Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w12 15/9 sah. 23—27
  • «Ne geljek gününi, ne-de sagadyny bilýärsiňiz»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Ne geljek gününi, ne-de sagadyny bilýärsiňiz»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • OÝA BOLMAGYŇ PEÝDASY
  • MESH EDILENLER TAÝÝARDYLAR
  • BAŞGA GOÝUNLAR TAÝÝARDYLAR
  • SIZ HEM OÝA BOLUŇ
  • Siz duýduryşa gulak asýarsyňyzmy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Biz näme üçin «oýa bolmaly»?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Amanat pul tymsalyndan näme öwrenýäris?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Biz siziň bilen gideris
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/9 sah. 23—27

«Ne geljek gününi, ne-de sagadyny bilýärsiňiz»

«Oýa boluň, çünki siz Ynsan Oglunyň ne geljek gününi, ne-de sagadyny bilýärsiňiz» (MAT. 25:13).

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Zalym dünýäniň haçan ýok ediljegini bilmeýändigimiz näme üçin peýdaly?

  • Mesh edilen mesihçiler nädip oýa bolýardylar?

  • Biz Isanyň gelmegine taýýardygymyzy nädip görkezip bileris?

1—3. a) Haýsy mysallar Isanyň iki tymsalynyň manysyny gowy düşündirýär? b) Biz haýsy soraglaryň jogabyny bilmeli?

AÝDALY, ýokary wezipeli bir adam wajyp duşuşyga maşynly äkitmegi senden haýyş edýär. Ýöne gitmäge birnäçe minut galanda welin, sen maşynda ýangyjyň azdygyny bilip, ýangyç guýdurmaga gidýärsiň. Şol wagt ýaňky adam gelýär. Ol daş-töweregine seredişdirip, seni gözleýär, ýöne tapmansoň, başga birinden äkitmegi haýyş edýär. Biraz wagtdan gelip görseň, ol adam sensiz gidipdir. Sen özüňi nähili duýarsyň?

2 Aýdaly, indi seniň özüň başlyk. Biraz wagtlyk başga ýurda gitmeli bolýarsyň, şol sebäpli üç sany başarjaň adamy saýlap, olaryň hersine wajyp işleri tabşyrýarsyň we etmeli işlerini düşündirýärsiň. Olar tabşyrygyňy höwes bilen kabul edýärler. Yzyňa gaýdyp geleniňde welin, diňe ikisiniň aýdan işiňi edendigini görýärsiň. Işini etmedik üçünji adam bolsa, her hili bahana gözleýär. Ol beren işiňi etmäge-de synanyşmandyr. Sen özüňi nähili duýarsyň?

3 Isa pygamber hem on gyz we amanat pul baradaky tymsalynda şuňa meňzeş ýagdaýlary gürrüň berip, döwrüň soňunda näme üçin käbir mesh edilen mesihçileriň sadyk hem akylly boljakdygyny, käbirleriniň bolsa erbet hem akylsyz boljakdygyny düşündirýära (Mat. 25:1—30). Isa şol iki tymsaldan näme sapak edinmelidigimizi aýdýar: «Oýa boluň, çünki siz Ynsan Oglunyň ne geljek gününi, ne-de sagadyny bilýärsiňiz», ýagny biz Isanyň Şeýtanyň dünýäsini ýok etjek wagtyny anyk bilmeýäris (Mat. 25:13). Şonuň üçin onuň masalahaty bize-de degişli. Isanyň aýdyşy ýaly, oýa bolmagyň näme peýdasy barka? Kimler oýa bolup, halas bolmaga taýýardygyny subut etdi? Şu günler oýa bolmak üçin näme etmeli?

OÝA BOLMAGYŇ PEÝDASY

4. Oýa bolmak üçin anyk wagty bilmek hökmanmy? Düşündiriň.

4 Önümçilikde işlemek, lukmanyň ýanyna barmak we ulaga münmek üçin gün tertibe eýermeli bolýarys ýa-da sagada seretmeli bolýarys. Ýöne ot söndürýänçiler ýa-da betbagtçylyk mahaly adamlary halas edýänler sagada seretmeýärler, sebäbi bu olaryň ünsüni sowar, hatda howply. Şeýle ýagdaýlarda gyssagly işi ýerine ýetirmek sagadyň näçe bolandygyny bilmekden has wajypdyr. Biz Ýehowanyň adamzady halas etmek isleýändigi barada wagyz edýäris. Zalym dünýäniň soňy golaýlaşýandygy üçin, wagyz işine yhlasly gatnaşmak has-da wajypdyr. Eger oýa bolup, Ýehowanyň beren tabşyrygy bilen meşgul bolsak, onda zalym dünýäniň ýok ediljek wagtyny bilmek gerek bolmaz. Aslynda, anyk güni we sagady bilmeýändigimiz bize peýdaly. Geliň, munuň bäş sebäbine seredeliň.

5. Ol güni hem sagady bilmeýändigimiz ýüregimizi nädip aýan edýär?

5 Birinjiden, biz zalym dünýäniň ýok ediljek wagtyny bilmesek ýüregimiziň nähilidigi äşgär bolýar. Onsoňam, erkinligi dogry ulanyp, Ýehowa wepaly bolmak isleýändigimizi görkezip bilýäris. Biz diňe bir zalym dünýä ýok edilende aman galyp, ebedi ýaşaýşa gowuşmak üçin däl-de, Ýehowany söýýändigimiz üçin gulluk edýäris (Zebur 37:4-i okaň). Biz Hudaýyň islegini höwes bilen berjaý edip, öwredýän zatlarynyň peýdalydygyna düşünýäris (Iş. 48:17). Onuň tabşyryklary asla agyr däldir (1 Ýahýa 5:3).

6. Ýehowa söýgi bilen gulluk edenimizde oňa nähili täsir edýär we näme üçin?

6 Ikinjiden, biz zalym dünýäniň ýok ediljek wagtyny bilmesek, Ýehowanyň ýüregini şatlandyrmaga mümkinçiligimiz bolýar. Biz dünýäniň soňunyň golaýdygy üçin ýa-da sylag almak üçin däl-de, Hudaýy söýýändigimiz üçin gulluk edýäris. Şonda, Ýehowa töhmet atýan Şeýtana jogap berip biler (Eýýup 2:4, 5; Süleýmanyň tymsallary 27:11-i okaň). Iblis sebäpli adamzat köp görgi gördi we kynçylyk çekdi. Şonuň üçin Şeýtanyň hökümdarlygyndan has hem beter ýüz öwrüp, şatlyk bilen Ýehowanyň hökümdarlygyny goldaýarys.

7. Sen näme üçin ömrüňi Hudaýa gulluk etmäge we başgalara kömek etmäge bagyş etmek isleýärsiň?

7 Üçünjiden, zalym dünýäniň ýok ediljek wagtyny anyk bilmeýändigimiz bizi jan aýaman gulluk etmäge höweslendirýär. Şu günler Hudaýy tanamaýan adamlar hem dünýäniň soňunyň golaýdygyna ynanýarlar. Olar bir betbagtçylyk sebäpli ýer ýüzi ýok ediler öýdýärler, şol sebäpli «iýeliň, içeliň, çünki ertir öleris» diýen düşünjä eýerýärler (1 Kor. 15:32). Biz welin, beýle gorky bilen ýaşamaýarys we diňe öz aladamyzy etmeýäris (Sül. tym. 18:1). Gaýtam, biz Ýehowanyň islegini birinji orunda goýup, bar wagtymyzy we güýjümizi Hudaýyň Patyşalygy barada hoş habary wagyz etmäge höwes bilen bagyş edýäris (Matta 16:24-i okaň). Biz Hudaýa gulluk etmekden, esasanam, Ýehowa barada adamlara gürrüň bermekden şatlyk tapýarys.

8. Ýehowa we onuň Sözüne köpräk bil baglamagyň wajypdygy haýsy mysaldan görünýär?

8 Dördünjiden, zalym dünýäniň ýok ediljek gününi we sagadyny bilmesek, Ýehowa köpräk bil baglamaga we onuň Sözüne has yhlasly eýermäge mümkinçilik berýär. Bikämillik sebäpli biz özümize bil baglamaga öwrenişipdiris. Şol sebäpli Pawlus mesihçilere: «Dogrudyryn diýip pikir edýän adam öz ýykylmagyndan ägä bolsun» diýip duýdurdy. Hudaýyň halky Ýeşuwyň ýolbaşçylygynda Wada edilen diýara girjek bolup durka, 23 müň adam Ýehowa gulak asmanlygy üçin heläk boldy. Pawlusyň aýtmagyna görä, «bu zatlaryň bary olaryň başyna görelde hökmünde inip, döwürleriň soňuna ýeten bize ündew üçin ýazyldy» (1 Kor. 10:8, 11, 12).

9. Synaglar imanyňy we Ýehowa bilen dostlugyňy nädip berkidip biler?

9 Bäşinjiden, zalym dünýäniň ýok ediljek wagtyny bilmesek, synaglarda gowy häsiýetleri öwrenip, imanymyzy berkidýäris (Zebur 119:71-i okaň). Biz zalym dünýäniň soňky günleriniň kyn pursatlarynda ýaşaýarys (2 Tim. 3:1—5). Şeýtanyň dünýäsindäki köp adamlar bizi ýigrenip, din sebäpli yzarlaýarlar (Ýahýa 15:19; 16:2). Ýöne oduň demri arassalaýşy ýaly, synaglar hem imanyňy arassalaýar we berkidýär. Biz kiçigöwünli bolup, Hudaýyň maslahatyny gözlesek, synaglara garamazdan gullugy dowam ederis. Şonda Ýehowa bilen dostlugymyz has-da berkär (Ýakup 1:2—4; 4:8).

10. Haýsy ýagdaýda wagt çalt geçýär?

10 Käte wagt çalt ýa haýal geçýän ýaly bolup görünýär. Eger biz bir işe başagaý bolup, sagada seredip durmasak, wagt çalt geçen ýaly bolýar. Şoňa meňzeşlikde, biz Ýehowanyň tabşyran gyzykly işi bilen meşgul bolsak, dünýäniň soňy biziň çak edişimizden hem çalt geler. Bu babatda mesh edilen mesihçiler ajaýyp görelde görkezýärler. 1914-nji ýylda Isa patyşa bolanda käbir mesh edilen mesihçiler oýa bolup, taýýardylar, käbirleri bolsa taýýar däldiler. Geliň, şol wakalara gysgaça seredeliň.

MESH EDILENLER TAÝÝARDYLAR

11. 1914-nji ýyldan soňra, näme üçin käbir mesh edilen mesihçiler Isa gijä galýandyr öýtdi?

11 Isanyň on gyz we amanat pul tymsalyny ýada salalyň. Eger tymsalda agzalýan gyzlar ýa-da hyzmatkärler giýewiň ýa agasynyň haçan geljegini bilen bolsalar, onda oýa bolmak gerek bolmazdy. Olar geljek belli wagtyny bilenokdylar, şol sebäpli-de hemişe taýýar bolmalydylar. Mesh edilen mesihçiler onlarça ýylyň dowamynda 1914-nji ýyla sabyrsyzlyk bilen garaşsalar-da, ýöne şol ýyl näme boljakdygyna doly düşünmeýärdiler. Şol ýyl mesh edilenleriň tamasy çykmady we käbirleri Isa gijä galýandyr öýtdi. Bir doganyň aýtmagyna görä: «Käbirleri (1914-nji ýylyň) oktýabryň ilkinji hepdesinde göge galmak hakda çynlakaý pikir edýärdi».

12. Mesh edilen mesihçiler sadyk hem akyllydygyny nädip görkezdiler?

12 Göz öňüne getiriň, olar dünýäniň soňuna garaşdylar, ýöne tamasy çykmady. Olar nähili lapykeç bolandyrlar! Onsoňam, Birinji Jahan urşy döwründe doganlar yzarlamalar sebäpli köp görgi gördüler. Wagyz işi durdy diýen ýalydy. Mesh edilen mesihçiler uka giden ýaly bolup görünýärdi. Ýöne olar 1919-nji ýylda birden oýandylar! Isa özüne mesihçi diýýänleri barlamaga geldi. Mesh edilen mesihçileriň käbiri şol barlagdan geçip bilmedi we indi olar Agasy Isanyň «söwda» işine gatnaşyp bilmeýärdiler (Mat. 25:16). Olar şol akylsyz gyzlar ýaly, gaplarynda ruhy ýagy artykmajy bilen saklamak hakda alada etmediler hem-de ýalta hyzmatkär ýaly, Patyşalygyň hatyrasyna jan aýaman gulluk etmek islemediler. Emma welin, kynçylykly uruş ýyllarynda mesh edilen mesihçileriň köpüsi Agasy Isa ýürekden wepalydylar we oňa bar güýji bilen gulluk etmek isleýärdiler.

13. 1914-nji ýyldan soňra sadyk hyzmatkäriň garaýşy nähilidi we şu günler nähili?

13 Bu babatda 1916-njy ýylyň 1-nji fewralynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda şeýle diýilýär: «Hudaýa dogry garaýyşly adamlar onuň eden hiç bir zadyndan närazy däldir. Biz öz islegimiziň amala aşmagyny islemeýäris. Onsoňam, biz 1914-nji ýylyň oktýabrynda ýalňyş zada garaşandygymyza düşünip, soňra Rebbiň öz niýetini bize görä üýtgetmändigine begendik. Biz onuň beýle etmegini hem islemeýäris. Ýöne onuň maksadyna we niýetine doly düşünmäge islegimiz bar». Şu günlerem mesh edilen mesihçiler kiçigöwünligi hem-de Hudaýa wepadarlygy bilen tapawutlanýarlar. Olar gadymy döwürde Mukaddes Ýazgylary ýazan pygamberler ýaly ylhamlanyp gepleýändiris öýtmeýärler, ýöne Isanyň ýer ýüzünde tabşyran işini ýürekden berjaý etmek isleýärler. Ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän «başga goýunlar», ýagny «uly märeke» olardan görelde alýarlar (Ylh. 7:9; Ýahýa 10:16).

BAŞGA GOÝUNLAR TAÝÝARDYLAR

14. Ýehowanyň sadyk hem akylly hyzmatkär arkaly öwredýänlerine gulak asmak näme üçin peýdaly?

14 Hudaý halkyna wagtly-wagtynda ruhy iýmiti paýlamak üçin sadyk hem akylly hyzmatkäri belledi. Mesh edilen mesihçiler we uly märeke Ýehowanyň sadyk hyzmatkär arkaly öwredýänlerine gulak asyp, oýa hem taýýardygyny görkezýärler. Şeýdip, olar Mukaddes Ýazgylaryň we Hudaýyň ruhunyň kömegi bilen çyralaryny ýagdan doldurýarlar (Zebur 119:130-y we Ýahýa 16:13-i okaň). Bu olaryň imanyny berkidýär, netijede, olar agyr synaglara garamazdan, yhlasly gulluk edip, Mesihiň dolanmagyna taýýar bolýarlar. Meselem, faşistleriň bir türmesine düşen doganlarda ilkibada diňe bir sany Mukaddes Ýazgylar bardy. Şonuň üçin olar ruhy iýmit diläp, Ýehowa doga edýärler. Tizara türmä täze bir dogan gelýär. Ol özüniň agaç aýagyna «Garawul diňi» žurnalyň birnäçesini salyp, türmäniň içine geçirmegi başarypdyr. Şol günleri başdan geçiren Ernst Wauer atly mesh edilen dogan şeýle ýatlaýar: «Ýehowa bize makaladan imanyňy berkidýän pikirleri ýat tutmaga her hili ýollar bilen kömek etdi». Soňra bolsa: «Häzir ruhy iýmiti tapmak şeýle aňsat welin, eýsem, biz onuň gadyryny bilýärismi? Ýehowa bil baglap, wepaly gulluk edýänlere we onuň saçagyndan iýmitlenýänlere köp-köp bereketler garaşýar» diýip, sözüni jemleýär.

Agyr ýagdaýlarda-da, ruhy taýdan iýmitleniň

15, 16. Bir är-aýalyň yhlasy nähili sylaglandy we şeýle wakalardan näme öwrenip bilersiň?

15 Başga goýunlar hem Agasynyň işini yhlasly ýerine ýetirip, mesh edilen mesihçileri ýürekden goldaýarlar (Mat. 25:40). Isanyň tymsalyndaky erbet hem ýalta hyzmatkärden tapawutlykda, olar köp zatlardan geçip, Patyşalygyň bähbitlerini ileri tutmak üçin köp tagalla edýärler. Mysal üçin, Jon bilen Masakony Keniýada hytaýça gürleýän adamlara ruhy taýdan kömek etmäge çagyrdylar. Olar başda gitjegini-gitmejegini bilmediler, ýöne Ýehowa doga edip, öz ýagdaýlary barada oýlanyp, şol ýere göçmek kararyna geldiler.

16 Bu är-aýalyň yhlasy artygy bilen sylaglandy. Olaryň aýtmagyna görä: «Wagyz diýseň gyzykly geçýär». Olar ýedi sany Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlady we wagyzda her hili gyzykly wakalary başdan geçirdiler. Soňra olar: «Bärde bolýan her günümiz üçin Ýehowa minnetdarlyk aýdýarys» diýdiler. Dünýäniň soňy haçan geljegine garaman, bar güýji bilen Hudaýa gulluk etmegi ýüregine düwen başga-da ençeme dogan-uýalar bar. Gilead mekdebini gutaryp, missioner gullugyna başlan ýa-da köpräk gulluk etmek üçin daşary ýurda göçen müňlerçe dogan-uýalar barada oýlanyp görüň. Wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçmegiň berýän bereketleri barada bilmek üçin «Garawul diňi» žurnalynyň 2012-nji ýylyň 15-nji iýulynda çykan sanyndaky «Olar Ekwadorda höwes bilen gulluk edýärler» diýen makalany okap bilersiňizmi? Daşary ýurtda gulluk edýän dogan-uýalaryň aýdan sözlerini okap, Hudaýa öwgi gurbanlaryňy we şatlygyňy artdyrmak üçin nämeler edip biljekdigiňiz hakda pikirlenip görüň.

SIZ HEM OÝA BOLUŇ

17. Dünýäniň ýok ediljek gününi ýa sagadyny bilmeýändigimiz nähili peýdalar getirýär?

17 Hawa, zalym dünýäniň ýok ediljek gününi we sagadyny bilmesek-de, biz lapykeç bolmaýarys hem-de ruhdan düşmeýäris. Gaýtam, munuň peýdasy köp. Biz Hudaýyň islegini yhlasly berjaý edýäris we mähirli Atamyz Ýehowa bilen dostlugymyzy berkeýär. Onsoňam, Isanyň tabşyran işi bilen gümra bolup, ünsümiz başga biderek zatlara sowulmaýar we Ýehowa şatlyk bilen gulluk edýäris (Luka 9:62).

Hudaýa gulluk etmek bilen meşgul bolsak, wagt çalt geçer

18. Biz näme üçin Hudaýa wepaly gulluk etmek isleýäris?

18 Hudaýyň höküm güni gitdigiçe golaýlaşýar. Hiç birimiz Ýehowany ýa Isany närazy etmek islemeýäris. Olar bize soňky günlerde hormatly işi tabşyrdy. Biz hem olaryň ynamyny ödemäge çalyşýarys! (1 Timoteos 1:12-i okaň).

19. Biz nädip oýa bolup bileris?

19 Biz gökde ýaşamagy ýa-da ýer ýüzündäki Jennetde ýaşamagy umyt edýän bolsak-da, geliň, Hudaýyň tabşyran wagyz etmek hem şägirt taýýarlamak işine gatnaşyp, wepaly bolalyň. Dogry, biz Ýehowanyň gününiň haçan geljegini bilmeýäris, eýsem, ony bilmek gerekmi? Biz mundan beýläk-de oýa hem taýýar bolmaly (Matta 24:36, 44). Şeýlelikde, Ýehowa ýürekden bil baglap, Patyşalygy birinji orunda goýsak, hiç haçan lapykeç bolmarys (Rim. 10:11).

a «Garawul diňi» žurnalynyň 2004-nji ýylyň 1-nji martynda çykan sanyna (rusça, sah. 14—18) serediň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş