Iblisiň duzaklaryndan seresap boluň!
«Olar... iblisiň duzagyndan gutular» (2 TIM. 2:26).
1, 2. Biz bu makalada Iblisiň haýsy duzaklary barada gürrüň ederis?
IBLIS Ýehowanyň halkyny yzarlaýar. Onuň esasy maksady awçy ýaly oljasyny öldürmek däl-de, ony diri ele salyp, özüne tabyn etdirmekdir (2 Timoteos 2:24—26-njy aýatlary okaň).
2 Awçy oljasyny diri tutmak üçin dürli usullary ulanýar. Meselem, ol awuny tutar ýaly tor gurýar ýa-da ony duýdansyz tutmak üçin gizlenýär. Şeýtan hem Hudaýyň gullukçylaryny diri ele salmak üçin şeýle usullary ulanýar. Biz olardan gaça durar ýaly oýa bolmaly we Şeýtanyň gurýan duzaklary ýa-da torlary baradaky duýduryşlary ünsden sowmaly däl. Biz bu makalada Iblisiň üstünlikli ulanýan üç torundan nädip ägä bolmalydygyna serederis: 1) erk edilmeýän dil, 2) gorky we adamlaryň täsiri, 3) özüňi çendenaşa günäkärlemek. Indiki makalada bolsa, Şeýtanyň ulanýan başga-da iki duzagyna ýa-da toruna serederis.
DIL OTDUR
3, 4. Dilimize erk etmesek nämä eltip biler? Mysal getiriň.
3 Awçy haýwanlary tutmak üçin, olaryň gizlenip ýatan ýerini otlamagy mümkin. Şonda haýwanlar ol ýerden çykanda, awça olary tutmak aňsat bolýar. Iblis hem mesihçi ýygnaklarynda, göçme manyda, ot ýakýar. Ol dogan-uýalary şol howpsuz ýerden çykaryp, duzaga düşürmek isleýär. Biz nädip bilmezlikden Iblisi goldap, onuň toruna düşmegimiz mümkin?
4 Ýakup şägirt dili oda meňzetdi (Ýakup 3:6—8-nji aýatlary okaň). Eger biz dilimize erk etmesek, onda, göçme manyda, ýygnakda güýçli ot ýakarys. Muňa näme sebäp bolup biler? Geliň, bir ýagdaýy göz öňüne getireliň. Ýygnak duşuşygynda dogan bir uýanyň pioner bolandygyny bildiriş edýär. Duşuşykdan soň, iki wagyzçy bu bildiriş hakynda gürrüňdeş bolýarlar. Olaryň biri begenip, pioner bolan uýa gowy arzuwlar edýär. Beýlekisi bolsa, ol uýanyň niýetiniň gowudygyna şübhelenýär we ýygnakda abraý gazanmak üçin pioner bolandygyny aýdýar. Sen bu iki wagyzçynyň haýsysy bilen dost bolmak islärdiň? Olaryň haýsysynyň ýygnakda ot ýakjak bolýandygyny bilmek kyn däl.
5. Dilimize erk eder ýaly näme üçin ýüregimizi barlasak peýdaly bolar?
5 Biz dilimiz bilen ýygnakda ot ýakmaz ýaly, oňa nädip erk edip bileris? Isa: «Agyz ýüregiň dolulygyndan sözleýändir» diýdi (Mat. 12:34). Ilki bilen, biz ýüregimizi barlamaly. Dilimiz bilen ot ýakmaz ýaly, biz erbet pikirlerden gaça durýarysmy? Meselem, haýsydyr bir dogana hormatly borjuň berlendigini eşitsek, onuň ýagşy niýetlidigine ynanarysmy ýa-da ol at-abraýa kowalaşýandyr öýderis? Eger bizde şübhelenmek häsiýeti bar bolsa, onda Iblisiň Hudaýyň wepaly gullukçysy Eýýubyň niýetine şübhe döredendigini ýada salsak gowy bolar (Eýýup 1:9—11). Biz doganymyz barada şübhelenmän, gaýtam, nädogry pikiriň näme sebäpden döreýändigi barada oýlansak paýhasly bolardy. Eýsem, doganymyz barada şübhelenmäge bizde degerli sebäp barmy? Ýa-da biziň ýüregimiz soňky günlere mahsus bolan ýigrenç häsiýeti bilen zäherlenenmi? (2 Tim. 3:1—4).
6, 7. a) Biz haýsy sebäplere görä dogan-uýalary tankytlamagymyz mümkin? b) Bize sögenlerinde nädip jogap bermeli?
6 Biz haýsy sebäplere görä dogan-uýalary tankytlamagymyz mümkin? Munuň bir sebäbi, ähtimal, biz gazanan üstünliklerimiziň has aýan bolmagyny isleýändiris. Netijede, biz başgalary kemsidip, özümizi ýokary tutup başlamagymyz ahmal. Ýa-da biz üstünlik gazanyp bilmändigimiz sebäpli özümizi aklajak bolýandyrys. Tekepbirlik, göriplik we özümize bolan ynamsyzlyk ýaly häsiýetleriň netijesi erbetlige elter.
7 Belki-de, biz özümizi aklamak üçin kimdir birini tankytlaýandyrys. Ähtimal, biz doganyň ýa-da uýanyň aýdan erbet sözleri sebäpli ejir çekendiris. Şeýle ýagdaýda ýamanlyga ýamanlyk bilen jogap bermek nädogry bolardy. Ýogsam, biz oduň üstüne nebit guýan ýaly bolarys we Hudaýyň däl-de, Iblisiň islegini ýerine ýetirdigimiz bolar (2 Tim. 2:26). Biz şeýle ýagdaýda Isadan görelde almaly. Ol «sögülende sögmän», gaýtam, «özüni adyl höküm çykarýan Hudaýa tabşyrdy» (1 Pet. 2:21—23). Isa Ýehowanyň şeýle ýagdaýlary öz islegine görä we öz wagtynda çözjekdigine ynanýardy. Biz-de Isa ýaly Hudaýa bil baglamaly. Dilimizi abatlamak üçin ulansak, biz ýygnagyň «parahatlyk bagyny» goramaga ýardam ederis (Efesliler 4:1—3-nji aýatlary okaň).
GORKY WE ADAMLARYŇ TÄSIRI
8, 9. Pilatus näme üçin Isany ölüme höküm etdi?
8 Tora düşen haýwan hereket edip bilmeýär. Şonuň ýaly-da, eger adam özüni gorka aldyrsa we başgalaryň täsirine düşse, ol erkini elinden gidirýär (Süleýmanyň tymsallary 29:25-i okaň). Geliň, häzir biri-birinden düýpgöter tapawutlanýan iki adamyň mysalyna seredeliň. Olaryň gorkynyň hem-de adamlaryň täsirine düşmeginden biz näme öwrenip bileris?
9 Rim hökümdary Pontius Pilatus Isanyň günäkär däldigini bilýärdi we oňa zyýan ýetirmek islemedi. Ol Isada «ölüme laýyk hiç bir zat tapmandygyny» aýtdy. Muňa garamazdan, Pilatus ony ölüme höküm etdi. Näme üçin? Sebäbi Pilatus märekäniň täsirine düşdi (Luka 23:15, 21—25). Duşmanlar öz diýenini etdirjek bolup: «Ony boşatsaň, sen kaýsaryň dosty dälsiň» diýip gygyryşdylar (Ýahýa 19:12). Pilatus Mesihiň tarapyny tutsa, öz ornumy ýitirerin ýa-da öldürilerin öýdüp, gorkan bolmaly. Şeýdip, ol Iblisiň islegini ýerine ýetirdi.
10. Näme üçin Petrus Mesihi tanaýandygyny boýun almady?
10 Petrus resul Isanyň ýakyn dostlarynyň biridi. Ol adamlaryň arasynda Isanyň Mesihdigini aýdypdy (Mat. 16:16). Şägirtleriň birnäçesi Isanyň sözleriniň manysyna düşünmän ony terk edenlerinde, Petrus wepaly galdy (Ýahýa 6:66—69). Duşmanlary Isany tussag etmäge gelenlerinde, ol Mugallymyny gylyjy bilen gorady (Ýahýa 18:10, 11). Emma soňra Petrus adamlardan gorkup, Isa Mesihi tanamaýandygyny aýtdy. Gysga wagtyň içinde, resul gorkynyň duzagyna düşüp, batyrgaý hereket edip bilmedi (Mat. 26:74, 75).
11. Biz haýsy erbet täsire garşy göreşmeli?
11 Biz, mesihçiler, Hudaýy gynandyrmajak bolsak, adamlaryň täsirine düşmezlige we gorkyny ýeňmäge çalyşmaly. Işdeşlerimiz ýa-da başga adamlar bizi ýalançylyga we ahlaksyz işlere itermekleri mümkin. Ýaş mesihçileriň deň-duşlary olary ekzamende aldamaga, pornografiýa görmäge, çilim çekmäge, neşe serişdelerini ulanmaga, serhoşluga ýa-da ahlaksyz işlere baş goşmaga iterjek bolýarlar. Ýehowany gynandyrmazlyk üçin, biz gorkynyň we adamlaryň täsirine düşmezlige çalyşmaly. Muňa näme kömek eder?
12. Pilatus bilen Petrus näme üçin gorkynyň hem-de adamlaryň täsirine düşdüler?
12 Geliň, Pilatusyň we Petrusyň gorkynyň we adamlaryň täsirine näme üçin düşendigine seredeliň. Pilatus Mesih barada köp zat bilmese-de, onuň bigünädigini we üýtgeşik adamdygyny bilýärdi. Ýöne oňa kiçigöwünlilik we hak Hudaýa bolan söýgi ýetmeýärdi. Şol sebäpli Iblis ony aňsatlyk bilen diriligine tutdy. Petrus bolsa, Hudaýy söýýärdi; ol Ýehowa we Isa Mesih baradaky hakykaty bilýärdi. Emma käte oňa kiçigöwünlilik ýetmeýärdi, onda gorky peýda bolýardy, adamlaryň täsirine düşýärdi. Isany tussag etmezlerinden öň, Petrus öwnüp: «Hemmeler Senden ýüz dönderse-de, men döndermerin» diýdi (Mar. 14:29). Eger Petrus: «Reb meniň bilendir; men gorkmaryn, ynsan maňa näme edip biler?» diýip, nagma aýdan we Hudaýa bil baglan mezmurçydan görelde alan bolsa, ol synaga öňünden taýýar bolardy (Zeb. 118:6). Isa ölmeziniň öň ýanyndaky gijesi, Petrusy we başga-da iki resulyny alyp, Getsemani bagyna gidýär. Emma Petrus we onuň ýoldaşlary oýa bolmagyň deregine uka gidýärler. Isa olary oýaryp, şeýle diýdi: «Synaga düşmez ýaly oýa boluň, doga ediň» (Mar. 14:38). Emma Petrus ýene-de uklaýar we soňra gorkynyň hem-de adamlaryň täsirine düşýär.
13. Biz Pilatus bilen Petrusdan nähili sapak edinip bileris?
13 Biz Pilatus bilen Petrusdan nähili sapak edinip bileris? Adamlaryň täsirine garşy durmak üçin dogry bilim almaly we kiçigöwünlilik, Hudaýa bolan söýgi, adamlardan däl-de, Ýehowadan gorky ýaly häsiýetleri ösdürmeli. Eger biziň imanymyz dogry bilime esaslansa, onda ynanýan zatlarymyzy batyrgaýlyk bilen gürrüň bereris. Bu bize adamlaryň täsirine düşmezlige we gorkyny ýeňmäge kömek eder. Elbetde, biz öz güýjümize bil baglamaly däl. Gaýtam, synaglara diňe Hudaýyň güýji bilen hötde gelip biljekdigimize düşünmeli. Biz Ýehowadan mukaddes ruhy dilemeli. Hudaýa bolan söýgi bizi Onuň adyny we kadalaryny goramaga höweslendirmeli. Galyberse-de, synaglara öňünden taýýarlanmaly. Meselem, öňünden taýýarlansak we doga etsek, çagalarymyzyň deň-duşlary olary erbet işlere iterende, olar dogry jogap berip bilerler (2 Kor. 13:7)a.
ÖZÜŇI ÇENDENAŞA GÜNÄKÄRLEMEK
14. Geçmişde eden ýalňyşlyklarymyz babatda Iblis bizi nämä ynandyrjak bolýar?
14 Käte awçy duzak guranda haýwanyň geçýän ýolunyň üstünde agyr agaç ýa-da daş asyp goýýar. Şonda geçip barýan haýwan ýüpe degip, şol agajy ýa-da daşy öz üstüne gaçyrýar. Şeýlelikde, ol heläkçilige uçraýar. Biz-de özümizi çendenaşa günäkärlesek, ýüregimize agyr ýük salarys. Geçmişde eden ýalňyşlygymyz barada oýlansak, «takatdan düşeris» we özümizi «çendenaşa owranan» ýaly duýarys (Zebur 38:3—5, 8-nji aýatlary okaň). Şeýtan Ýehowanyň merhemetine özümizi mynasyp däl hasaplamagymyzy isleýär we Onuň tabşyryklaryny ýerine ýetirip bilmejekdigimize ynandyrjak bolýar.
15, 16. Özüňi çendenaşa günäkärlemek torundan nädip gaça durup bilersiň?
15 Sen şeýle duzakdan nädip gaça durup bilersiň? Eger sen agyr günä eden bolsaň, onda Ýehowa bilen dostlugyňy dikeltmäge jan et. Ýaşulular bilen habarlaşyp, olardan kömek sora (Ýakup 5:14—16). Goýberen ýalňyşlygyňy düzetmek üçin eliňde baryňy et (Mat. 3:8). Eger saňa maslahat berseler ruhdan düşme, çünki bu Ýehowanyň söýgüsini görkezýändir (Ýew. 12:6). Eden günäňi gaýtalamazlyk üçin aýgytly hereket et. Toba edip, erbet işleriňi goý we soňra Isa Mesihiň töleg gurbanynyň ähli ýalňyşlyklaryň üstüni örtüp bilýändigine iman et (1 Ýahýa 4:9, 14).
16 Käbir adamlaryň günäleri bagyşlansa-da, olar eden etmişini ýüreginde saklaýarlar. Eger sen hem etmişiňi unudyp bilmeýän bolsaň, onda Ýehowanyň söwer Ogly Isany mätäç wagty terk edip giden Petrusy we başga resullary Hudaýyň bagyşlandygyny ýadyňa sal. Korintosdaky bir mesihçi eden agyr ahlaksyzlygy sebäpli ýygnakdan çykarylypdy, emma ol toba edende, Ýehowa ony bagyşlady (1 Kor. 5:1—5; 2 Kor. 2:6—8). Hudaýyň Sözünde toba eden ençeme günäkärleri Hudaýyň bagyşlandygy barada aýdylýar (2 Tar. 33:2, 10—13; 1 Kor. 6:9—11).
17. Töleg gurbany biziň üçin näme edip biler?
17 Eger sen ýürekden toba edip, Ýehowanyň merhemetini kabul eden bolsaň, onda Ol günäleriňi bagyşlar we olary hiç haçan ýada salmaz. Isanyň töleg gurbany seniň günäleriňi ýuwup biljekdigine asla şübhelenme, ýogsam, sen Şeýtanyň toruna düşüp, onuň oljasy bolarsyň. Iblisiň seni nämä ynandyrjak bolýandygyna garamazdan, töleg gurbany toba edenleriň ählisiniň günäsini örtüp bilýär (Sül. tym. 24:16). Tölege iman etseň, ol agyr ýük kimin egniňde asylyp duran nädogry duýgyny aýrar we Hudaýa bütin ýüregiň, janyň, düşünjäň bilen gulluk etmäge güýç berer (Mat. 22:37).
ŞEÝTANYŇ TORLARYNA BIPARH GARAMALYŇ
18. Biz Iblisiň duzaklaryndan nädip gaça durup bileris?
18 Şeýtana biziň haýsy duzaga düşmegimiziň parhy ýok, onuň maksady — bizi ele salmak. Şeýtanyň duzaklaryna biparh garamasak, ol bizi tora salyp bilmez (2 Kor. 2:10, 11). Eger biz synaglarda Hudaýdan akyldarlyk dilesek, Iblisiň torlaryna ýa-da duzaklaryna düşmeris. Ýakup şeýle diýdi: «Siziň biriňize akyldarlyk ýetmezlik edýän bolsa, ol hemmelere jomartlyk bilen käýemän berýän Hudaýdan dilesin» (Ýakup 1:5). Şeýle-de biz dogamyza görä hereket edip, yzygiderli şahsy okuwyny geçirmeli we Hudaýyň Sözündäki maslahatlary ulanmaly. Sadyk hem akylly hyzmatkäriň Mukaddes Ýazgylary öwrenmek üçin taýýarlaýan edebiýatlaryndan peýdalansak, Iblisiň duzaklaryny görüp, olardan gaça durup bileris.
19, 20. Biz näme üçin erbetligi ýigrenmeli?
19 Doga etmek we Mukaddes Ýazgylary okamak ýagşylygy söýmäge höweslendirer. Emma bu ýeterlikli däl. Biz erbetlige bolan ýigrenji hem ösdürmeli (Zeb. 97:10). Erbet höwesleriň netijesi barada oýlansak, bu bize olardan gaça durmaga kömek eder (Ýakup 1:14, 15). Biz erbetligi ýigrenip, ýagşylygy söýmegi öwrensek, Şeýtanyň duzaklaryndan gaça durarys; olar bizi özüne çekip bilmez.
20 Şeýtanyň duzaklaryna düşmezlige kömek edýän Hudaýa biz örän minnetdardyrys! Ýehowa bizi mukaddes ruhy, Sözi we guramasy arkaly «iblisden halas edýär» (Mat. 6:13). Indiki makalada Iblisiň Hudaýyň gullukçylaryny diri ele salmak üçin ökdelik bilen ulanýan başga-da iki duzagyndan nädip gaça durup biljekdigimize serederis.
a Ata-eneler çagalary bilen «Ýaşlaryň sowallary» (rusça) kitabynyň II tomunyň 132, 133-nji sahypalaryndaky «Erbet täsire nädip garşy duraryn?» diýen shemany ara alyp maslahatlaşsalar gowy bolar. 2010-njy ýylyň 15-nji noýabrynda çykan «Garawul diňine» (2-nji makala, abz. 11—15) we 2011-nji ýylyň iýulynda çykan «Hudaýa gullugymyza» (sah. 2, abz. 3) serediň. Bu makalalary maşgala okuwynda ulansa bolýar.
[21-nji sahypadaky surat]
Erk edilmedik dil ýygnakda ot ýakyp biler
[24-nji sahypadaky surat]
Sen özüňi çendenaşa günäkärlemek ýüküni taşlap bilersiň