Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w12 15/2 sah. 3—7
  • Isanyň göreldesine eýerip, oýa boluň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isanyň göreldesine eýerip, oýa boluň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ISA NÄME ÜÇIN OÝA BOLMAGYMYZY ISLEÝÄR?
  • DOGA NÄDIP OÝA BOLMAGA KÖMEK EDÝÄR?
  • WAGYZDA NÄDIP OÝA BOLMALY?
  • SYNAGLARDA NÄDIP OÝA BOLMALY?
  • Biz näme üçin hemişe «oýa bolmaly»?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • «Hüşgär boluň, hemişe sagdyn pikirleniň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Isanyň resullaryndan oýa bolmagy öwreneliň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • «Meniň yzyma düş»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/2 sah. 3—7

Isanyň göreldesine eýerip, oýa boluň

«Oýa boluň, doga ediň» (MAT. 26:41).

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Dogalarymyz oýadygymyzy nädip görkezýär?

  • Biz wagyzda oýadygymyzy nädip görkezýäris?

  • Synagda oýa bolmak näme üçin wajyp we biz nädip oýa bolup bileris?

1, 2. a) Isanyň göreldesine eýerip, oýa bolmak babatda özümize nähili soraglar bermeli? b) Günäli adamlar nädip Isanyň kämil göreldesine eýerip biler? Mysal getir.

SEN özüňe şeýle sorag beripmidiň: «Isanyň göreldesine eýerip, oýa bolmak mümkinmi»? Belki, Isa kämil bolany üçin, bu saňa başartmaz öýdýänsiň. Isa gelejekde nämeler boljakdygyny müňlerçe ýyl öň takyk bilýärdi. Muňa garamazdan, Isa dogrudanam, oýa bolmalydymy? (Mat. 24:37—39; Ýew. 4:15). Geliň, Isanyň göreldesine eýerip, şu günler oýa bolmagyň wajypdygyna düşünmek üçin, şu iki soragyň jogabyny bileliň.

2 Günäli adamlar kämil adamyň göreldesinden öwrenip bilermi? Hawa, sebäbi gowy mugallymyň göreldesinden öwrenip bolýar. Aýdaly, bir adam ýaý atmagy öwrenýär. Başda ol nyşana düşüp bilmeýär, emma ol birnäçe sapak alyp, türgenleşýär. Ol ussat türgençiden sapak alyp, gitdigiçe ökdeleşýär. Şägirt türgençiniň durşuna, elini tutuşyna, barmaklaryny ýaýyň kirşine goýşuna ünsli syn edýär. Ýuwaş-ýuwaşdan ol ýaýyň kirşini nähili güýç bilen çekmelidigini we şemalyň ugruny tapmagy öwrenýär. Eger ol türgençiniň göreldesine eýerip, erjellik etse, gitdigiçe nyşanyň ortasyna has ýakyn düşüp başlar. Şeýlelikde, biz Isanyň görkezmesine we kämil göreldesine eýersek, has gowy mesihçi bolarys.

3. a) Isa oýa bolmak babatda näme diýdi? b) Biz şu makalada nämä serederis?

3 Isa oýa bolmalydymy? Hawa, bolmalydy. Mysal üçin, Isa ýer ýüzünde ýaşanda, iň soňky gije wepaly resullaryna: «Meniň bilen bile oýa boluň» diýdi. Soňra ol: «Synaga düşmez ýaly oýa boluň, doga ediň» diýdi (Mat. 26:38, 41). Isa ýer ýüzünde ýaşanda, hemişe oýa bolupdy. Ol ölmezinden öň iň kyn pursatlarda, aýratynam, oýa bolmak we gökdäki Atasyna has ýakyn bolmak isledi. Ol şägirtleriniň diňe şol wagt däl, eýsem, gelejekde-de oýa bolmalydygyny bilýärdi. Geliň, Isanyň näme üçin oýa bolmagymyzy isländigini bileliň. Soňra nähili ýagdaýlarda Isa ýaly oýa bolup bilýändigimize seredeliň.

ISA NÄME ÜÇIN OÝA BOLMAGYMYZY ISLEÝÄR?

4. Biz näme üçin oýa bolmaly?

4 Biz gelejek barada köp zatlary bilsek-de, ähli zady bilmeýändigimiz üçin, Isa oýa bolmagymyzy isleýär. Isa ýer ýüzünde ynsan kimin ýaşan mahaly, gelejek barada ähli zady bilmeýärdi. Ol kiçigöwünlik bilen: «Emma ol güni hem ol sagady hiç kim bilýän däldir, ne gökdäki perişdeler, ne-de Ogul, diňe Ata bilýändir» diýdi (Mar. 13:32). Hudaýyň «Ogly» Isa zalym dünýäniň soňy haçan geljekdigini anyk bilmeýärdi. Şu günler biz gelejek barada ähli zady bilýärismi? Elbetde, bilmeýäris! Biz Ýehowanyň zalym dünýäni ýok etmek üçin Ogluny haçan iberjekdigini bilmeýäris. Biz gelejek barada ähli zatlary bilen bolsak, onda oýa bolmak wajyp bolmazdy. Isa zalym dünýäniň soňy duýdansyz, garaşylmadyk wagtda geljekdigini aýtdy. Şol sebäpli biz hemişe oýa bolmaly (Matta 24:43-i okaň).

5, 6. a) Hudaýyň Patyşalygy baradaky bilim oýa bolmagymyza nädip kömek edýär? b) Şeýtan barada bilýändigimiz, bize has hüşgär bolmaga nädip kömek edýär?

5 Isa daş-töweregindäki köp adamlardan tapawutlykda, gelejek barada ençeme ajaýyp zatlary bilýärdi. Biz Isa ýaly köp zatlary bilmeýäris. Emma ol bize Hudaýyň Patyşalygy we onuň tizden nämeler etjekdigi barada köp zatlary öwretdi. Daş-töweregimizdäki adamlaryň köpüsi, ýagny mekdepde, işde we wagyz meýdançalarymyzda şeýle ajaýyp hakykaty bilmeýärler. Ine, şonuň üçin hem biz oýa bolmaly. Biz Isa ýaly hemişe ünsli bolup, adamlara Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň bermek üçin mümkinçilik gözlemeli. Her bir şeýle mümkinçilik gymmatly we biz muny elden bermek islemeýäris. Sebäbi adamlaryň jany howp astynda! (1 Tim. 4:16).

6 Isa oýa bolar ýaly ýene-de nämäniň kömek etjekdigini bilýärdi. Ol Şeýtanyň ony synamak, yzarlamak we aýypsyzlygyny gowşatmak isleýändigini bilýärdi. Bu zalym duşman Isany synamak üçin amatly pursat gözleýärdi (Luka 4:13). Isa hemişe hüşgärdi. Ol islendik synaga, garşylyga we yzarlamalara döz gelmäge taýyn bolmak isleýärdi. Biziň ýagdaýymyz hem Isanyňky ýalymy? Biz Şeýtanyň «arlaýjy arslan kimin aýlanyp, ýuwutjagyny agtaryp ýörendigini» bilýäris. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylarda ähli mesihçilere: «Hüşgär boluň, oýanyň» diýilýär (1 Pet. 5:8). Munuň üçin biz näme etmeli?

DOGA NÄDIP OÝA BOLMAGA KÖMEK EDÝÄR?

7, 8. Isa doga babatda nähili maslahat berdi we biz onuň doga edişinden näme öwrenip bileris?

7 Mukaddes Ýazgylarda ruhy taýdan hüşgär ýa-da oýa bolmak üçin doga etmegiň wajypdygy aýdylýar (Kol. 4:2; 1 Pet. 4:7). Isa şägirtlerine oýa bolmagy haýyş edensoň: «Synaga düşmez ýaly oýa boluň, doga ediň» diýdi (Mat. 26:41). Bu diňe kyn ýagdaýa düşeniňde, doga etmegi aňladýarmy? Ýok, biz her gün Isanyň şu maslahatyna eýermeli.

8 Isa doga etmek babatda gowy görelde görkezdi. Ýadyňyzda bolsa, ol bir sapar Atasyna uzyn gije doga etdi (Luka 6:12, 13-nji aýatlary okaň). Göz öňüne getir: bahar aýlary, Isa Kapernaum şäheriniň golaýyndady. Ol garaňky düşüp ugranda, Jelile kölüniň golaýyndaky daga çykýar. Isa dagdan aşak göz aýlanda, Kapernaumyň we golaýdaky obalaryň çyralarynyň yşygyny görendir. Emma ol doga edip başlanda, bar ünsüni doga jemleýär. Birnäçe sagat geçýär. Isa çyralaryň ýuwaş-ýuwaşdan sönýänine, asmanda aýyň süýşýänine we gyrymsy agaçlarda ýabany haýwanlaryň iýmit gözläp gyrmyldaşyp ýörşüne üns bermeýär. Isa wajyp mesele, ýagny 12 resuly saýlamak hakynda doga eden bolmaly. Biz Isanyň Atasyna gyzgyn doga edip, her bir şägirdi barada alada edendigini we pikirini aýdyp, görkezme hem-de akyldarlyk dilänini göz öňüne getirip bileris.

9. Isanyň uzyn gije doga edişinden näme öwrenýäris?

9 Biz Isanyň göreldesinden näme öwrenip bileris? Biz hem birnäçe sagat doga etmelimi? Ýok, Isa şägirtlerine mähir bilen: «Ruh islegli, ýöne ten ejizdir» diýdi (Mat. 26:41). Biz ejiz bolsak-da, Isanyň göreldesine eýerip bileris. Meselem, biz imanymyza hem wepalylygymyza, maşgalamyza we ýygnakdaky dogan-uýalara täsir edýän kararlara gelmezden öň, Atamyzdan maslahat soraýarysmy? Biz imandaşlarymyz barada doga edýärismi? Biz ýürekden doga edýärismi ýa-da şol bir ýat tutan sözlerimizi gaýtalaýarys? Şeýle-de Isanyň ýekelikde Atasy bilen gepleşmegi gymmat saýandygyna üns beriň. Şu günler başagaý dünýäde wajyp zatlary unutmagymyz ahmal. Emma Ýehowa ýürekden we ýekelikde doga etmek üçin ýeterlikli wagt tapsak, onda ruhy taýdan oýa bolarys (Mat. 6:6, 7). Biz Ýehowa bilen gatnaşygymyzy berkidip, dostlugymyzy bozýan ähli zatlardan gaça dursak, oňa ýakynlaşarys (Zeb. 25:14).

WAGYZDA NÄDIP OÝA BOLMALY?

10. Isa adamlara wagyz etmek üçin mümkinçilik gözläp, bize nähili görelde görkezdi?

10 Isa Ýehowanyň tabşyran ýumşuny berjaý edip oýa boldy. Adam käbir işleri edende, başga zatlar barada oýlansa-da, işine hiç hili zyýan ýetmeýär. Emma köp işler başga zatlar barada oýlanman, bar ünsüňi işiňe jemlemegi talap edýär. Muňa wagyz gullugy hem degişli. Isa wagza bar ünsüni berip, her mümkinçilikden peýdalanyp, adamlara hoş habary wagyz edýärdi. Meselem, ol resullary bilen uzak ýol ýöräp, Sihar şäheriniň golaýyna gelenlerinde, şägirtleri iýmit satyn almaga gitdiler. Isa guýynyň başyna dynç almaga gelse-de, oýa bolup, wagyz etmek üçin mümkinçilik gözleýärdi. Samariýaly bir aýal guýa suw çekmäge gelýär. Şonda Isa uklap ýa-da wagyz etmez ýaly bahana tapyp bilerdi. Emma ol şol aýal bilen gürrüň açyp, oňa gowy wagyz etdi. Netijede, şol şäherdäki adamlaryň köpüsi hakykaty bildi (Ýahýa 4:4—26, 39—42). Biz Isanyň göreldesine eýerip, her gün adamlara wagyz etmek üçin mümkinçilik gözläp, has oýa bolup bilerismi?

11, 12. a) Adamlar Isanyň edýän işine päsgel berjek bolanda, ol näme etdi? b) Isa wagza paýhasly garaýandygyny nädip görkezdi?

11 Käwagt akýürekli adamlar Isanyň edýän işine päsgel berjek boldular. Kapernaumda Isa gudrat arkaly kesel adamlary sagaltdy. Şonuň üçin hem olar Isanyň ýanynda galmagyny islediler. Emma Isa diňe şol şäherde däl, eýsem, «Ysraýyl öýüniň ýitirim bolan goýunlarynyň» ählisine wagyz etmelidi (Mat. 15:24). Isa olara: «Hudaýyň Patyşalygynyň Hoş Habaryny Men beýleki şäherlere-de bildirmeli. Çünki Men munuň üçin iberildim» diýdi (Luka 4:40—44). Isa ýer ýüzünde ýaşanda, esasanam, köp wagyz edýärdi. Ol wagyz işine päsgel bermäge hiç zada ýol bermedi.

12 Isa wagyz işi bilen şeýle başagaý bolup, ýaşaýyşdan lezzet almaýardymy? Ol adamlaryň zerurlyklaryny göz öňünde tutman, diňe wagyz edýärdimi? Ýok, Isa paýhasly bolup, ajaýyp görelde görkezdi. Ol dostlary bilen şatlykly wagtyny geçirip, durmuşdan lezzet alýardy. Isa maşgalalara duýgudaşlyk bildirip, olaryň zerurlyklaryna we kynçylyklaryna düşünýärdi. Ol çagalary-da gowy görýärdi (Markus 10:13—16-njy aýatlary okaň).

13. Biz oýa bolup, paýhasly gulluk etmek babatda Isanyň göreldesine nädip eýerip bileris?

13 Biz Isanyň göreldesine eýerip, oýa bolup, onuň ýaly nädip paýhasly bolup bileris? Biz bu dünýäniň wagyz işimize päsgel bermegine ýol bermeýäris. Hatda dostlarymyz we dogan-garyndaşlarymyz bize azrak gulluk edip, gowy niýet bilen, «il ýaly» ýaşa diýmekleri mümkin. Emma biz Isanyň göreldesine eýerip, Hudaýyň işini iýmit ýaly wajyp hasaplamak isleýäris (Ýahýa 4:34). Biz Hudaýa gulluk edip, onuň bilen gatnaşygymyzy berkidýäris we özümizi bagtly duýýarys. Emma biz hiç haçan özümizi dogry saýyp, durmuşdan lezzet alman, paýhassyz alyp barmaýarys. Biz Isa ýaly «mübärek Hudaýa» paýhasly gulluk edip, şadyýan bolmak isleýäris (1 Tim. 1:11).

SYNAGLARDA NÄDIP OÝA BOLMALY?

14. Biz kyn ýagdaýa düşenimizde, nämäni unutmaly däl we näme üçin?

14 Isa synaga uçranda, şägirtlerine oýa bolmagy has erjellik bilen maslahat berdi (Markus 14:37-ni okaň). Biz hem kyn ýagdaýa düşenimizde, onuň göreldesine eýermegi unutmaly däl. Adamlar kyn ýagdaýa düşende, köplenç bir wajyp hakykaty unudýarlar. Bu hakykat şeýle wajyp welin, Suleýmanyň tymsallarynda ol iki sapar gaýtalanýar: «Ýol bardyr, adama dogry ýaly görünýär, ýöne onuň soňy ölüme barýar» (Sül. tym. 14:12; 16:25). Biz, esasanam, kyn ýagdaýa düşenimizde, öz düşünjämize bil baglasak, özümizi we gowy görýän adamlarymyzy howp astyna salarys.

15. Ykdysady taýdan kyn döwürde maşgalabaşy nähili synaga uçramagy mümkin?

15 Mysal üçin, maşgalabaşa «ýakynlaryny» eklemek kyn bolup biler (1 Tim. 5:8). Onda ýygnak duşuşuklaryna yzygider barmaga, maşgala okuwyny geçirmäge we wagyz etmäge päsgel berýän işe girmäge isleg döremegi mümkin. Şeýle ýagdaýda maşgalabaşy öz düşünjesine bil baglasa, gelen karary dogry ýaly görünmegi ahmal. Emma ol şeýdip, Ýehowa bilen dostlugyny bozýar, hatda oňa garşy gidýär. Şeýle ýagdaýda Süleýmanyň tymsallary 3:5, 6-njy aýatlardaky maslahata eýermek has gowy bolar. Süleýman pygamber: «Öz düşünjäňe daýanma, bütin ýüregiň bilen Rebbe bil bagla. Bar işleriňde Ony tana, Ol seniň ýollaryňy dogrular» diýdi.

16. a) Isanyň Ýehowanyň akyldarlygyna bil baglaýşyndan näme öwrenýäris? b) Maşgalabaşylaryň köpüsi kyn günlerinde Isanyň göreldesine nädip eýerýärler?

16 Isa synaga uçranda, hiç haçan öz düşünjesine daýanmady. Oýlanyp gör, ýer ýüzünde ýaşan iň akyldar adam hiç haçan öz düşünjesine daýanmandyr! Mysal üçin, Şeýtan ony synanda, ol birnäçe gezek: «Ýazylgydyr» diýip jogap berdi (Mat. 4:4, 7, 10). Isa kiçigöwünlilik bilen Hudaýyň akyldarlygyna bil baglap, synaga garşy durdy. Şeýtanyň özi tekepbir bolany üçin kiçigöwünligi ýigrenýär. Biz Ýehowanyň akyldarlygyna bil baglaýarysmy? Isanyň göreldesine eýerip, oýa bolýan maşgalabaşy, esasanam, synaglarda Hudaýyň Sözündäki görkezmä eýerýär. Bütin dünýäde müňlerçe maşgalabaşylar şeýle edýär. Hatda olaryň maşgalasyna pul ýetmezçilik etse-de, olar Hudaýyň Patyşalygyny we hakyky seždäni birinji orunda goýýarlar. Şeýtmek bilen, olar maşgalasynyň aladasyny has gowy edýärler. Ýehowa olaryň maşgalasyny eklemek üçin edýän tagallalaryna bereket berýär (Mat. 6:33).

17. Näme üçin sen Isanyň göreldesine eýerip, oýa bolmak isleýärsiň?

17 Dogrudan-da, Isa oýa bolmak babatda iň gowy görelde görkezdi. Onuň göreldesi biziň üçin peýdaly, hatda janymyzy-da goraýar. Şeýtanyň biziň ruhy taýdan uka gitmegimizi isleýändigini, imanymyzy, Ýehowa sežde etmek yhlasymyzy we aýypsyzlygymyzy gowşatjak bolýandygyny unutma (1 Sel. 5:6). Şeýtana ýeňmäge ýol berme! Dogada, wagyzda we synagda Isa ýaly oýa bol. Şeýtmek bilen, sen şu garaňky zalym dünýäde häzirden bagtly bolarsyň we durmuşyň manyly bolar. Eger sen ruhy taýdan oýa bolsaň, Isa zalym dünýäni ýok etmäge gelende, Atasynyň islegini yhlasly berjaý edýändigiňi görer. Ýehowa wepalylygyňy şatlyk bilen sylaglar! (Ylh. 16:15).

[6-njy sahypadaky surat]

Isa guýynyň başynda aýala wagyz etdi. Sen her gün wagyz etmek üçin nähili mümkinçilikler gözleýärsiň?

[7-nji sahypadaky surat]

Sen öz maşgalaň ruhy taýdan aladasyny edip, oýadygyňy görkezýärsiň

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş