgelçiliksiz ýerde geçirilende doga etsek gowy bolar. Mukaddes Ýazgylar okuwy nähili ýagdaýda geçirilsede, haçan doga etmelidigini bilmek üçin paýhasly bolmaly (2005-nji ýylyň mart aýynda çykan «Hudaýa gullugymyza» serediň, sah. 4).