Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w06 15/7 sah. 25—29
  • Ýehowa horluk çekýän adamy halas edýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa horluk çekýän adamy halas edýär
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Darykdyrýan pikirleriň netijesi
  • Bikämillik sustupes edýär
  • Ýagdaýymyzyň çäkliligi ruhdan düşürýär
  • «Kyn pursatlar» sustupes edýär
  • Sustupesligi nädip ýeňmeli?
  • Hudaýyň «güýçli elleri astynda» ýaşa
  • Depressiýadan horlanýanlara göwünlik
    Depressiýadan horlanýanlara göwünlik
  • Bütin teselliler Hudaýy Ýehowa bil baglaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Kynçylyga duşanyňyzda şatlanyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Ýehowa sizi söýýär!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
w06 15/7 sah. 25—29

Ýehowa horluk çekýän adamy halas edýär

«Dogry adamyň dertleri köpdür; ýöne Reb olaryň ählisinden ony halas edýändir» (ZEBUR 34:19).

1, 2. Bir wepaly mesihçi uýa nähili kynçylyga duş geldi we näme üçin bizem şeýle ýagdaýa düşüp bileris?

KEÝKOa atly uýa 20 ýyl mundan ozal Ýehowanyň Güwäçisi boldy. Ol birnäçe wagtlap pioner, ýagny Patyşalygyň doly wagtly wagyzçysy bolup gulluk edýärdi. Ol wagyz etmegi diýseň gowy görýärdi. Emma soňky wagtlar ol özüni umytsyz we ýeke duýup başlady. Keýko: «Men dynman aglaýardym» diýýär. Ol gaýgyly pikirlerden dynmak üçin şahsy okuwa köp wagt sarp edip başlady. «Ýöne şonda-da men ýagdaýy üýtgedip bilmedim. Men özümi şeýle erbet duýýardym welin, hatda ölesim gelýärdi» diýip, Keýko gürrüň berýär.

2 Senem şeýle duýgulary başdan geçiripmidiň? Ýehowanyň Güwäçisi hökmünde sende şatlanara sebäp kän, çünki Hudaýa wepaly bolsaň, ol «häzirki we geljekki ýaşaýşy» wada berýär (1 Timoteos 4:8). Dogrudanam, sen häzir ruhy jennetde ýaşaýarsyň! Emma bu sende darykdyrýan pikirleriň asla bolmajagyny aňladýarmy? Elbetde ýok! Mukaddes Ýazgylar: «Dogry adamyň dertleri köpdür» diýýär (Zebur 34:19). Bu geň däl, çünki biz «Iblisiň goly astyndaky» dünýäde ýaşaýarys (1 Ýahýa 5:19). Şol sebäpli biziň hemmämiz onuň täsirini duýýarys (Efesliler 6:12).

Darykdyrýan pikirleriň netijesi

3. Hudaýyň hasrat çeken gullukçylaryndan mysal getir.

3 Lapykeçlik uzaga çekse, biziň garaýşymyza bütinleý täsir edip biler (Süleýmanyň tymsallary 15:15). Hudaýyň wepaly pygamberi Eýýubyň mysalyna seredeliň. Ol agyr synaga düşende şeýle diýdi: «Aýaldan doglan adamyň ömri gysga we jebir-jepadan doly» (Eýýup 14:1). Eýýup öňki şatlygyny ýitirdi. Hatda onda Ýehowa terk etdi diýen pikir hem döredi (Eýýup 29:1—5). Eýýup Hudaýyň hasrat çeken ýeke-täk gullukçysy däl. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda Hannanyň çagasynyň bolmaýandygy üçin «ýürekden hasrat çekendigi» aýdylýar (1 Patyşalar 1:9—11). Rebeka maşgalasynyň jebirli ýagdaýyndan nalap: «Men ýaşaýyşdan irdim» diýdi (Barlyk 27:46). Dawut eden ýalňyşlary barada oýlanyp: «Egildim, iki büküldim; bütin gün ýasly gezýärin» (Zebur 38:6). Bu mysallar b. e. öň ýaşan Hudaýdan gorkýan erkek adamlaryň we aýallaryň hasrat çekendigini aýdyň görkezýär.

4. Şu günlerem «ýürekden hasrat çekýän» mesihçileriň bardygy näme üçin geň däl?

4 Eýsem, mesihçiler barada näme diýse bolar? Pawlus resul selaniklilere «göwnüçökgünlere göwünlik beriň» diýip, ýazmagy makul bildi (1 Selanikliler 5:14). Bir maglumat kitabynda «ýürekden hasrat çekmek» diýen grek sözi «durmuşyň duýgy sarsgynyndan (stresden) ýaňa wagtlaýynça hasrat çekilýän ýagdaý» diýip, terjime edilýär. Pawlusyň selaniklilere ýazan haty şol ýygnakda mesh edilen mesihçileriň käbiriniň sustupes bolandygyny görkezýär. Şu günlerem sustupes mesihçiler bar. Eýsem olar näme üçin sustupeslige düşýärkä? Geliň, onuň üç sebäbine seredeliň.

Bikämillik sustupes edýär

5, 6. Rimliler 7:22—25-nji aýatlar bize nähili teselli berýär?

5 «Bütin duýgularyny ýitiren» ahlaksyz adamlardan tapawutlylykda, mesihçiler bikämildigine düşünýärler we şol sebäpli lapykeç bolýarlar (Efesliler 4:19). Pawlus resulam özüni sustupes duýupdy. Ol şeýle ýazdy: «Hudaýyň kanunyndan içki tebigatyma görä lezzet tapmaýaryn. Öz synalarymda başga bir kanuny görýärin. Ol pikirimiň kabul eden kanunyna garşy söweşip, meni synalarymdaky günä kanunyna ýesir edýär». Soňra ol gynanç bilen: «Ne biçäre adam men!» diýdi (Rimliler 7:22—24).

6 Senem özüňi Pawlus ýaly duýupmydyň? Eger duýan bolsaň, bu saňa öz bikämilligiňe doly düşünip, agyr günäden we ahlasyzlykdan gaça durmaga güýç berer. Ýöne sen kemçilikleriň bardygy üçin hemişe lapykeç bolmaly dälsiň. Pawlus gynanyp aýdan sözlerinden soň: «Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaýa şükür edýärin» diýip, dowam etdi (Rimliler 7:25). Hawa, Pawlus Isa Mesihiň döken gany arkaly miras alnan günäden azat boljagyna ynanýardy (Rimliler 5:18).

7. Bikämildigimiz üçin lapykeç bolmaz ýaly näme kömek eder?

7 Eger sen bikämildigiň üçin ruhdan düşýän bolsaň, onda Ýahýa resulyň sözleri saňa teselli berer. Ol şeýle ýazdy: «Kimdir biri günä eden bolsa, Atanyň ýanynda Töwellaçymyz, dogry bolan Isa Mesih bardyr. Ol günälerimize, diňe bir biziňkä däl-de, eýsem bütin dünýäniň günälerine hem bagyşlanma gazandyran gurbandyr» (1 Ýahýa 2:1, 2). Eger sen günä etmäge ýykgynlygyň üçin lapykeç bolýan bolsaň, onda Isanyň kämil adamlar üçin däl-de, günäli adamlar üçin ölendigini hiç haçan unutma. Hawa, «barymyz günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum bolduk» (Rimliler 3:23).

8, 9. Näme üçin biz özümizi ýazgarmakdan gaça durmaly?

8 Aýdaly, sen öň agyr günä etdiň. Elbetde, sen bu barada Ýehowa köp doga edip ýüregiň dökensiň. Mesihçi ýaşulular seni ruhy taýdan goldandyrlar (Ýakup 5:14, 15). Sen ýürekden toba geleniň üçin ýygnagyň agzasy bolup galansyň. Belki, sen Hudaýyň guramasyny wagtlaýynça goýup, ýöne soňra toba gelip, özüňi gowy alyp baranyň üçin ýygnaga ýene-de kabul edilensiň. Her näme-de bolsa eden günäň ýadyňa düşende, sen ruhdan düşýänsiň. Şeýle ýagdaýda, Ýehowanyň ýürekden toba edýän adamy «köp geçirýändigini» ýatdan çykarma (Işaýa 55:7). Onsoňam, ol seniň umytsyz ýaşamagyňy islemeýär. Aslynda, muny Şeýtan isleýär (2 Korintoslylar 2:7, 10, 11). Şeýtan ýok ediler, çünki ol şoňa mynasyp, ýöne ol seniňem özüňi höküm edilmegä mynasyp duýmagyňy isleýär (Ylham 20:10). sen Şeýtana imanyňy syndyrmaga ýol berme (Efesliler 6:11). Gaýtam, beýleki ýagdaýlarda edişiň ýaly, «oňa garşy... dur» (1 Petrus 5:9).

9 Ylham 12:10-da Şeýtan «doganlarymyzyň [mesh edilen mesihçileriň] aýyplaýjysy» diýip atlandyrylýar. Ol «olary Hudaýymyzyň öňünde gije-gündiz aýyplaýar». Bu aýat barada pikirlenseň, sen özüňi günäkärläniňde, igeneniňde ýalançy Şeýtanyň begenýändigine göz ýetirersiň. Ýehowa bolsa seni asla ýazgarmaýar (1 Ýahýa 3:19—22). Kemçilikleriň üçin özüňi horlap, tapdan düşürmelimi? Hudaý bilen gatnaşygyňy bozmaga Şeýtana ýol berme. Iblise ýol berseň, Ýehowanyň «rehimdar we mähriban Hudaýdygyny, örän sabyrly, merhemete... boldugyny» ýatdan çykararsyň (Çykyş 34:6).

Ýagdaýymyzyň çäkliligi ruhdan düşürýär

10. Ýagdaýymyzyň çäkliligi bizi näme üçin ruhdan düşürýär?

10 Käbir mesihçiler Hudaýa gulluk edende ýagdaýynyň çäkliligi sebäpli ruhdan düşýärler. Seniňem ýagdaýyň çäklimi? Belki, ýarawsyzlyk, garrylyk ýaly ýagdaýlar saňa öňki ýaly wagyz etmäge mümkinçilik berýän däldir. Aslynda, mesihçiler Hudaýa gulluk etmek üçin pursady elden bermeli däl (Efesliler 5:15, 16). Eger seniň ýagdaýyň çäkliligi köpräk gulluk etmäge mümkinçilik bermän, ruhdan düşürýän bolsa näme?

11. Pawlusyň Galatýalylar 6:4-däki maslahatynyň bize näme peýdasy bar?

11 Mukaddes Ýazgylarda bize «ýalta bolman, gaýtam, wada edilenleri iman hem sabyr arkaly miras alanlardan görelde almaga» maslahat berilýär (Ýewreýler 6:12). Biz muny diňe wepaly gullukçylaryň göreldesini öwrenip hem-de olaryň imanyna eýerip edip bileris. Eger özümizi başgalar bilen deňeşdirsek, hiç hili oňat zat edip bilmeris diýen netijä geleris. Munuň bolsa bize peýdasy bolmaz. Gowusy Pawlusyň maslahatyna eýereliň, ol şeýle diýdi: «Her kişi öz işini derňesin. Onsoň onuň başga biri hakda däl-de, özi hakda magtanjy bolar» (Galatýalylar 6:4).

12. Ýehowa gulluk etmek näme üçin şatlyk berýär?

12 Mesihçiler saglyk ýagdaýy zerarly köp gulluk edip bilmeseler-de, olarda şatlanmaga sebäp bar. Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaý siziň işiňizi... Öz adyna görkezen söýgiňizi unudar ýaly, adalatsyz däldir» diýilýär (Ýewreýler 6:10). Mümkin, sen käbir ýagdaýlara görä, Ýehowa öňki ýaly aktiw gulluk edip bilýän dälsiň. Muňa garamazdan, sen Ýehowanyň kömegi bilen telefon ýa-da hat arkaly köpräk gulluk edip bilersiň. Ýehowa Hudaý seniň ýürekden we söýgi bilen oňa hem-de adamlara edýän gullugyň üçin hökman bereket berer (Matta 22:36—40).

«Kyn pursatlar» sustupes edýär

13, 14. a) «Kyn pursatlar» bizi nädip sustupes edip biler? b) Adamlaryň «doňýürek» bolandygyna nähili subutnamalar bar?

13 Biz sabyrsyzlyk bilen Hudaýyň dogry täze dünýäsine garaşýarys, ýöne häzir «kyn pursatlarda» ýaşaýarys (2 Timoteos 3:1). Dünýädäki agyr ýagdaýlar gutulyşyň golaýdygyny görkezýändigi bize teselli berýär. Emma dünýäniň erbet ýagdaýy bize-de täsir edýär. Meselem, sen işsiz galsaň näme? Işsizlik sebäpli birnäçe aýlap iş tapyp bilmeseň, sen Ýehowanyň ýagdaýy görýändigine hem-de edýän dogalaryňy eşidýändigine şübhelenmegiň mümkin. Belki, seni hukugyňdan kesendirler ýa-da sen başga adalatsyzlyklara gabat gelensiň. Hatda gazetlerdäki makalalary okap, özüňi «azgynlaryň ahlaksyzlyk içindäki ýaşaýyşyndan jebir çeken» dogry bolan Lut ýaly duýýansyň (2 Petrus 2:7).

14 Biz soňky günleriň bir esasy aýratynlygyny ýatdan çykarmaly däl. Mukaddes Ýazgylarda köp adamlaryň dogan-garyndaşlaryna «doňýürek» boljakdygy öňünden aýdyldy (2 Timoteos 3:3). «Maşgaladaky zorluk» atly kitapda şeýle diýilýär: «Aslynda, adam öldürmek, zorluk etmek, uruş-sögüş ýaly zorluklar başga ýerlere garanyňda maşgalada köp bolýar. Käbir adamlar we çagalar üçin maşgala parahatlygyň we söýginiň ojagy bolman, gaýtam, ýer ýüzünde iň howply ýere öwrüldi» (Family Violence). Şeýle maşgalada önüp-ösen çagalar ulalanda-da gorkudan we sustupeslikden ýaňa ejir çekýär. Eger senem şeýle ýagdaýda bolsaň näme etmeli?

15. Näme üçin Ýehowanyň söýgüsi adamlaryň söýgüsinden güýçli?

15 Dawut mezmurçy: «Kakam, ejem meni terk edenlerinde, Reb meni kabul eder» diýip, nagma aýtdy (Zebur 27:10). Ýehowanyň söýgüsi ata-enäniň söýgüsinden güýçlüdigini bilmek, gör, nähili teselli berýär! Ata-eneň saňa biperwaý garap, urup-sögüp ýa-da senden dänen bolsalaram, Ýehowa sen barada mähirlilik bilen alada edýär (Rimliler 8:38, 39). Ýehowa söýýän adamlaryny özüne çekýändigini ýadyňdan çykarma (Ýahýa 3:16; 6:44). Adamlar sen barada nähili garaýyşda bolsalar-da, gökdäki Atamyz seni söýýär!

Sustupesligi nädip ýeňmeli?

16, 17. Sustupesligi ýeňip, ruhy taýdan berkemek üçin näme etmeli?

16 Sen käbir ädimleri ädip sustupesligi ýeňip bilersiň. Munuň üçin Hudaýyň ýolundan yhlasly ýöremeli. Ylaýta-da, darykdyryjy pikirler seni biynjalyk edende, Hudaýyň Sözi barada oýlan. Mezmurçy: «Aýagym taýýar» diýen mahalym, ýa Reb, merhemetiň meni tutýar. Içimdäki aladalar artanda Seniň teselliň janyma rahatlyk berýär» diýip, nagma aýtdy (Zebur 94:18, 19). Mukaddes Ýazgylary yzygiderli okasaň, göwünlik berýän sözleri we ruhlandyrýan pikirleri tapmaga kömek eder.

17 Mundan başga-da doga etmek örän wajyp. Ýüregiňdäki çuň duýgularyňy aýdyp bilmeseň-de, Ýehowa seniň näme aýtjak bolýanyňa düşünýär (Rimliler 8:26, 27). Mezmurçy: «Ýüküňi Rebbiň üstüne taşla, Ol seni saklar; Ol dogry adamy asla sarsdyrmaz» diýip, bize teselli berýär (Zebur 55:22).

18. Göwnüçökgün ýagdaýda näme kömek eder?

18 Käbirleriň ruhdan düşmegi göwnüçökgün (depressiýa) bilen baglanyşyklyb. Senem göwnüçökgün ýagdaýda bolsaň, onda Hudaýyň täze dünýäsinde «hiç kim: «Men ýaramok» diýilmejek wagt barada oýlan (Işaýa 33:24). Eger darykdyrýan pikirler seni biynjalyk edip, güýçli sustupes ýagdaýa eltse, onda lukmana ýüz tutsaň gowy bolardy (Matta 9:12). Sebäbi saglygyňa üns bermek wajyp. Peýdaly iýmit we bedenterbiýe bilen meşgullanmak kömek eder. Şeýle-de gowy ýatyp, dynjyňy almaly. Gijäniň ýaryna çenli telewizora seretmejek bol hem-de beden we duýgy taýdan gaty ýadadýan güýmenjelerden gaça dur. Ýöne iň esasy zat, Hudaýa ýaraýan işler bilen meşgullanmagyňy dowam et! Entek Ýehowanyň «gözlerimizden ähli ýaşlary süpürjek» wagty gelmese-de, ol bize ähli kynçylyklara döz gelmäge güýç berer (Ylham 21:4; 1 Korintoslylar 10:13).

Hudaýyň «güýçli elleri astynda» ýaşa

19. Ýehowa sustupeslere näme wada berýär?

19 Mukaddes Ýazgylarda dogry adamyň dertleri köp bolsa-da, Ýehowa «olaryň ählisinden ony halas edýändir» diýilýär (Zebur 34:19). Nädip? Pawlus resul «tenindäki tikeni» aýyrmak üçin Ýehowa ençeme gezek doga edende, Ol oňa: «Meniň gudratym ejizlikde kämilleşýändir» diýdi (2 Korintoslylar 12:7—9). Ýehowa Pawlusa we saňa näme wada berýär? Ol häzir sagaltmagy däl-de, çydamaga güýç bermegi wada berdi.

20. Kynçylyklarymyza garamazdan, 1 Petrus 5:6, 7-däki sözler nämä ynandyrýar?

20 Petrus resul şeýle ýazdy: «Hudaý sizi öz wagtynda beýgelder ýaly, Onuň güýçli elleri astynda pälleriňizi pes tutuň. Ähli gam-gussaňyzy Onuň üstüne atyň; sebäbi Ol siziň gamhoryňyzdyr» (1 Petrus 5:6, 7). Ýehowa sen barada alada edýär, şonuň üçin ol seni hiç haçan terk etmez. Nähili ýagdaý bolaýanda-da, ol seni goldar. Wepaly mesihçileri Hudaý «güýçli elleriniň astynda» saklaýandygyny unutma. Ýehowa öz gullukçysy hökmünde bize güýç berýär. Eger oňa wepaly bolsak, bize ruhy taýdan düzedip bolmajak zeper ýetmez. Şonuň üçin Ýehowa wepaly galalyň. Şonda wada edilen täze dünýäde ebedi ýaşarys hem-de sustupes adamyň hemişelik halas bolanyny göreris!

a Ady üýtgedildi.

b Göwnüçökgünlik diňe bir sustupeslik däl. Bu lukmanyň barlamagy arkaly kesgitlenilýän kesel. Şeýle ýagdaýda sustupeslik agyr bolýar we uzaga çekýär. Goşmaça maglumat üçin «Garawul diňi» žurnalynyň 1989-njy ýylyň Gorkut aýynyň 15-ine çykan 18—22 sah; 1989-njy ýylyň Alp Arslan aýynyň 15-ine çykan 20—23 sah; 1996-njy ýylyň Ruhnama aýynyň 1-ine çykan 30, 31 sah. seret.

Ýadyňyzdamy?

• Näme üçin Ýehowanyň gullukçylarynda-da darykdyrýan pikirler bolýar?

• Hudaýyň gullukçylary näme sebäpden sustupes bolýarlar?

• Ýehowa biynjylyklary ýeňmäge nädip kömek edýär?

• Biz nädip Hudaýyň «güýçli elleri astynda» bolup bileris?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş