Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w12 15/9 sah. 28—32
  • Ýehowa şadyýan halkyny ýygnaýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa şadyýan halkyny ýygnaýar
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • GADYM DÖWÜRDÄKI WE HÄZIRKI WAJYP ÝYGNAKLAR
  • YZYGIDERLI GEÇÝÄN ŞATLYKLY DUŞUŞYKLAR
  • NÄME ÜÇIN KONGRESLERIMIZIŇ GADRYNY BILMELI?
  • Kongresler söýgiňi bildirmäge mümkinçilik berýär
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2021
  • Welaýat kongreslerimiz hakykat barada güýçli güwä geçýär
    Hudaýa gullugymyz — 2012
  • Welaýat kongreslerinde şatlyk bilen sežde edýäris
    Hudaýa gullugymyz — 2010
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/9 sah. 28—32

Ýehowa şadyýan halkyny ýygnaýar

«Ähli halky: erkekleri, aýallary, çagalary, şeýle hem... gelmişekleri ýygnaň» (KAN. TAG. 31:12).

NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Ýehowanyň halky üçin kongresleriň hemişe wajyp bolandygyny haýsy wakalar görkezýär?

  • Köp ysraýyllar her ýylky baýramçylyklara gatnaşmak üçin näme etmelidi?

  • Kongresleri näme üçin sypdyrmaly däl?

1, 2. Biz şu makaladan kongresler barada näme bileris?

YNHA, indi köp ýyllardan bäri Ýehowanyň Güwäçileri halkara we welaýat kongreslerini geçirip gelýärler. Biziň köpümiz şeýle şatlykly ýygnaklara gatnaşyp görendiris, mümkin, onlarça ýyl bäri gatnaşýandyrys.

2 Müňlerçe ýyl mundan ozal hem Hudaýyň halky şeýle mukaddes ýygnaklary geçirýärdiler. Geliň, Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan ýygnaklar bilen häzirki kongresleriň meňzeşligine we olara gatnaşmagyň peýdasyna seredeliň (Zeb. 44:1; Rim. 15:4).

GADYM DÖWÜRDÄKI WE HÄZIRKI WAJYP ÝYGNAKLAR

3. a) Hudaýyň halkynyň ilkinji uly ýygnagy nähili geçdi? b) Ysraýyllary ýygnamak üçin näme edilýärdi?

3 Töwratdan bilşimiz ýaly, Ýehowadan öwrenmek üçin ysraýyl halky ilkinji gezek Sinaý dagynyň eteginde köpçülikleýin ýygnandylar. Bu arassa seždäniň taryhynda ähmiýetli waka bolupdy. Şol tolgundyryjy pursatda Ýehowa ysraýyllara kanun berdi we güýjüni görkezdi (Müs. çyk. 19:2—9, 16—19; Müsürden çykyş 20:18; Kanun taglymaty 4:9, 10-njy aýatlary okaň). Bu ysraýyllaryň Hudaý bilen gatnaşygyna güýçli täsir etdi. Biraz wagt geçenden soňra Ýehowa Musa pygambere halky ýygnamak üçin näme etmelidigini aýtdy. Ol Musa pygambere kümüşden iki sany surnaý ýasamagy tabşyrdy. Haçanda iki surnaý deň çalnanda, «bütin jemagat» «Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine» üýşmelidi (San. 10:1—4). Şeýle wakalar nähili tolgundyryjy bolandyr!

4, 5. Musanyň we Ýeşuwyň geçiren ýygnagy näme üçin ähmiýetlidi?

4 Ysraýyllaryň çölde 40 ýyl sergezdançylygynyň soňunda Musa ýene-de tutuş halky ýygnady. Bu ýygnak täze ysraýyl halkynyň taryhynda örän ähmiýetli waka bolmalydy. Olar tizara Wada edilen diýara girmelidiler. Şonuň üçin Musa ildeşlerine Ýehowanyň eden ýagşylyklaryny we beren wadalaryny ýatlatmakçydy (Kan. tag. 29:1—15; 30:15—20; 31:30).

5 Musa ysraýyl halkynyň Hudaýyň ýollaryny öwrenmek üçin yzygiderli ýygnanyşmalydygyny şonda aýdan bolsa gerek. Her ýedinji ýylyň Çatma baýramynda Hudaýyň saýlan ýerinde ähli erkekler, aýallar, çagalar hem-de gelmişekler ýygnanyp, Ýehowadan gorkmagy we Kanunyň ähli sözlerini yhlas bilen ýerine ýetirmegi öwrenmelidiler (Kanun taglymaty 31:1, 10—12-nji aýatlary okaň). Diýmek, Ýehowa halkynyň yzygiderli ýygnanyp, tabşyryklaryny we niýetini öwrenmegini isleýärdi. Ysraýyllar Wada edilen diýary basyp alsalar-da, daş-töweregi butparaz adamlardan doludy. Şol sebäpli Ýeşuw olara Ýehowa wepaly bolmaga kömek etmek üçin hemme ysraýyllary ýygnady. Netijede, halk Ýehowa gulluk etjekdigini söz berdi (Ýeşuw 23:1, 2; 24:1, 15, 21—24).

6, 7. Biziň günlerimizde nähili wajyp kongresler bolup geçdi?

6 Biziň günlerimizde hem wajyp kongresler bolup geçdi. Bu kongreslerde guramada üýtgediljek käbir zatlar aýdyldy ýa-da Mukaddes Ýazgylaryň käbir aýatlary has aýdyň düşündirildi (Sül. tym. 4:18). Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler Birinji Jahan urşundan soň, 1919-njy ýylda ilkinji gezek Sidar-Poýntda (Ogaýo ştaty, ABŞ) uly kongres geçirdiler. Oňa 7 müň töweregi adam gatnaşdy. Şonda Hudaýyň halkynyň bütin dünýäde wagyz etmek üçin köp tagalla etmelidigi nygtaldy. 1922-nji ýylda ýene-de şol ýerde dokuz günlik kongresde Jozef Ruterford diňleýjilerini tä Beýik Babyl ýykylýança hemme ýerde wagyz etmäge höweslendirdi. Ol: «Bütin dünýä Ýehowanyň Hudaýdygyny we Isa Mesihiň patyşalaryň patyşasy we Rebleriň rebbidigini hökman bilmeli. Bu iň gowy gündür. Ynha, patyşa höküm sürýär. Siz onuň jarçylary. Şonuň üçin Patyşany we patyşalygyny wagyz ediň, wagyz ediň, wagyz ediň!» diýdi. Netijede, şol kongrese gatnaşanlar hem-de Hudaýyň tutuş halky has-da yhlasly wagyz edip başladylar.

7 1931-nji ýylda Kolumbus şäherinde (Ogaýo ştaty, ABŞ) Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler «Ýehowanyň Güwäçileri» diýen ady uly şatlyk bilen kabul etdiler. Soňra 1935-nji ýylda Waşington şäherinde (ABŞ) Ruterford dogan Ylham kitabynda ýazylan «tagtyň hem Guzynyň öňünde duran» «uly märekäniň» kimdigini düşündirdi (Ylh. 7:9—17). 1942-nji ýylda bolsa Ikinji Jahan urşy döwründe Neýtan Norr «Parahatçylyk uzaga çekermi?» diýen tolgundyryjy doklad bilen çykyş etdi. Şonda ol Ylham kitabynyň 17-nji babynda agzalýan «gyzyl janawaryň» kimdigini we uruşdan soňam köp wagyz edilmelidigini düşündirdi.

8, 9. Käbir kongresler näme üçin aýratynam tolgundyryjy boldy?

8 1946-njy ýylda Kliwlendde (Ogaýo ştaty, ABŞ) geçirilen «Şadyýan halk» atly kongresde Norr dogan «Täzeden gurnamak we giňeltmek meselesi» diýen ajaýyp doklad bilen çykyş etdi. Şol dokladyň diňleýjilere täsiri barada bir dogan şeýle gürrüň berdi: «Şol agşam men sahnada onuň arkasyndadym. Haçanda Norr dogan entek köp ýerlerde wagyz edilmelidigini düşündirip, Bruklindäki Beýteli we çaphanalary giňeltmek barada aýdanynda, hemmeler gaýta-gaýta el çarpdylar. Sahnanyň yzyndan dogan-uýalaryň ýüzleri görünmese-de, olaryň şatlygyny duýmazlyk mümkin däldi». 1950-nji ýylda Nýu-Ýorkda geçirilen halkara kongrese gatnaşanlar Hudaýyň ady ähli aýatlarda dikeldilen «Injiliň Täze dünýä terjimesini» (iňlisçe) alyp, örän begendiler (Ýerem. 16:21).

Halkara kongresi (Nýu-Ýork, 1950)

9 Öňler Ýehowanyň Güwäçileri yzarlanan we wagyz işi gadagan edilen ýurtlarda-da, soňra kongresler geçirildi. Bu kongresler dogan-uýalar üçin örän tolgundyryjy boldy. Mysal üçin, Adolf Gitler Ýehowanyň Güwäçilerini ýok etmegi söz beripdi. Ýöne 1955-nji ýylda Nýurnbergde Gitleriň we onuň ýaranlarynyň öň parad geçiren ýerinde, indi 107 müň Güwäçi kongres geçirdi. Olaryň köpüsi begenjinden ýaňa aglady! 1989-njy ýylda Polşada «Hudaýa wepaly» atly üç günlük kongrese 166 müň 518 adam gatnaşdy. Şol kongrese Sowet Soýuzyndan, Çehoslowakiýadan we başga-da beýleki gündogar Ýewropa ýurtlaryndan myhmanlar geldi. Olaryň käbiri 15 ýa 20-den köp dogan-uýalaryň bir ýerde üýşenini görmändi. Oýlanyp gör, 1993-nji ýylda Kiýewde (Ukraina) geçen «Hudaýyň taglymatlary» atly halkara kongresinde 7 müň 402 adam suwda çokundyryldy! Hiç haçan birbada şeýle köp adam suwda çokundyrylmandy (Iş. 60:22; Hag. 2:7).

10. Seniň üçin haýsy kongres, aýratynam, tolgundyryjy boldy we näme üçin?

10 Belki, käbir welaýat ýa-da halkara kongresleri siziň üçin has-da täsirli bolandyr. Seniň ilkinji gatnaşan ýa-da suwda çokundyrylan kongresiň ýadyňdamy? Olar seniň ruhy taýdan ösmegiňe güýçli itergi bolandyr we hiç haçan ýadyňdan çykan däldir. Şol ýakymly ýatlamalary unutmasaň gerek! (Zeb. 42:4).

YZYGIDERLI GEÇÝÄN ŞATLYKLY DUŞUŞYKLAR

11. Ýehowa ysraýyllara her ýylda üç gezek haýsy baýramlary bellemegi tabşyrdy?

11 Ýehowa ysraýyllara her ýylda üç gezek Iýerusalime baýram bellemek üçin ýygnanmagy tabşyrdy. Olara Petir baýramy, Hepde baýramy (Gyzyl kerwen, soňra Pentikost baýramy) we Çatma baýramy diýilýärdi. Ýehowa olara: «Ýylda üç gezek erkekleriňiziň hemmesi Meniň ýanyma Taňry Rebbiň huzuryna gelsinler» diýdi (Müs. çyk. 23:14—17). Şeýle uly ruhy baýramlaryň ähmiýetine düşünen maşgalabaşylar baýramçylyga tutuş maşgalasy bilen gatnaşypdyrlar (1 Sam. 1:1—7; Luka 2:41, 42).

12, 13. Köp ysraýyllar her ýylky baýramçylyklara gatnaşmak üçin näme etmelidi?

12 Ysraýyllaryň geçmeli ýoly barada oýlanyp görüň. Mysal üçin, Ýusup bilen Merýem Nasyradan Iýerusalime barmak üçin takmynan 100 kilometr ýol geçmelidi. Aýdaly, siz kiçi çagalar bilen barýan bolsaňyz, näçe wagtda şeýle ýoly geçerdiňiz? Haçanda Isanyň çagalykda Iýerusalime gidişi barada okanymyzda, olaryň dogan-garyndaşlary we tanyş-bilişleri bilen gidendigini bilip bolýar. Olara ýolda bilelikde nahar taýýarlamak, ýat ýerde gije ýatmaga ýer tapmak aňsat düşen däldir. Muňa garamazdan, olaryň barýan ýoly howpsuz bolandyr, sebäbi Isa 12 ýaşynda bolsa-da, ata-enesi oňa biraz erkinlik beripdir. Göz öňüne getiriň, bu baýramçylyklar, aýratynam, çagalar üçin nähili ýatdan çykmajak waka bolandyr! (Luka 2:44—46).

13 Ysraýyllar dünýäniň köp künjegine ýaýrandan soňra, bu baýramçylyklara dürli-dürli ýurtlardan gelip başladylar. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününe Italiýadan, Liwiýadan, Kritden, Kiçi Aziýadan we Mesopotamiýadan hudaýhon ýehudylar we ýehudy dinine geçen adamlar baýramçylyga gelipdi (Res. iş. 2:5—11; 20:16).

14. Ysraýyllar her ýylky baýramçylyklara gatnaşyp, özüni nähili duýýardylar?

14 Wepaly ysraýyllaryň baýramçylyga gelmeginiň esasy maksady — olar Ýehowany söýýän müňlerçe ildeşleri bilen bilelikde sežde etmek isleýärdiler. Bu her ýyl baýramçylyga gatnaşýanlara nähili täsir edendir? Munuň jogabyny Ýehowanyň Çatma baýramyny bellemek baradaky tabşyrygyndan tapyp bolýar: «Bu baýramçylykda siziň özüňiz, ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, şeýle hem galalaryňyzda ýaşaýan lewiler, gelmişekler, ýetimler we dullar - hemmäňiz bile şatlanyň. Rebbiň saýlajak ýerinde ýedi günläp Hudaýyňyz Reb üçin şu baýramy belläň. Çünki Hudaýyňyz Reb siziň hasylyňyza we başlan her bir işiňize bereket berer. Şonuň üçin siz bu baýramda doly şatlanyp bilersiňiz» (Kan. tag. 16:14, 15; Luka 11:28-i okaň).

NÄME ÜÇIN KONGRESLERIMIZIŇ GADRYNY BILMELI?

15, 16. Kongrese gatnaşmak üçin sen nämelerden geçmeli bolduň? Näme üçin şeýle edeniňe degýär?

15 Iýerusalimde bolan baýramçylyklar Hudaýyň häzirki halky üçin nähili ajaýyp görelde! Ýüzlerçe ýylyň dowamynda köp zatlar üýtgese-de, şeýle ýygnaklaryň esasy maksady üýtgänok. Öňki wagtda baýramçylyga gatnaşmak üçin käbir zatlardan geçmeli bolýardy. Şu günlerem köpler şeýle etmeli bolýar. Ýöne alýan bereketleriň eden tagallaňa degýär. Şeýle uly ýygnaklar Ýehowa edýän seždämizde örän wajypdyr. Biz kongreslerde Ýehowa bilen dostlugy has-da berkitmek üçin gerekli bilimi alýarys. Şeýle hem kongresler öwrenen zatlaryňy berjaý etmäge, kynçylyklary ýeňmäge, gaýgy-alada batyrýan işlerden gaça durmaga we bagtly edýän işleri durmuşda birinji orunda goýmaga höweslendirýär (Zeb. 122:1—4).

Günorta Koreýa

16 Kongreslere gatnaşýanlar hemişe-de ondan şatlyk tapýar. 1946-njy ýylda geçen bir kongres barada şeýle diýilýär: «Stadionda oturan müňlerçe şadyýan Güwäçileri görmek tolgundyrýardy. Esasanam, uly orkestr saz çalyp, ähli adamlar bilelikde Ýehowa ajaýyp öwgüli aýdym aýdanlarynda has-da tolgundyryjy boldy». Şeýle-de kongrese gatnaşýan dogan-uýalar ähli bölümlerde işläp, imandaşlaryna şatlyk bilen hyzmat etmek üçin öz kömegini hödürlediler. Siz hem welaýat ýa halkara kongresine gatnaşyp, şeýle duýgulary başdan geçirip gördüňizmi? (Zeb. 110:3; Iş. 42:10—12).

17. Kongresler ýola goýlandan bäri nähili özgerişikler boldy?

17 Kongresler ýola goýlandan bäri birnäçe özgerişikler boldy. Mysal üçin, ýedi günlük kongresler Hudaýyň käbir gullukçylarynyň ýadyndadyr. Şonda irden, günortandan soň we agşamyna ýygnanýardylar. Kongresiň aralygynda wagza gitmek hem ýola goýlandy. Kongresler köplenç irden sagat dokuzda başlap, agşam sagat dokuzda gutarýardy. Meýletin gullukçylar dogan-uýalara ertirlik, günortanlyk we agşamlyk naharyny taýýarlamak üçin jan edip, zähmet çekýärdiler. Häzir kongresler öňki ýaly uzak wagt dowam etmeýär. Ruhy zatlara köp üns berer ýaly, iýjek zatlaryny her kim öz ýany bilen getirýär.

18, 19. Kongreslerde nämä sabyrsyzlyk bilen garaşýarsyňyz we näme üçin?

18 Biz kongreslerdäki käbir zatlara sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Ruhy «nahar» dokladlar hem-de täze edebiýatlar arkaly «wagtly-wagtynda» berlip, Mukaddes Ýazgylardaky pygamberliklere we taglymatlara has gowy düşünmäge kömek edýär (Mat. 24:45). Şeýle edebiýatlar ak ýürekli adamlara Mukaddes Ýazgylardaky hakykata düşünmäge kömek edýär. Mukaddes Ýazgylara esaslanan dramalar ýaşlara hem garrylara ýüregini barlamaga ýardam edýär we zalym dünýäniň zyýan ýetiriji garaýşyndan habardar edýär. Mundan başga-da, özüni Hudaýa bagyş edip, suwda çokundyryljaklar üçin bolýan doklad durmuşda nämäni birinji orunda goýýandygymyzy barlamaga kömek edýär. Şeýle-de Ýehowa özüni bagyş edip, suwda çokundyrylýanlary görüp begenýäris.

19 Hawa, kongresler köpden bäri arassa seždäniň wajyp bölegi. Bu kongresler bize bagtly bolmaga, kyn pursatlarda-da Ýehowa wepaly galmaga we oňa köpräk gulluk etmäge höweslendirýär. Şeýle duşuşyklar ruhlandyrýar, täze dostlary edinmäge we bize bütin dünýä maşgalamyzyň gadyryny bilmäge kömek edýär. Kongresler Ýehowanyň öz halkyna bereket berýändigini we aladysyny edýändigini görkezýär. Geliň, bizem kongresiň her gününe gatnaşmak üçin şahsy işlerimizi şoňa görä düzeliň (Sül. tym. 10:22).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş