Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w06 15/6 sah. 25—29
  • «Ýatlatmalaryň hem meniň keýpimdir»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Ýatlatmalaryň hem meniň keýpimdir»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaýyň guramasyna wepadarlyk
  • Duýduryş berýän ýatlatmalar
  • Ahlak taýdan arassa bolmak
  • Hudaýyň ýatlatmalaryna ünsli bol!
  • Ýehowanyň ýatlatmalary ygtybarlydyr
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Dawut bilen Şawul
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ýehowanyň ýatlatmalaryndan şatlyk tapyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Ýehowanyň adyny bilelikde beýgeldeliň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
w06 15/6 sah. 25—29

«Ýatlatmalaryň hem meniň keýpimdir»

«Çünki näme öňden ýazylan bolsa... bize taglym üçin ýazylandyr». (RIMLILER 15:4).

1. Ýehowa näme arkaly bize ýatladýar we näme üçin?

ŞU KYN günleriň hötdesinden gelmek üçin Ýehowa halkyna ýatlatmalar berýär. Bu ýatlatmalaryň käbirini Mukaddes Ýazgylary özümiz öwrenenimizde okaýarys, beýlekilerini bolsa ýygnak duşuşyklarynda eşidýäris. Okaýan ýa-da eşidýän zatlarymyzyň köpüsi öňdenem tanyşdyr. Ýöne köp zady unudýandygymyz üçin, bize ýygy-ýygydan Ýehowanyň niýetini, kanunyny we tälimini ýatlatmak gerek. Ýehowanyň ýatladýany üçin biz minnetdar bolmaly. Olar bize näme üçin Hudaýyň ýoluny saýlandygymyzy ýatladyp kömek edýär we ruhlandyrýar. Şonuň üçin mezmurçy: «Şaýatlyklaryň [ýatlatmalaryň, TD] hem meniň keýpimdir» diýdi (Zebur 119:24).

2, 3. a) Näme üçin Ýehowa gullukçylarynyň mysallaryny şu günlere çenli ýetirdi? b) Şu makalada haýsy mysallara serederis?

2 Mukaddes Ýazgylar ençeme asyr öň ýazylan bolsa-da, onuň täsiri uly (Ýewreýler 4:12). Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň gullukçylarynyň durmuşy barada dogry maglumat berilýär. Mukaddes Ýazgylaryň ýazylan döwründen bäri däp-dessurlar we adamlaryň garaýşy üýtgän bolsa-da, duş gelýän kynçylyklarymyz üýtgemedi. Mukaddes Ýazgylarda Hudaýy söýen we kyn ýagdaýlarda oňa wepaly galan adamlaryň mysaly bizi diýseň ruhlandyrýar. Şeýle-de ünsli bolsak, Hudaýyň ýigrenýän zatlaryny bileris. Ýehowa Mukaddes Ýazgylardaky gowy we erbet adamlaryň mysaly arkaly bize ýatladýar. Şonuň üçin Pawlus resul şeýle diýdi: «Çünki näme öňden ýazylan bolsa, bary çydam arkaly, Ýazgylaryň tesellisi arkaly umytly bolar ýaly, bize taglym üçin ýazylandyr» (Rimliler 15:4).

3 Mukaddes Ýazgylardaky üç sany mysala: Dawudyň Saula bolan garaýşyna, Hananýa we Safira bilen bolan waka we Ýusubyň Potifaryň aýaly bilen özüni alyp barşyna geliň, seredeliň. Bu mysallardan biz gowy sapak edinip bileris.

Hudaýyň guramasyna wepadarlyk

4, 5. a) Saul patyşa bilen Dawudyň arasy nähilidi? b)Saulyň duşmançylygyna Dawut nähili garady?

4 Saul patyşanyň Ýehowa wepaly galmandygy üçin, Onuň halkyna baştutanlyk etmäge mynasyp bolmady. Şonuň üçin Hudaý Samuel pygambere Dawudy Ysraýylyň gelejekki patyşasy edip bellemegi buýurdy. Dawut esger hökmünde edermenligini görkezende, halk ony taryplap garşy alandan soň, Saul oňa bäsdeş hökmünde garap ugrady. Ol Dawudy bir näçe gezek öldürmäge synanyşdy. Ýehowa Dawudy gorany üçin, ol aman galdy (1 Patyşalar 18:6—12, 25; 19:10, 11).

5 Bir näçe ýyl Dawut gaçgak bolup ýaşamaly boldy. Sauly öldürmäge amatly pursat dörände, Dawudyň ýoldaşlary oňa: «Ýehowa ony seniň eliňe berdi» diýip, öldürmäge yrjak boldular. Ýöne ol beýle işi etmekden boýun gaçyrdy. Sebäbi Dawut Ýehowa wepalydy we Hudaýyň bellän patyşasyna hormat goýardy. Ýehowa Sauly patyşa edip bellän bolsa, wagty gelende onuň özi hem patyşalygy elinden almalydy. Dawut bu işe baş goşmaly däldigine düşünýärdi. Dawut Saulyň gaharyny ýatyrmak üçin elinden gelenini edeninden soň, ol şeýle diýdi: «Ýehowanyň özi ony öldürer, ýa güni gelende öler, ýa-da söweşe gidip wepat bolar. Ýehowanyň bellänine el götermäge Ýehowa maňa ýol bermesin!» (1 Patyşalar 24:3—15; 26:7—20).

6. Dawut bilen Saulyň mysaly barada oýlanmak näme üçin wajyp?

6 Bu mysaldan gowy sapak edinsek bolar. Käwagt bizde şeýle sowal ýüze çykmagy mümkin: «Näme üçin ýygnakda käbir kynçylyklar döreýär? Mümkin kimdir biri özüni gelşiksiz alyp barýandyr. Eger onuň edýän işi agyr günä bolmasa-da, ýöne seni biynjalyk etse, näme etmeli? Biz mesihçi we Hudaýa wepaly bolanymyz sebäpli, dogan bilen sypaýy gürleşeris. Eger-de kynçylyk çözülmän öňküligine galsa näme etmeli? Elimizden gelen kömegi edenimizden soň, Dawut ýaly baryny Ýehowanyň eline tabşyrmaly.

7. Bize garşy adalatsyz iş etseler ýa-da yzarlasalar, biz Dawudyň göreldesine nädip eýermeli?

7 Mümkin, size garşy adalatsyz işler edýändirler ýa-da uýýan diniňiz üçin yzarlaýandyrlar. Käwagt siz hiç zat edip bilýän dälsiňiz. Şeýle synaga döz gelmek aňsat däl, ýöne Dawudyň adalatsyzlyga bolan garaýşyndan biz özümize sapak edinip bileris. Dawut pygamber Zebur kitabynda Saulyň yzarlan wagty, diňe agyr duýgulary barada däl-de, Ýehowa wepalylygyny beýan etdi we Ýehowanyň adyny şöhratlandyrdy (Zebur 18:1—6, 25—27, 30—32, 48—50; 57:1—11). Saul ony ençeme ýyl yzarlasa-da, Dawut Ýehowa wepaly galdy. Biz adalatsyzlyk sebäpli horluk çeksek-de, adamlaryň erbet iş edýänine garamazdan, bizem Ýehowa wepaly galmaly. Ýehowanyň biziň ýagdaýymyza düşünýändigini bilip, biz özümizi rahat duýýarys (Zebur 86:2).

8. Mozambikdäki Ýehowanyň Güwäçileriniň imany synalanda näme etdiler?

8 Şu günler imany synalýanlar üçin Mozambikdäki doganlar gowy görelde bolup durýar. 1984-nji ýylda Mozambigiň obalaryna garşylyk görkezýän hereketiň ýaraglanan adamlary topulyp öýleri ýaryp, otlaýardylar we adam öldürýärdiler. Şonda mesihçileri hiç kim gorap bilmejek ýalydy. Ýaraglanan adamlar ýerli ilaty zorluk bilen öz goşunyna goşulmaga we başga ýollar bilen goldamaga mejbur edýärdiler. Ýehowanyň Güwäçileri bolsa bitaraplygy saklamagy ýüregine düwdüler. Şeýtmek bilen olaryň gaharyny getirdiler. Otuz sany Ýehowanyň Güwäçileri şol agyr döwrüň pidasy boldy. Olara ölüm howpy abansa-da, olaryň imany gowşamadya. Ýehowanyň Güwäçileri Dawut pygamber ýaly adalatsyzlyga çydap, soňunda ýeňiş gazandylar.

Duýduryş berýän ýatlatmalar

9, 10. a) Mukaddes Ýazgylardaky käbir mysallardan biz näme öwrenýäris? b) Hananýa bilen Safiranyň eden işi näme üçin erbet?

9 Mukaddes Ýazgylarda nämeden gaça durmalydygy barada duýdurylýar. Onda Hudaýyň gullukçylarynyň arasynda ýaramaz iş edip, soňunda heläk bolanlar barada aýdylýar (1 Korintoslylar 10:11). Şeýle mysallaryň biri I asyrda Iýerusalimdäki ýygnagyň agzasy bolan Hananýa we onuň aýaly Safira.

10 B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden soň täze doganlar resullar bilen birazajyk bolar ýaly Iýerusalimde galypdylar. Olara pul kömegi gerekdi. Şonuň üçin ýygnakdaky doganlaryň käbiri mal-mülklerini satyp, çörek satyn alyp paýlaýardylar (Resullaryň işleri 2:41—45) Hananýa aýaly Safira bilen ýerini satyp, bahasynyň bir bölegini resullara getirip, satan ýeriniň hemme puluny sowgat edýändigini aýtdylar. Hananýa bilen Safira pulunyň hemmesinimi ýa-da bir bölegini bermelimi, ony özleri çözmelidi. Olaryň päli erbet bolany üçin aldadylar. Olar başga doganlara garanyňda özlerini has eli açyk edip görkezmekçi boldy. Petrus resul mukaddes ruh arkaly olaryň ýalan sözländigini we ikiýüzlüdigini paş etdi. Ýehowa olara ölüm jezasyny berdi (Resullaryň işleri 5:1—10).

11, 12. a) a)Dogruçyl bolmak barada nähili duýduryşlar bar? b)Dogruçyl bolmak näme üçin peýdaly?

11 Adamlar biz barada gowy pikirde bolar ýaly, ýalan sözlemäge isleg dörände Hananýa we Safira bilen bolan wakany ýatlasak gowy bolardy. Bize adamlary aldamak başartsa-da, Ýehowany aldap bilmeris (Ýewreýler 4:13). Mukaddes Ýazgylar ýalan sözlemeli däldigini bir näçe gezek ýatladýar, Ýehowa ýalançylary ýok edip, ýer ýüzüni erbetlikden arassalar (Süleýmanyň tymsallary 14:2; Ylham 21:8; 22:15). Sebäbi, ýalançylaryň atasy Şeýtan Iblis (Ýahýa 8:44).

12 Biz dogruçyl bolsak, bol bereketler alarys. Ynsabymyz arassa bolar we adamlaryň bize ynanýandygyndan hoşal bolarys. Dogruçyllyk köplenç iş tapmaga we işi ýitirmezlige kömek edýär. Esasanam, Gudratly Hudaýa ýakynlaşmaga ýardam edýär (Zebur 15:1, 2).

Ahlak taýdan arassa bolmak

13. Ýusup nähili ýagdaýa düşdi we ol näme etdi?

13 Ýakubyň ogly Ýusuby 17 ýaşynda gul edip satdylar. Ol Müsürde emeldar Potifaryň öýünde hyzmat edýärkä, hojaýynyň aýalynyň oňa gözi gidýär. Ýusup görmegeý ýaş ýigitdi, Potifaryň aýaly günde-günaşa: «Meniň bilen ýat» diýip, ony ahlaksyzlyk etmäge yrýardy. Ýusup maşgalasyndan we ýurdundan daşdady, şonuň üçin ol Potifaryň aýaly bilen ýatsa-da, hiç kim bilmezdi. Ýöne günleriň birinde Potifaryň aýaly onuň geýiminden tutanda, Ýusup aýak aldygyndan gaçdy (Barlyk 37:2, 18—28; 39:1—12).

14, 15. a) Näme üçin Ýusup bilen bolan waka bizi gyzyklandyrmaly? b) Näme üçin bir uýa Hudaýyň ýatlatmalaryna minnetdar boldy?

14 Ýusup ýaşlykdan Hudaýhon maşgalada terbiýeleneni sebäpli, är-aýal bolmadyk adamlaryň jynsy gatnaşykda bolmaly däldigine düşünýärdi. Ol: «Men bu uly ýamanlygy nähili edeýin we Hudaý ýanynda günäkär bolaýyn?» diýdi. Ol Erem bagynda Hudaýyň Adam ata bir aýal, aýala bolsa bir är berendigini bilýärdi (Barlyk 2:24). Şu günlerem mesihçiler Ýusubyň mysaly barada oýlansa, peýdaly bolar. Ahlaksyzlygyň giňden ýaýranlygy sebäpli, käbir ýaşlar oňa baş goşmak islemeseler, deňduşlary olaryň üstünden gülýärler. Uly adamlaryňam köpüsi nikasyny resmileşdirmän jynsy gatnaşykda bolýarlar. Şonuň üçin Ýusup baradaky hekaýa wagtynda berlen ýatlatma. Şu günlerem ahlaksyzlyk hem-de zynahorluk Hudaýyň öňünde agyr günä hasaplanýar (Ýewreýler 13:4). Ahlaksyzlyga garşy durup bilmedik doganlar onuň erbetlige eltýändigine göz ýetirdiler. Ahlaksyzlyk eden adam soňundan kemsinmegi, wyždany ezýet bermegi, gabanmagy, göwreli bolmagy we jynsy ýol bilen geçýän kesel bilen kesellemegi mümkin. Mukaddes Ýazgylarda: «Ahlaksyzlyk edýän öz tenine garşy günä edýändir» diýilýär (1 Korintoslylar 5:9—12; 6:18; Süleýmanyň tymsallary 6:23—29, 32).

15 Jenib uýamyz Hudaýyň bu duýduryşyna ak ýürekden minnetdar. Bir görmegeý işgäri onuň göwnüni tapjak bolup jan edýärdi. Jeni oňa göwün bermedi, emma ol ony öz gününe goýmady. Jeni şeýle gürüň berýär: «Men päk galmak üçin göreşdim, sebäbi kimdir biri göwnüňi tapjak bolanda, göwnüňi göterýär». Jeni ol adamyň onuň bilen diňe jynsy gatnaşykda bolmagyny isleýändigine düşünýärdi. Jenä garşy durmak kyn bolanda, Ýehowa wepaly galmak üçin doga edip, ondan kömek diledi. Mukaddes Ýazgylardan we oňa esaslanýan edebiýatlardan öwrenen zatlary onuň üçin ýatlatma bolup, hüşgär bolmaga kömek etdi. Şol ýatlatmalaryň biri Ýusup we Potifaryň aýaly bilen bolan waka. Jeni sözüni şeýle jemleýär: «Ýehowanyň meni nähili söýýändigini ýatlasam, Onuň öňünde erbet iş we agyr günä etmejegimi bilýärin».

Hudaýyň ýatlatmalaryna ünsli bol!

16. Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň gullukçylarynyň durmuşy barada dykgatly okamak näme üçin peýdaly?

16 Mukaddes Ýazgylarda käbir hekaýalaryň näme üçin ýazylandygyna düşünmäge çalyşsak, Hudaýyň kadalaryna minnetdarlygymyz artar. Olardan biz näme öwrenýäris? Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň gullukçylarynyň haýsy häsiýetine eýermeli, haýsysyndan gaça durmaly? Mukaddes Ýazgylarda ýüzlerçe adamlar barada gürrüň berilýär. Hudaýyň nesihatlaryny söýýänler ebedi ýaşaýşa eltýän paýhasa ýetjek bolup çalyşmaly we Ýehowanyň aladamyzy edip berýän mysallaryndan öwrenmeli. Şu žurnalyň sahypalarynda sapak ediner ýaly, adamlar barada makalalar çap edilýär. Şeýle makalalary okamak üçin wagt sarp etsek, gowy bolmazmy?

17. Ýehowanyň ýatlatmalaryna siz nähili garaýarsyňyz we näme üçin?

17 Ýehowanyň onuň islegini ýerine ýetirmek üçin jan edýänleriň aladasyny edýändigine biz nähili minnetdar! Bizem Mukaddes Ýazgylardaky gürrüň berilýän erkek adamlar we aýallar ýaly bikämil. Ýöne olaryň eden işleri biziň üçin peýdaly. Ýehowanyň berýän ýatlatmalaryna gulak assak, agyr günä etmeris, dogry ýolda ýöränleriň gowy göreldesine eýereris. Şeýtsek, mezmurçy ýaly: «Onuň [Ýehowanyň] şaýatlyklaryny [ýatlatmalaryny, TD] saklaýan nähili bagtly! Seniň şaýatlyklaryňy [ýatlatmalaryň, TD] berjaý etdim» diýip, nagma aýdyp bileris (Zebur 119:2, 167).

a Ýehowanyň Güwäçileriniň çap eden 1996-njy ýylyň «Ýyllyk kitabynyň» (rusça) 160—162-nji sah. serediň.

b Ady üýtgedilen.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Biz Dawudyň Saula bolan garaýşyndan näme öwrenip bileris?

• Hananýa bilen Safiranyň mysalyndan näme öwrenip bileris?

• Näme üçin Ýusubyň mysaly bilen şu günlerem gyzyklanmaly?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş